Gysgaça maglumatlar düzet

Gök Han Oguz hanyň 4-nji oglydyr (Kök, Kükhan görnüşinde-de okalypdyr). Gök asman, Gök belentlik, Ýer daşyny gurşap alýan asmana aýdylýar. Gök han Oguz hanyň Üç ok ogullarynyň iň ulusydyr. Gök hanyň Tugynda 3 okuň şekili bolupdyr. Gökhanyň 4 ogly: Baýyndyr, Beçene Çowdur (Çawyldyr), Çepni.

Baýyndyrdan 11 gol: Hydyr beg, Kangaly, Garadaşly, Tarank, Ýazlyk, Gysyr, Akýajy, Garaýajy, Galaýjy, Ýapangy, Akgoýunly.

Beçeneden 1 ogul Ýajytemek. Ýajytemekden Peçenek türkmenleri Ýewropa göçüp ol ýerde oturypdyrlar.

Taryhda Gök han kim? düzet

Gök han

Laoşan (miladydan öňki 174-161ý.ý), Mete handan soňra hökümdarlygy Laoşan (Gök han) eýeledi. Käbir taryhy çeşmelerde ady Kiýuk we Kiok (Gök) görnüşinde ýazga geçirlipdir. Laoşanyň (Gök hanyň) döwründe Mete hanyň guran imperiýa düzgünleri belli bir şekilde dowam edipdir. Hun imperiýasynyň meýdany örän uly bolsa-da ýene-de serhetler giňäpdir we öňki serhetdeş goňşy taýpalara wehim salynmagy dowam edipdir. Laoşan, Mete hanyň taryh sahnasyndan ýok edilmegi ugrynda göreşen we tas ýok bolmagyna çenli howpy abanan Ýüejileri ýok edip, taryh sahnasyndan aýrypdyr. Hun imperiýasy Laoşan döwründe basyp almaklygyny dowam etdirýärkä Hytaý Hunlara garşy bäsleşip ýeňilipdiler we kiçelip galan geografik ýerlerinde gerekli reformalar geçirmäge başlady. Esgerleri strategik düzgünlerini Hun esgerleriniň sistemasyna görä alyp barmaklyklary bu döwürlerde başlady. Şol wagtlarda syýasy we esgerlik refirmalary bilen birlikde Hunlaryň birligini ýykmak we Hun imperiýasynda Türki bolmaýan toparlary öjükdirip Hunlaryň güýjini azaltmak üçin her-hili syýasy işleri geçirmegi, galany içinden basyp almak üçin bäşinji gol hereketlerini dolandyrmaga başlady. Laoşan döwründe bu pirimler başa barmasa-da soňky asyrlarda iş ýüzüne geçip, hytaýa şöhrat getiripdir. Laoşanyň ölüminden soňra hökümdarlygy Kunçin (Gün han) ýöredipdir. Beýik Hun imperiýasy öz güýjüni Kunçin (Gün han) döwürlerinde ýitirmäge başlady. Hytaý (Çyn-maçyn) hanlygynyň öz içinde geçirlen reformalar we Hun döwletinde ýöredilen hökümler amala aşmaga başlapdyr we Hun imperiýasynyň gowşamagyna şol sebäp bolupdyr.