Görnüşleri we populýasiýalary goramak

Görnüşleri we populýasiýalary goramakfloranyň we faunanyň görnüş düzümini, ýagny olaryň nesle geçýän gymmatly peýdaly häsiýetlerini gorap saklamaga, sanyny köpeltmäge gönükdirilen çäreleriň toplumydyr.

Görnüşleri we populýasiýalary goramagyň zerurlygy düzet

Biologik dürlüligi, aýratyn-da seýrek duşyan, gymmatly görnüşleri we tebigy populýasiýalary gorap saklamak hem-de köpeltmek umumyadamzat ähmiyetli wajyp meseleleriň biri hasaplanýar.

Dünýä ýurtlarynda aýratyn goralyan tebigy ýerlerde görnüşleri we populýasiýalary gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak, seýrek we ýitip barýan görnüşleri öňki ýiten ýerlerine gaýtaryp ertmek, täze ýerlere uýgunlaşdyrmak bilen bagly işler, ösümlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek we olaryň tebigy ýaýran ýerlerini gorap saklamak, Tebigatyň ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak, wagyz işlerini, ekologik terbiýäni hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Görnüşleri goramagyň çäginde seýrek duş gelýän ösümlikleri ýygnamak we haýwanlary awlamak, olaryň ýumurtgalaryny ýygnamak, tutmak, kolleksiýa üçin toplamak, görnüşleriň we populýasiýalaryň ýaşaýyş mesgenlerine zeper ýetirmek gadagan edilýär. Bütin Ýer ýüzünde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem örän baý tebigaty we tebigy baýlyklary bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli-çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär.

Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr, el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňkini dürli ösümliklerden alyp bezäpdir, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanypdyr. Şonuň üçin hem türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, indiki nesillere ýetirmek şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şu nukdaý nazardan Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir, biodürlüligiň hazynalar çeşmesidir.

Edebiýatlar düzet

Durdyýew S., Aşyrmyradowa Ş., Nurberdiýew N. Ekologiýa 11. Aşgabat TDNG 2014.

  • IUHD. Akyýew Guwanç