Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Mowzugy: Eýran gajar türkmenleriniň şanesli döwründe

Meýilnamasy:

1. Mukaddes Ruhnamada gajar türkmen döwletiniň taryhynyň beýany.

2. Eýranda gaarlar şanesliniň häkimiýet başyna gelmegi. Agamuhemmet han.

3. Eýran XIX asyrda

Mertebesi belent Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Rühnamasynyň 145-nji sahypasynda gajar türkmenleriniň aşakdaky ýaly şejeresiniň bolandygyny ýazýar:

Mukaddes Ruhnamanyň 242-nji sahypasynda bolsa gajarlar barada şeýle maglumatlara gabat gelýäris: “Bu Eýranda iň soňky höküm süren türkmen hökümdarlygydyr. Gajarlar oguz türkmenlerindendir. Sefewilerden Şyh Ala bergi üçin degişli diýlip Anadoludan Eýrana giden ýedi türkmen-oguz taýpasynyň içinde gajarlaryň bardygy taryhdaky maglumatlarda geçýär. Ol taýpalar şeýle sanalýar: ustaçly, şamly, tekeli, baharly, dulkadyr, owşar hem gajar. Gajarlaryň taryhda Häzirbegjandan Astrabat, Merw, Horasan taraplaryna, hatda Kazwin hem Yspyhana çenli ýaýrandygy bellidir. Gajarlardan Agamuhammet han 1779-njy ýylda hökümdarlygyny yglan edip tagta çykdy. Ol bu hökümdarlygy esaslandyran adamdyr. Gajarlar tä 1925-nji ýyla çenli Eýranda hökümdarlyk etdi.”

Gajarlar şanesliniň Eýranda alyp baran içeri we daşary syýasaty barada (XIX asyryň ahyryna çenli döwrüni) aýratynlykda seljerip geçeliň!

AGAMUHAMMET HAN (145, 242) – Eýranda Gajarlar şanesliniň ilkinji şasy, Gajar türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy bolup, ol 1742-1797-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda Nedir şa aradan çykandan biraz soňra ýurt çaýkanyp, Eýranda döwlet dagynyklygy başlandy. Bu döwürde Gajarlardan Agamuhammet han, Owşarlardan Nedir şanyň kör agtygy Şahruh, Abdallardan Nedir şanyň öňki serkerdesi Ahmet şa, Zendlerden Kerim han tagt ugrunda göreşipdirler. Sanalanlaryň arasynda has güýçlileri Agamuhammet han hem-de Kerim han Zendi bolupdyrlar. Bu ikisiniň arasyndaky göreşde Agamuhammet han ýeňip, tagty eýeleýär. Ol 1784-nji ýylda Tährany ýurduň paýtagty diýip jar edýär. Onuň sebäbi Eýranyň owganlar tarapyndan tozdurylan günortasy, ykdysady merkez däldi, indi ol ýerler öňki ähmiýetini ýitiripdi, galyberse-de Agamuhammedi goldajak türkmen taýpalary ýurduň demirgazygynda ýaşaýardylar.

Zendleriň garşylygyny syndyrandan soňra Agamuhammet han Gürjüstana garşy ýörişe taýýarlyk görüp başlaýar. 1795-nji ýylyň ýazynda başlanan harby ýöriş onuň üçin üstünlikli geçipdi. 1795-nji ýylyň Ruhnama aýynda Agamuhammediň esgerleri Tbilisiniň golaýyna gelýärler we şäheri basyp alýarlar. Ozüniň bu ýörişini ol «din ugrunda uruş» diýip atlandyrypdy. 1796-njy ýylda Eýranyň ähli ýerlerini diýen ýaly birleşdirip, Eýranyň şasy boldy. 1796-nji ýylda Eýranyň iri welýatlarynyň biri bolan Horasana ýöriş guraýar. Horasany bu döwürde Nedir şanyň agtygy Şahruhyň ogly Nedir mürze dolandyrýardy. Nedir şanyň Hindistana ýoriş döwründe eýelän hazynasy şol sanda dünýä meşhyr uly göwher Nedir mürzededi.

Agamuhammediň goşunlary Maşadyň golaýyna gelende Nedir mürze şäherden çykyp, Owganystana gaçyp gidýär. Kawkaza ikinji gezek ýöriş döwründe dildüwşik netijesinde 1797-nji ýylyň Magtymguly aýynda öz goşunynyň bir harby serkerdesi tarapyndan öldürilýär.

FATH ALY (145) –gajar türkmenleriniň ikinji şasy ( hökümdarlyk ýyllary 1797-1834). 1797-nji ýylda gajar türkmenleriniň döwletini esaslandyran Agamuhammet şa öldürilenden soňra tagta geçen Fath Aly şa tä 1801-nji ýyla çenli tagta dawa edýän beýleki dawagärler bilen häkimiýet ugrunda göreş alyp barmaly bolýar. Esasy garşydaşlary bolan Horasanyň hökümdary Nedir Mürzäni, Kazwin töwereklerine eýelik edýän Sadyk han Şekakini çetleşdirenden soňra ol şa tagtynda ymykly ornaşypdyr. Fath Aly şanyň döwründe Eýranyň içeri syýasatynda-da, daşary syýasatynda-da şowsuzlyklar az bolmandyr. Ýurtda ýerli hökümdarlaryň garşylygy güýçlenipdir. Ol köplenç goşun ulanyp, gozgalaňlary basyp ýatyrmaly bolupdyr.

Fath Aly şanyň dolandyran döwrüniň birinji onýyllygynda baş wezir Hajy Ybraýymyň täsiri uly bolup, şa şonuň bilen maslahatlaşman hiç-hili karar kabul etmändir. Emma Hajy Ybraýymyň abraýynyň barha artmagyndan çekinip, Fath Aly şa 1808-nji ýylda ony hazynany talamakda aýyplap tussag edipdir.

1801-nji ýylda Fath Aly şa Angliýa bilen şertnama baglaşyp, fransuzlary ýurdundan çykarýar. Fath Aly şanyň tagta geçen wagty Napoleon uruşlarynyň döwrüne gabat gelipdi. Angliýa Eýrandan fransuz täsirini ýok etmek we ýurduň iňlis täsirine düşmegi üçin bu şertnamany baglaşypdy. Fath Aly şa Russiýanyň Kawkaza aralaşmagy sebäpli dörän dawada Angliýadan çaky cýkmansoň Fransiýa bilen ýakynlaşýar. Emma ýewropalylar öz bähbitlerini arap Eýrana kömek bermäge söz berýändigi düşnüklidir.

XIX asyryň başlarynda Pussiýa Eýranyň Kawkazdaky eýeçiliklerini eýeleýär. Fath Aly şanyň döwründe Eýran iki gezek Russiýa bilen Kawkaz ýerleriniň üstünde uruş alyp barmaly bolýar. Olaryň birinjisi Genji hanlygynyň üstünde 1804-1813-nji ýyllarda bolup, ol 1813-nji ýyldaky Gülüstan şertnamasy bilen tamamlanýar. Ikinjisi 1826-1828-nji ýyllarda bolup, Türkmençaý ýaraşyk şertnamasy bilen gutarýar. Iki uruşda hem Eýran ýeňilýär. Fath Aly şanyň daşary syýasatyndaky ýene-de bir waka 1821-1823-nji ýyllarda Osman türkmen döwleti bilen alyp baran urşudyr. Bu uruşda Eýran goşunlary üstünlikli hereket edip, birnäce ýerleri basyp alsalar-da Fath Aly şa urşy togtadyp, 1823-nji ýylda ýurt üçin hiç-hili bähbit araman garşydaşy bilen şertnama baglaşýar. Onuň sebäbini Fath Aly şanyň Ruusiýa garşy täze urşa taýýarlanýandygy we şol sebäpli Osman türkmen döwleti bilen garşylyklary ýitileşdirmek islemändigi bilen düşündirmek mümkin.

1833-nji ýylda Fath Aly şanyň uly ogly mirasdüşer Abbas Mürze ýogalýar. 1834-nji ýylda Fath Aly şanyň özi hem aradan çykýar.

Muhammet (145) - Eýranda döredilen gajar türkmenleriniň döwletiniň ücünji şasy (hökümdarlyk ýyllary 1834-1848). Ol gajar türkmenleriniň döwletiniň ikinji şasy Fath Alynyň agtygydyr, şanyň mirasdüşer ogly Apbas Mürzäniň ogludyr.

Muhammet şanyň tagta geçişi barada şulary aýtsak, ol mirasdüşer şazada däldi. Fath Aly şa ýogalandan soňra onuň ogly Abbas Mürze tagta geçmelidi. Emma Abbas Mürze 1833-nji ýylda (entek kakasy dirikä) duýdansyz ýogalandan soň Muhammet Hyradyň daşyny gabamasyny bes edip, Tährana gelip, özüni mirasdüşer şazada diýip jar edýär. 1834-nji ýylda atasy Fath aly şa ýogalandan soň bolsa ol onuň üç oglundan rüstem çykyp, Muhammet şa tagtyny eýeleýär.

Muhammede häkimiýeti eýelemäge iňlisler kömek berýär. Emma iňlisleriň Hyrada dawa etmesi welin Muhammet şany biynjalyk edipdir. Ol ýaşlykdan “Hyrat Eýrana degişli bolmaly” diýen düşunjä uýupdyr. Iňlisler ony öz adamsy hasaplap, Eýran goşunlarynyň üstünden Angliýanyň gözegçiligini gurnamaga synanyşanlarynda Muhammet şa halkynyň, watanynyň ar-namysyny ileri tutup, öz şahsy bähbidinden geçmegi başarypdyr we iňlisleriň şeýle teklibini dessine ret edipdir.

Muhammet şanyň özüni alyp baryşy barha we barha iňlislere ýaramandyr. 1837-nji ýylda Muhammet şanyň Hyrada harby ýöriş guramagy iňlis-eýran gatnaşyklaryny has-da erbetleşdirpdir. Inlis hökümeti eger-de Eýran Hyradyň daşyny gabamasyny bes etmese onda oňa garşy Angliýanyň urşa başlajakdygyny aýdyp haýbat atypdyr. Haýbat diýip düşunmezlikleri üçin Angliýa öž harby gämilerini Pars aýlagyna girizipdir. 1838-nji ýylda Muhammet şa Hyradyň daşynyň gabawuny aýyrmaga we iňlislere kem-käs eglişikler etmäge mejbur bolupdyr. Ýone, iňlisleriň Eýranda ýerli kanunlara boýun egmezlikleri baradaky talabyny kanagatlandyurmandygy üçin Angliýa 1838-nji ýylda Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesip, ilçilerini yzyna çagyrypdyr. Iňlis-eýran urşundan gaça durmak maksady bilen Muhammet şa 1841 –nji ýylda iňlisleriň ähli talaplaryny diýen ýaly kabul etmäge mejbur bolupdyr. Her näme-de bolsa Hyrat dawasy tamamlanyp, urşuň öňüni almak Muhammet şaha başardypdyr. 1847-nji ýylda ol Osman Türkmen döwleti bilen şertnama baglaşyp, iki ýurduň serhedinden geçýän Şatt-el-Arap boýunça döwlet araçägini kesgitlemek barada ylalaşypdyr. Şol şertnama boýunça käbir portlaryň yzyna, Eýrana berilmegini gazanypdyr.

Muhammet şa Eýranyň üstünde Russiýa bilen Angliýanyň hars urýandyklaryna gowy düşunipdir. Şonuň üçin başarsa olaryň ikisinden hem gaça durmaga synanyşypdyr. 1848-nji ýylyň Ruhnama aýynda Muhammet şa aradan çykypdyr.

Nasreddin (145) – gajar türkmenleriniň döwletiniň dördünji şasy (hökümdarlyk ýyllary 1848-1896). Ol üçünji gajarlar şanesliniň üçünji şasy Muhammediň ogludyr.

Nasreddin şanyň tagta geçen döwri ýurtda içki gapma-garşylyklaryň has ýitileşen döwrüne gabat gelýär. Hut onuň tagta geçen güni Seýid Aly Muhammet atly adamyň baştutanlygynda yslamdan ýüz öwrüp, başga dini ýörelge edinenleriň gozgalaňy başlanýar. Muhammet Aly özüni asmandan injek Mäti bilen adamlaryň arasyndaky Bab ( derweze, gapy, geçiriji) diýip jar edipdir. Şonuň üçin onuň baştutanlygyndaky gozgalaň taryha babçylaryň gozgalaňy ady bilen girýär. Gozgalaň ilki Mazenderan welaýatynda başlanyp, soňra ol Zenjanda we Neýrizde dowam edipdir. Bu gozgalaň 1848-nji ýyldan başlanyp, Nasreddin şa ony 1852-nji ýylda kynlyk bilen basyp ýatyrýar.

Babçylaryň gozgalaňyny basyp ýatyrandan soňra döwlet häkimiýetini berkitmek maksady bilen birnäce özgertmeleri geçirýär.

1853-1856-njy ýyllardaky Gündogar urşy döwründe Angliýanyň uruş bilen eliniň baglydygyndan peýdalanyp, Hyrady basyp alýar. Bu ýagdaý 1856-1857-nji ýyllardaky iňlis-eýran urşunyň bolmagyna getirýär. Nasreddin şa Hyratdan göşunlaryny çykarmaga mejbur bolýar we 1857-nji ýylda Parižde Angliýa bilen Eýranyň arasynda urşuň jemlerini jemleýän şertnama baglaşylýar. Nasreddin şanyň döwründe Eýranyň demirgazygynda Russiýanyň, günortasynda Angliýanyň täsiri artýar. Olar Eýranyň tebigy baýlyklaryny talamak bilen çäklenmän döwletiň içki işlerine gatyşyp başlaýarlar. Nasreddin şa 1890-njy ýylda Angliýa we Russiýa bilen geljekki 10 ýylyň dowamynda demir ýollary gurmazlyk barada şertnama baglaşmaga mejbur edilýär. (1899-njy ýylda bu şertnama ýene 10 ýyl uzaldylýar). XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Eýran Beýik Britaniýanyň we Russiýa patyşalygynyň ýarym baknasyna öwrüldi. 1872-nji ýylda şa iňlis barony Reýteriň telegraf gullugyna Eýranda ýollary, suwaryş desgalaryny, fabrikleri gurmaga, mineral we tokaý baýlyklaryny özleşdirmäge 70 ýyllyk ygtyýarnama beripdi. Eýran maliýe taýdanam daşary ýurt maýasynyň täsirine düşüpdi. Nasreddin şa üç gezek Ýewropa syýahat edip gelenden soňra döwlet häkimýetini ýewropa nusgasynda döwrebaplaşdyrmaga synanyşdy. Köşkde ýewropaly maslahatçylar köpeldi. Goşun awsriýaly, german, fransuz, italýan harby gözükdirijileriniň garamagyna berildi. Ýurtda temmäki önümçiliginiň Talbotanyň iňlis kompaniýasynyň ygtyýaryna berilmegi ýurtda daşary ýurtlulara garşy tolgunyşygyň güýçlenmegine sebäp boldy. 1891-nji ýyldaky tolgunyşykda gozgalaňçylar “Eý, musulmanlar! Temmäki öndürmek elimizden gitdi. Karun derýasy elimizden gitdi. Gant önümçiligi, Ahwaz ýoly elimizden gitdi. Bank geldi, tramwaý geldi. Ýurt daşary ýurtlaryň eline geçdi. Şa biziň bähbitlerimize seredenok. Geliň, ähli zady öz elimize alalyň!„ diýip köpçülige ýüzlenipdirler.

XX asyryň başynda Eýranyň Beýik Britaniýa we Russiýa patyşalygy tarapyndan ýarym baknalykdan doly baknalyga öwrülmek howpy döredi. 1905-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde Tähranda dowam edýän düzgüne garşy närazylyk bildiren täjirleriň tussag edilmegi gozgalaňyň başlanmagyna bahana boldy. Aýaga galan ruhanylar öz närazylygyny bildirip, metjitlerden çykman oturdylar (best). Olar baş weziriň wezipesinden boşadylmagyny, käbir emeldarlaryň tussag edilmegini talap etdiler.

Nasreddin şanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halka ýaramandyr. Oňa garşy dildöwşükler gurnalypdyr. 1896-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 1-inde Reza Kermany diýen adam tarapyndan Nasreddin şa öldürilýär. Tagta onuň ogly Nasreddin geçýär. Umuman XIX asyryň dowamynda Eýranda rus we iňlis baknadarlary ornaşýarlar.