Frat II一M. ö. 138-nji ýylda Parfiýa hökümdary Mitridat I soň tagt başyna geçdi. Onuň kakasy şol Mitridat I dyr. Frat II Miladydan öňki 130-njy ýylda Parfiýan topraklaryna tarap ýörüşe başlan Selewkid hökümdary Antioh Sidet I m. ö. 129-njy ýylda Mediýada ýeňlişe sezewar etdi we öldürtdi. Antiohuň ölümi bilen birlikde Selewkitleriň Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky hökümdarlygy syndyryldy. Şol wagtlarda göçüp gonup ýören Dah (Tohar) we Içoguzlar (Skifler) gündogar Eýrany tozdurýarlar. Frat II Antioh goşunlaryndan ýesir edip alan Ýunanlary (grekleri) hem şol taýpalaryň üstüne, söweşe zorluk bilen sürdi. Emma söweş wagtynda Ýunan esgerleriň gaçyp gitmekleri zerarly ýeňlişe sezewar boldy we miladydan öňki 128/27-nji ýylda öldürildi. Frat II niň ýerine dogany Artaban II geçdi.

Çeşme düzet

Encyclopædia Britannica 2007 Ultimate Reference Suite

Frat// Brokgauzyň we Ýefronanyň Ensiklopedik sözliginde : 86-njy jilt (82 j. 1890—1907.