Göni çyzykly üýtgeýän hereket

Göni çyzykly üýtgeýän hereket. Orta we mgnowen tizlikler düzet

Tebigatda we tehnikada synlanýan hereketizmiziñ köpüsi üýtgeýän, ýagny deñölçegsiz hereketdedir. Deñölçegsiz hereketde tizlik dürli dürlidir her bir nokatda. Ýoluñ haýsydyr bir üçastogynda deñölçegsiz hereketli häsiýetlendirmek maksady bilen hereketiñ orta tizligi diýilýär. Ýoluñ berlen uçastogynda hereketiñ orta tizligi, ýoluñ bu uçastogynyñ uzynlygynyñ ony geçmek üçin sarp edilen wagt aralygyna bolan gatnaşygyna deñdir:

υort ort = S - t
edil şonuñ ýaly hem deñölçegli hereketiñ tizligi hem tapylýar. Diýmek, deñölçegsiz hereketiñ orta tizligi şol bir ýoly deñölçegli hereket edip, deñölçegsiz hereketiñ wagtyna deñ wagt aralygyna geçip biljek hereketiñ tizligine deñdir. Eger-de ýoluñ berlen uçastogynda deñölçegsiz herektiñ orta tizligi we wagty mälim bolsa, onda ýoluñ uçastogynyñ uzynlygyny S = υort ort t
formula boýunça hasaplap bolar. Jisimiñ berlen wagt pursatyndaky ýa-da traýektoriýanyñ berlen nokadyndaky tizligine mgnowen tizlik diýilýär. Mgnowen tizlik ýa-da berlen nokatdaky tizlik traýektoriýanyñ şol nokat ýerleşen uçastogynda örän kiçi orun üýtgetmäniñ, şol üýtgetmäniñ bolup geçýän kiçijik wagt aralygyna gatnaşygyna deñdir. Mgnowen tizlik –wektor ululykdyr.