Görogly eýýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi
Mowzuk: “Görogly eýýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi”
1. Hojalyk ýadygärlikleri.
2. Amaly haşam sungaty
3. Binagärçilik.
EDEBIÝATLAR:
1. Ruhnama Aşgabat 2001 ý.
2. Türkmaniň bäş eýýamynyň ruhy. 2003 ý
3. Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy – 2001 Aşg.
4. Ý.Atagarryýew. “Taryhda galan yzlar” Aşg.1989
5. Görogly Aşg.1990
6. Gadyýetiň ýaňy (Azym Ahmedow) Aşg. 1992
7. Очерки по истории искусства Туркменистана. Aşg. 1956
Weli şahyrymyz Magtymguly aýdýar:
Seýil edeliň bu jahana,
Jahanda näler görner.
Görogly eýýamynda binagärçilik gurluşyk işiniň esasy meýdany aglaba şäherler we iri galalar bolupdyre. Bu döwürde has medeni taýdan ösen şäher Merw bolupdyr. Şäherleriň çalt ösmegi oturymly ilat bilen çarwalaryň arasynda söwdanyň ösmegi şeýlede döwletleriň medeni we senagat merkezleriniň arasynda halkara haryt alyş çalyşynyň güýçlenendigi arkaly amala aşyrylandygy bilen häsiýetlendirilýär. Merw şäheri XI-XII asyrlarda Seljuk-türkmenler döwletiniň köşgüne öwrülýär. Häzirki zaman ady Soltangala bolan gala Sanjaryň döwründe (1118-1157-ýýllarda) özüniň ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetýär. Mälik şanyň döwründe (1072-1092) galanyň daşyna diwar aýlanýar. Şol döwrüň syýasy wakalarynyň ýygy-ýygydan bolmagy diwaryň çar tarapyna-garym gazylmagyna getiripdir. Soltangalanyň (günorta - demirgazyk) umumy meýdany 630 ga golaý bolupdyr. Tartusynyň “Abu Muslim hakynda kitap” atly ýazuw çeşmesiniň malumatlary boýunça Merwiň jaýlarynyň,ymaratlarynyň umumy meýilnamasy bolupdyr. Bartoldyň Merwiň taryhyna, W.A.Žukowskiniň “Köne Merwiň harabalygy” atly ylmy işinde has doly görkezilipdir. Merwde kitap saklanýan jaýlar, medreseler, hem baş netijede degişli Azaziýa we kamaliýa kitaphanalarynyň ymaratlary bolupdyr. Biziň döwrümize çenli saklanyp galan S.Sanjaryň aramgähi öz döwrüniň iň ajaýyp binasy hasaplanypdyr. S. Galadan günbatara “Ras-al Meýdan” ýagny daşyna diwar aýlanan baýramçylyk geçirilýän ýer bolupdyr.
Amaly – haşam ýadygärlikleri.
Amaly –haşam diýende diňe bir jaýlaryň içini nagyşlamak däl, gap-gaçlaryň, küýzeleriň, saz gurallarynyň , jaýlaryň agaçdan ýasalan gapylarynyň, şaý sepleriň nakgaşlanmagy hat-da haly, keçe haşamlamak bezemek degişlidir. Jaýlaryň diwarlarynda gizlin tekjeler bolupdyr. Tekjeleriň ýüzi duran nagyşlardan bezelipdir. Eger öz eliň bilen çekip göräýmeseň onuň tekjedigini bilmändirler. Suw, galla salynýan hümlar, küýzeler ýag salynýan golçalar, okaralar haşamlanypdyr. Nagyşlar esasan tolkun şekillerden ybarat bu bolsa küýzelerde çekilen bolsa suw küýzedigini aňladýar. Ýag, gowrulan et önümlerini syrçaly gaplarda saklapdyrlar. Käbirlerinde möhür basylan nagyşlar bolupdyr. Syrçalanan gör küýzelerde tutulan çalyň tagamy diýseň üýtgeşik bolýar. Guşuň, balygyň, şekili hoşamlanypdyr. Guş, balyk bagtlylygyň alamaty, islegine, maksat-myradyna ýetýär diýip hojalygynda ulanypdyrlar. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden gazuw agtaryş işleri geçirilende Şahrismandan tapylan farfor gaplar has oňat görlüpdir. “Seladon” “berk” ýasalan gap özboluşly bolupdyr. Şäherde zergärleriň işlän edaralarynyň 4-si bolupdyr. Olar zähmet gurallaryny, şaý-seplerini ýasapdyrlar. Onuň şeýledigini bolsa demir erginleriniň galyndylary, ergin üçin ulanýan guýguçlaryň tapylmagy tassyklaýar. Bürünçden ýasalan gazan şaryslamdan tapyldy. Mermer, ýakut ýaly daşlardan ýüzük ýasapdyrlar.
Şähryslamdan 2 sany möhür hem tapylypdyr. Möhürleriň biriniň ýüzünde gazma nagyşlar we keýigiň şekili bar. Möhüriň arka ýüzünde bolsa “MöhüriOmar ýasady” diýen ýazgy bar.
Türkmen haly sungatyna degişli maglumatlary XIII asyrda ýaşan arap geografiýaçysy Ibn Seýit hem berýär. Onuň ýazmagyna görä türkmenler haly dokap ussatlyk görkezip, sungatyny beýleki ýurtlara äşgär edipdirler. Kendir we ýüpek matalary dokamaklyk boýunça köne Merw görnükli orny eýeläpdir. Merwde şol döwürlerde dokalan matalaryň häzirki wagtda “London”, Kair muzeýlerinde saklanýan bölekleri köpleri haýrana goýýar. Merwden tapylan ýatagan we gynyň XII-XIII asyr.
Merwden günbatar ugurda Nusaýa barýan ýoluň ugrunda ýerleşen has görnükli gala Peştek – Abywert bolupdyr. Meýdany 5 g golaý galanyň diwarynda esasy girelgesi bolupdyr. XI-XVI asyrlarda saraýlar (myhmanhana), keselhanalar, dolandyryş jaýlary, kerwensaraýlar gurlupdyr. Jemgyýetçilik ähmiýetli ymaratlara medreseler dini mekdepler, degişli. Daýahatyn kerwensaraýy Türkmenistanyň XI asyr jaý gurluşyk sungatynyň täsir yädygärlikleriniň hataryna girýär. Merwden Amula gaýdýan ýolda Akjagala kerwensaraýy, pagsadan gurlupdyr. Ýokrasy inçelip gidýän tegelek giň görnüşli göni we deň ölçegli minara binagärçilik desgasynyň aýratyn görnüşidir. Daňdanakan Metjidi (80 sm kerpiç). Daňdanakan metjidiniň haşamyny amaly – haşam sungatynyň hakyky dürdänesini ýerine ýetiren Abu Bekiriň ady saklanyp galypdyr. Diwara ýazylan ýazgyda “bir zamanlar minarasy bolan bu metjit Abu Bekriň ogly ussa Muhammet tarapyndan 471-nji ýýlda guruldy” (1078-1079).
Mänedäki Abu Seýidiň aramgähi (968-1049) Abu Seýit Sopy bolupdyr. Gümmezli aşak tarapy inli. 8,40 sm gümmezi goşa gorelge syrçaly görnüşde bezelipdir, nagyşlanypdyr. (mawy, gara reňk). Soltan Sanjaryň aramgähini guran – (Muhammet bin Atsyz as Sarahlynyň döredenlerinden) diýen ýazgyny W.H.Wýatkin we M.Ý.Masson okapdyrlar. Galyňlygy 5m.
Muhammet ibn Zeýt – ony gurujy Soltan Sanjaryň weziri Şerwedin abu Tahyr (Merwiň häkimi bolupdyr).
Köneütgenjiň şasy Teneş ibn Il Arslanyň aramgähi merkezi gümmezli desga. Bu desgada 24 tagça bölünen tegelek barabanyň üstünde beýgelip gidýän mawy, konus şekilli çadyr görnüşindäki gümmez aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Sary ýylmanan kerpiçden nagyşly örülipdir. Desganyň daşarky ýüzüniň özboluşly arhitektura çözülişi sekiz burçly, 24 burçly ýyldyz görnüşi bar. Poldan 18 m belentlikdäki aýlaw gümmezi, jaýyň giňligi 11 m, 45.ň üstüni örtýär. Bu desganyň tapawudy kerpiçleriň arasyndaky boşluk 2,5 sm kerpiçiň galyňlygy 30 sm barabar. Arça agajynyň pürsleri agyrlygyňendigan bölünmegine ýardam beripdir. Kerpiç önümlerini baglanyşdyryjy bolup hyzmat edipdir. Häzirki günde agaç bölekleri weýran bolupdyr.
Köneürgenjiň harabalyklarynyň ortasynda 60 sm töweregi beýiklikdäki minara bar. Minaradan kerpiç örüminden edilen ýazgy bu desganyň Altyn Orda – Ürgenç welaýatynyň hökümdary Gutlugtemin ady bilen baglanyşdyrýar. Bina 1320-1330-njy ýyllarda gurlupdyr. Arap syýahatçysy ibn Batuta bu minara köpçüligiň ybadathanasy bolupdyr diýip maglumat berýär. Minaranyň depesinde ähli tarapy açyk bassyrma bolupdyr. Şol bassyrmajykda durup azançy adamlary namaza gelmäge çagyrypdyr. Minaranyň üstüne çykmak üçin merdiwan bolupdyr (145) sany basgançagy bolupdyr, onuň basgançaklary ýeriň derejesinden 7 m töweregi belentlikden başlanýar, ol bolsa metjidiň tekiz üçeginiň gabadyna gelipdir. Küşttertibinde bölünip goşalanan kerpiçlerden nagyşly örülen on ýedi sany inli guşak zolagyna bölünipdir.