Gadymy Gündogaryň we Gadymy Günbataryň taryhynyň ösüş aýratynlyklary
Gadymy Gündogaryň we Gadymy Günbataryň taryhynyň ösüş aýratynlyklary
Gadymy Gündogar diýilýän geografiki ýerlere günbatardan gündogara uzalyp gidýän häzirki Tunisden Hytaýa, Ýaponiýa we Indoneziýa çenli, günortadan demirgazyga bolsa , häzirki Efiopiýadan Kawkaz daglaryna we Aral deñziniñ günorta kenarlaryna çenli bolan aralyk degişlidir.
Gadymy gündogarda dürli jynslara we has ownuk umumylyklara degişli ilat ýaşapdyr.
Alynky Aziýada semir – hamit dil maşgalasyna degişli dillerde gürleýän birnäçe halkyýetler we taýpalar ýaşapdyrlar. Semit dillerinde akkadlar, amoreýler, assiriýalylar hanaaneýler, ýewreýler, araplar we beýleki käbir ownuk taýpalar gürläpdirler. Hamit dillerinde gadymy Müsüriñ ilaty, berberi – liwiýa dillerinde Nil jülgesinden günbatarda ýaşan taýpalar, kuşit dillerinde Niliñ ýokary akymyndaky taýpalar gürläpdirler.
Hindi – Ýewropa dil maşgalasyna degişli taýpalar we halkyýetler anatoliýa ýa-da hett – luwiý we hindieýran şahalaryna bölünipdirler.
Anatoliý dillerinde hett taýpalary , lidiýalylar, kariýler we kiçi Aziýada ýaşan beýleki ownuk taýpalar gürläpdirler.
Midiýalylaryñ , parslaryñ , parfiýalylaryñ we baktriýalylaryñ , skifleriñ we sanlaryñ, gadymy Gadymy Himdistanyñ arileriniñ dili hindieýran şahasynyñ dillerine degişli bolupdyr.
Hurritler we urartlar, hettleriñ ata-babalary (protohettler) hurrit – urart dil maşgalasynyñ dillerinde gürläpdirler.
Hindistanyñ iñ gadymy ilaty drawid dilinde, gadymy hytaý taýpalary sin – tibet ýa-da tibet – hytaý dil maşgalasynyñ dillerinde gürläpdirler.
Gadymy Gündogarda taryhda möhüm orun tutan köpsanly döwletler döräpdirler: Gadymy Müsir patyşalygy, Wawilion döwleti, Hett döwleti, Assiriýa döwleti, Urarti döwleti, Finikiýanyñ , Siriýanyñ we Palestinanyñ ýerlerindäki döwlet birleşmeleri , Troýa , Frigiýa, Lidiýa döwletleri, Eýran daglygynyñ döwletleri, Orta Aziýanyñ döwlet birleşmeleri, Hindistanyñ , Hytaýyñ, Koreýanyñ Günorta Gundogar Aziýanyñ ýerlerindäki döwletler we beýlekiler. Iñ ilkinji döwletler Nil, Tigr, Ýewfrat derýalarynyñ jülgelerinde döräpdirler. Bu ýerlerde suwarymly ekerançylyk üçin suwaryş desgalarynyñ ulgamyny gurmak zerur bolupdyr. Munuñ üçin köpsanly adamlaryñ bilelikdäki zähmetini guramak talap edilýär. Bu wezipäni ilkibaşdaky görnüşi nomlar bolan ilkinji döwletler ýerine ýetiripdirler.
Nom birnäçe ýerli jemagatlardan ybarat bolup, olaryñ administratiw , dini, medeni merkezi merkezi şäher bolupdyr. Şeýle şäher döwletler ilkinji gezek b.e.öñ IV müñýyllygyñ ahyrynda Müsürde , Günorta Mesopotamiýada döräp, soñra olar has güýçli nomlaryñ golastyna birleşdirilipdirler.
B.e. öñ III müñýyllykda iri döwletleriñ peýda bolmagy bilen gündogar ýurtlaryñ köpüsine mahsus bolan durmuş – syýasy gurluşyñ aýratyn görnüşi – despotiýa emele gelip başlaýar. Döwletiñ hökümdary häkimýete bütinleý eýe bolup, ol hudaý ýa-da onuñ nesli hasap edilipdir. Ýurdy doloandyrmakda býurokratik apparat uly orun tutupdyr.
Ilat salgyt tölemeli we döwlet öñündäki borçlary bolan jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmeli bolan.
Irki gadymy döwürde ýere eýeçiligiñ görnüşleri bilen baglanyşykly ykdysadyýetiñ iki ulgamy dowam edipdir: senagat we döwlet. Bu eýeçilikleriñ ikisinde-de ýer dürli şertler bilen hususy adamlara peýdalanmaga berlipdir.
Oba hojalygynda esasy işleri daýhanlar ýerine ýetiripdirler. Onuñ gapdalyndan gul zähmeti-de ulanylypdyr.
Gadymy gündogarda gulçulygyñ gowşak ösmegi öz – özünden önýän hojalygyñ dowam edendigi bilen düşündirilýär.
Irki gadymy döwürde ýakyn gündogaryñ dürli welaýatlarynyñ arasynda ykdysady, syýasy we medeni aragatnaşyklar ýola goýulýar. Bu döwrüñ ahyrlarynda halkara söwda ýollary emele gelýär. Onda agalyk etmek ugrunda göreş ýitileşýär. Irki gadymy döwrüñ ahyrynda bürünç eýyamy tamamlanyp, demir asyry başlanýar. Özem demir işläp bejermek medeniýetini gadym döwletleriñ ýerlerine ýaş halkyýetler getiripdirler.
Gadymy döwletleriñ gülläp ösen döwründe dünýä döwletleri ýa-da imperiýalar emele gelýärler. Olarda has berk merkezi dolandyryş we bütewi içerki syýasat bolupdyr. Bu döwürde döwlet gurluşynyñ despotiýa görnüşi has ösen derejesine ýetýär. Demriñ , poladyñ ulanylmagy bilen , zähmet öndürijiligi ýokarlanýar. Haryt önümçiligi ösýär, pul gatnaşyklarynyñ ulgamy ösýär we pullar teñne görnüşinde ýaýrapdyr. Halkara söwdasy ösüp, oña Hindistan, Hytaý, Orta Aziýa , Arabystan ýarym adasynyñ günortasy hem goşulýar. Haryt – pul gatnaşyklarynyñ netijesinde hususy ýer eýeçiligi hem döreýär.
Giçki gadymy döwürde gadymy döwletleriñ çet-gyralarynda ýaşan taýpalar we halklar uly ähmiýete eýe bolup başlaýarlar. Olarda şol wagtlar döwlet döremek üçin şertler emele gelip başlapdyr. III-V asyrlarda Halklaryñ beýik göçhä- göçlügi başlanýar. Olar köplenç ýagdaýlarda gadymy döwletleriñ ýykylmagyna sebäp bolupdyrlar.
Antik döwletlere Gadymy Gresiýa we Gadymy Rim degişli bolup, olaryñ taryhy Gadymy dünýä taryhynyñ möhüm bölegidir. Olaryñ hem ösüşiniñ özüne mahsus aýratynltklary bar. Antik ösüş ýoly b.e.öñ I müñýyllykda tapawutlanýar. Oña döwletiñ polis, ýagny, şäher – döwlet görnüşi mahsusdyr. Polisiñ tapawutlandyryjy häsiýetleri:
1) ýere antik (ýa-da polis) eýeçiligi, ýagny şäher – döwletiñ çäklerindäki ýerler diñe raýatlyk hukugy bolan adamlara degişli bolup biler, ýere döwlet eýeçiligi ösmedik derejede;
2) ýurdy dolandyrmaga raýatlaryñ has işjeñ gatnaşmagy;
Ýene-de bir aýratynlygy Gündogara garanda haryt önümçiliginiñ has ösen bolmagydyr. Haryt önümçiliginiñ ösmegi bilen nusgawy gulçulyk hem baglanyşyklydyr. Gündogar gulçulygyna seredende bu ýerde gullary has güýçli ezipdirler, ähli hukuklardan mahrum edipdirler, gul bilen erkin adamyñ arasynda anyk araçäk bolupdyr. Maddy baýlyklary esasy öndürijiler gullar bolupdyrlar. Gullaryähmeti Gresiýada , esasan hünärmentçilikde hem-de bolsa hojalygynda has köp ulanylypdyr. Umuman gadymy dünýä taryhy dersini öwrenip, biz şol döwürdäki döwletleriñ gurluşyna, halkara gatnaşyklaryna , ykdysadyýetine , jemgyýetçilik gurluşyna, medeniýetine, taryhynyñ ösüş aýratynlyklaryna , gadymy halkyýetlere we olaryñ ynançlaryna , däp-dessurlaryna, ýaşaýşyna we ş.m. ýetireris.