Fransiýa XVII – XVIII asyrlarda

Mowzuk: Fransiýa XVII – XVIII asyrlarda

MEÝILNAMA

1. Ýurduň durmuş –ykdysady ösüşi. Lýudowik 14-ň hökümrowanlygynyň çagşamagy.

2. XVIII asyr fransuz rewolusiýasy.

3. Direktoriýanyň içeri we daşary syýasaty.

17-nji asyryň 2-nji ýarymynda Fransiýa Ýewropada iň uly we merkezleşen döwletleriň biridi. 1618-1648-nji ýyllarda bolup geçen 30 ýyllyk uruşyň netijesinde Fransiýanyň ýeňmegi onuň Ýewropada harby-syýasy agdyklygyny üpjün etdi. Fransiýanyň 18-nji asyryň ortalarynda ilaty 21 mln golaýy daýhanlardy. Emma oňa seretmezden ýurtda dokma senagatynyň kärhanalary daýhanlaryň zähmetinden amatly peýdalanýardy. Öndürilýän önümler ýurduň içerki we daşarky bazarynda satylýardy. Fransuz senagaty bu döwürde has köp pudaklydy: gymmat bahaly matalar, sagat, wino, ýarag, kagyz, kitap çap edýän kärhanalar bardy. Fransiýanyň demirgazyk ýerlerinde kärende görnüşinde oba –hojalyk ýöredilýärdi.

Fransiýada mülk eýeleri esasan özlerine degişli ýerleriň we daýhanlaryň hasabyna ýaşaýardy. Fransuz mülkdarlary iňlis jentlerden tapawutlylykda söwda bilen hem senagat işi bilen hem meşgullanyp bilmeýärdi. Şeýlelikde mülkdarlar kem-kemden tozap başlady.

XVII-nji asyrda täze emele gelýän fransuz buržuaz häli gowşakdy, şonuň üçin hem ol syýasy özbaşdaklyga taýýar däldi, ol fransuz absolýut goldawyna mätäçdi.

XVIII asyryň 2-nji ýarymy esasan hem absalýutizme garşy göreş bilen geçdi, esasan hem kardinal Reşelýeniň (1624-42) döwründe, ondan soňkylar ýagny 1642-nji ýýlda Lýudowik 14 (häli 5 ýaşyndaka) Anna Awstriýskaýa onuň hem oýnaşy italiýaly Mazarini.

Mazarini kardinal derejesini alyp ýurtda absolýutizm syýasatyny geçirýärdi. Onuň syýasatynda närazy toparlar emele gelip başlaýar. Fransiýanyň günorta – günbatar böleginde daýhanlar gozgalaň turuzdylar. Emma häkimiýet tarapyndan iberilen goşun ony basyp ýatyrdy. Hökümetde-de aýry-aýry toparlar emele geldi. Mysal üçin Pariž parlamenti şol 1 wagtda ýokary sud palatasy häkimiýet tarapyndan täze salgytlary girizmäge garşy çykyş edende şa buýrugy bilen onuň mejlisleri gadagan edildi. Muňa jogap edip Pariž parlamenti şa buýruklaryny güýçsiz hasap edýän birnäçe kararlar kabul etdi. Emma 1648-nji ýýlda Pariž parlamentiniň 2 sany lideri tussag edildi. Oňa jogap edip Parižliler şäherde müňlerçe berkitmeler gurdular, ol herekete fransiýada FRONDA diýen at berildi. Esasan hem 1650-1653 ýyllarda Frondaky ýurduň täsirli aristokratlary baştutanlyk edip, olar şa hökümiýetini çäklendirmegi, baş ştatlaryň döredilmegini talap edýärdiler. Emma Mazarini ol hereketleri dargadýar. 1661-nji ýylda Mazarini aradan çykan soň ýurdy Lýudowik 14-ň özi dolandyryp başlaýar. Lýudowik 14-ň dolandyran döwründe fransuz absolýutizmi has ösen derejesine ýetýär. Taryhda bu döwre Lýudowik 14-ň asyry diýip at berdiler. Onuň döwründe şa häkimligi has ýokara galýar hem-de döwlet merkezleşmesi güýçlenýär. Şanyň şahsyýetini arşa çykarmak köşk dabaralaryny şagalaňly bellemek, Wersalda has owadan şa köşgüni gurmak we ş.m- bularyň ählisi absolýutizmiň dabaralanýanlygyny görkezýän simwol bolmalydy.

Bu döwürde döwletiň esasy serişdeleri uruşlara harç edilýärdi. Lýudowik 14-ň 54 ýyl özbaşdak dolandyran döwrüniň 33 ýýly uruşlarda geçdi. Şeýle bolsa-da ol Ýewropada has agalyk ediji ýurda öwrülip bilmedi. Mysal üçin: Lýudowik 14-niň döwründäki bolup geçen 4 uruşda ýurduň ilatynyň sany azaldy. Egerde 17 asyryň 4 nji çärýeginde Fransiýanyň ilaty 15 mln gowrak bolan bolsa, eýýam 18 asyryň başynda ol 12 mln töweregi töweregi boldy. Iň agyr uruş Ispan mirasy ugrunda 1701-1714 ýýllar Uruşlar döwletiniň ykdysady ýagdaýyny has gowşatdy. Parižde we Fransiýanyň beýleki şäherlerinde närazylyk ösýärdi. Hökümet näçe alada etsede ykdysady çökgünlik has çuňlaşýardy.

Lýudowik 14 aradan çykan soň tagta Lýudowik 15 geçýär. (1715-1774) (ol 5 ýaşynda) soň üçin regent gersog Filip Orhonskiý 8 ýyl ýurdy dolandyrýar. Hökümetiň esasy wezipesi ýurdy ykdysady çökgünlikden çykarmakdy. Emma tersine maliýe çökgünligi ykdysady çökgünlik öwezini doldurdy. 18 asyryň 40-50 ýyllarda Fransiýa birnäçe uruşlara hem gatnaşdy. Mysal üçin 1740-1748 ýyllarda Awtriýa garşy, 1756-1763 ýyllar 7 ýyllyk uruş Angliýa garşy. XVIII asyryň ortalarynda Fransiýada senagat, söwda, oba-hojalygy uly depgin bilen ösüp başlady.

1790-nji ýyllarda Fransiýanyň ilaty köpelip 26 mln ýetdi, şolaň 84% oba ýaşaýjylarydy. Olara ekerançylyk ýerleriniň takmyndan 40% degişlidi. Şeýle ýagdaýda-da ýurduň ykdysadyýetde-de senagat esasy orun eýeleýärdi. Fransuz senagaty üçin häli gol zähmeti önümçilikde giňden ulanylýardy. Soňraky döwürlerde iri merkezleşen önümçiligi emele gelmegi bilen maşyn önümçiligi ýaýrap başlady. Ol bolsa öz gezeginde umumy fransuz bazarynyň emele gelmegine getirdi. Täze gatnaşyklaryň ýüze çykmagy bilen söwda-senagat toparlarynyň ähmiýeti ýokarlanyp başlady, olaryň ykdysady we sosial ähmiýeti güýçlendi. Emma Fransiýada söwdanyň, senagatyň ösmegi üçin absulýutizm böwet bolup durýardy.

18 asyryň 2-nji ýarymyndan absolýutizme garşy has güýçli toparlar emele gelip başlady. Olaryň has täsirlisi senagatçylardy, pariž parlamentidi. Şeýlelikde 18 asyryň ahyryna Fransiýada absolýutizme garşy senagatynyň, liberal mülkdarlaryň, daýhanlaryň we hakyna tutma işçileriň jemgyýetçilik närazylygy ösüp başlaýar. 18 asyryň ortalaryna fransuz magaryfy has güýçli ösüp başlaýar ideýa akymy hökmünde ony tanymal akyldarlar, ýazyjylar, alymlar döredip başlaýar. Bu döwürde köpsanly ylmyň dürli pudaklaryna degişli sözlükler (600 gowrak), köptomly neşirler “Tebigy taryh” (Býutfon) “Ylymlaryň we senetçiligiň ensiklopediýasy” Didra we D. Alamber (28 tom).

Ýurtda (18 as.2ýar) gizlin çaphanalar, gadagan edilen kitaplaryň ambarlary döredilipdi. Oňa seretmezden kitaplar ýokary nyrhdan satylýardy, olary okaýanlaryň sany gün-günden artýardy. Täze döwür barada Wolteriň, Montekýo Russonyň, Didranyň, D’Alamberiniň serleri fransuz ruhy medeniýetiniň has ösenligini görkezýärdi.

18 asyryň 80-njy ýyllarynda absolýutizmiň çökgünligi bilen 1 hatarda Fransiýada söwda senagat çökgünligi hem ýaýrady. Ony 1876 ýylda Angliýa bilen Fransiýanyň arasynda söwda şertiniň baglanşygy has hem çuňdy. Fransuz bazarlarynda arzan iňlis harytlarynyň satylmagy üçin amatly şert döredi.

1789-njy ýylda döwletiň karzy 4,5 mlrd franka ýetdi, 1776-nji ýýlda ol 1,5 mlrd frankdy.

Şeýle ýagdaýda ýurtda 1614-nji ýýlda ýatyrylan Baş ştatlary çagyrmak talaplary güýçlendi. Ony çagyrmak 1789 –nji ýýlyň ýazyna bellendi. Şäherlerde, obalarda deputatlara berk haýyşlar edilip başlandy. Şol duşuşuklarda 3-soslowýaň, ýagny zähmetkeş köpçüligiň talaplary has ýaňlanýardy. Olar onçakly düýpli syýasy äheňde-de däldi. Mysal üçin: salgytlary azaltmak, käbir önümlerden olary artdyrmak. Dolanyşykda ilkinji gezek konstitutsiýa sözi ulanylyp başlandy.

Bu döwürde häkimiýete gelen Lýudowik 16 (1774-1792ý) ýokardaky talaplary kanagatlandyrmak üçin ol hökümetdäki senagaty, söwda maliýe ulgamyna gözegçilik etmek üçin şweýser bankiýa Nekžeri işe çagyrýar. Ol aram reformalaryň tarapdary.

1788- ýylyň ýazyndan güýçli halk hereketi başlandy, salgyt edaralaryny ýumurmak, mülkdarlaryň ýerlerine çozuş etmek, daýhanlaryň özakymlaýan pitneleri- adaty hadysa öwrüldi. Şeýle çykyşlaryň iň täsirlisi Parižiň işçileriniň çykyşy boldy. Işçiler oňa jogap edip onuň jaýyna we kärhanasyny ýumurýarlar we goşun bilen ýakama-ýaka uruşa girişýärler. Metpugatda çäklendirmäniň ýatyrylmagy uly möçberde kitaplaryň, ýygyndylaryň çap edilmegine getirdi. Ol edebiýatlarda esasan hem täze gatlak hökümünde emele gelen liberal dworýanlar we 3-nji soslowýanyň wekilleriniň öňe sürýän talaplary beýan edilýärdi: Mysal üçin: raýat deňhukuklygy, hukuklaryň we azatlyklaryň erkinligi monarhiýany çäklendirmek we şuňa meňzeşler.

1789- ýylyň Magtymguly aýynyň 5-de uly ilatyň toplanmagynda wersalda baş ştatlar toplandy. Adat boýunça ol ýene-de soslowiýeleýin häsiýetdedi.

1-nji soslowiýe-ruhanylar-291 deputat, şolaryň 200-e golaýy-oba wekilleri, esasan hem reformalaryň tarapdarlary.

2-nji soslowiýanyň-dworýanlaryň wekil –270 deputat bolup,olaryň 90-sanysy liberal ugury goldaýanlardy.

3-nji soslowiýe-578 deputatdan ybaratdy. Olaryň esasy bölegi ýuristler, intelegensiýanyň wekilleri, söwdagärler, bankirler, senagatçylar we mülkdarlardy.

Deputatlar Oguz aýynyň 17-de geçirilen mejlisde özlerini milli ýýgnak diýip yglan etdiler. 400 deputat ol teklibi goldady, 90 garşy. Ýýgnak şeýle hem eger-de milli ýygnak dargadylsa salgyt döremezligi karar etdi. Şo ýygnagy ýapmaklyk barada buýruk berdi we ony goramak üçin goşun goýdy. Oguz aýynyň 20-de irden Milli ýygnagyň deputatlary gapdaldaky otaga geçip konstitusiýany işläp çykarmaga girişdiler. Şeýlelikde, Gorkut aýynyň 9-da Milli ýygnak özüni dörediji ýygnak hökmünde ykrar etdi. Fransiýada rewolýusion hereket başlandy. Şa Pariže goşun girizmäge synanyşdy, emma ol başa barmady. Oguz aýynyň 11-12-de halk köpçüliginiň goşun bilen çaknyşygy güýçlenýärdi. Oguz aýynyň 14-I halk maýýplaryň öýüne girip şol ýerde saklanýan ýaraglary eýeledi. Ondan soň köpçülik Bastiliýa galasyna tarap ýöredi, ol ýerde syýasy tussaglar bardy. Halk galanyň komensdantyndan ýarag talap etdi. Emma komendant boýun gaçyrdy. Şonda parižliler we olara goşulan fransuz goşunynyň esgerleri Bastiliýany zabt edip, ony eýelediler. (Galanyň komendant markizde Loneniň kellesi aýrylyp, ony ýaýyň ujuna ildirip şähere äkidýärler).

Baştiliýany basyp almaga käbir maglumatlar boýunça 662 adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda 426 sanysy ownuk söwdagärler we senetçiler, 149 ussa kömekçileri we işçiler, 17-esger, 4-telekeçi, 5-gullukçy, 1-mugallym.

Bastiliýanyň eýelenmegi bilen bütin Fransiýa boýunça köpçülik aýaga galdy. Ýurtda hakyky häkimiýet Dörediji ýygnagň eline geçdi.

Dörediji ýygnak 1789-njy ýýlyň Alp Arslan aýynda 2 sany möhüm kanun çykaryjy karar kabul etdi. 1-si soslowiýeleýin aratapawut ýatyrylýardy 2-si döwlet salgytlaryny tölemek boýunça kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi girizilýärdi. 1789-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 26-da ýygnak “raýat hukuklarynyň Deklarasiýasyny kabul etdi. Onda halk özygtyýarlygy prinsipi (ykrar edilýärdi) kanunyň öňünde hemmeleriň deňhukuklygy, adamyň howpsuzlygy, onuň sütme garşylyk görkezmegine hukuk, söz metbugat wyždan azatlyklary berilýärdi.

“Deklorasiýanyň” ahyrky 17-nji maddasynda hususy eýeçilige bolan hukuk eldegilmesiz diýilip bellenilýärdi.

Fransiýada rewolýusiýa ýaýbaňlanýardy, emma ýurduň ykdysady ýagdaýy gowulananokdy. 1791-nji ýýlda Ruhnama aýynda dörediji ýýgnak konstitusiýany işläp çykardy. Konstitusiýa boýunça Fransiýada konstitusion monarhiýa yglan edildi. Kanun çykaryjy ýygnaga, ýerine ýetiriji mirasdüşer monarha (şa) we onuň bellän ministrlerine berilýärdi.fransiýa 83-deportamente bölünip şäherlerde we obalarda saýlawly Munisipalitetler döredilýärdi. Şeýlelikde, Dörediji ýygnak ýurtda barly toparlaryň sosial we syýasy agalygyny tassyklady. Bu ýagdaý rewolýusiýanyň lagerinde sosial-syýasy bölünişigiň başlanmagyna getirdi.

3-nji soslowiýe, köpçülik we radikal buržuaziýa bileşip rewolýusiýanyň dowam etmegi ugrunda çykyş edip başlady. Şol bir wagtda rewolýusiýany saklajak güýçleriň barlygyny hem bellemeli. Fransiýada rewolýusiýa 1792-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 10-da başlandy. Şol gün kanunçykaryjy ýýgnak Lýudowik 16-ň häkimliginiň bes edilýänligi barada karar kabul etdi hem-de milli konwentiň çagyrylmagyny karar etdi. Milli konwent 1792-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 20-de ýygnandy. Konwente 783 deputat saýlandy, şolaryň 34-si bakna ýurtlardandy. Konwent Alp Arslan aýynyň 21-de Fransiýada şa häkimiýetiniň ýok edilendigi barada karar kabul etdi. Ruhnama aýynyň 23-de Fransiýa respublika diýlip yglan edildi.

1793-nji ýýlyň Türkmenbaşy aýynyň 21-de şa Lýudowik 16 jezalandyrylyp öldürildi. Ýokabinçiler häkimiýete 1793-nji ýylyň 31 maýynda geldi. Ol Fransiýa üçin agyr şertlerde häkimiýete geldi, sebäbi ýurtda dürli toparlar häkimiýet ugrunda göreşýärdiler. Ýokabinçiler topary ýurduň ykdysadyýetini gowulandyrmak üçin birnäçe çäreleri amala aşyrdy. Mysal üçin daşary ýurtlaryň ýerlerini satmak, umumy ýerlerini paýlamak, gündelik zerur harytlara berk nyrh kesgitlemek. Ondan başgada ýakabinçiler Fransiýanyň täze konstitusiýasyny taýýarlady. Konwent ony 1793-nji ýýlyň Oguz aýynyň 29-da kabul etdi. Emma ýakabinçiler toparynda 1794-nji ýylyň ýazyndan agzalalyk döräp başlaýar.

Netijede 1794-nji ýýlyň Gorkut aýýnda Ýakabinçileriň häkimiýeti ýok edilýär. Onuň deregine ýakabinçilerden arassalanan konwent işläp başlaýar. Oňa taryhda termidorian agdarylyşygy-öwrülişigi diýilýär. Ol rewolýusiýanyň yza çekilenligini geljekde Fransiýada Napoleon Bonapartyň imperiýasynyň döredilmegine getirdi.

Konwentde dilleşik taýýarlanýardy. Onda esasy roly rewolýusiýa döwründe baýlaşan Konwentiň agzalary, Talýen, Barras we ş.m-di.8 termidar Oguz aýynyň 26-sy 1794 ýýlda Robespýer Konwentde çykyş edip, öz tarapdarlaryny hüşgärlige çagyrdy we ýygnakdan soň öýüne gitdi, emma dildöwşüge gatnaşyjylar galdy. 9 termidar Konwentiň mejlisi öz içini dowam etdi. Robespýeriň garşydaşlary ony we onuň toparyny häkimiýete hatyplyk edenler hökmünde aýýpladylar. Şol wagt hem mejlise gatnaşyjylaryň biri Robespýeri tussag etmegi talap etdi. Ony konwentiň agzalarynyň köpüsi goldady. Netijede Robespýer, onuň dogany Ogýusten we beýlekiler etdi.

Netijede Ýakobinçiler häkimiýeti doly ýok edilýär. Ýakobinçilerden (häkimiýet) Direktoriýa Lambardiýa, Sizalpini Liguriýa respublikalaryny Fransiýa garaşly etdi. Soň fransuz goşunlary Rime we Neapala girdi. Wenesiýaň döwleti aýratyn respublika hökmünde ýaşamagyny bes etdi. Şeýlelikde Fransiýa gysga wagtyň içinde Şwesariýanyň 1 bölegini, Pýemont, Reýniň çep kenary, Belgiýany, özüne birikdirdi.

Emma Fransiýanyň Baş duşmany hökmünde häli Angliýa galýardy. Şonuň üçin hem Fransiýa ilki bilen Angliýanyň baknalyk kuwwatyny gowşatmak maksady bilen N.Bonapartyň baştutanlygynda Müsüre goşun iberýär. Napoleonyň goşunlary Müsür peramidasynyň eteginde (1798ý Gorkut aýynyň 20-i). Müsür goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Bu ýeňişden ruhlanyp Fransuzlar Siriýa garşy ýöriş edýärler. Bu ýerde fransuz goşunlary uly heläkçilige duçar bolýar. agyz suwuň ýoklugy maleriýa fransuz esgeriniň müňlerçesiniň ýok bolmagyna getirýär.

1797-nji ýýlyň Alp Arslan aýynyň 1-de admiral Nelsonyň baştutanlygyndaky iňlis floty Abukeriň eteginde fransuz goşunynyň derbi-dagyn edýär. Bu ýagdaý Fransiýa garşy bileleşigiň emele gelmegini tizleşdirýär. Onuň düzümine Angliýa , Russiýa, Türkiýe, Neopolitan döwleti Awstriýa girdi. Şeýlelikde Ýewropada uruş täzeden başlanýar. 1799-njy ýylyň ýazynda Germaniýada fransuz goşunlary çym-pytrak edilýär. Italiýadan fransuz goşunlaryny feld marşal Suworowyň baştutanlygyndaky rus goşunlary kowup çykardy.

Umuman Napoleon Banapartyň hereketleri Direktoriýanyň alyp barýan syýasatyna ters gelýärdi. Arassalan konwent işläp başlaýar. Fransiýa indi täze ýola Termidarýan konwenti döwründe geçip başlaýar, termidorian öwrülişigi rewolýusiýanyň aşak gaçmagynyň başyny başlady. 9-termidardan soň häkimiýet doly konwentiň eline geçýär. Onda maliýeçiler, täze mülkdarlar agdyklyk edýärdi. Termidorian konwenti Oguz aýynyň 27-i 1794 ýýldan Garaşlyk aýynyň 26-sy, 1795 ýyl aralygynda işledi. 1795 ýylda Termidorian konwent Fransiýanyň konstitusiýany kabul edýär. Konstitusiýa boýunça konwentiň deregine ýaşulylaryň maslahaty we 500-ler maslahaty döredildi. Bu 2 palata kanunçykaryjy hukuklydy. Kanun çykaryjylar Direktoriýany saýlaýardy. Ol hem 3 direktordan ybarat bolup durýardy.

Direktoriýanyň düzümi onuň işlän döwründe, ýagny 4 Brýumer 1795 ýýldan 18 brýumer 1799 ýýl birnäçe gezek täzelenip durýardy, ýöne onuň ähli dolandyran döwründe şäher we oba adamlarynyň ýagdaýy agyrlygyna galýardy. Direktoriýa ýyllarynda Fransiýa frontlarda ýeňiş gazanýardy, sebäbi rewolýusiýa ýyllarynda ýaragly güýçler uruşyň täze usullaryny özleşdirendir. Emma uruşyň häsiýeti Direktoriýa ýýllarynda birden üýtgedi: ýagny Fransuz rewolýusiýany goramak ugrunda başlanan uruş 1797 ýyldan keseki ýurtlary basyp almaga gönükdirilen urşa öwrüldi. N. Banapart Demirgazyk Italiýadaky fransuz goşun bölümine baştutanlyk edip italýanlary we awstriýalylary uly ýeňlişe duçar edýär. Awstriýalylary Italiýadan çykaryp şonuň üçin hökümýetde-de, Parižde-de, tutuş ýurtda-da närazylyk güýçlenýärdi.

Emma N.Banopartyň tarapdarlary Direktoriýada-da, Parižiň hökümet tarapynda-da agdyklyk edýärdi. 1799-nji ýýlyň Sanjar aýynyň 9-de Napaleon özüniň dogany Lýusýon Banapartyň ýakyndan goldamagy bilen Fransiýanyň 1-nji konsuly edilip bellenýär, ouň elinde bütin häkimiýet jemlendi.