Günorta – Gündogar Ỳewropa ýurtlary 1918-1929-njy ýyllar aralagynda

Günorta – Gündogar Ỳewropa ýurtlary 1918-1929-njy ýyllar aralagynda.

MEỲILNAMA

1. Gündogar Ỳewropa ýurtlary üçin I-nji Jahan urşunyñ netijeleri.

2. Gündogar Ỳewropa ýurtlarynda demokratlaşdyrmak we döwlet-hukuk gurluşy.

3. XX-asyryñ 20-nji ýyllarynda Wengriýa we Bolgariýada emele gelen çökgünlikler.

XX asyryñ başynda dünýäde bolup geçen özgerişler Günorta-Gündogar Ỳewropanyñ duşundan geçmedi. Gündogar Ỳewropa halklarynyñ çylşyrymly etniki-dini we durmuş ykdysady meseleleri täze gatnaşyklaryñ ornaşmagynda böwet bolup durýardy. Balkan ýurtlarynyñ ilatynyñ ykdysady we durmuş meseleleriniñ özboluşly aýratynlyklary bardy.

1912-1913-nji ýyllaryñ Balkan uruşlary Porta-Gündogar Ỳewropada osmanly türkmen imperiýasynyñ dargamagyna alyp geldi.

Birinji Jahan urşunyñ tamamlanmagy Gündogar Ỳewropanyñ kartasyny üýtgetdi. Pariž parahatçylyk maslahatynda Gündogar Ỳewropa meselesine seredilip, ilki bilen Rumyniýa hem-de täze dörän Polşa uly möçberde täze ýerleri edindiler.

Rumyniýa – wengr Transilwany, bolgar Dobružasy we Bessarabiýasyny almaly edilýärdi. Netijede Rumyniýanyñ çäkleri 2-esseden hem artdyrdy, ilaty bolsa 1915-nji ýylda 7,8 mln bolan bolsa 1920-nji ýylda 16 mln etdi.

Ỳurtdaky ähli ykdysady kynçylyklaryñ, içerki syýasy meseleleriñ çylşyrymlylygynyñ üstüne öz sanly milletleriñ ýagdaýy hem goşuldy. Sebäbi ýurduñ ilatynyñ 4/1-bölegini wengrler, nemesler, ukrainler, türkler tutýardy.

Polşa-öñki Awstro-Wengriýadan Galisiýa we ýokary Sileziýa, Pomeriýanyñ nemes ýerleri (Baltik deñzine çykýan) ýetipdi. 1919-1920 ýyllardaky polýak-rus urşy polýaklaryñ ýeñilmegi bilen gutarsada, Polşa 1920-nji ýylda Litwanyñ Wilnýus welaýatyny basyp aldy.

Rumyniýa we Polşadan tapawutlylykda Bolgariýa we Wengriýa Ỳewropanyñ täzeden bölünmegi netijesinde jebr çekdi. Bolgariýa Neýa şertnamasy boýunça öz çäkleriniñ 10/1 bölegini ýitirdi, şol sanda Günorta Dobruža, Günbatar Makedoniýa, Günbatar Frakiýa.

1920-nji ýylda Wengr meselesi gutarnykly çözüldi. Trianon şertnamasy boýunça Ģehoslawakiýanyñ düzümine-Slowakiýa we Zakarkat Ukrainasy goşuldy. Serbleriñ, horwatlaryñ we slowenleriñ şalygyna-Horwatiýa, Sloweniýa, Günbatar Banat, Barka goşuldy. Ỳewropanyñ merkezinde ýerleşen täze özygtyýarly döwlet bolan Ģehoslawakiýa özüniñ ykdysady derejesi boýunça goñşy ýurtlardan öñdedi. Bogemiýa Morawiýa ýaly welaýatlarynyñ taryhy däpleri bardy. Bulardan başga-da döwletiñ düzümine Slowakiýa we rus ýerleri girýärdi. 1920-nji ýylda Polşa bilen bolan dawanyñ netijesinde Sileziýa ___ gorlary (känleri) 2 döwletiñ arasynda paýlaşyldy.

Umuman ýeketäk döwletiñ çäginde özüniñ gelip çykyşy boýunça, ykdysady pudaklary boýunça-da, medeni däp-dessurlary boýunça-da Ģehoslawakiýanyñ düzüminde – esasan nemes ilatynda durýan Sudet welaýaty bardy. Şeýlelikde Gündogar Ỳewropanyñ syýasy kartasynyñ täzeden düzülmeginiñ 2-netijesi emele geldi. Bir tarapdan sebtiñ köp halklary öz taryhynda ilkinji gezek özygytyýarly ösüşe mümkinçilik aldy. 2-njiden Gündogar Ỳewropa ýurtlarynyñ öz aralaryndaky gapma-garşylyklaryñ, çäk dawalarynyñ, milletara öñşuksyzlyklarynyñ ýitileşmegi-Gündogar Ỳewropany halkara gatnaşyklarynyñ ýitileşen ojagyna öwürýärdi. 1-nji Jahan urşunyñ tamamlanmagy gündogar Ỳewropa ýurtlarynyñ içerki syýasy ýagdaýyny düýpli üýtgetdi. Rumyniýada milli-liberal partiýa, ser demokratik partiýasy, Polşada halk demokratik partiýasy-şol ýurtlara has täsirli partiýalar derejesine geçdi. Beýle özgerişleriñ sebäplerinden biri ol hem şol hereketleriñ Günbataryñ ösen ýurtlary tarapyndan goldamagydy. Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyñ has yzygiderli demokratlaşmagy Polşa we Ģehoslawakiýada duýulýardy.

Ģehoslawakiýada 1918-nji ýylyñ wagtlaýyn konstitusiýasy täze döwletiñ öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemekde demokratik ýörelgeleri, şol sanda respublika gurluşyny, hökümet şahalaryny kesgitlemek, kanunyñ agalygyny döretmek ýaly ugurlary kesgitledi edilip T.Masarik saýlandy. Gurluşynyñ demokratik esasda emele gelip başlamagyny Ģehoslowan social-demokratik işçiler partiýasy hem goldady. Ģehiýa sosialistler partiýasy hem 1919-nji ýylyñ Oguz aýynda sosial-demokrat B.Tusar ilkinji hökümete baştutan boldy. 1920-nji ýylyñ Baýdak aýynda Ģehoslowak respublikasynyñ 1-nji konstitusiýasy kabul edildi, onda emele gelen demokratik syýasy ulgam ýuridiki hukuk taýdan berkidildi. Konstitusiýa gelip çykyşyna, diline, dini ynanjyna, milletine seretmezden raýatlaryñ deñligini ykrar edýär. Konstitusiýa boýunça ýurtda ýokary kanun çykaryjy edara 2 palataly Milli ýygnak ykrar edilýärdi. Ýurduñ Prezidenti 7 ýyl möhleti bilen Milli ýygnak tarapyndan saýlanýardy, oña giñ ygtyýarlyklar berilip, ol hökümeti döretmek we aýyrmak hukugyndan peýdalanýardy, şeýle hem Prezident Milli ýygnagy çagyryp hem bilýärdi, dargadyp hem, ondan başgada hödürlenýän kanunlary kabul etmäge ýa-da yzyna gaýtarmaga ygtyýarlydy. Şeýle hem konstitusiýa boýunça Prezident we hökümet ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizen mahaly raýatlaryñ hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirip hem bilýärdi.

Polşada hem döwlet gurluşy demokratik äheñde amala aşyryldy. Ýöne 1919-nji ýylyñ konstitutiýasy (kiçi) häkimýetiñ Dörediji seýmiñ we “döwletiñ başlygynyñ” elinde jemlenýändigi barada çäklendirmeleri girizipdi. Konsititusiýa wagtlaýyndy. 1921-nji ýylyñ Nowruz aýynyñ 17-de kabul edilen konstitusiýa laýyklykda Polşa respublika diýlip yglan edilýärdi.

Konstitusiýa parlament demokratiýasynyñ gurluşyny jar edýärdi. Döwlet häkimýetinde esasy orun Seým senatdan durýan parlamente berilýärdi. Parlamente ähliumumy, deñ we saýlawlar esasynda gizlin ses bermek arkaly deputatlar saýlanýardy. Hökümet parlamentiñ öñünde jogapkärdi. Döwletbaşy – Prezident parlament tarapyndan saýlanýardy.

Beýleki Gündogar Ỳewropa ýurtlarynda demokratik özgertmeler onçakly üzül-kesil amala aşyrylmaýardy. Bolgariýañ, Rumyniýañ, Serbleriñ, Horwatlaryñ we Slowenleriñ Korollygynda konstitusion kanunlar kabul edilen käbir ugurlar boýunça demokratik ýeñillikler berýärdi. Onuñ düýp sebäbi hem häli bu ýurtlarda monarhistik gurluş dowam edýärdi. Emma şeýle bolsada Gündogar Ỳewropa yurtlarynyñ birnäçesinde syýasy partiýalaryñ täsirli derejä çykmagy, geljekde käbir ýurtlarda konstitusiýa monarhiýasy görnüşli gurluşyñ emele gelmegine getirdi. Mysal üçin : Oguz aýynda Kabul edilen Widowdan konstitusiýasy boýunça serb-horwat-slowen döwleti kanun boýunça serb mirasdüşerlerleri Karageorgiýewiçleriñ baştutanlygynda parlament monarhiýasy diýlip yglan edilýärdi. Halk skupşinasy (parlament) ýokary kanunçykaryjy edara diýip hasap edilýärdi. Şazada (korol) kanunlary tassyklamak, parlamentiñ mejlislerini çagyrmak ýa-da ony dargatmak ýaly hukuklardan peýdalanýardy.

Ỳugoslawiýa – 12 mln ilat.

Serbler esasy – 39%-serb horwatlar, slowenler, makedonlar albanlar olar hat-da öz ene dilini ulanyp bilenokdylar.

Wengr monarhiýasy (1918 ý Garaşsyzlyk aýy) milli-demokratik rewolýusiýasy netijesinde agdaryldy. (Şoña çenli Awstro-Wengr. Gabsburglar monarhiýasy).

Häkimýete garaşsyzlyk partiýasynyñ wekilleri tarapyndan döredilen milli Geñeş 1918-nji ýylyñ Sanjar aýynyñ 16-da Wengriýany Halk respublikasy diýip yglan etdi. Bu ýurduñ syýasy durmuşynda öñe çykan birnäçe partiýalar, esasan hem sosial-demokratlar, kommunistler birleşip 1919-nji ýylyñ Nowruz aýynyñ 21-de Wengriýa sosialistler partiýasyny döretdi, şol partiýa hem Wengriýany sowet respublikasy diýip jar etdi. Netijede täze hökümet boýunça özgerişler geçirdi.

Ỳerleri millileşdirmek ol ýerlere kooperatiw hojalyklary döretmek, şäherlerdäki ýaşaýyş jaýlary döwletiñ ygtyýaryna geçýärdi, döwlet eýeçiligi doly ykrar edilýärdi.

Emma 1919-nji ýylyñ Gurbansoltan aýynda Antantanyñ harby hereketleri başlandy. Wengriýanyñ çäklerine fransuz, ýugoslaw, rumyn, çeh goşunlary aralaşýar. 1919-nji ýylyñ Alp-Arslan aýynyñ 1-de Wengriýada hökümete I.Fridrih gelýär.

Bolgariýada-da ykdysady çökgünligiñ şertlerinde I Jahan urşy tamamlanýar. Şeýle şertlerde Bolgariýañ syýasy ýagdaý ýitileşýär. 1918-nji ýylyñ Ruhnama aýynyñ ortalarynda Bolgar ekerançylarynyñ halk bileleşiginiñ ýolbaşçysy Al.Stambameýski.