Doly ady: Gülşen Bayraktar

Doguldy: 29.05.1976 (40 ýaşynda) Türkiýa Stambul

Käri: Aýdymçy. Pop rok, wokalist (with elements of Ottoman music)

Meşhurlyk gazandy: 1995.

Internet sahypasy: www.gulsenonline.com

Gülşen 1976-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkiýanyň Stambul şäherindäki Çapada dünýä indi. Gülşen üç çagaly maşgalanyň iň körpesidir. Ol 5 ýaşyndaka aýdym-saza bolan islegi we zehininiň daş ýarýan höwesi bilen Saz dünýäsine girişýär. Şehremin liseýini tamamlanyndan soňra Stambulyň teknik uniwersitetiniň türk aýdym-saz bölümine girdi. Emma ol okuwda iki ýyl okady[1]. Ol konserwatoriýalara gatyşyp Stambuldaky kulup sahnalarynda ýer almaga başlady. Okuwynyň ýany bilen Sportyň Karateý görnüşine gatnaýady we Gara guşaga eýe boldy. Sahnalarda ses alyp başlanynda bir gün Serap we Özkan Turgaý tarapyndan üstünlige ýetdi we albomyny taýýarlady. 1996-njy ýylda ilkinji albomyny çykarmak üçin iş başyna geçdi. 1996-njy ýylyň başlarynda ilkinji albomyny çykardy. 1-njy iýulda piýasa albomy çykdy. Bu çykyşyň yz ýany Gülşen bütin Türkiýada meşhur bolmaga başlady. 1996-njy ýylda çykaran ilkinji albomyndan birnäçe aý soňra Myrat Warol bilen durmuş gurdy, enma durmuş ýoly 3,5 ýyla çekdi. 1998-nji ýylyň soňunda ikinji albomyny «Erkeksen» atly aýdymyny çykardy. Bu albom öňküsinden hem gowy boldy. 2001-njy ýylda 3-nji albomy «Şimdi» ni çykardy. 2004-nji ýylda «Of... Of...» atly 4-nji albomuny çykardy. 2005-nji ýylda hem bir remiks wersiýasyny çykardy. 2006-njy ýylda «Yurtta Aşk-Cihanda aşk» atly albomyny çykardy. 2007-nji ýylda Mucize atly bir albomyny çykardy. 2009-njy ýylda «Önsöz» albomuny çykardy. 2012-nji ýylda Ozan Çolakoglynyň ilkinji albomy üçin bir aýdymy aýtdy. 2012 yılında, Ozan Çolakoğlu'nun ilk albümü 2013-nji ýylyň başynda «Beni durdursan mı?» atly dokuzynjy albomyny çykardy. Bu albom köp ses aldy. 2015-nji ýylyň ýaz aýlarynda Bangır Bangır albomy bilen çykyş etdi.

Aýdymlary düzet

1996: Be Adam

1999: Erkeksen

2001: Şimdi

2004: Of... Of...

2005: 2005 Özel: Of... Of... Albümü ve Remixler

2006: Yurtta Aşk Cihanda Aşk

2007: Mucize ve Ama Bir Farkla

2008: Yapamazsan Yok

2009: Önsöz

2011: Yeni Biri ve Sözde Ayrılık

2013: Beni Durdursan mı?

2014: Kayahan En İyileri No.1 ve İltimas (feat. Murat Boz)

2015: Bangır Bangır

Gülşeniň resmi saýty: gulsenonline.com

[1]Süsoy,Yener (17 Ocak 2005). "Aşk kadınıyım aşkların değil" . röportaj. Hürriyet (Doğan Yayın Grubu). Erişim tarihi: 16 Temmuz 2015.