Open main menu

Wikipediýa β

Gadymy Germanlaryň jemgyýetçilik gurluşy

Gadymy Germanlaryň jemgyýetçilik gurluşy.(biziň eramyzyň III asyryna çenli)

1. Gadymy germanlar we olaryň ýerleşen territoriýasy.

2. Ýu. Sezaryň maglumatlary boýunça germanlaryň hojalyk we jemgyýetçilik durmuşy.

3. Ýu. Sezardan K. çenli Tasiita çenli gadymy germanlaryň hojalyk we jemgyýetçilik durmyşyndaky özgerişler.

Sapagyň maksady:

Gadymy Germanlaryň b. e. III asyryna çenli jemgyýetçilik gurluşy bilen okuwçylary tanyşdyrmak. Şu mowzugyň üsti bilen talyplara zähmet,watançylyk terbiýesini bermek.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda: “Biziň atalarymyzyň dünýäniň çar tarapyna goç ýollarynyň bolandygy hakykatdyr. Biziň indi dünýädäki döwletleriniň, halklarynyň ýüregine barýan parahatlyk ýolumyz bilen birlikde ykdysady ýollarmyzyň bardygy bellidir. Ýollarymyz ýene gadymky güzerlerinden gitse-de, maksadymyz dünýä döwletleriniň ýüregine ýyllyk getirmek, ýagny tebigy gazymyz bilen halklaryň bereket ojagyna barmak” (sah.245).

Gadymy germanlar, olaryň hojalyk, durmuş we syýasy gurluşy, edil şolaryň hususy hem jemgyçilik ýaşaýşynyň beýleki taraplary bilen hem biz esasan Sezaryň we Tasitin bize berýän maglumatlary boýunça tanyşýarys.

Gaý Ýuliý Sezar (biziň eramyzdan öň 100-44 ýyllar) meşhur rim syýasy işgäri hem tanymal serkerdesi, biziň eramyzdan öň 58-den 52-nji ýyla çenli Galliýanyň (häzirki Fransiýa) hökümdary bolupdyr we onuň basyp alnyşynyň gidişini bolsa ol özüniň Gal urşy hakyndaky ýazgylarynda beýan edipdir. Germanlara degişli bolan maglumatlar iki bölege bölünýär: a) germanlaryň hojalygynyň, jemgyýetçilik gurluşynyň we durmuşynyň umumy etnografik ýazgylary.

b) Sezaryň aýry-aýry german taýpalary bilen harby gatnaşyklarynyň gidişiniň beýany. Awtor şolary harby hereketleriniň gidişi barada senatyna Galliýadan berilen maglumatlar görnüşinde düzüpdir. Maglumatlaryň bize gelip ýeten nusgasy soňra, megerem özgerişe sezewar bolandyr.

Edil şonuň ýaly doly maglumatlary bize rim taryhçylarynyň iň ulularynyň biri bolan, takmynan biziň eramyzyň 58-nji ýyldan 117-nji ýyla çenli ýaşan Rubliý Korneliý Tasit habar berýär. Biziň eramyzyň 89-93-nji ýyllarda Tasiit Belgikanyň (häzirki Demirgazyk-Gündogar Fransiýanyň we Belgiýanyň territoriýasy) hökümdary bolup, şol welaýatyň serhetinde ýaşan german taýpalarynyň durmuşyny öwrenipdir. Munuň daşyndan Tasit Reýniň aňyrsynda bolup gelen täjirleriň we esgerleriň şeýle hem asly german gullaryň gürrüňlerini diňläpdir. Şeýle hem ol Reýniň boýundaky araçak goragynyň ýolbaşçylarynyň aýba-aý hasablary bilen tanyşypdyr. Galyberse-de, Tasit meşhur rim taryhçysy Plininiň bize gelip ýedirmedik, ýöne şol zamanda oňat belli bolan, “German uruşlary” diýen işi bilen tanyş bolupdyr. Gulluk borjy boýunça K.Tasit rim harby ýolbaşçysy Mark Agrippa tarapyndan öž wagtynda düzülen Reýn welaýatlaryň kartasy bilen tanyşypdyr. Netijede Tasitiň german dünýäsi baradaky düşünjeleri döräpdir, şolary hem ol biziň eramyzyň 98-nji ýylynda ýazan we ýörite oňa döwürdeş bolan germanlaryň ýaşaýşyny we durmuşyny ýazyp görkezmeklige bagyşlanan Germanlaryň gelip çykyşy we ýaşan ýerleri hakynda ýa-da gysga “Germaniýa” diýen eserinde beýan edipdir. Şu ýerde Tasiniň oňa ýat bolan wagşy dünýäsinde, rim gul eýeçilik jemgyýetiniň terminlerini ulanandygyny hem bellemek gerek. Emma aýdyň stil, ýokary takyklygy ymtylmak we Tasit tarapyndan toplanan maglumatlaryň baýlygy “Germaniýany” şol döwüre degişli ähli çeşmelerden iň möhüm hasap etmäge mümkinçilik berýär.

Her zat-da bolsa bu eserler dokumental maglumatlar däldir, ýagny olar öz awtorparynyň, olaryň belli bir syýasy we durmuş sredada terbiýelenen, bütinleý kesgitli jemgyýetçilik hem syýasy garaýyşlary bilen, aýdyň indiwiduallygyny aňladýan, jikme-jik işlenen edebi eserler bolup durýarlar. Muňa garamazdan, ýokarda görkezilen çeşmeler, taryhylaryň ylmy işleri, şöl sanda meşhur taryhçylaryň işleri bilen utgaşyklylykda biziň eramyzyň ikinji asyrynda gurluşynyň ýagdaýyny has doly göz önünde getirmäge mümkinçilik berýärler.

Ýöne biziň eramyzdan öňki 1 asyr – biziň eramyzyň 1 asyryndaky germanlaryň jemgyýetçilik gurluşynyň häsiýetnamasynda geçmezden öň german taýpalarynyň ýerleşişi we olaryň atlary barada aýtmak gerek.

Rim awtorlary Dunaý derýasyndan demirgazyga tarap tä Skandinaw ýarym adasyna, Reýn derýasyndan gündogara tarap Wisla çenli ýaşan taýpalary germanlar diýip atlandyrypdyrlar. Ýokarda görkezilen territoriýa ilki başdan germanlaryň watany bolmandyr, ýagny Reýn derýasynyň we Dunaýyň ýokary akymynda ilki başda boýyn we gelewet kelt taýpalarynyň ýaşandygy, olaryň hem germanlar tarapyndan günbatara gysylyp çykyrylandygyny bize mälimdir. Elba (Laba) derýasyndan gündogar tarapda günbatar slawýanlar ýaşapdyrlar we olar hem germanlar tarapyndan gysylyp çykarylypdyr. Oder bilen Wisla aralygynda olary birneme Gündogara tarap gysyp çykarylypdyrlar ýa-da olar bilen tanyşypdyrlar.

German taýpalarynyň ilki başdaky watany niredekä? Taryhçylar germanlaryň ilki başda Wezer derýasynyň basseýnini, yutland ýarym adasyny we oňa ýanaşyp gidýän adalary, Skandinawiýanyň günortasyny, Albanyň orta we aşaky akymlarynyň territoriýalaryny eýeläpdirler diýip hasap edýärler. Olar üç topara bölünipdirler: Günbatarlylar (Reýin bilen Oder aralygynda), olaryň arasynda taýpa soýuzlarynyň döremegi başlanýar, şolaryň iň ulusy reýniň ýokarky akymyndan tä Alba çenli aralykda ýaşan Swew taýpa soýuzy bolupdyr. Bu ýerlerde diňe şolar mäkäm ornaşypdyrlar. Bu taýpa soýuzyna swionlar, germandarlar, markomanlar, langobadlar giripdirler.

Reýniň orta akymynda german taýpalary bolan sugambrlar we marslar agdyklyk edipdirler, olara bolsa hatlar, herusklar, batawlar tabyn bolýarlar. Bu taýpalaryň barysy Reýniň aňyrsyndaky belgiler bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap gelipdirler, bir bölegi bolsa Reýniň çep kenaryna göçüp gidýärler.

Reýniň aşaky akymynda we Demirgazyk deňziň kenarynda aşaky german taýpalary ýaşapdyrlar. Frizler, hawklar, soňra Elbanyň aşak akymyndan demirgazyk tarapda we Ýutlanda ýarym adasynda anglar, saklar, ýuttlar, kimwrlar, şeýtonlar ýaşapdyrlar. Gündogar german taýpalary Oder bilen Wisla aralagyndaky territoriýada ýaşaýardylar: burgundlar, gottlar, wandallar; demirgazyk german taýpalaryna swionlar (şwedleriň ata-babalary) wegautlar degişli bolupdyrlar.

Şeýlelikde, geografiýa jähtden Sezar we Tasit döwrüniň Germaniýasy hakykatdan hem Günbatardan Reýn, Günortadan Dunaý, Gündogardan –Wisla, Demirgazykdan bolsa Nemes we Baltika deňizleri bilen çäklendirilen iňňän uly yurt bolupdyr.

“Germaniýa” terminiň özi barada aýdylanynda, ol hakda Tasit Şeýle ýazýar: “Germaniýa” ady täzeden we ýaňy - ýakyndan bäri ulanylyşa giren: başda germanlar diýilip Reýndan ilkinji bolup geçen we gallery gysyp çykaran taýpa atlandyrylýan eken, indi bolsa ol tunglar (franklar) diýip atlandyrylýar. Şeýlelik bilen, bir taýpanyň däl-de eýsem giden halkyň ady berkleşipdir: başda şeýle diýip (Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň) ählisini gorkudan ýaňa (gallar) äňijiniň ady boýunça atlandyryp başlapdyr, soňra bolsa olaryň özi hem öžlerine şolar (gallar) tarapyndan berlen germanlar adyny özleşdiripdirler.

Görnükli names taryhşysy – mediýewist (mediýewistika – orta asyrlar taryhyny öwrenýän, taryh ylmynyň bölümi) Ýustus Mezer (1720-1794) “Germaniýa” terminini aşakdaky ýaly düşündirýär: hojalyklaryň eýesi we şol wagtyň öžünde esger bolup duran germanlaryň ugurçylyk gurluşyndaky maşgalalaryň atalar birleşigine, Ýu.Mezeriň pikiri boýunça manniýa (manniýa -doganlyk) diýilýär. Olaryň harby maksatlar bilen birleşmegi Hermanniýa (doganlaryň birleşmesi (soýuzy)) diýen ady göterýär. Germaniýa we germanlar diýip atlandyrylmagy şu ýerden gelip çykýar. Beýleki halklar şolary alemanlar ýa-da alamanlar diýip (türkmenler, azerbaýjanlar) atlandyrýärlar. Slawýänlar bolsa, olaryň diline düşünmeýärdiler, şonuň üçin hem olary “lallar” (meneýye) ýagny nemesler diýip atlandyrdylar.

Biziň eramyzyň başynda dürli german taýpalaryny, olaryň taýpa alamatlary boýunça bölenimizde iki sany uly etnik topary görýäris: swew we hatt toparlar. Swew topary iň köp sanly bolup, özüne taýpalaryň iň köp sanly bolup, ozone hem ol çalt göçüp gonup ýörenligi bilen tapawutlanypdyr. Häzirki Brandenburgy alymlar swewlewriň watany hasap edýärler. Şeýlelik bilen, Demirgazyk – Nemes pesliginiň gündogar bölegindäki kölli belentlikler olaryň ýaýraýyş merkezi bolup hyzmat edipdir. Ýöne eýýäm biziň eramyzyň başlaryndan öň olar häzirki Týürindiýany we Saksoniýany, soňra bolsa Maýn we Nekkar derýalarynyň zolaklaryny, ýägny häzirki Bawariýanyň, Wýurtembergiň we Badeniň böleklerini eýeläpdirler. Ikinji, iň kuwwatly taýpalardan biri bolan hattlar toparyň ilki başda Eder derýasynyň kenarynda mesgen tutupdyr, soňra bolsa Gessen-Nussau ýerleriniň häzirki territoriýasyny eýeläpdir.

Şeýlelikde, Sezar we Tasit döwründäki german taýpalarynyň Demirgazyk nemes we Baltika deňizleri, Günortada-Dunaý, Günbatarda-Reýn, Gündogarda –Elba bilen çäklendirilen ägirt uly territoriýany eýeläp gelendigini aýdyp bileris.

Bu territoriýada ýaşap gelen köp sanly german taýpalary şu territoriýada gelen gelmişekler bolupdyr. Olar mydama hereketde we özara täsirde bolupdyrlar.

2. Ýokarda aýdyşy ýaly, gadymy germanlar hakynda ilkinji maglumatlary bize Ýu.Sezar “Gall urşy hakyndaky ýazgylarynda” habar berýär. Ol: “Olar çörekden beter, esasan suýt bilen şeýle hem malyň, hasabyna iymitlenýärler, olar köp aw awlaýarlar” diýip ýazýar (Drewniýe germansy. Sbornik dokumentow. M., 1937 –18-19 sah).

Sezaryň söžlerine görä, germanlyk ekerançylyk bilen az meşgul bolupdyrlar, esasan hem süýt, peýnir we et bilen iýmitlenýärler. Maldarçylyk we aw awlamak eger uruşlary hasaba almasaň, olaryň esasy kesbi – kärleri bolupdyr. Ekerançylygyň entek ýaňy dörän wagty bolupdyr, çünki durnukly oturymlylyk bolman soň, germanlaryň öžlerini heniz ýarym oturymly halk bolup görünýär. Hiç kimde belli bir çäk goýlan hususy meýdan ýok. Her ýyl taýpa häkimleri aýry-aýry ugur taýpalaryna, şolaryň her birine zerur bolan mukdarda ýeri belleýärler we ýylyň gutarmagy bilen, olary başga ýere geçmäge mejbur edýärler.

Swewleriň söweşjeň taýpasynyň özboluşly gurluşyndaky ähli peýdaly taraplaryny belleýär (urşy ekerançyly bilen şowly utgaşdyrmak). Emma ol soňra bu tertip-düzgünleriň amatsyzdygyny hem belleýär. Bu amatsyzlyk, aň-düşünjeli rimliniň nukdaý nazardan, bir ýerde bir ýyldan köp oturyp bolmazlyk amatsyzlygydyr. Her kim diňe ýekeje ýyl daýhan bolup berýär. Indiki ýyl ol urşujy bolýar we öz meýdanyny başga birine berýär. Şeýle düzgünler ekerançylyk medeniýetiniň ösmegine päsgel berýärdi. Ýöne welin, Sezar soňra, ekerançylyk swewler üçin şeýle bir möhüm däl, çünki olar çörek bilen az, galapyn maldarçylyk hem aw önümleri bilen iýmitlenýär diýip öňünden aýtmaga howlugýar. Topragy işläp bejermek, ähtimal, uly tagallalar bilen bagly bolmalydyr. Bu agaçlary köwlemek däl, batgany guratmak hem däl. Diňe bir ýyl üçin şeýle agyr işe germanlynyň girişmegi gümana. Munuň ýaly agyr işiň zerurlygy hem ýokdy, çünki boş, ýagny işläp bejermäge ýaramly ýerler Germaniýada ýeterlikli bolupdyr. Bu ähtimal. Oty we gyrymsy agajy ýakyp ýa-da orup gutarmak we çylşyrymly bolmadyk ekerançylyk gurallary bilen topragy primitiw işläp bejermekdir. Ýyl geçýär. Şol wagta çenli oragy orup ýetişen ekerançy garyndaşlaryna berip, şol öňki şertlerde ýeri täzeden işläp bejerýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda diňe bir hususy däl, eýsem ýere eýeçilik barada asla gürrüň hem bolup bilmez. Şoňa haýsy hem bolsa eýeçilik talaplaryny bildirmeden entek boş ýer gaty köp. Ol hiç kimiňki däl, diňe wagtlaýyn aýry-aýry garyndaş birikmeleriniň peýdalanmagyna ýa-da eýelik etmeginde bolýar. Olaryň hiç biriniň-de hususy eýeçiliginde takyk ölçegli ýer uçastogy ýa-da mülki bolmandyr; ýöne wezipeli adamlar hem aksakallar her ugurlarda bile ýaşaýan garyndaşlaryň toparlaryna isläp ýerinde näçe islese gerekli ýerlerini bolup bilýärler, emme ýyl geçenden soň bolsa olary başga ýere geçmäge mejbur edýärler (Drewniýe germansy, s.28).

German jemgyýetinde ýere hususy eýeçiligiň bolmazlygy aýdyň durmuş gatlaklara bölünşigi, ylayta-da durmuş göreşini aradan aýyrypdyr.

Şeýlelikde, geçip bolmajak tokaýlar we başgalar bilien utgaşýan ägirt uly giňşliginiň çäklerinde aýry halkyýet ýä-da taýpa ýaşapdyr. Bu taýpa ýeke-täk merkezi häkimiýetli jebisleşen organizm bolmandyr. Her birtaýpa has ownuk, özüni özi saklamaga ýeterlikli ukuby bolan gany bir, özleriniň hususy serdarly we aksakallary bolan birikmelere bölünipdir. Aksakallar – bular aýry-aýry gany birikmeleriň tutuş bir topary tarapyndan meýletin ykrar edilipdi. Ýeke-täk berk bölümler – bular gany bir bümlerdir.

Şeýlelik bilen, Sezar döwrüniň germanlylarynda synplar bolmandyr. Germanlaryň ýarym oturymly we çarwa durmuşy barada Sezaryň aýtmagy tötänden däl: olar hemmeleriň gysga wagtly peýdalanmaklygynda bolan ýeri bilelikde işläp bejeren, öžleri saklamaga ukyby bolan urugçylyk toparlar bolup ýaşapdyrlar. Germanlar köplenç maldarçylyk we aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. Ýu.Sezar döwründe germanlarda taýpa soýuzlary döredilipdir. Parahatçylykly döwürde taýpanyň umumy hökümiýeti bolmandyr. “Haçan-da taýpa hüjüm ediş ýa-da goranyş urşuny alyp baranda, onda harby serkerdeleriniň borçlaryny alyp barýan we taýpadaşlarynyň janyna hem ölümine erk etmäge hukugy bolan wezipeli adamlar (magistratus) saýlanylýar” diýip, Sezar aýdýar.

Şeýlelik bilen, diňe uruş döwri üçin taýpadaşlaryň jaýyna hem ölümine hukugy bolan umumy baştutan saýlanylýan eken. Ol taýpanyň ýokary häkimiýet degişi bolan halk ýygnagynda saýlanypdyr. Taýpanyň halk ýygnagy diňe şulara meňzeş gyssagly zerurlyklar ýa-da urşy yglan etmek we parahatçylyk baglaşmak ýaly has möhüm jemgyýetçilik hem syýasy meseleleri çöžmek üçin ýygnaýardy. Sezaryň duşuşan taýpalary mydama uruş ýagdaýynda bolupdyrlar, şönuň üçin hem harby hakimiýet raýatlyk häkimiýetinden agdyklyk edipdir we ol ýygy-ýygydan ozune giň ygtyýarlyklary alypdyr. Şeýle kuwwatly harby serdaryň häkimiýetinden hem soňra korol häkimiýeti döräpdir.

Halk ýygnagynda, ähli taýpanyň goş-göni bähbitlerine degişli bolmadyk we töwekdelçiligi öz boýnuna alýan aýry-aýry taýpa baştutanlarynyň hem-de olar tarapyndan topalanan höwesjeňleriň, hususy harby çäreleride guralýar eken. Ine, haçan-da taýpadaky esasy ýolbaşçylaryň biri halk ýygnagynda özüniň (harby çära) baştutanlyk etmek meýli barada mälim edeniňde we öz yzyna eýermek isleýänleri, şoňa çagyranyňda, şol halatda hem harbyt ýörüşi, hem serdary makullanýarlar aýak üstüne galýarlar we ýygnananlar tarapyndan mäbäreklenmek bilen oňa öz goldawy barada wada berýärler; wada berenlerden tapawutlykda hasaplapdyrlar we soňra ähli ynamdan mahrum edilipdirler.

Indi bolsa germanlaryň harby işi barada bir näçe söz. Olaryň bütün durmuşynyň awda we harby okuwlarda geçýändigini, her günki harby maşklar bolsa olaryň güýçlerini berkidýändigini Sezar bize habar berýär. Munuň daşyndan gallar Sezara germanlar barada aşakdaky maglumatlary habar berýärler: “…Germanlar ägirt uly boýly, adatdan daşary batyr we harby işde ýokary derejede tejribeli adamlar…” (Drewniýe germansy. Sbornik...).

Germanlaryň söweş alyp barmak taktikasyna degişlilikde Sezar olar barada aşakdaky ýaly aýdýar: “Olar 6 müň atly we şonça-da pyýada esgerli goşun bolupdyr, her bir atly öz goragy üçin ähli goşundan iň batyrlaryň we çalasynlaryň birini saýlap alýar eken. Olar söweş wagtynda atlylaryň ýany bilen gidipdirler; olaryň goragy astynda atlylar yza çekilipdirler; haçan-da atlylar kyn ýagdaýa düşende, (şolaryň goragyna) pyýada esgerler ylgaşyp gelipdirler, eger birisi agyr ýaralanyp, atdan ýykylan bolsa, olar onuň daşyny gabapdyrlar… Atly söweşler wagtynda olar ýygy-ýygydan atlaryndan böküp düşýärler we pyýada bolup söweşýärler, atlary bolsa olar şol ýeriň özünde durmaga endik etdiripdirler, zerurlyk bolan ýagdaýynda bolsa, olar çaltlyk bilen täzeden atlaryň üstüne münýärler…” (Şol ýerde. – 16, 19 sah.).

Sezar bize germanlaryň dini barada hem käbir maglumatlary habar berýär: “Germanlaryň (durmuşy) şu (gallaryň) durmuş obrazyndan güýçli tapawutlanýar. Sebäbi, olarda ybarat etmegiň däp-dessurlaryna ýolbaşçylyk edýän druidler (din hyzmatçylary) ýok we olar sadaka bermekde aýratyn – yhlas bilen ýapyşmaýarlar. Hudaýlar hökmünde olar diňe güni, ody we aýy, ýagny diňe (öz gözleri bilen) görýänlerini (tebigatyň güýçlerini) hem-de olaryň ýalymly täsirine gözi ýetip ynanmaga mümkinçilik tapanlaryny hormatlaýarlar, beýleki galan hudaýlar barada olar hatda eşitmändirler hem” (Şol ýerde. – 27-28 sah).

Sezar boýunça ýarym oturymly halk bolan german taýpalarynyň hojalyk we jemgyýetçilik durmuşynyň ýagdaýy umumy alanyňda şunuň ýäly. Aw awlamak we maldarçylyk, uruş hasaba alynmanynda-da, olaryň esasy kärleri. Bu çopan halky, ýöne eýýäm ösüşiň has ýokary basgançygyna ekerançylyga geçmäge taýýar. Maldarçylyk indi germanlynyň ýäşamaklygy üçin zerur ähli serişdeleri bermeýär we ýetmeýän zatlary ekerançylyk arkaly doldurmaly bolýar. Germanlylar indi ekerançylyksyz oňup bilmeýär. Ýöne ekerançylyk etmek diňe kömek beriji goşmaça iş. Hususy we asla başga bir ýer eýeçiligi ýok, çunki entek boş giňişlikler köp. Ýer wagtlaýyn aýry-aýry garyndaş birikmeleriň peýdalanmagynda bolupdyr. German jemgyýetinde indi durmuş gatlaklara bölünişiň alamatlary döreýär, emma Sezar döwrüniň germanlarynda synplaryň peýda bolmagy barada gürrüň etmek entek bolmaýar. German taýpalarynyň syýasy gurluşy ýönekeý häsiýetde bolupdyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda aňyrsy 5 müň ýýl mundane ozal milletbaşymyz Oguz ham Türkmenden gaýdýan tükrmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünýa gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, Seljuk türkmenleriniň şalyklaryny, Köneürgenç türkmen döwletini – jemi 70-den gowrak döwlet döretdi.