Günä - (arap. إِثْم‎‎ — ism). Günä uly we kiçi görnüşde bolýar. Günä şeýtany razy edilenligi üçin ýazylýar. Şeýlelik bilen Allanyň närazylygnada sebäp bolýar. Bu bolsa Alla garşy çykmak diýmek, eger-de günä bilgeşleýin edilen ýagdaýynda ("günä edip soň toba ederin" - diýýänleri şeýtan aldaýar). Şeýdip şeýtan adamy kynçylyga salýar (haýyr işden alyp galýar we günä işledýär, soň oňa günäsiz hala gelmek kyn düşer).

Toba edilmese o dünýäde bagyşlanmaýan günäler:


118. Alla ony (şeýtany) näletledi. Ol bolsa: «Kasam bolsun! Men Seniň bendeleriňden belli bir nesibe edinerin (özüme tabyn edinerin).
119. Men olary hökman azaşdyraryn, olary ham-hyýallar bilen güýmärin. Olara dowarlarynyň gulaklaryny ýarmagy (deşmegi) emir ederin, (olar hem) Allahyň ýaradan (şekilini) üýtgedirler» diýdi. Kim Allahyň ýerine şeýtany dost tutunsa, elbetde, äşgär zyýana duçar bolandyr.
120. (Şeýtan) olara diňe (boş) wada berer, ham-hyýallar bilen güýmär. (Aslynda) şeýtan olara aldawdan başga zat wada bermez.
121. Ine, olaryň barjak ýeri dowzahdyr we ondan (halas bolmak üçin) gaçara ýer tapmazlar.

Kuran: sura №4.


Yslamda uly günälere mysal: Remezan aýynda sebäpsiz oraza tutmazlyk, Alla şirk goşmak, öýde ýa-da howlyda janly zadyň suratyny ýa-da heýkeli goýmak, wagty boş geçirmek (haýyrsyz, sebäpsiz boş), enäň-ataň diýenini etmezlik, günä işi gurnamak, zekat tölemezlik (eger nisab derejede bolmasa), aluw-satuwda aldaw, ýalan kasam bermek, ene-ata we ýakyn garyndaşlaryň bilen araňy üzmek, sebäpsiz namazy goýbermek (okamazlyk), islam goragy üçin söweşilýän döwürde uruşdan gaçmak, göterim; prosent (süýthorlyk), jadygöýlik bilen meşgullanmak, aldaw; ýalan, jalaýlyk; pul sowrujylyk; biderek harç edijilik; bisarpalyk we şuňa meňzeşler.

76 sany uly günäler

düzet
  1. Allaha birini ýa-da bir zady deňemek (şirk)
  2. Haksyz ýere adam öldürmek
  3. Jadygöýlik (sihr)
  4. Ybadata geleñsiz bolmak
  5. Zekat tölemekden boýun gaçyrmak (nisab bolmasa)
  6. Ene-atañ diýenini etmezlik (eger günäli zady buýrmasa)
  7. Süýthorlyk etmeklik
  8. Ýetimiň emlägini almak
  9. Hadys oýlap tapmak
  10. Sebäpsiz agyz beklemezlik
  11. Uruş meýdanyndan gaçmak (gaçgaklyk)
  12. Zyna, ahlaksyzlyk
  13. Halky aldaw we zalymlyk bilen dolandyrmak
  14. Spirtli içgileri içmek
  15. Ulumsylyk, gopbamlyk, tekepbirlik
  16. Ýalan şaýatlyk
  17. Gomoseksualizm
  18. Dogruçyl zenana töhmet atmak
  19. Oljalary, halk gaznasynyň baýlygyny we sadakalary bikanun ulanmak
  20. Kesekiniň mülküni(zadyny) eýelemek
  21. Ogurlyk
  22. Talaňçylyk
  23. Ýalandan ant içmek
  24. Ýalan
  25. Öz janyňa kast etmeklik
  26. Sud çözgüdinde wyždansyzlyk
  27. Aýalyň, gyzyň we şuňa meňzeşleriň özlerini ýaramaz (ýeňil) alyp barmagyna ýol bermek
  28. Zenanyň erkeklere meňzemegi, erkegiň zenanlara meňzemegi
  29. Galp toý
  30. Gan, maslyk we doňuz iýmek
  31. Peşewe seresapsyz bolmak
  32. Dinsiziň salgyt ýygnamagy
  33. Ikiýüzlülik
  34. Dönüklik
  35. Din ylmyny bu dünýä üçin öwrenmek we olary bu dünýä üçin ýaşyrmak
  36. Edilen ýagşylyga nägile bolmak
  37. Takdyry inkär etmek
  38. Başgalaryň syryny açmak
  39. Nälet
  40. Mukmin patşanyñ permanyna boýun egmezlik
  41. Bilgiçleriň we öňünden bilijileriň sözüne ynanmak
  42. Zenanyň äriniň diýenini etmezligi (eger günä buýrmasa)
  43. Garyndaşlar bilen gatnaşygy kesmek
  44. Janly zadyň suratyny çekmek
  45. Gybat
  46. Ölene (uly) ses edip aglamak
  47. Nesildäki adamyň gybatyny etmek
  48. Göwne degmek we kiçeltmek
  49. Musulmana ýarag çenemek we imansyz diýip aýyplamak
  50. Musulmana dil we zelel ýetirmek
  51. Dindarlara zyýan ýetirmek
  52. Ýaragy göz üçin uzaltmak (kelpeňlik)
  53. Erkekleriň ýüpek geýinmegi we altyn dakynmagy
  54. Guluň gaçmagy
  55. Alla üçin soýulmadyk gurban mal
  56. Ýer (mellek) meýdanyň araçägini aňladýan belligi üýtgetmek, çalyşmak
  57. Pygamberiň sahabalaryna dil ýetirmek
  58. Ansarlara dil ýetirmek
  59. Günä we gadagan zatlara çagyrmak
  60. Ýasama saç dakynmak we taturowka etdirmek(etmek)
  61. Musulmana ýarag çenemek
  62. Öz kakaň däl adamy kaka diýip hasap etmek
  63. Erbet zady guman etmek
  64. Iýip içmek üçin altyn we kümüş gap-gaçlary ulanmak
  65. Jedel
  66. Guly urmak, ezýet bermek we biçmek
  67. Kem ölçemek
  68. Allahyň gazabyndan özüňi aman bilmek
  69. Alladan umydyňy üzmek
  70. Berlen haýryň gadyryny bilmezlik
  71. Suw köp bolup, ony adamlara bermekden ýüz döndürmek
  72. Haýwana tagma basmak
  73. Humarly oýunlar
  74. Mesjid Haramda günä etmek
  75. Sebäpsiz ýere Juma namazdan galmak we ony ýeke bolup okamak
  76. Musulmanlara garşy içaly bolmak we ýaşryn olaryň syryny ýaýmak


Göz, gulak, dil, el, aýak, garyn we jyns organ. Bular islamda günä (sebäp) edip biljek beden agzalary(organlary).

Akyda-da günä

düzet


Ýürekde günä

düzet
  • Allahy ýatlamazlyk.
  • Alladan gorkmazlyk (Alladan başga zatdan gorksaň Alladan gorkdygyň bolmaýar).
  • Ýaman niýet.
  • Gaty ýüreklilik.
  • Gahar-gazap.
  • Närazylyk.
  • Nebisli bolmak (nebsiň diýenini etmek gara ýürekli bolmagyň nyşany).


Bedende günä

düzet
  • Bedeniňe surat çekmek (iňl. tattoo).
  • Tans etmek.
  • Çapak çalmak.
  • Oýun oýnamak.
  • Erkek bolup zenana meňzemek (we zenan bolup erkege meňzemek).
  • Bedeniňi üýtgetmek (gaşy ütmek (çyzmak), ýüzüň tüýüni ütmek (ütdürmek), zenanlaryň saçlaryny gyrkmagy (hiç bir zenanyň saçyny gyrkmaly däl, hat-da ujybsyz hem bolsa, sebäbi garşydaş jynsa meňzemek haram), dyrnak dakynmak, dyrnagy reňklemek, dodagy reňklemek, dodagy çişirmek, ýanbaşy çişirmek, göwsi çişirmek (göwreli we semiz oňa degişli däl, sebäbi olarda bu tebigy, ýöne olar hem göwräňi bildirmez ýaly eşik geýmeli), dyrnak ösdürmek, pudr we şonuň ýaly zatlary çalynmak, kirpigi çyzmak, [saça boýan etmek bolýar, ýöne şu wagtky himiki boýaglara boýamak gadagandyr, we gara boýag bolmaly däl, garrylar öz çal şaçy üçin boýamaly däl, eger tebigy önümlerden ýasalan zyýansyz boýag bolsa bor, emma häzirki günde boýaglar himiki düzüme eýe bolansoň, käbir ýurtlarda boýag edilen soň (boýagdan 20 minut soň) ölüm bolandygy hakda kän habar (gadagan bolmagy üçin) muňa mysaldyr.[1] Yslamda özüňi öldürmek haramdyr, başga birini hukuksyz öldürmek has hem erbetdir], bedeniňe metal geçirip, ildirip, sokup goýmak, diş goýdurmak we şuňa meňzeş zatlary etmek).
  • Erkekleriň altyn dakynmagy we ýüpek (mata) geýinmegi.

Gözde günä

düzet
  • Şöwhetli serediş (diňe nikada duran kişiňe seretmekde hiç günä ýok)
  • Awrat ýerlere seretmek. Zenanlar üçin awrat diňe ýüzden, goşardan beýleki hemme ýeri degişlidir (käbir ýurtlarda olary hem ýapýarlar), beden agzalar köýnege seredeniňde bildirmeli däl. Erkekler üçin awrat göbekden dyza çenli (dyzyň özi hem degişli). Telewizorlarda, telefonlarda, smartfonlarda, kompýuterlerde we şuňa meňzeş islendik wirtual enjamlarda awrat ýeri görmek (başgalara görkezmek we paýlaşmak ondan hem agyr günä, her görkezilen we paýlanylan, olaryň hem paýlaşan sanyna görä günä bar).
  • Adama ýigrenji seretmek.
  • Başga öýe, ammara, howla we şuňa meňzeşlere ogryn garama (gizlin äňetme, jyklama).
  • Telewizor (smartfon, laptop, telefon, we ş.m.) ýaly zatlarda biderek (serial, film(kino), sport, teleşow, reklama, peýdasyz(haýyrsyz) samsyk zatlary we ş.m.) zatlary görüp wagt geçirmek (Kuran diňlemek, hadys diňlemek, öwrenmek, halka zyýansyz, özüñi ýa-da başga birini günä eltmejek hünär öwrenmek bolar).


Gulakda günä

düzet
  • Aýdym diňlemek.
  • Gybat diňlemek (edil gybat eden ýaly günä bolýar).
  • Eştmesi gadagan edilen zatlary diňlemek.


Dilde günä

düzet
  • Aýdym aýtmak
  • Sygyrmak, sykylyk (rus. свисти).
  • Gybat.
  • Gargamak, näletlemek, paýyş söz aýtmak.
  • Ýalan.
  • Ölen adama (uly) ses edip aglamak.
  • Ýalan şaýatlyk we ýalan kasam.
  • Içigaralyk, başganyň gynanjyna begenmeklik (şamata).
  • Kemsidiji gülki (suhriýa).
  • Gyjalat (mann).
  • Lakgylyk, ýaňralyk, boş sözlülik (lägu).
Zyhar
Erkegiň öz aýalyna: "Sen meniň ejem ýaly...'" diýip, öz aýalyny eje ýaly hasaplap onuň bilen jyns gatnaşygy kesmek. Beýle etmek düýbinden ýalňyş.
Paýyş sözlülik (bäzäg)
Bäzä’ - (arap. بَذَاء‎‎‎ | gödek söz; aýp söz; paýyş söz, haýasyz; utançsyz; binamys, paýyş sözlülik; hana sözlülik; agzy hapalyk) ahlaksyz gürrüňler.


Hana sözlülik (namima)
Nämimä - (arap. نَمِيمَة‎‎‎ | töhmet, gybat)

tersleşdirmek (arasyny bozmak), sögüşdirmek üçin bir adamdan başga bir adama iberilýän söz, gybat. Nämimä (gybat) bolmagy üçin bir adam barada çyn aýtmak hem ýeterlikdir.

Ýalan
Ifk (arap. إفك‎‎) - adama edilýän (edilen) töhmet. Töhmet uly günä bolansoň töhmetçiler Allanyň gazabyna galarlar (toba etmese). Iň uly töhmet köphudaýlylyk (şirk), Alladan başga kimdir birinde güýç bar diýip ynanmak ýalan(ýalňyş).
Zur
Zur (arap. زور‎‎‎) — ýalan.
Töhmet (buhtan)
Buhtan (arap. بُهْتَان‎‎‎) — nädogry, ýalan; gybat, töhmet.

Jyns organda günä

düzet
  • Nikasyz jyns gatnaşygy (zyna).
  • Gomoseksuallyk we biseksuallyk.
  • Uly meýdan edilýän deşige jyns gatnaşygy etmek (liwat).
  • Mal bilen jyns gatnaşygy etmek.
  • Onanizm.
  • Oraza tutulanda, aýbaşy(görüm) döwründe, çaga doglandan soňky döwründe, bularyň möhleti dolandan soň doly we dürs gusul alynýança jyns gatnaşyk etmek.
  • Maşgala ýassykdaşyñdan başga kişilere jyns organy görkezmek.
  • Gabyra (mazarda), kölegede, adamlaryň dynç alýan ýerinde, akar suwa (ýata suwa) we şuňa meňzeş ýerlere - meýdan etmek.

Elde günä

düzet
  • Aýdym düzmek.
  • Urşmak, urşdurmak (Islam ýolunda bolmasa)
  • Haýwandyr janly-jandarlary urşdyrmak.
  • Tebigaty hapalamak, otdyr mör-mojekleri sebäpsiz basmak, öldürmek.
  • Ýola we beýleki ýerlere hapa taşlamak.
  • Haýwanlara ezýet bermek, gulaga we başga ýere tagma basmak; olary deşmek; kesmek.[2]
  • Janly zadyň suratyny çekmek (adamyň, haýwanyň we şuňa meňzeş zatlar).
  • Kem ölçeme, ogurlyk.
  • Talaňçylyk, ütme, garakçylyk.
  • Hukuksyz öldürmek (hat-da garynjanyda).
  • Ýençme, şikes ýetirmek, zalymlyk.
  • Parahorlyk.
  • Humarly oýunlar (poker, kazino...)
  • Zyna islegi bilen erkek zenanyň, (ýa-da zenan erkegiň) ýüzüne el degirmek.
  • Heýkel, but ýasamak.
  • Aýtmasy gadagan zady ýazmak.
  • Täretsiz Kurany eldemek (gusul bozlup gusulsyz okamak hem bolmaýar, diňe durmuşda ulanylýan dogalar bilner. Meselem: "Bismillä").
  • Oýun oýnamak.

Aýakda günä

düzet
  • Ärsiz ýa-da ýakyn garyndaşsyz (mährämsiz) syýahat etmek.
  • Ybadat edip duranyň öňünden bidüzgün geçmek(sutra).
  • Gulyň, bergidaryň, aýalyň we ş.m. gaçmagy.
  • Ulumsy, öwünjeň ýörüş.
  • Täretsiz mesjide girmek.
  • Sygyrmak.
  • Oýun oýnamak.

Garynda günä

düzet
  • Çilim çekmek.
  • Nas atmak.
  • Göterimne pul bermek we almak. (риба, ribä)
  • Haýwanlary urşdyryp, jedel edip, haýwanlary çapyşdyryp we şuňa meňzeşleri edip pul gazanmak.
  • Ýasama, himikatly önümleri iýmek.
  • Süýthorlyk, ogrulyk we şuňa meňzeş ýollar bilen iýilýän iýmit.
  • Aldawly söwda.
  • Musulman halka zyýan ýetirmek.
  • Spirtli içgileri, beýhuş ediji we şuňa meňzeşleri iýmek, içmek (narkotik, arak, piwo we ş.m.lar). Bulary satmak, satyn almak, ýaýratmak haramdyr.
  • Şeriatda iýmesi gadagan mallaryň (doňzyň, maslygyň, ýyrtyjyň, Allahyň ady bilen öldürilmedik haýwanyň) etini, hapa(nejasat) iýmiti iýmek, içmek.
  • Şübheli her dürli önümleri iýmek (konditer, buzgaýmak, gazly we gazsyz gaplanan içgiler (reňksiz (reňklendirilmedik) we zat goşulmadyk suwy içse bolýar (mysal üçin: ýürek bulaşmany, atrawleniýany, içiňi arassalamak üçin diňe reňksiz gazlandyrylan suwy içse bolar)), tort, süýji, şokolad, peýnir, şöhlat (калбаса), koffee we şuňa meňzeş ýasama önümler (olary köpüsinde howply iýmitlik goşundylary bar).[3]

Şeýle-de

düzet

Bellik

düzet

Salgylanmalar

düzet