Gäwürgala
B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6.6 metre ýetýän galyňlykda bolupdyr beýikligi 7.4 metire barabar bolupdyr, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir. Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 360 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 250 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |