Gabon
| |||||
Gabon (fr. Gabon [ɡaˈbõ]), resmi ady Gabon Respublikasy (fr. République gabonaise) — Merkezi Afrikada ýerleşýän döwlet, Fransiýanyň ozalky koloniýasy. Ol Afrika kontinentiniň iň baý we durnukly ýurtlarynyň biri hasap edilýär. Demirgazyk-günbatarda Ekwatorial Gwineýa, demirgazykda Kamerun, gündogarda we günortada Kongo Respublikasy bilen serhetleşýär. Ýurduň günbatar kenarýakasyny Atlantik okeanyň suwlary ýuwýar. Paýtagty — Librewil şäheri. 1960-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy.