Göksüýri - Tejen şäherinden 20 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir (Göksüýri demir ýol duralgasynyň golaýynda) we eneolit döwrüniň oturymly ýerlerinden biridir. Ýadygärlikleriň oňat öwrenilen ýerleriniň biridir Göksüýri oazisidir. Bu ýerler Tejen derýasynyň aşak akymlarydyr.

Göksüýri ýadygärligi

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Göksüýrüde ekerançylyk bilen meşgul bolan 9 obanyň üsti açylýar. Şol gadymy ekerançylyk obalary eneolit döwrüne, ýagny b.e. öňki IV müňýyllyga degişlidir. Bu ýerlerde ýaşan ilat uly suwaryş desgalaryny- kanallary, howdanlary gazypdyrlar. Şeýle howuzlardan biriniň ini 35 metre barabar bolup, tutýan meýdany 1 müň kw/m, çuňlugy bolsa 3 metrden hem gowrak bolupdyr. Göksüýrüliler, esasan, arpa we bugdaý ekipdirler.

Göksüýri I diýlip atlandyrulýan obada b. e. öňki IV we IiII müňýyllygyň sepgidinde orta hasapdan 2 müňe çenli adam ýaşapdyr. Obanyň jaýlarynyň arasy darajyk köçejikler bilen bölünipdir. Alymlaryň hasaplamalaryna göra, göksüýrüliler ekin meýdanlaryndan 100 tonna barabar däne ýygnap, öz ilatyny çörek bilen üpjün edipdirler.

Ýygnanan galla uly küýzelerde ýa-da çig kerpiçden ýörite salnan jaýlarda saklanypdyr. Dänäni owguçlarda ýa-da sokuda owradyp ýarma edipdirler. Arpanyň, bugdaýyň samanyny bolsa palçyga garyp, jaýlaryň üstüni suwapdyrlar. Saman şeýle-de küýze ýasamak üçin niýetlenen palçyga hem garylypdyr. Göksüýrüliler meýdan sypalyndan sebet hem örüpdirler.

Göksüýride ekerançylyk we maldarçylyk bilen bir hatarda awçylyk hem dowam edipdir. Tapylan süňk galyndylaryndan belli bolşy ýaly, olar tokaý we çöl haýwanlaryndan sugun, ýekegapan, keýik we gulan awlapdyrlar . Göksüýri oazisi bilen utgaşyp gidýän häzirki Oguzhan massiwiniň ýerli ilat tarapyndan 《Gulanly》diýlip atlandyrylmagy hem şol ýerlerden geçmişde gulan awlandyklaryna güwä geçýär.