Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

Mowzuk: Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

1. Bolgariýa we Serbiýa Wizantiýanyñ häkimligi astynda

2. Ikinji Bolgar patyşalygy . Bolgariýany osmanly türkleriñ basyp almagy

3. XIV asyryñ birinji ýarymynda Serbiýa ýerleriniñ giñelmegi. Osman imperiýasynyñ Serbiýany özüne boýun egdirmegi.

Bolgar we Serb halklarynyñ yzygider gaýtawullaryna seretmezden , bu günorta slawýan döwletleri Wizantiýanyñ gol astyna düşdi. Wizantiýa hökümeti (1018-1185ýý) 1,5 asyr dan gowrak wagt bu ýerlerde agalyk etdi. Halky ezdi. Dürli salgytlar salyndy: çörek, goýun, çakyr salgydy we başgalar. Daýhanlaryñ salgydy töläp bilmän öz çagalaryny gulçulyga satandyklary barada maglumatlar bar. Erbedi hem Wizantiýanyñ goñşy peçenekler we polowesler bilen alyp barylan uruşlar Bolgariýany agyr ýagdaýa salýardy. Iñ erbedi zor bilen grek dilini ýazuwyny girizip halky ellunizirlemäge çalyşdy. Slawýan dilindäki mekdepler ýapyldy. Slawýan ýazuw ýadygärlikleri grek diline geçirildi, galanyny ýok etdiler. XI asyrda Bolgariýada urýer eýeçilik gatnaşyklary ýola goýulypdy. Ýöne daşary ýurtlylaryñ agalygy netijesinde ýurtda zähmet öndürijiligi pese gaçypdy. Bu aýratyn hem Bolgar şäherlerinde duýuldy. Wizantiýalylar Buthana monastyr ýerlerini giñeltdiler. Şol ýerlerde ýasaýan daýhanlary klirikler diýip atlandyryldy. XII asyryñ ortalarynda azat haýhanlaryñ sany kemeldi. Ilat iki taraplaýyn ezişe duçar boldy (ýerli we daşary ýurtly). Halk basybalyjylara garşy göreşe aýaga galdy.

Ilkinji köpçülikleýin hereket Bolgariýada 1040-1041 –nji ýyllarda bolup geçdi. Zat (natural) salgydyna derek pul salgydynyñ salynmagy halkyñ närazyçylygyny döretdi. Gozgalañ Bolgariýanyñ cäginden çykdyp, Serbiýanyñ , Makedoniýanyñ , Sofiýa welaýatynyñ , Epir we Orta Gresiýanyñ ilaty gatnaşdy. Hökümet bu hereketleri zordan diýen ýaly basyp ýatyrdy.

Ikinji bolgar gozgalañy 1071-1073-nji ýyllarda Demirgazyk günbatar Bolgariýada bolup geçdi. Ondan soñky hereketleri-de hökümet basyp ýatyrdy.

Asen II-niñ oruntutarlarynyñ dünde Bolgariýa gowşap başlapdyr. Bolgariýa döwleti kiçelip galýar.Wizantiýa Konstantinopoly (1261ý) yzyna gaýtaryp alýar, onuñ bilen bile Fransiýa, Makedoniýa we beýleki welaýatlary yzyna gaýtarýar.

XIII asyrda Bolgariýada köp şäherler bardy. Hünärmentçilik ösüpdir. Ýüñ, ýüpek, demir, mis, deri önümleri, küýzegärçilik ösüpdir. Bolgariýa Dunaý we Gara deñziñ kenaryndaky döwletler bilen aragatnaşyk edipdirler. Bolgar söwdagärleri Wengriýa , Polşa, Wizantiýa, Balahiz, Moldawiýa bilen söwda aragatnaşyklaryny edipdir. Bolgar söwdagärleri kerwen söwdasyny edip, günbatar Ýewropa ugrapdyr. Olar Flandriýa we Şampan ýarmarkalaryna gatnaşypdyrlar. Günbatar bolgarlary deri we aýakgap önümlerine höwesi uly bolupdyr. Dunaý şäheri söwda merkezlerine öwrülipdir. Budun, Semistra, Dorostol, Nikopol Wapna, 2 bolgar patyşanyñ paýtagty Tirnowo bolupdyr. (1187-1396ýý) . Emma oba hojalygy-da ösüpdir. Hususy hojalyklar köp bolupdyr. Daglyk etraplaryñ ilaty maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýurtda iri we ýer eýeleri we boýarlar agalyk edipdir. Olar bilen köplenç patyşa razylaşypdyr. Boýarlara köp garaşly daýhan degişli bolupdyr. Krepostnoý – pariklere (Buthana ýerlerinde olara klerikler diýip at beripdirler. Olar köp salgytlary tölemelidi. XIII- XIV asyrlarda olar köp borçlylyklarynda ýerine ýetirmelidi. Üstesine mongol çozuşlaryna-da çydam edip bilmedik daýhanlar çopan Iwaýlonyñ ýolbaşçylygynda 1277 ýylda gozgalañ turuzdylar. Şol wagt ýurdy patyşa Konstantin Tih dolandyrýardy. Patyşa gozgalañy basyp ýatyrmak üçin iberen goşuny gozgalañçylaryñ tarapyna geçýärdi ýa-da gaçyp gidýärdi. Gozgalañçylar patyşa Konstantin Tihi öldürip, daýhanlar Iwaýlony patyşa diýip yglan etdiler. Iwaýlonyñ daşyny boýarlar gabady. Ölen patyşanyñ aýaly Iwaýlo durmuşa çykdy. Bu bolgar boýarlarynyñ we Wizantiýalylaryñ hüjüme geçmegine getirdi. 1280-nji ýyllarda Iwaýlo Bolgariýadan gaçdy. Soñ ony tutup öldürýärler. Bolgar tagtyna boý boýar Georgiý Terteriý (1280-1292ýý) geçdi. Emma daýanlaryñ gozgalañy Bolgariýanyñ taryhynda uly yz galdyrdy. Bolgariýa özbaşdak knýazlyk döredi. Tarnowo, Budansk, Dobrudžu. Olar hem iri ýer eýeliklerine bölünipdi. Olary boýarlar dolandyrýardy.

Serbiýa döwleti hem Wizantiýanyñ agalygyndan azat bolandan soñ öz hojalygyny ösdürmeklige uly üns berdi. Magdan gazyp almak ösdi. Stefan Nemaniniñ ogly Stefan Perwowençannyý (1196-1224) serb knýazlyklaryny özüne birleşdirip 1220 ýyllarda serb korolynyñ täjini geýdi. Ogly Uroşe I (1243-1276ýý) ähli serberleri gutarnykly birleşdirildi. XIII asyryñ ahyry XIV asyryñ başlarynda iri ýer eýelerine garşy göreşler köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Stefan Duşan (1331-1355ýý) Serbiýany iri balkan döwletlerine öwürdi. Ol bolgarlar, wizantiýalylar bilen uruşlar alyp baryp Makedoniýany, Albaniýany, Emir we Fessaliýany basyp aldy. Stepan Duşan 1346-njy ýylda “özüni pomewleriñ we Serbleriñ şasy” diýip yglan etdi we täç geýdi. Ol birnäce gezek Konstantinopola ýakynlaşdy we ony eýelemeklige synanyşdy. Flotyñ ýetmezçiligi oña mümkinçilik bermedi.

Wizantiýa soñky ýörişinde Duşan aradan çykdy. XIV asyryñ ortalarynda “Stefan Duşanyñ” kanunlar ýygyndysy kabul edildi. Onda halkyñ durmuş derejesi dünýewi we buthana ýerleri barada aýdyldy.

Serb daýhanlarynyñ bir bölegi azatdy, olaryñ hususy jemgyýetçilik ýerleri bardy. Olar patyşa hazynasyna salgyt töläpdirler.

Daýhanlaryñ bir bölegine merophalar diýipdirler. Olaryñ ýagdaýy edil irki günbatar Ýewropa billianlaryna meñzäpdir. Olar hudaýyñ hasabyna hepdede 2 gün haýyr sahawat işi diýip zähmet çekip bermeli bolupdyrlar. . Olar bir eýeçilikden başga eýeçilige kynlyk bilen geçipdirler. Gul derejesindäki daýhanlar bolupdyr. Kanunlar ýygyndysynda olaryñ bary cäklendirýän hukukly bolupdyr.

Stefan Duşan aradan çykan soñ serb patyşalygy birnäçe böleklere bölünýär. Ogly Stefan V Uroşa uly bolmadyk serbleri ýetdi. Balkan ýarym adasyna osmanly türkler aralaşyp, yzly-yzyna welaýatlary eýeläp, Duşan aradan çykandan 15 ýyldan soñ bütin serb ýerlerini eýelediler. Türk seljuk döwleti Kiçi Aziýada haçly ýörişler dünde Rum soltanlygy ady bilen belli bolupdy. 10 sany emiratlyga bölündi.

Türk-oguzlary we türk seljuklary XIII-XIV asyrda Kiçi Aziýa soñra Balkan ýarym adasyna aralaşypdyrlar. Yzygider uruşlaryñ netijesinde XIV asyrda patyşa Urhan döwründe hemişelik goşun döredildi. Olara ýanoçorlar goşuny diýip at berildi. Goşunda Wizantiýa düzgüni girizildi, esasy üns olaryñ türgenleşigine , ýaraglanyşyna berildi. Osmanly goşunlar çalasynlygy bilen tapawutlanyp, irili ilaty, şäherleri talapdyr. 1331-nji ýylda Kiçi Aziýany eýeländen soñ , Urhan Ýewropa Dardanemiñ kenaryna soñra Frakiýa 2 ýöriş gurady. Soñky Soltan Murad I (1359-1389ýý) Frakiýa şäherleriniñ biri Adrianopoly eýeledi. Eýelän ýeriniñ halkyny talady, gula öwürdi. Köp türk daýhanlaryny Kiçi Aziýa göçürdi. Şeýdip göçüp-gonup ýörän türklere seredende, ýer tutup ýaşap başlan türkler täze basyp alyşlara taýyarlandy. Günorta Serbiýa Soltanlygyñ gol astyna geçdi. Wizantiýa hökümdary hem oña garaşly boldy.

1453-nji ýylda Konstantinopol boýun egdi. Wizantiýa ýaşamagyny bes etdi. 1463-nji ýylda türkler Bosniýa we Gersogawina ýerlerini eýeledi.

XVI asyrda Horbot ýerlerine , ilki Dalmasiýa soñra Wengriýa we Slowakiýa aralaşdylar. Edil Mongol basybalyşlary döwründäki ýaly günbatar Ýewropa döwletleriniñ dolandyryjylary hiç hili gaýtawul bermäge kömek sorasalarda bermediler.

Türkleriñ Balkan ýarym adasyny eýelemegi bilen XVI asyrda Merkezi Ýewropa hem türk çozuşyndan howatyrlandy.

Gündogar Orta Ýer deñzinde we Balkan ýarym adasynda türk agalygy berkänden soñ , günbatarda Ýewropalylaryñ ykdysady we syýasy durmuşyna täsirini ýetirdiler.

Türkleriñ eline gara deñze geçýän wajyp söwda ýollary geçdi. Olar Ýakyn we Uzak gündogardady.

Bu Ýewropa söwdasyna halkara gatnaşyklaryna-da täsirini ýetirdi.