MOWZUK:GADYMY ASSIRIÝA

Meýilnama:

1.Gadymy Assiriýa b.e.öň II müňýyllygyň I ýarymynda .

2.Orta we Täze Assiriýa döwürleri.

3.Assiriýa b.e.öň VIII-VII asyrlarda.

1.Gadymy Assiriýa döwründe döwletiň tutýan meýdany uly bolmandyr.Ilat ekerançylyk bilen meşgullanyp,arpa,üzüm,emmer ýaly ekinler ekipdirler.Esasan tebigy suwaryşdan az möçberde guýularyň we Tigriň suwundan peýdalanypdyrlar.Ýurduň gündogarynda ýaýlalarda maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar.Irki Assiriýa jemgiýetiniň durmuşynda esasy orny söw- da tutupdyr.

Assiriýanyň üstünden Ortaýer deňziniň Gündogaryndan,Kiçi Aziýadan we Zakaw- kazýeden Tigr boýunça Orta we Günorta Mesopotamiýa,ondan hem aňry Elama gidýän mö- hüm söwda ýollary hem geçipdir.

Irki Assiriýanyň söwdagärleri esasy söwda ýollarynda,esasanam Kiçi Aziýada öz ko- loniýalaryny döredipdirler.B.e.öňki XX-XVIII asyrlarda aşşurly söwdagärler Küldepäniň töwereginde Siriýadan,Ýewfrat boýlaryndaky ýerlerden we ýerli söwdagärlerden ybarat akkadça Kaniş,hettçe-Nesa diýilýän söwda birleşmesini döredipdirler.Kanişliler süýthorçylyk bilenem meşgullanypdyrlar.

Mesopotamiýadan Kiçi Aziýa galla,galaýy,matalar,egin-eşikler,hünärmentçilik önümleri çykarylypdyr we ol ýerden bolsa mis,gurşun,kümüş,mal,ýüň,deri,agaç getirilipdir.

Assiriýada patyşa,ybadathana ýerleri bolup,olary daýhanlar we gullar işläpdirler. Ýerleriň esasy bölegi jemagat ýerleri ekeni.Irki Assiriýa döwründe gulçulygyň esasy çeşmesi bergidarçylyk gulçulygy bolupdyr.Ýesir düşen we goňşy taýpalardan satyn alnan gullar hem bolan.Jemagatdaky ýönekeý maşgalalarda hem 1-2 gul bolupdyr.

Assiriýa döwleti b.e.öň XVI asyra çenli “alum Aşşur”,ýagny,Aşşur şäheri diýlip at- landyrylypdyr.Ýokary häkimiýet guramasy “Şäheriň öýi” diýilýän ýaşulylaryň maslahaty bolupdyr.Olaryň içinden birini 1 ýyl möhlet bilen “limmu” saýlapdyrlar.Limmu şäheriň hazyna- syna baştutan bolupdyr.Şol ýyla onuň adyny dakypdyrlar.

Ýaşulularyň ýygnagy “ukulluma”,ýagny,şäher-döwletiň sud we administratiw işlerini alyp barýan adamy saýlapdyr.

Şeýle hem hökümdaryň nesle geçýän “işşiakkuma” wezipesi bolupdyr.Işşiakuma din işlerine,ybadathanalaryň gurluşygyna ýolbaşçylyk edipdir,uruş wagtynda harby serkerde bolupdyr,dürli jemgiýetçilik işlerine gözegçilik edipdir.

B.e.öň XX asyryň başyndaky halkara ýagdaýy Assiriýa üçin amatly bolmandyr.Ýewfratyň töwereginde Mariniň ýokary göterilmegi günbatarda,Hett döwletiniň döremegi Kiçi Aziýada söwda etmäge päsgel beripdir.

Amoreý taýpalaryň Mesopotamiýa tarap süýşmegi Assiriýanyň ähli söwda işlerine uly urgy bolupdyr.Aşşuryň günbatara (Ýewfrata) we günorta (Tigriň akymynyň ugruna) eden ilkinji ýörişleri söwdany dikeltmek üçin edilen bolmaly.

Günbatarda daşary syýasat güýçli bolup,amoreý serdary Şamşi-Adad I (1813-1781) wagtynda demirgazyk Mesopotamiýa şäherleri,Mari,günbatar semit taýpalarynyň bir bölegi, Karkemiş bilen bileleşip bolsa,Siriýanyň Katna şäheri basylyp alynýar.Günbatar bilen aralyk söwda Aşşura geçýär.Assiriýa Wawilon we Eşnuna bilen parahatçylykly aragatnaşyk saklapdyr.Gündogarda bolsa hurritlere garşy göreşipdir.

Şeýlelikde b.e.öň XIX asyryň ahyrynda,XVIII asyryň başlarynda Assiriýa Alynky Aziýada iri döwlete öwrülýär.Şamşi-Adad I özüni “köpleriň patyşasy” diýip atlandyrypdyr.Patyşa dolandyryşa,goşuna,patyşa hojalygyna baştutanlyk edipdir,kazy bolupdyr.Ýurt welaýatlara bölünipdir.

Şamşi-Adad I-niň gazanan üstünliklerini onuň nesilleri berkidip bilmändirler.Hammurapi Mari bilen bileleşip Assiriýany derbi-dagyn edipdir we Wawilona boýun egdiripdir.I Wawilon nesilşalygy ýykylandan soň,b.e.öň XVI asyryň ahyrlarynda Assiriýa ýaş döwlet Mitanniniň oljasyna öwrülýär.

2.Orta Assiriýa döwri b.e.öň II müňýyllygyň II ýarymynda bolup geçipdir.B.e.öňki XV asyrda ol öňki ýagdaýyny dikeltmek üçin diplomatiýa serişdelerini ulanypdyr.Ol Müsür bilen ýakynlaşyp,Amenhotep III-niň we Ehnotonyň döwründe dostlugyny berkidipdir.Müsüriň goldamagynda daşarky syýasatda üstünlik gazanypdyr.Aşşur-Uballit I (b.e.öň XIV a) Wawilon patyşasy bilen garyndaşlyk açyp,onuň tagtynda assiriýa dikmeleriniň oturmagyny gaza- nypdyr.

B.e.öň XIII asyrda Assiriýa iň ýokary derejä ýetipdir.Günbatarda Mitanni döwletini boýun egdiripdir.Assiriýanyň patyşasy Tukulti-Ninurta I (b.e.öň XIII a.II ýarymy) Siriýa ýöriş edip,30000 ýesir alypdyr.Ol Wawilona hem çozup,onuň patyşasyny ýesir alýar,köp olja we Mardukyň heýkelini hem äkidipdirler.Tukulti-Ninurta demirgazyk ugurda assiriýalylaryň Nairi ýa-da Uruatri (soňra Urartu) ýurdy diýýän ýerindäki taýpalar bilen urşupdyr.Ol Nairiniň 43 hanynyň birleşmesini derbi-dagyn edipdir.

B.e.öň XII asyrda dyngysyz uruşlar sebäpli Assiriýa wagtlaýynça pese düşýär.Ýöne Tiglatpalasar I-niň (1115-1077) dolandyran wagtynda ol ýene-de öňki kuwwatyna eýe bolýar,bu döwürde halkara ýagdaýy üýtgeýär:Hett patyşalygy ýykylýar,Müsür syýasy dagynyklyk döwrüne gadam basýar.Assiriýanyň bäsdeşi bolmaýar.Tiglatpalasar I günbatara 30 gezek ýöriş edip,Demirgazyk Siriýany,Demirgazyk Finikiýany basyp alýar.Kiçi Aziýanyň günorta-gündogar tarapyna çozup girýär.Tiglatpalasar I finikiýa gämilerinde ýeňşiniň hormatyna Ortaýer deňzine çykýar.Oňa Müsürden sowgatlar gelýär.Nairide täze ýeňişler gazanylýar.

Ýöne Assiriýanyň gülläp ösmegi birdenkä tamamlanypdyr.B.e.öň XII-XI asyrlaryň sepgidinde Arabystandan Alynky Aziýanyň giňişliklerine arameýleriň çarwa taýpalary çozup giripdirler.Assiriýa olaryň ýolunda ýerleşip,esasy urguny özüne kabul etmeli bolupdyr.Assiriýa bir ýarym asyrlap pese düşüpdir.Daşary ýurtlularyň agalygy wagtynyň taryhy bolsa belli däl.Orta assiriýa döwründe söwda peselip,ekerançylygyň ähmiýeti artypdyr.Metallaryň köp bolmagy bilen gurluşyk güýçli ösýär.Täze paýtagt “Tukulti-Ninurtanyň galasy” gurulýar.

Assiriýa söwdasy b.e.öň XIV-XIII asyrlarda gaýtadan janlanypdyr.

Orta assiriýa döwründe döwleti dolandyrmakda güýçli özgerişler bolupdyr.”Işşiakumynyň” elinde “ukullumanyň” wezipeleri hem jemlenipdir.Aşşur-Uballit I “şarru” (patyşa) derejesini ulanyp başlapdyr.Patyşalar ýaşulularyň maslahatynyň täsirini peseltmäge çalşypdyr- lar.Tukulti-Ninurta I Aşşuryň maslahatynyň umumydöwlet ähmiýetini ýitirmek üçin paýtagty täzeläpdir.Ýöne munuň üçin ol “beýik” närazylar tarapyndan öldürilipdir.

B.e.öň I müňýyllygyň başlarynda gadymy gündogar ýurtlarynda ykdysady ýokary göteriliş bolupdyr.Onuň sebäbi demir önümçiliginiň başlanmagydyr.Bu döwürde täze,ýaş döwletler-Urartu,Kuş,Lidiýa,Midiýa,Eýran uly ähmiýete eýe bolup başlaýar.B.e.öň I müňýyllykda “dünýä” agalygy ugrunda göreş güýçlenip,gadymy döwrüň ägirt uly döwletleriň döremegine getirýär.Olaryň ilkinjisi Ýakyn Gündogarda agalyk eden Assiriýa döwleti bolupdyr.

Assiriýa arameýleriň çozuşyndan 200 ýyldan soň,b.e.öň X asyryň ahyrlarynda aýňalypdyr.Halkara ýagdaýynda iri bäsdeşler bolmandyr,harby ümsümlik emele gelipdir.

Assiriýa döwleti öz taryhynda täze ösüşe başlap,b.e.öň X-VII asyrlary öz içine alýan täze assiriýa döwrüne gadam basypdyr.

Assiriýanyň daşary syýasatynyň işjeňleşmeginiň onuň ykdysadyýetine metal, agaç we beýleki çig mallaryň zerurlygy,keseki ýerleri talamak,söwda ýollaryny eýelemek ýaly sebäpleri bolupdyr.

B.e.öňki IX asyryň başlarynda Assiriýa berkleşipdir we ýene-de basybalyjylykly daşary syýasaty güýçlendiripdir.Patyşa Aşşurnasiropal II (883-859) Nairi taýpalary,midiýalylar bilen üstünlikli uruşlar edipdir.Wawilonyň demirgazyk ýerlerini basyp alypdyr.Ýöne Assiriýanyň daşary syýasatynyň esasy ugry günbatarda-Ortaýer deňziniň Gündagarynda bolupdyr.Onuň ünsüni bu ýeriň tebigy baýlyklary we geografiki ýerleşişi çekipdir.Aşşurnasiropal II Demirgazyk Siriýadaky arameýleri derbi-dagyn edýär.Ortaýer deňziniň kenaryna çykýar oňa Siriýa begzadalary we finikiýa şäherleri salgyt getiripdirler.

Aşşurnasiropalyň basybalyjylykly syýasatyny ogly Salmanasar III dowam edipdir.Ol demirgazykda Urartu bilen üstünlikli urşupdyr.Wawilonyň jümmüşine aralaşyp, Pars aýlagyna çykypdyr,Wawilonyň tagtyna Assiriýanyň ýokary häkimiýetini ykrar eden da- laşgäri çykarypdyr.Gündogarda midiýalylar bilen çaknyşypdyr.

Salmanasar III Ýewfratyň aňyrsyna 16 gezek ýörişden soň Damaskyň patyşasy Gazaili ýesir alypdyr,ýöne şäher boýun egmändir.

Assiriýanyň hazynalary talamagy,paç ýygnamagy,ýesirleri sürüp äkitmegi ýurtda uly gurluşyklary etmäge mümkinçilik beripdir.

B.e.öň IX asyrda esasy üns täze paýtagt Kalhu (häzirki Nimrud) şäherine berlipdir.B.e.öňki IX asyr Assiriýanyň ykdysady we harby-syýasy ýokary göteriliş döwri bolupdyr.Oňa taryhda Assiriýanyň “ilkinji ýokary göterilişi” hem diýilýär.Ýöne b.e.öň VIII asyryň başlarynda Assiriýa döwleti pese düşýär.Köp uruşlar netijesinde halk köpçüligi tozupdyr, üstesine-de hasylsyzlyk,keseller,tebigy betbagtçylyklar netijesinde gozgalaňlar bolupdyr.As- siriýanyň b.e.öň VIII asyrda pese düşmegine halkara ýagdaýy hem täsir edipdir.Güýçli goşuny bolan Urartu döwleti basybalyşlara başlapdyr.

B.e.öň 746-745-nji ýyllarda Assiriýanyň Urartudan ýeňilmegi sebäpli Kalhuda gozgalaň turupdyr.Harbylaryň goldamagynda häkimiýet başyna Tiglatpalasar III gelipdir.Ol administratiw we harby özgerdişler geçirip,ýurduň içerki ýagdaýyny berkidýär,hemişelik goşun döredýär.Goşunyň sany 120000-e ýetipdir.

Assiriýanyň üçünji we iň ýokary göterilen döwri b.e.öňki VIII asyryň 40-njy ýyllaryndan - VII asyryň 40-njy ýyllaryna çenli aralykda bolup geçýär.

Tiglatpalasar III (b.e.öň 745-727) b.e.öň 743-740-njy ýyllarda Urartunyň gol- daýan demirgazyk Siriýa we kiçi Aziýa hökümdarlaryny ýeňip,18 patyşadan paç alypdyr.B.e. öň 738-735-nji ýyllarda Urartunyň özüne-de iki gezek ýöriş edipdir.B.e.öň 734-732-nji ýyllarda Assiriýanyň garşysyna Ortaýer deňziniň Gündogaryndaky döwletleriň bileleşmesi çykyş edipdir.Bu uruşda hem Assiriýa üstün çykyp,onuň bu ýerlerde täsiri güýçlenipdir.

Gündogarda Tiglatpalasar III Midiýany we Wawilony ýeňipdir.B.e.öň 729-njy ýylda ol Wawilonda täç geýipdir.

Basylyp alnan ýerlerde welaýatlar döredilip,olary patyşanyň bellän adamlary dolandyrypdyr.Basylyp alnan ýerleriň ilatyny başga ýerlere göçüripdirler.Meselem,diňe Siriýadan 73000 adam göçürilipdir.

Sargon II-niň (722-705ý.) goşunlary Ysraýyl patyşalygyny b.e.öň 722-nji ýylda basyp alypdyr we bu döwlet Alynky Aziýanyň kartasyndan ýitipdir.

B.e.öň 714-nji ýylda Urartu döwletine Sargon II uly zarba urupdyr.Şondan soň Urartu kän aýňalmandyr.

Sargon II Assiriýanyň täze paýtagtyny Durr-Şarrukin şäherini esaslandyrypdyr.

Sargon II-niň ogly Sinahherib (705-681 ý.) ullakan döwleti miras alypdyr.Ol öz döwründe basylyp alnan ýerleriň garşylygyny basyp ýatyrmaly bolupdyr.Wawilona garşy göreş has-da dartgynly bolupdyr.B.e.öň 689-nji ýylda Sinahherib,wawilonlylara boýun egmek barada eden teklibi ret edilenden soň,şäheri zabt edip alypdyr we köçelerine suw goýberipdir. Onuň bu wagşylygy beýleki ýurtlarda hem,Assiriýanyň özünde hem ýazgarylypdyr.Sebäbi wawilonlylar dini,dili,medeniýeti bir bolan assiriýalylar bilen garyndaş ekenler.

Sinahheribiň dolandyran soňky ýyllarynda içerki syýasy göreş ýitileşipdir.Ol b.e.öň 681-nji ýylda dildüwşük netijesinde öldürilýär.Tagta onuň kiçi ogly Asarhaddon (681-669ý.) çykyp,ol harbylar topary bilen söwdagär-ruhanylaryň toparynyň bähbitlerini utgaşdyr- mak arkaly içerki ýagdaýy kadalaşdyrýar.Asarhaddon b.e.öň 679-678-nji ýyllarda Wawilony dikeldýär.Wawilon şäherleriniň we ybadathanalarynyň öňki hukuklaryny gaýtaryp berýär.

Asarhaddon özüniň esasy wezipesi Müsüri basyp almak diýip hasap edipdir. Munuň üçin ilki tyly berkidýär,ýagny kimmerler,Urartunyň goňşusy Şupriýa bilen uruşýar,Midiýadaky welaýatlaryny berkidýär.Müsüre ýörişden öň Sidonda gozgalaňy basyp ýatyrýar, araplary boýun egdirýar,Kiprde ornaşýar.B.e.öň 671-nji ýylda Müsüri basyp alýar.Faraonlaryň derejelerini kabul edýär.Şondan soň Assiriýanyň çäkleri Niliň I bosagasyndan Zakawkazýä, Eýran tekiz daglygyndan Kiçi Aziýa,Ortaýer deňzinden Pars aýlagyna çenli bolupdyr.

Müsüre garşy jeza beriji ýöriş wagtynda b.e.öň 670-nji ýylda Asarhaddon ýolda aradan çykýar.Onuň ýerine ogly Aşşurbanapal (b.e.öň 669-635/27ý.).Ol klinopisi,şumer, akkad dillerini bilipdir,edebi ukyby bolupdyr,binagärlik sungatyny,hasabyýeti,astronomiýany, syýasy we döwlet işlerini öwrenipdir.Aşşurbanapalyň döwründe Assiriýanyň daşary syýasatynda iki döwür tapawutlanýar:

1.B.e.öň 669-654ý.Bu döwürde Assiriýa entek Ortaýer deňziniň Gündogarynda güýçli agalyk edipdir.Aşşurbanapal köp uruşlar alyp barmaly,gozgalaňlary basyp ýatyrmaly bolupdyr.B.e.öň 655-nji ýylda Müsür bölünip aýrylypdyr.

2.B.e.öňki VII asyryň ortasynda Assiriýanyň daşary syýasatynyň II döwri başlanypdyr.Ýurduň syýasy çökgünligi güýçlenipdir.Basylyp alnan ýerlerde güýçli gozgalaňlar turupdyr.