Open main menu

Wikipediýa β

Gülli ösümlikleriň maşgalasy

Gülli ösümlikleriň her bir klasy öz gezeginde birnäçe maşgala bölünýär. Bir maşgala girýän ösümlikleriň gülleriniň, miweleri niň we beýleki organlarynyň gurluşynda meň zeşlik bolýar. Meselem, kädiniň, gawunyň we hyýaryň baldaklary, ýapraklary, gülleri we miweleri gurluşy boýunça birbirine meňzeşdir. Şonuň üçin olar kädi ler maşgalasyna birleşdirilýär. Şeýlede, bugdaý, arpa, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň baldaklary, ýap rak lary, gülleri we miweleri meňzeş bolanlygy üçin, olar däneli ler (gyrtyçlar) maşgalasyna birikdirilýär. Erik, alça, şetdaly we ençeme beýleki miwe berýän agaçlaryň gülleri, miweleri hemde beýleki organlary nyň meňzeşligi üçin, olar bägül güllüler maşgalasyna girýär.