Güýç — fiziki wektor ululyk. Bir jisime beýleki jisimler tarapyndan ýa-da meýdan tarapyndan edilýän täsiriň ölçegi. Güýjiň jisimlere täsiri netijesinde jisimiň tizligi üýtgeýär, deformirlenýär ýa-da dartylýar.

Dynçlykda duran bir jisime başga bir jisim täsir etmese, şol jisim hereket etmeýär.Eger jisime başga bir jisim täsir etse, onda onuň dynçlyk ýagdaýy we tizligi üýtgeýär. Jisimiň massasy näçe kiçi bolsa, ony hereket etdirmek şonçada aňsat bolar.Emma jisimiň massasy agyr bolsa onda ony hereket etdirmek üçin has uly täsir(güýç) gerek bolar. Mysal üçin, içi boş arabajygy hereket etdirmek işçi üçin aňsat bolar.Işçi içi boş arabajygy hereket etdirmek üçin has az güýç sarp eder. Ýöne içi doly arabajygy hereket etdirmek üçin işçi has köp güýç sarp etmeli bolar. Ýagny iki jisimiň güýji biri-birine täsir edýär. Diýmek, güýç- jisimleriň özara täsiriniň mukdar häsiýetnamasydyr.Güýjüň ölçeg birligi nýutondyr(N).

Güýjüň belgisi hökmünde adatça F - lat.fortis(güýçli) simwoly ulanylýar. Güýjüň birlikleri:

  • HU-da nýuoton
  • SGS-da dina