Open main menu

Gandeliniň entostodony

(GANDELIŇ ENTOSTODONY sahypasyndan gönükdirildi)

Funariler maşgalasy (энтостодон Ганделя: ( Entosthodon handelii (Schiffn.) Lazar. 1913)) Ýagdaýy. Derejesi IV Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Alynky Aziýa görnüşi, ýaýrawynyň çetinde ýerleşen. Gysgaça beýany. Pes düýpjagazly (bajakly) ösümlik. Baldagy gysga, göni, dik. Aşaky ýapraklary ownuk, ýokarkylary iriräk, rozetka görnüşinde jemlenen, ters ýumurtga şekilli, ujy çowly, gysgajyk ýitilenen, içine egrelen. Inçe damarlar ýapragyň depe ujunda ýitýär. Aýajygy göni, posjumak- goňur reňkli. Gozajygy çala gyşaran, bükük, süýrümtik–armyt şekilli. Sporalary goňur reňkli, gödeňsi joýajykly. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Sülükli obasy, Neftonowskiý); Günorta- Günbatar Köpetdag: Aýydere jülgesi. Türkmenistandan daşarda — Türkiýe, Iordaniýa, Yrak, Eýran, Owganystan [1, 2]. Bitýän ýerleri. Külke topurly gaýalar we hek daşlary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Uly bolmadyk az sanly bajaklary selçeň duş gelýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Ýerleriň hojalyk taýdan özleşdirilmegi, çyglylygyň ýetmezçiligi. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Bir öýli ösümlik. Sporalar arkaly köpelýär. Maý we oktýabr aýlarynda sporalary emele gelýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Ýaýran ýeriniň bir bölegi Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Bitýän ýerlerini gorap saklamaly. Barlaglar boýunça teklipler. Täze ösýän ýerlerini gözlemeli. Düsüji: Z. Joraýewa