Mowzuk: Gadymy Eýran.

M E Ý I L N A M A

1. Eýranyň tebigaty we ilaty.

2. Elam we Midiýa döwletleri.

1. Eýranda giň tekiz daglyklar bolup, olaryň merkezi bölegini çürt-kesik kontinental klimatly çöllük tutýar. Uly bolmadyk derýalaryň we çeşmeleriň boýlary ykdysadyýetiň we medeniýetiň ösmegi üçin amatly bolupdyr. Daglygyň demirgazygynda Elbrus ulgamy beýgelip gidýär. Öne Türkmen-Horasan daglary ýanaşýar. Türkmen-Horasan daglarynyň demirgazykdaky bölegi Köpetdagdyr daglygyň günbatar we günorta-gündogar taraplaryny Zargos we Günorta-Eýran daglary gurşap alýar. Gadym döwürlerde bu ýerlerde tokaýlar köp bolupdyr. Ýabany tekeler, goçlar gezipdirler. Ýabany görnuşde arpa ösüpdir. Eýranyň Huzistan welaýatynda suw üpjünçiligi gowy bolupdyr. Sebäbi bu ýerde Karun we Kerha derýalary akyp geçipdir. Topragy we howa şertleri bol hasyl almaga mümkinçilik beripdir. Gazma baýlyklardan nebit, mis, demir, kümüş köp bolupdyr. Ýöne nebit gadymy döwürde peýdalanylmandyr.

Taryhy çeşmesi we taryhnamasy. Eýranyň taryhynyň dürli ýazuw çeşmeleri kän. Olaryň iň gadymylary b.e.öň III-I müňýyllyklara degişli bolup, Elamyň taryhy baradaky patyşalaryň yazgylary, işewürlik we hukuk ýazgylar, akkad we elam dellerinde ýazylan döwletleriň arasyndaky şertnamalardyr. Eýren döwletine degişli çeşmeler has-da köp. Häzirki wagta çenli patyşalaryň klinopis ýazgylarynyň 200-den gowragy ýüze çykaryldy. Olaryň iň ähmiýetlisi kambiziň dolandyran soňky ýyllary we Dariý I-niň patyşalygynyň ilkinji ýyllary wagtynda bolan syýasy wakalary beýan edýän Behistun ýazgylarydyr. Dariý I-niň beýleki ýazgylary Naksi Rüstem gaýasyndadyr. Dariý I-niň Suzyda köşk gurduryşy baradaky ýazgy birnäçe nusgada tapyldy. 1972-nji ýylda Suzyda Dariý I-niň 3 metrlik heýkeli fransuz arheologlary tarapyndan tapylypdyr.

B.e.ön VI-V asyrlara degişli elam dilinde ýazylan klinopis resminamalarynyň 8000-I tapylypdyr. Eýran taýpalary barada b.e.öň IX-VII asyrlara degişli assiriýa ýazgylary hem maglumatlar berýärler. Wawilonyň taryhy ýazgylary (10 000), müsür çeşmeleri, grek awtorlarynyň işleri (Gerodot: “Taryh”, “Fukidi”, “Taryh”, Ksenofont “Grek taryhy”, “Anobasis”, Diodor Sisiliýaly “Taryhy kitaphana”) hem Eýran barada esasy taryhy çeşmelerdir.

Arheologik gazuw agtaryş işleri hem Gadymy Eýranyň taryhy barada köp maglumatlar berýär. Gadymy Eýranyň taryhyny öwrenmeklik ol ýere ýewropalylaryň syýahatlary netijesinde başlanypdyr. (Marko Polo, Pýetro della Walle, K.Nibur).

Ýewropaly alymlar Eýranyň taryhyny, “Awestany” öwrenmäge uly goşant goşdular. Suzy, Persepol, Pasardag şäherini öwrenmekde Ž.de Margan, R.Girşman dagy köp iş bitiripdirler.

3.Tebigy şertleriň amatly bolmagy Günbatar Eýrandaky taýpalaryň ekerançylyga we maldarçylyga ir geçmegine şert döredipdirler. (b.e.öň VIII-VI müňýyllyklar). Karun we Kerha jülgelerinde b.e.oň IV müňýyllykda suwarymly ekerançylyk ösüp, iri ilatly ýerler emele gelipdir, hünärmentçilik ösüpdir.

B.e.öň 3000-nji ýyla degişli möhürde kündäniň şekili bar. Şol wagtlar Mesapotamiýa bilen söwda aragatnaşyklary berk ýola goýlupdyr. Wawilonlylar we assiriýalylar Eýranyň Günorta-Günbatarynda “Elamtu” (“daglyk ýurt”) diýipdirler. B.e.öň III müňýyllygyň başlarynda Elamda ilkinji dowlet birleşmeleri emele gelipdir. Olaryň biriniň paýtagty Suzy bolupdyr. Ol Karun we Kerha jülgelerinde Elam bilen Mesopotamiýany, Demirgazyk we Gündogar Eýrany birleşdirýän möhüm söwda çatrygynda ýerleşýän uly şäher ekeni. Bu ýerde Awan, Anşan, Simaş ýaly birnäçe döwletler bolup, olaryň hemmesi soňra bir döwlete birleşipdir.

Elam b.e.oň XXIV-XXII asyrlarda Akkad patyşalygyna garaşly bolan. Elamda resminamalaryň köpüsi akkad dilinde ýazylypdyr.

B.e.öň XXII asyrda Elam bitewi, özbaşdak döwlet bolýar. Ýöne tiz wagtdan kutiler ony basyp alypdyrlar. Uruş III nesilşalygy hem Elamy öz golastynda saklapdyr. Ýöne b.e.öň XXI asyryň ahyrynda özbaşdaklygyny gazanyp, Ury hem özüne boýun egdiripdir.

B.e.öň XVIII asyrda elamlylar ýene-de Mesopotamiýa çozup 100 ýyllap Akkady gol astynda saklapdyrlar.

B.e.öň III-II müňýyllyklarda Elamda döwlet gurluşygynyň özboluşly görnuşi döreýär. Ýurduň baştutany Suzyda oturýan “şukkalmah” (“Beýik wekil”) bolupdyr. Döwleti Simaşda oturýan patyşanyň orunbasary, ýagny kiçi dogany “Elamyň we Simaşyň sukkaly” (“wekili”) dolandyrypdyr. Üçünji basgançakda Suzy şäheriniň häkimi ýa-da patyşasy durupdyr. Eger, sukkalmah ölse, ýerine sukkal, sukkal ölse, ýerine Suzynyň häkimi geçipdir. Has ownuk welaýatlarda “atalar” (adda) dolandyryp, olar ölende ýerine ýegeni geçipdir. Elamyň patyşa maşgalasy üçin öz aýal doganlaryna öýlenmek we agasynyň dul aýalyna öýlenmek häsiýetli bolupdyr.

B.e.öň XIV asyryn ahyrynda Elam Wawilonyň kassit nesilşalygy tarapyndan basylyp alynýar. B.e.öň 1180-nji ýylda Elamyň patyşasy Şutruk-Nahhunte wawilonlylary ýurtdan kowýar we onuň Sippor, Kiş, Opis şäherlerini talaýar, Suza baý olja, şol sanda Hammurapiniň kanunlary ýazylan sütüni hem alyp gelyär.

B.e.öň 1155-nji ýylda Elam Wawilony basyp alýar. Şondan soň onuň ýerleri Pars aýlagyndan Hamadan şäherine çenli aralyk bolupdyr. Ýöne b.e.öň 1115-nji ýylda Nawuhodonosor I Elama güýçli zarba urýar. Şondan b.e.oň 821-nji ýyla çenli, ýagny üç asyrlap Elam taryhyň sahnasynda görünmeyär.

B.e.öň VIII-VII asyrlarda Elam Wawilonyň Assiriýa garşy göreşinde oňa kömek berýär. Şamas-şum-ukiniň gozgalaňyndan soň, Aşşubahapal ähli güýçlerini Elamyň garşysyna gönükdirip b.e.öň 639-njy ýýlda ony doly ýeňýär we Suzyny eýeleýär.

B.e.öň 596-njy ýylda nawuhodohosor II, soňra midiýa patyşalary Elamy boýun egdirýärler. B.e.öň 549-njy ýýlda bolsa eýranlylar tarapyndan basylyp alnyp, Elam hemişelik garaşsyzlygyny ýitirýär.

Midiýa Eýranyň Demirgazyk-Günbatar böleginde ýerleşipdir. B.e.öň III-II müňýyllyklarda bu ýerde kassit, kuti, hurrit we beýleki dillerde gepleýän oturymly ekerançylyk we maldarlar ýaşapdyrlar. Midiýalylar eýranlylar bilen garyndaş bolup, hindi ýewropa dil maşgalasynyň dillerinde gürläpdirler. B.e.öň VIII asyryň II ýarymyndan başlap, eýranlylar beýleki halklardan agdyklyk edip başlapdyr. Olar atçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. B.e.öň IX asyrdan assiriýalylar Midiýa çozuşlar edip başlaýarlar. Şol wagtlar ol ýerde onlarça ownuk hanlyklar bolupdyr. B.e.öň VIII asyryň ahyrlarynda Günbatar Eýranda iri döwlet birleşmeleri döräp başlaýar. Şolaryň biri-de Manna patyşalygy bolup, ol Urmiýa kölüniň günorta-gündogar tarapynda ýerleşidpri. B.e.öň VIII asyryň ortalarynda Midiýa assiriýalylaryň golastyna düşýär. Şol asyryň ahyrlarynda bolsa Alynky Aziýa Demirgazyk Priçernomorýeden kimmer soňra skif taýpalary çozupdyrlar. Kimmerler Kiçi Aziýanyň Kappadokiýa we Manna ýerlerinde, skifler Urmiýa kölüniň töwereginde Sakasena welaýatynda ornaşyp, Urartu we Assiriýa döwletlerine çozuşlar edipdirler. B.e.öň 675-nji ýýlda kimmerler Kiçi Aziýadaky Frigiýa patyşalygyny derbi-dagyn edýäler. Sakasenanyň skifleri bolsa b.e.öň 630 we 620-nji ýýllarda Alynky aziýa ýurtlaryna çozup, Siriýany we Palestinany tozduryp, Müsüre çenli baryp ýetipdirler. Kimmerleriň Assiriýa çozuşlarynda peydalanyp, midiýa serdarynyň biri Kaştariti b.e.öň 671-nji ýylda garaşsyz döwlet gurýar. Ol kem-kemden ähli midiýa taýpalaryny birleşdirýär, ownuk hanlyklary ýok edýär.

B.e.öň VII asyryň ortalarynda Midiýa Gadymy Gündogaryň iri döwletine öwrülýär. B.e.öň 653-nji ýýlda midiýa patyşasy Kastarifi Assiriýa garşy ýöriş edýär. Ýöňe skifler hem assiriýalylary goldap, Midiýa çozýarlar. Iki frontda uruş alyp barmak midiýalylara kyn düşýär, olar ýenilýärler, Kastariti ölýär. B.e.öň 653-625-nji ýyllarda Midiýa skifleriň gol astynda bolupdyr.

B.e.öň 625-nji ýýlda Misiýanyň patyşasy Kiaksar bolupdyr. Ol midiýa taýpalarynýn ählisini bir döwlete birleşdirip, paýtagty Ekbatany (häzirki Hamadan) bolan bitewi döwlet döredýär. Ol güýçli hemişelik goşun döredip, ony täze ýaraglar bilen üpjün edýär. B.e.öň 614-nji ýýlda Kiaksaryň goşuny Arrapha welaýatyny Atozdurýar. Soňra Aşşury basyp alýar, ilatyny gyrýar. Soňra midiýalylar bilen wawilonlylar b.e.öň 612-nji ýylda Assiriýany basyp alýarlar.

Nawukodonosor II Wawilon patyşasy bolansoň, Midiýa bilen aragatnaşyklary çylşyrymlaşýar. Ol Midiýa bilen araçakde goranyş diwaryny gurdurýar. Midiýa patyşasy Kiaksar öz araçäklerini günorta we gündogar goňşularynyň hasabyna giňelipdir. Ol Persiýany, Parfiýany, Girkaniýany b.e.oň 593-nji ýylda Urartuny, sakasenadaky Skif patyşalygyny, Manşrany basyp alypdyr.

B.e.ön 590-njy ýylda midiýa Galis derýasyna çenli aralygy eýeleýär. Bu bolsa Lidiýa bilen urşa getirýär. Uruş 5 ýyla çekýär. B.e.oň 585-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 29-nda söweş wagty gün tutulmasy bolupdyr. Şondan soň iki tarap hem urşy bes edipdir we ýaraşyk baglaşylypdyr. Galis derýasy araçäk bolýar. Kiaksaryň ogly Astiak Lidiýanyň patyşasynyň gyzyna öýlenýär.

Elemyň Wawilondan Kiaksar alyp öz ýurduna birleşdirendigi üçin, Astiagyň patyşalyk edyän döwründe (b.e.ön 585-580 ý) Midiýanyň Wawilon bilen arasy bozulýar. Ýöne bularyň ikisi-de eýranlylar tarapyndan basylyp alynýarlar. Midiýa garşy gozgalaň turzan parslar b.e.öň 550-nji ýylda ony basyp alypdyrlar.

II umumy okuw.

Meýilnama:

3. Ahemeniler döwletiniń döremegi.

4. Dariý I-niń özgerişleri.

5. Medeniýeti.

3. Parslar barada ilkinji gezek b.e.öń IX asyra degişli assiriýa ýazgylarynda agzalýar. Şol wagtlar olar Urmiýa kölűńden gűnorta – gűnbatar tarapda Parsua welaýatynda şap, b.e. öń IX –VIII asyrlaryń sepgidinde gűnorta sűýşűpdirler we b.e. öń VII asyrda Eýranyń gűnorta-gűnbatarynda we gűnortasynda aslynda elamlylaryń ýerleri bolan ýerleri eýeläpdirler. Ol ýer parslaryń ady boýunça Persiýa (Parsa) adyny alýar.

B.e.öń VII asyrda parslaryń gűýçli taýpa bileleşmeleri bolup, ońa Ahemeniler urugyndan bolan serdarlar baştutanlyk edipdirler.

B. E. öń 39-njy ýýlda parslaryń patyşasy Kir I Assiriýa tabyn bolupdyr. B. e. öń 600-559-njy ýyllarda Eýranda Kambiz I dolandyryp, ol Midiýanyń patyşalaryna garaşly bolupdyr. Ol Astiagyń giýewi eken. Onuń ogly Kir II b.e.öń 558-nji ýýlda Eýranyń patyşasy bolýar. Ol ilkinji paýtagty – Pasargady şäherini esaslandyrýar.

Kir II b.e.öń 550-nji ýýlda Midiýany, 549-njy ýýlda Suzyny (Elam), 548-547-nji ýýllarda Parfiýany, Girkaniýany, Ermenistany, Lidiýany (paýtagty Sardy), Kiçi Aziýanyń kenarýaka şäherlerini eýeleýär.

B. e. öń 545-539-njy ýyllarda Kir II gűndogar eýran we Merkezi aziýa ýerleri bolan Drangianany, Margianany, Sogdiany, Horezmi, Baktriýany, Gedrosiýany, Arahosiýany, Gandharany basyp alýar. Sońra b.e. öń 539-njy ýýlda Wawilony eýeleýär. Şondan soń gűnbatarda Műsűre çenli aralyk ońa tarap gecipdir. Kir II Műsűre ýöriş etmezden öń, döwletiń demirgazyk – gűndogar araçäkleriniń hopsuzlygy űpjűń etjek bolup, b.e.öń 530-njy ýýlda massagetleriń űstűne ýöriş edýär. Ýöne ol massagetleriń aýal patyşasy Tumarlydan ýeńilýär we öldűrilýär.

Kir II-niń ogly Kambiz II (b.e.öń 530-522ý) b.e.öń 525-nji ýýlda Műsűri basyp alýar. Műsűr faraony Psammetike gulluk edyän grek hakynatutma esgerleriniń harby baştutany Fanes dönűklik edip, Kambiziń tarapyna geçýär. Onuń esgerleri muńa gahar edip Fanesiń ogullaryny öldűripdirler we ganyny çakyra garyp içip, söweşe gidipdirler. Pelusiniń eteginde bolan söweşler we Memfise gaçýarlar. 2000 adam, şol sanda Psammetih III-niń ogly hem jezalandyrylýar. B.e.öń 525-nji ýýlyń Alp-Arslan aýynda Kambiz özűni Műsűriń faraony diýip yglan edýär. B.e. öń 522-nji ýylyń Nowruz aýynda Kambiz II-ä Eýranda kiçi dogany Bardiýa gozgalań turzup, patyşa boldy diýen habar gelýär. Ol ýola dűşýär we näbelli ýagdaýda aradan çykýar. Dariý I-niń Behistun ýazgylarynda Ahemenitler döwletinde häkimýeti Bardiýanyń ady bilen Gaumata ogly jadygöýűń ele alandygy habar berilýär. Gaumata basylyp alnan ýerleri golastyda saklamak űçin harby borçlylygy we salgytlary űç ýyllyk ýatyrylypdyr. Ol pars urug begzadalaryny artykmaç hukuklardan mahrum edipdir. B.e.öń 522-nji ýylyń Ruhnama aýynyń 29-nda Gaumata 7 sany belli urugyń wekilleriniń dil dűwşűgi netijesinde öldűrilýär. Sońra olar tagta 28 ýaşly Dariý I-ni çykarýarlar. Ol tagta çykansoń Wawilonda, Parsda, Elamda, Margianada, Parfiýada, sak taýpalarynda we Műsűrde gozgalańlar turýar. Dariý I olary gandökűşikli uruşlardan soń basyp ýatyrýar.

Tűrkmenistanda Ahemenitler döwletine garşy alnyp barlan göreş barada Beýik Saparmyrat Tűrkmenbaşynyń “Tűrkmeniń bäş eýyamynynyń ruhy ” atly kitabynda hem aýdylýar. Onda “Tűrkmen ýigidiniń ugurtapyjylygy” diýen goşgusynda “Sirak hakynda” gűrrűń berilýär. “Alkyşym” atly goşgusynda bolsa “Fyrat Marguş diýip serden geçendir” diýip belleýär.

Margianada gozgalań basylyp ýatyrlanda 55000-den gowrak adam öldűrilipdir.

B.e.öń 521-nji ýýlda Wawilonda ýene-de gozgalań turýar. Özűni Nabonidiń ogly Nawukodonosor IV diýip atlandyran gozgalańyń baştutany we onuń ýoldaşlary jezalandyrylýar, gozgalań doly basylyp ýatyrylýar.

Dariý I, şeýdip, gysga wagtyń içinde döwleti Kiriń we Kambiziń döwrűndäki araçäklerde dikeldýär.

B.e.öń 520-nji ýýlda elamlylar űçinji gezek gozgalań edýärler. B.e.öń 519-njy ýylda Dariý I saklara garşy ýöriş edipdir.

Bu köpsanly gozgalańlar pars agalygyna we agyr salgytlara, harby borçlulyga, ökde hűnärli adamlaryń sűrlip äkidilmegine garşy bolupdyr.

Gozgalańlary gazaply basyp ýatyrandan, Dariý I öz ýenişleri barada ýadygärlik űçin Bakistun ýazgylary ýazdyrýar.

4. Gozgalańlardan sapak alyp, Dariý I möhűm dolandyryş we maliýe özgerdişleri geçiripdir. Bu özgerişler döwlet dolandyrylyşyny durnuklaşdyrmaga, salgyt ýygnalyşyny dűzgűnleşdirmäge we goşunyń sanyny artdyrmaga ýardam edipdir.

B.e.öń 519-njy ýylda Dariý I ýurdy satraplyklara bölýär. Olary satraplar (“patyşalygy gorap saklaýjylar”) dolandyrypdyrlar. Satraplar öń hem bar ekenler, ýöne olar öń köplenç ýerli hökűmdarlardan goýulýan ekeni. Indi bolsa ýolbaşçy wezipeler parslaryń elinde jemlenipdir.

Öń satraplar raýat we harby wezipeleri ýerine ýetiren bolsalar, indi dińe ýerli dolandyrylyşa, sud işlerine, hojalyk durmuşyna we salgytlaryń ýýgnalyşyna, öz satlaplygynyń çäklerinde howsuzlygy űpjűn etmäge, ýerli wezipeli adamlara gözegçilik etmäge, kűmuş pul zikgelemäge baştutanlyk edipdir. Parahatlyk döwrűnde satrapyń elinde öz sanly şahsy goşun bolupdyr. Goşuna satraplara garaşly bolmadyk harby serkerdeler baştutanlyk edip, olar gös-göni patyşa tabyn bolupdyrlar.

Kir II-niń döwrűnde döwletiń gűnbatarynda arameý dili ulanylypdyr. Dariý I arameý dilini gűndogara-da girizipdir. Arameý dilinden başga ýerli diller hem ulanylypdyr.

Döwlet dolandyrylyşynda esasy orny parslar eýeläpdirler.

Dariý I-niń döwrűnde beýleki ýurtlaryń kanunlary ýazylyp, umumylaşdyrylyp, patyşanyń syýasatyna laýyklykda űýtgedilýär. Patyşa kanunlarynyń esasyny parslaryń adat hukugy dűzupdir. Parslaryń hukuk durmuşynda 7 sany tanymal urug uly orun tutupdyr. Olaryń wekilleri patyşanyń maslahatyna gatnaşypdyr.

B.e.öń 519-njy ýýlda Dariý I döwlet salgytlaryny täze ulgamyny girizýär. Ähli satraplyklar ýerleriń we onuń hasyllylygynyń derejesine görä bellenilen pul salgydyny tölemeli bolupdyrlar.

Parslar esasy agalyk ediji hakdygy űçin pul salgydyndan boşadylypdyr, ýene önűm görnűşinde salgyt tölemeli ekenler, beýleki haklar ýylda 232 tonna kűmuş möçberinde salgyt töläpdirler.

B.e.öń 517-nji ýýldan soń, Dariý I bűtin imperiýa űçin bitewi pul birligi – agramy 8.4 g. bolan altyn darigi girizipdir. Onda garyndy bary-ýogy 3 göterim bolupdyr. Şonuń űçinem darik söwda dűnýäsine birnäçe asyryń dowamynda esasy altyn teńńe hökműńde galypdyr.

Alyş-çalşyń adaty serişdesi kűmuş sikl bolupdyr. Ol 5,6 gram bolup, 20 sikl bir darige deń bolupdyr.

Köp ýerlerde, meselem, Wawilonda Akelsandr Makedonskiniń basybalyşlaryna çenli zikgelenen teńńeler köp ulanylypdyr. Ony dińe grekler bilen söwda edende ulanylypdyrlar.

Döwlete degişli gymmat baha metallar dińe patyşanyń rugsat bermegi bilen zikgelenipdirler. Salgyt görnűşinde gelen pullar onlarça ýyllap hazynada ýatyp, dolanyşyga girmändir. Şonuń űçinem söwdada zikgelenen teńńeler ýetmezçilik edipdir, pul – hatyr dolanyşygyna zyýan ýetiripdir.

Ahemeniler döwletiniń goşunynyń esasyny parslar we midiýalylar dűzűpdir. Gulluga 20 ýaşdan başlapdyrlar. Sak taýpalary goşuna atly peýkamçylary beripdir.

Atly goşun begzadalardan, pyýada goşun dayhanlardan dűzulipdir. Esasy ýarag ok-ýaý ekeni. B.e.öń V asyrda daýhanlaryń ýagdaýynyń ýaramazlaşyp başlamagy bilen, pyýada goşuna gowy ýaraglanan grek hakynatutmalary alyp başlapdyrlar. Goşunyń özeni 10 műń “ölmez-ýitmezlerden” durupdyr.

Onuń I műńlűgine dińe pars begzadalary girip, patyşanyń şahsy goragy bolupdyr.

Harby gulluklary adamlar önűm görnűşinde her aý hak alypdyrlar. Gullugy tamamlanlar paý ýerlerden eklenipdirler. Olary sagytdan boşadypdyrlar. Olar söwda hem edipdirler.

Aheminitler döwletiniń deńiz goşunlary hem bolupdyr. Deńiz söweşleri finikiýalylaryń, kiprlileriń, Egeý deńziniń adalarynyn ilatynyń, műdűr harby deńiz gűýçleriniń kömegi bilen alnyp barlypdyr.

Dariý I-niń döwrűnde Eýran döwleti gűlläp ösűpdir. Özgerdişleri tamamlap, Dariý I basyp almaklyga başlapdyr.

B.e.öń VI asyryń ahyrlarynda Aheminiler döwletiniń araçäkleri gűndogarda Hind derýasyndan gűnbatarda Egeý deńzine çenli, demirgazykda Ermenistandan gűnortada Niliń I bosagasyna çenli bolupdyr.

B.e.öń öńki 500-449-njy ýyllarda Eýran döwleti bilen grek şäherçeleriniń arasynda uruşlar bolýar. uruş başlanda ilki kiçi Aziýadaky grek şäherleri pars agalygyna garşy gozgalań başlaýarlar. Olara Balkan ýarym adasyndaky afinalylardan we Eritreýadan kömege gelipdirler. B.e.öń 493-nji ýylda gozgalańlar doly basylyp ýatyrylypdyr. Ýöne şondan soń Dariý I eger Balkan ýarym adasynyń grekleri garaşsyz bolsalar, Kiçi Aziýada parslaryń agalygynyń berk bolmajakdygyna dűşűnip, Gresiýa garşy ýörişe taýýarlanyp başlapdyr. Ol Marafon dűzlűginde b.e.öń 490-njy ýýlda greklerden ýeńlip gaýdýar. B.e.öń 486-njy ýylda Műsűrde, 484-482-nji ýýllarda Wawilonda gozgalań turýar. Dariý I-niń ogly Kserk gozgalańlary basyp ýatyryp, b.e.öń 480-nji ýylda Gresiýa garşy ýöriş edýär. Ol Fermopilde sparta patyşasy Leonisiń 6500 adamly goşunyny ýok edýär. Onuń özűniń bolsa 100 000 – li goşuny bolupdyr. Sońra Afinyny ýumurýar. Ýöne ýörişinin netijesi b.e.öń 480-nji ýýlda bolan we 12 sagada çeken Salamin söweşinden soń aýdyń bolýar. dar ýere gabalan 650 gämili pars harvy gűýçleri grekleriń 380 gämisi bilen ýok edilýär. Parslar sońra Plateýada we Kiçi Aziýanyń Mikale burnunyń ýanynda ýeńilýärler. Şondan soń parslar Gresiýadan el çekýärler. Ýöne Afiny bilen Sparta harby hereketleri Kiçi Aziýada dowam edipdirler. Olar Frakiýany we makedoniýany azat edýärler. B.e.öń 465-nji ýylda Kserk dildűwşű netijesinde öldűrilýär. Ýerine ogly Artakserks geçýär. B.e.öń 460-njy ýýlda Műsűrde gozgalań turup, b.e.öń 454-nji ýýlda Siriýanyń satrapy Megabiz ony basyp ýatyrýar. Sońra ol Artakserkse garşy çykýar. Grekler mundan peýdalanyp, Kipriń uly bölegini eýeleýärler. Howp abanandygy űçin, Artakserks bilen Megabiz ýaraşýar.

B.e.öń 449-njy ýýlda grekler kipriń ýanynda deńiz söweşinde we gury ýer söweşinde uly ýeńiş gazanýarlar. Bular grek-pars uruşlarynyń iń sońky söweşleri bolýar.

B.e.öń 449-njy ýylda Suzyda ýaraşyk şertnamasy baglaşylyp, grek ilçihanasynyń baştutany diplomat Kalliniń ady boýunça ońa Kalliý ýaraşygy hem diýilýär.

B.e.öń 424-nji ýýlda Artakserks I aradan çykansoń, Ahemenitler döwleti barha gowşaýar. Gozgalańlar, içerki agzalalyklar köpelýär. B.e.öń 359-nji ýýlda tagta çykan Artakserks II özűniń ähli erkek doganlaryny gyrdyrýar. Ol gozgalańçylardan öç alýar. Onuń özi-de b.e.öń 336-njy ýýlda köşk dildűwşűgi netijesinde öldűrilýär. Tagta Ermenistanyń satrapy Kodoman geçip, ol özűni Daroý III diýip yglan edýär.

B.e.öń 334-330-njy ýyllarda Ahemeniler döwletine degişli ýerler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan basylyp alynýar. Dariý III gaçyp gidýär. Ýöne ol baktriýa satrapy tarapyndan öldűrilýär.

5. Eýranyń dini Margianada dörän zoroastrizm dini bolup, ony b.e.öń VII asyrda zaratuştra esaslandyrypdyr. Zoroastrizm Eýranda b.e.öń VI-V asyrlarda Dariý I-niń döwrűne ýaýrapdyr. Eýranlylar din babatda çydamly bolupdyrlar. Olar Wawilonyń, Elamyń, Yudeýanyń we beýleki ýerleriń ybadathanalaryny dikeldiripdirler. Ýöne Kserks gozgalań wagty Wawilonyń Esagila ybadathanasyny, sońa grek ybadathanalaryny ýykdyrýar. Ol şeýdip bu halklary hudaýlarynyń goldamagyndan mahrum etmek isläpdir.

Kserks dini özgerdiş hem geçirýär. Ol Zoroasyń gadagan eden Mitra, Anakita we beýleki hudaýlaryń ybadathanalaryny ýok etmek isläpdir. Ýöńe bu özgerdiş ýarym asyrdan soń gűýjűni ýitiripdir.

Pars klinopis ýazuwy 40 belgiden ybarat bolupdyr. Pars binagärliginiń ýadygärlikleri Pasardagy, Persepol, Suzy şäherlerinińöşk toplumlarydyr. Pasargady deńiz derejesinden 1900 metr beýiklikde ýerleşipdir. Onuń ymaratlary mermere meńzeş edilip zebelipdir. Pasargadyń iń ajaýýp ýadygärligi-de Kir II-niń guburhanasydyr.

Persepel şäheri b.e.öń 530-450-nji ýýlarda gurlupdyr. Persepolyń 3 km. Golaýynda Nahşi-Rustem gaýalarynda Dariý I-niń we beýleki patyşalaryń guburlary ýerleýär.

Suzy şäherini gurmak űçin gerekli zatlar 12 döwletden getirilipdir.