Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew(1887-1937)

Häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky işe işjeň gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy.

Gaýgysyz Atabaýew1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminaride okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar hem patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar.

Gaýgysyz Atabaýew 1907-1912-nji ýyllarda Maryda we Bäherdende ýerli rus mekdebinde mugallymçylyk edýär. Ýerli halk wekillerine mugallymçylygy ynanmazlyk barada Ors patyşalygynyň magaryf ministriniň beren buýrugy esasynda Gaýgysyz Atabaýew mugallymçylykdan boşadylýar. Şonda soň 1912-1917-nji ýyllarda Mary bankynda işläpdir. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň, Maryda sowet häkimiýetini guramak hem pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär.

1917-1918-nji ýyllarda işçiler we soldatlar deputatlarynyň Mary uýezd sowetiniň türkmen seksiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, uýezd azyk komitetiniň başlygy, Mary uýezd sowetiniň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, 1919-njy ýylyň iýun aýyndan bolsa başlygy bolup işleýär. 1919-njy ýylyň noýabryndan 1920-nji ýylyň iýulyna çenli Zakaspiý oblast rewolýusion komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türküstan ASSR –niň Ýer işleri halk komissary, 20-nji ýylyň sentýabryndan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wezipelerine saýlanýar. Şol bir wagtda-da Fergana frontunyň rewolýusion sowetiniň başlygy bolýar. 1923-nji ýylyň iýunyndan Buhara Halk Sowet Respublikasynyň Nazirler-Ministrler sowetiniň başlygynyň orunbasary bolýar. 1924-nji ýylyň oktýabryndan Türkmenistan rewolýusion komitetiniň (Türkmenistan SSR-niň ilkinji hökümetiniň), 1925-nji ýylyň fewralyndan Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýlanýar hem ömrüniň ahyryna çenli 13 ýyllap dynuwsyz şol wezipede işleýär.

1922-nji ýylyň oktýabryndan RSFR-iň Milletler işleri baradaky Halk Komissarlygynyň kollegiýasyna agzalyga saýlanýar. 1935-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar.

1937-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda başlanan tutha-tutluklaryň sebäbini anyklamak hem bu işi togtatmak maksady bilen Gaýgysyz Atabaýew Moskwa gidýär hem Stalin bilen duşuşmak isleýär. Ýöne ondan kiçiräk ýolbaşçylar, köne tanşy Kaganowiç bilen duşuşyp, onuň öýünde Türkmenistanda Moskwa tarapyndan edilýän eden-etdilikler barasyndaky aladalaryny gürrüň berýär. Kaganowiç howsala düşere esasyň ýokdugyny aýdyp, Ýežowyň ýanyna barmagy maslahat berýär. Ol Lubýanka – NKBD-niň edarasyna – Ýežowyň ýanyna 1937-nji ýylyň 11-nji iýulynda barýar hem şol ýerden gaýdyp çykmaýar.

Atabaýewe “Türkmen azatlygy guramasyny” döretmekde, daşary ýurtlardaky milletçi kontrrewolýusion guramalara içalyçylyk etmekde günä bildirilipdir, surnukdyryjy, ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar 1938-nji ýylyň fewralyna çenli dowam edipdir. Ahyrsoňy Atabaýew: “Siziň özüňiz kontrrewolýusion iş bilen meşgullanýarsyňyz, arassa adamlara töhmet atýarsyňyz, halk duşmanlary siziň özüňiz” diýip, oturan pola çüýlengi oturgyjyny goparyp, sülçiniň depesinden indirýär, şol wagt Atabaýew sorag edilýän kabinetde atylyp öldürilýär hem şol günüň ertesi oňa ölüm jezasy çykarylýar hem hamana şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.

2000-nji ýylda Moskwadaky “Memorial” guramasy Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyny kitap görnüşinde çap etdi. Şol kitapda Gaýgysyz Atabaýewiň ady hem bar.

Gaýgysyz Atabaewiň jesedi başga-da 4.5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip duran “Kommunar” sowhozynda – Sewernaýa Butowo diýen ýerde doganlyk mazarda.

1967-nji ýylda Aşgabatda Atabaýew hem Podwoýsk köçeleriniň çatrygynda Gaýgysyz Atabaýewe Ýadygärlik bina edildi. Gynansakda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda ol ýadygärlik aýryldy.

Türkmen okyjylaryna meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýewe bagyşlap ýazan “Gaýgysyz Atabaý” atly romanyny mälimdir. Bu eser esasynda “Gaýgysyz Atabaý” atly kinofilmi hem düşürildi.

salgylanma

düzet

gollanma maglumat merkezi