Gökleñler uly türkmen taypasy hökmúnde XVII-XVIII asyrlarda taryhyñ sahnasyna cykan bolsalar gerek,çünki shondan öñ yazylan ishlerde,hatda Abylgazynyñ Türkmenleriñ shejeresidiyen kitabynda-da gökleñ diyen at dush gelmeyár.Köp bolegi Eyrandaky Türkmensahrada galan goklenglering etnik adynyñ XI asyrda Syrderýanyñ boýlaryndan Balkan etrabyna gocup gelen gök diyen turkmen taypasy bilen baglanshyklydygyna shek bolup bilmez.XI asyrdan soñ Balkan töweregine sygmadyk turkmen taypalary,shol sanda gökleñ Etrek, Gürgen etraplarynda mesgen tutyarlar.Bu goklenglering etnik adynyñ yzyna -len goshulmasy hem hut shu yerde goshulyar. Pars dilinde leng (leñ)sozuniñ agsak diyen manyny angladyandygyndan ugur alyp,halk rowayatlary we ili suw bilen upjun etmegi basharan gök we agsak atly batyr yigit bilen baglanyshdyryarlar. Gökleñ sozuning manysy barada yorite makala yazan F.S.Faseýew bu ady gök-öleñ sozlerine syrykdyryar(gok olenglikde yashayanlar).Emma rowayatlaryng we Faseýewing dushundirishining hakykat bilen dahyly yok.cunki leng (leñ)sozi Demirgazyk Eýrandaky tire taypa atlarynda dush gelyan sozdur.Ynha shu etrapda yashayan bagtyyarlar diyen taypalar birleshiginde heftleng (yedi leñ) we ceharleng(dort leng)diyen urug atlarynda dush gelinyar.Hazirlikce bu termining hakyky manysyny anyklamak bashartmady,emma gok taypasynyng bir bolegine Gürgen etraplarynda XVII-XVIII asyrlarda gokleng adynyng dakylandygy bellemekcidiris.Gökleñlering wekillerine Türkiyede we Azerbeýjanda hem dush gelinyar. Eýranda bolsa olaryng sany has kopdur.Eýranly türkmenlering beren maglumatlaryna gora, Türkmensahradaky Aýderwiş, Güllüdag, Jergelan etraplarynda we yomut yaylalarynda jemi 90 mung cemesi gokleng yashayar.Olaryng ka biri gokleng sozuning yzyndaky leng sozuni mekan,yurtmanysyndaky lan diyen pars sozunden caklayarlar.Eger sheyle bolsa,onda bu adyng manysy goklenglering yurdy ,gok taypasynyng mekany diyen manyda yúze cykypdyr.Ceshme:$ejere (Soltanşa A)