Günorta Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllarda

Günorta Ỳewropa ýurtlary 1918-1939-njy ýyllarda.

MEỲILNAMA

1. Gresiýa 1918-1939-njy ýyllarda.

2. Portugaliýa 1918-1939-njy ýyllarda.

3. 1918-1939-njy ýyllar aralygynda Ispan monarhiýasy.

Pireneý, Appennin, Balkan ýarym adalarynda ýerleşýän Ispaniýa, Gresiýa, Portugaliýa ýurtlary “Günorta Ỳewropa” birligini düzýär. XIX-XX asyrlaryñ sebgidinde Günorta Ỳewropa ýurtlary özüniñ taryhy şertleri boýunça biri-birine meñzeş bolup durýardy. Şeýle hem ýollar täze gatnaşyklara ösen ýurtlara seredende has giç geçip başlady, sebäbi olaryñ aglaba bölegi öz milli däplerini we köneçil gymmatlyklaryny goraýardy. Şol sebäpden hem Ispaniýa, Portugaliýa, Gresiýa “merkeze” garaşly, hem-de 2-nji derejeli ýurtlar hasaplanýardy.

Täze döwürde günorta ýewropa ýurtlarynyñ taryhy ösüşiniñ aýratynlyklary: olaryñ yzagalamlygy, ösüşiniñ haýallygy we garaşlylygy bilen düşündirilýär.

Bu döwürde dünýäniñ ösen ýurtlary bolan Beýik Britaniýa, Fransiýanyñ we Germaniýanyñ Günorta Ỳewropa ýurtlaryna aralaşmagy we şol ýerlerde amatly agrarçigmal ojaklaryny özüne tabyn edip arzan nyrhdan önüm ödürýärdi.

Umuman, Günorta Ỳewropa ýurtlarynyñ ykdysady yzagalaklygy olarda syýasy jemgyýetçilik gurluşynyñ hem gowşak emele gelmegine täsir etdi. Bu ýurtlarda häli monarhiýa, goşun, Buthana, aristokratiýa ýaly düşünjeler agdyklyk edýärdi, parlament, demokratiýa sözleri syýasy durmuşa kän ornaşmandy.

1-nji Jahan urşunyñ öñisyrasynda Gresiýa Ỳewropanyñ ykdysady taýdan gowşak ösen ýurtlarynyñ biridi. Ilatyñ işe ýaramly böleginiñ 70% daýhançylyk bilen meşgullanýardy. Ýurduñ senagatynda ýeñil, azyk pudaklary bolup, olardaky kärhanalaryñ sany azdy, temmäki önümçiligi has ösendi. Ýurduñ syýasy durmuşynda konstitusion monarhiýa agalyk edýärdi.

1-nji Jahan urşy şertlerinde Gresiýa Antanta bilen ýakynlaşmagyñ tarapdarydy, sebäbi ol Angliýa we Fransiýa bilen ýaranlaşyp Gresiýanyñ öñünde duran 2 wezipäni çözjekdi. 1-si ykdysadyýeti doly özgerdip gurmak, 2-si grek ilatyndan ybarat ýerleri özüne birikdirmek. 1917 ýylyñ Oguz aýynyñ 29-da Gresiýa 1-nji Jahan urşuna Antantanyñ tarapynda bolup çykyş edýär. Uruşa köp wagt gatnaşmasada uruş Gresiýa düýpli peýda getirýär. 1919 ýylyñ Sanjar aýynyñ 27-de baglaşylan Neýa şäherinde Bolgariýa bilen baglaşylan ýaraşyk şertnamasy boýunça Gresiýa Günbatar Fransiýa ýerleri etdi. Şeýle hem 1918 ýylyñ Garaşsyzlyk 30-da Antanta bilen Osmanly-türkmen imperiýasynyñ arasynda baglaşylan ýaraşyk şertnamasy boýunça Gresiýa Izmiri eýeledi. 1920 ýylyñ Gorkut aýnda bolsa Sewr şäherinde Türkiýe we Antantanyñ arasynda ýaraşyk baglaşylar we şonuñ bilen dünýäni kadalaşdyrmagyñ Wersal ulgamy düzünip gutarylýar. Şol şertnama boýunça Gresiýa Gollikol ýarym adasy, Imbros we Tenedos adalary tabyn edilýärdi. Emma Türkiýe Sewr şertnamasyny makullamaýar sebäbi ol Türkiýanyñ (Osmanly türkmen imperiýasynyñ) çäkleriniñ bölünmegine alyp geljekdi.

1920-nji ýylda /Gurbansoltan aýy/ Türkiýede general M.K.Atatürküñ ýolbaşçylygynda Soltan Mehmet 6-njynyñ häkimýeti agdarylýar. Netijede Sewr şertnamasynyñ kararlary ýerine ýetirlmeýär.

1919-1021-nji ýyllardaky grek-türk urşy, Gresiýa üçin weýrançylyklydy. Uruş netijesinde grekler ýeñilýär hem-de 1923-nji ýylyñ Gorkut aýynyñ 24-de Lozann şertnamasy boýunça Gresiýa kiçi aziýadaky ähli eýeçiliklerinden mahrum edilýär, şol sanda Izmirden, ýagny ondan Sewr şertnamasy boýunça ähli eýelän ýerleri alynýar.

Gresiýanyñ syýasy durmuşynda birnäç dawalar bolup geçýär. Ilki bilen 1922-nji ýylyñ Ruhnama aýynda tagta Georg gelýär, ol ýurduñ öñki şazadasy konstantiniñ ogly.

Hökümete halk partiýasynyñ deregine N.Stratosyñ ýolbaşçylygynda aram partiýa gelýär. Ol 1922-nji ýylyñ Sanjar aýynyñ 15-de öñki Halk partiýasynyñ lideri D.Gunarise we 6-sany öñki ministirlerine atuw jezasyny berýär.

1923-1924 ýyllarda ýurtda respublikan partiýa öñe çykýar we 1924-nji ýylyñ Nowruz aýynyñ 8-de hökümete gelýär. 1924-nji ýylyñ Nowruz aýynyñ 25-de Dörediji ýygnak şa häkimiýetiniñ agdarylandygyny we respublikany jar edýär. 1924-nji ýylyñ Gurbansoltan aýynyñ 13-de geçirilen sala-salmaklygyñ netijesinde, oña gatnaşan adamalaryñ 69,9% respublika görnüşli döwleti döretmäge ses berýär. 1024-nji ýylyñ Magtymguly aýynyñ 24-de H.Kunduriotis gerek respublikasynyñ Prezidentligine saýlanýar. Ol 1926-njy ýylyñ Nowruz aýynyñ 15-e çenli ýurdy dolandyrýar we harbylaryñ basyşy netijesinde wezipesinden gidýär.

1926-njy ýylyñ Gurbansoltan aýynyñ11-de geçirilen Prezident saýlawlarynyñ netijesinde Pangolos Prezident bolýar. Ol ýurtda öz hökümrowanlyk düzgünini girizýär. Beýle ýagdaý ýurtda syýasy gýüçleriñ we harbylaryñ närazylygyny döredýär. Netijede, Prezidentlige ýene-de Kunduriotis gelýär, ol boýunça demoktarik özgerişleri geçirýär. 1927-nji ýylyñ Oguz aýynda Grek respublikasynyñ Konstitutiýasy kabul edilýär.

20-nji ýyllaryñ ahyrynda Gresiýanyñ syýasy ýagdaýy kadalaşýar. Ol Italiýa, SSSR, Albaniýa, Ỳugoslawiýa, Awstriýa, Wengriýa, Türkiýe döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk barada şertnamalar baglaşýar.

Emma 1929-1933-nji ýyllaryñ dünýä ykdysady çökgünligi Gresiýa hem täsir edýär. Onuñ ykdysadyýeti has çökýär. 1928-1931-nji ýyllar aralygynda senagat önümçiligiñ umumymöçberi 14,8% aşak düşýär. Ģökgünligiñ ilkinji 3 ýylynda daşary ýurtlara haryt çykarmak 31,6% pese gaçýar, iş haky 30% azalýar.

Şeýle ýagdaýda ýurtda syýasy ýagdaý çylşyrylymlaşýar. Esasan hem respublika gurluşyna garşy güýçler köpelip başlaýar.

1933-nji ýylyñ Nowruz aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda monarhistik Halk partiýasy üstüne çykýar, olaryñ lideri P.Saldoris täze hökümeti düzýär. Emma 1935-nji ýylyñ Garaşsyzlyk aýynyñ 10-da harbylar hökümete garşy çykyş edip, ýurtda monarhiýa düzgünini dikeldýär, Georg II-nji tagta çykarylýar.

Ỳurtda 1911-nji ýylyñ konstitutiýasy dikeldilýär. Emma Gresiýanyñ syýasy partiýalary, kärdeşler arkalaşygy ýaly guramalar, giñ halk köpçüliginiñ goldamagy bilen respublikany dikeltmek synanşygyny edýärler.

Harbylar 1936-njy ýylyñ Alp-Arslan aýynyñ 4-de ýurtda harby hökümrowanlygyny dikelýärler.

Şeýlelikde XX asyryñ 30-njy ýyllarynyñ 2-nji ýarymynda Gresiýada harby düzgün emele gelýär.

I Jahan urşunyñ netijesinde Portugaliýa Pariž parahatçylyk maslahatyna 2-nji derejeli döwlet hökmünde gaçyrylýar. Oña german eýeçilikleri paýlaşylan mahaly Okeniýanyñ birnäçe adalary ýetýär. Şeýle hem Portugaliýa Waşington maslahatynda Hytaý meselesi dogrusyndaky şertnama gol çekýär.

Jahan urşy netijesinde Portugaliýada syýasy göreş has güýçlenýär. Ỳurduñ durmuş-syýasy ýagdaýynyñ gyradeñ däldigi üçin, şeýle hem maliýe-ykdysady ýagdaýynyñ erbetleşmegi 1919-1921-ýyllar aralygynda hökümetiñ 44 gezek çalyşmagyna getirýär.

1926-njy ýylyñ Magtymguly aýynda döwlet agdarylyşygy bolup, ýurtda harby düzgün dikeldilýär. 1926-njy ýylyñ Sanjar aýynda general Karmona özüni Prezident diýip jar edýär. Ýurtda faşistik görnüşli özgerişler başlanýar. Karmona Portugaliýany diñe syýasy tarapdan däl, eýsem ykdysady tarapdan hem güýçli döwlete öwürmegi maksat edinýärp. 1928-nji ýylda ol maliýe ministre edip Oliwýer Salazary belleýär. Salazar şol döwürde Lissabon uniwersitetinde ykdysady bilimleriñ professory bolup işleýärdi. Ol Prezidentiñ elinden adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklary alyp ilki bilen ýurduñ ykdysadyýetine iñlis kapitalynyñ aralaşmagyny üpjün edýär salgytlary artyrýar. Bu üstünlikleri üçin 1932-nji ýylyñ Gorkut aýynda oña hökümet başlygy wezipesi berilýär. Şeýlelikde Salazaryñ hökümete gelmegi bilen Portugaliýada faşistik düzgün doly dikeldilýär. Ol özüniñ ykdysady syýasatynda býudžeti kadalaşdyrmak, dolandyryşynyñ korporatiw usulyny girizmek hususy telekeçiligi ösdürmek ýaly ugurlaryñ ösmegine giñ mümkinçilik berýär.

1933-nji ýylyñ Nowruz aýynda ýurduñ täze konstitutiýasy kabul edilýär, ony düzenler bu esasy kanunyñ dünýäde ilkinji korporatiw konstitusiýadygyny belleýärler. Konstitutiýa boýunça Portugaliýa korporatiw respublika diýilip yglan edilýär.

Kanunçykaryjy edara hökmünde milli Assambleýa hasaplanýar Prezident 7 ýyl möhleti bilen saýlanýar. Şeýle hem konstitusiýada ministirler Geñeşiniñ başlygyna (Salazara) çäklendirilmedik ygtyýarlyklar berilýär. Konstitusiýanyñ ýny bilen ony dolduryjy hökmünde “Zähmet partiýasy” atly resminama hem Kabul edilýär. Şonda korporatiw ulgamyñ düzümi, onuñ iş rejesi, zähmet şertnamalarynyñ şertleri kegitlenýär.

Umuman, Salazaryñ düzgünini esasan goşuna we döwlet apparatyna daýanýardy. Şonuñ üçin bu düzgün 1968-nji ýyla çenli dowam etdi. XX asyryñ 30-njy ýyllarynda Portugaliýanyñ Portugaliýanyñ daşary syýasaty esasan faşistik düzgünini döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendi.