Open main menu

Wikipediýa β

Galamyň ulanylyşy metal pero bilen deňeşdirende has irki döwürlerden başlanýär. (karandaş – türk sözünden “kara”-çýornyý, “daş”). Galam XI asyryň ilkinji ýarymyndan ulanylyp başlaýar. Bu söz rus ýazuwynda diňe XVII asyryň ahyrynda ulanylýar. Petr I hazier çenli saklanýän hususy zatlarynyň arasynda grafit galamynyň, birnäçe güşleri bar. Häzirki zaman klassifikasiýasy galamy 3 topara bölünýär:

1. gara grafit galamy

2. kopirka (hilleri) galam

3. reňkli galam.

Dünýäde galamyň 370 golaý dürli tipleri we görnüşleri bar, şolaryň 70-den gowrak dürli reňkli galamlardyr. Dünýäde iň kiçi-gysga galam uzynlylygy 1,25 sm, iň änem galamyň uzynlylygy 3 m 60 sm.

Ikinji jahan urşundan soňra şarikowyýe ruçkalar giň gereli eýe bolupdyrlar. Watanymyzda öndürülýän şarikowyýe ruçkalar özüniň pes hili sebäpli giň ýaýramady.

Elýazma ýadygäýrliklerindäki duş gelýan çeper bezeliş ornament – diýilip atlandyrylýär (“orno”- bezeýäriň grekçe):

1. Elýazmanyň (kitabyň) başynda, her babyň başynda nagyş çekilmek. Ol kä wagt tutuş listi öz içine alypdyr.

2. Tekstiň baş harplarynyň owadan çekilmegi (inisial)

3. Tekstiň ahyryndaky çeper bezeg (soňy)

4. Aýratyň listlere suratlaryň çekilmegi (miniatýura).

XI-XII asyrlarda gadymy rus ýäzmalarynda gad. Wizantiýa ornamenti agalyk edipdir. Bu ornament ýönekeý geometriki fuguralardan durýär. Esasan hem ösümlik dünýäsiniň predmetinden (agaç, ýaprak, gül we ş.m).

XIII asyryň başlap, ornamende milli motiwler esasynda erteki sýužetleri ornaşypdyr. Mysal üçin fantastiki haýwanlar bolan ajdarhanyň, şiriň suratlary gerilizip, ornamentiň şeýle stili teratologigki (aýylganç) ornament adyny alýar.

XV asyryň başlarynda teratologiki stiliň deregine ornamentiň 2 täze görnüşiýäýraýar

1. Balkan ornamenti

2. Neowizantiýa ornamenti

1. Köp sanly g.o. slawýan emmigrantlary XV asyrda özleri bilen ýazuw ýädygärlikleri çeper gutalyşynyň täze ornamentini geçirdiler. Bu öz gurluşy boýunça orme ornament adyny hem alýar. Ýagny elýazmalardaky çekilen nagyşlar örülen formada duş gelýär.

2. Neowizantiýa ornament bolsa köne wizantiýa formasynyň goýçalanmagynyň aňladýar.

XVI asyryň ortasyndan başlap Russiýada kitap gap emekligiň şertlerine uýgulaşan täze ornament ýüže çykýar.

Bezeg diňe 2 reňk boýunça, ýagny ak we gara reňkler bilen (ak ýerlere gara reňk, gara ýerlere bolsa ak reňk bilen bezeýär) alnyp barylýar. Oguz türkmenleriň dünýä ýüzünde iň gadymy halkdygyna goja taryh gözli şaýat. Sarpaly Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda mundan bäş müň ýyl ozal Oguz han türkmeniň ata-babalarymyzyň agzyny birkdirip, Oguz han şalygyny guranlygyny ýazýar. Baryp şol zamanda pederlerimiz dünýäniň çar künjegine ýaýrap, adamzadyň umumy medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine uly goşant edipdirler.

Oguz han türkmeniň zamanynda ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň ösüşiniň gözbaşynda durupdyrlar. Hat-ýazuw bolsa medeniýetiň bir bölegidir. Ata-babalarymyz ilkinji tagma elipbiýini döredýänçeler ideografik-piktografik belgili hat-ýazuwy ulanypdyrlar. Piktografik ýazuw surat çekmek arkaly beýan etmeklidir. “Piktos” sözi - surat diýen manyny berýar. Bu ýazuwda bogun, harp, söz ýok. Mysal üçin, agaç sözüni ýazmak üçin agajyň surety çekilipdir, tokaý diýjek bolsa birnäçe agaçlaryň surety çekilipdir. Gün diýilende Günüň şekili we ş.m. Arheologiýa gazuw-agtaryşlaryň netijesinde tapylan, biz üçin düşüniksiz bolan, ýaşalan gowaklardaky, dag-daşlaryň ýüzündäki çekilen suratlara, belgilere –çyzyklara has gadymy ata-babalarymyzyň, ulanan ideografik-piktografik belgili hat-ýazuwy diýmege doly esas bar.

Ilkinji türkmen elipbiýi dünýän üzünde ilkinji emele gelen hasaplanýan finikiýa elipbiýinden has gadymydyr. Asla, finikiýa elipbiýiniň döremegine belli bir derejä gadymy döwürdäki türkmen elipbiýiň täsir edipdir, sebäbi ata-babalarymyzyň bir bölegi dürli sebäpler bilen 4-4,5 müň ýyl mundane ozal häzirki Garagumyň jümmüşinden Mesopotamiýa aşyp, ol ýere özleriniň ösen medeniýetini, sungatyny, hat-ýazuwyny eltipdirler. Şümerler Mespotamiýada müň ýylda gowrak ýäşan soň, finikiýa elipbiýi ýüze çykypdyr. Sol sebäpli, gadymy türkem tagma elipbiýini dünýän ýuzünde hat-ýazuwyň döremeginiň esasy hasaplaýarlar.

Oguz han şalygy zamanynda ýazuw çeşmelerimiziň ilkinji nusgalary bolupdyr. Sebäbi döwletiň - şalygyň diwanylyk işleriniň hemmesi-de hat-ýazuwyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şol sebäpli türkmen halk ýazuwynyň taryhyny-da halkymyzyň Oguz han şalygyny esaslandyryp, dünýä ýüzüne ýaň salan döwründen başlamylydyrys.

“Oguznama” eserlerimizdäki maglumatlar Oguzhan zamanynda halkymyzyň hat-ýazuwynyň bolandygyny subut edýär. Ýöne haýp ol hat-ýazuw biziň günlerimize gelip ýetmändir.

Gün hanyň patyşalyk eden zamanasynda, Oguz han türkmeniň ýakyň geňeşçisi bolan Ärkyl hojanyň maslahat bermegi bilen Oguz türkmen taýpalarynyň agzybir ýaşamagynyň hatyrasyna 24 taýpanyň her biriniň wezipesi, ady, wakamy belli edilýär. Bu tagmalar her bir Oguz türkmen taýpasynyň aýratynlyk nyşanyň öwrülýär hem ikinji hat-ýazuwymyz hökmünde ulanylyp başlanýar. Ol 25 harpdan ybarat bolan.

Gadymy döwürde Garagumyň jümmüşinde ýaşan şumer ata-babalarymyz 4-4,5 müň ýyl ozal öz döwri üçin kämil hat-ýazuwyň eýesi bolupdyrlar.

Dünýä belli alym W.I.Sarianidiniň şumer türkmenleriniň edebi mirasynyň şöhlelenmesiniň Garagumyň jümmüşinde gadymy ata-babalarymyza degişli gap-garçlarda, gadymy döwürde ýaşan gowaklarynyň ýüzüne ýazylan ýazgylarda barlygy hakynda getiren mysallary muny tassyklaýar. Şumer türkmenleriniň döreden hat ýazuwy biziň III-nji ylanylan elipbiýimizdir.

Wagtyň geçmegi bilen pederlerimiz kämil hat-ýazuw döredipdirler. Ol üç müň ýyllap ulanyşda bolupdyr. Bu hakda şaher Andalyb “Oguznama” eserinde maglumat berýär: Ýaşyn üç müňden aşyp, törtge mündi,

Bu ýaşda çekmediň renji-yzany,

Oguz öwladyndan aýradyň indi,

Ki bizlerge goýup matam-gazany.

Şahyr Şeýdaýy “Göze ýigrim bäş” diýen goşgusynda:

Ýedisinden owaz çykyp,

On sekiziň tartar çekip,

Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,

Geçirdik gözel ýigrim bäş, diýip belleýär.

Bu üç müň ýyllap ulanan elipbiýimiziň 25 harpdan – 7 çekimli, 18 çekimsizden ybaratdygyny ýazýar. VII asyryň ortalaryna Türkmenista arap medeniýeti hem elipbiýi aralaşýar. Takmynan, VIII asyryň başyna çenli arap elipbiýi ýerli hat ýazuwy gysyp çykarýar. Arap elipbiýiň ornaşan döwründen Oguz elipbiýimiziň ulanyşda bolan üç müň ýylyny aýyrsak, b.e. öňki 2250-nji ýylar töweregine gabat gelýär. Bu sene Altyndepe şäher döwletiniň döremeginiň (b.e. öňki 2100-1800 ý), öň ýanlarydyr. Beýik Serdarymyzyň Ruhnamasynda şöhlelenişi ýaly, Oguz han şalygy pederlerimiziň bäş müň ýyl mundane ozal guran döwletidir. Andalyp bilen Şeýdaýynyň maglumatlarynda elipbiýinyň harplary sany çapraz gelýär (birinde 24, ikinjisinde 25 harp). Olaryň her haýsy aýry-aýry türkmen elipbiýlere hakynda maglumat beripdir. Aň-bilimiň, ýöredilýän syýasatyň özgermegi bilen elipbiý hem ýütgäpdir. Andalybyň maglumat beren 24 harpdan ybarat elipbiýi Altyndepe şäher döwleti döwründe ulanylan hat-ýazuwy bolup ol elipbiý biziň 4-nji hat-ýazuwymyzdyr.

Altyndepe şaher döwletiniň öz döwri üçin ösen medeniýetiň, sungatyň mekany bolandygyny dünýä belli alym W.Masson hem onuň kakasy doly subut etdi. Has gadymy döwürde türkmen dilinde “w, ä, ž, j, d” ýaly sesler bolmandyr. Elipbiý kem-kemden kämilleşipdir. Öň şöhlelendirilmedik sesleriň ýüze çykmagy bilen gadymy oguz türkmen elipbiýi täze harplar bilen baýlaşdyrylypdyr.

Biziň 25 harpdan ybarat oguz türkmen elipbiýimiz pederlerimiziň döreden 5-nji hat-ýazuwydyr. Bu elipbiýimiz häzir ýitip gidenem bolsa, aslyňda üç müň ýýl ulanyşda bolan hat-ýazuwymyz ähli ýazuw çeşmelerimiziň hamyrmaýasyndan diýmege doly esas bar. Hat-da Şeýdaýynyň maglumat beren gadymy elipbiýimiz hakyndaky “Gözel ýigrim bäş” goşgusynyň ýiten elipbiýimiziň ahy-nalasydygyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem özüniň Ruhnamasynda aýratyn nygtap görkezýär. Mukaddes “Awesta” kitabyny etmek üçin bu kitabyň mirasdüşerleri-türkmenler bu elipbiý bilen 12 müň okuzün hanyna ony ýazyp ýaradypdyrlar.

Dürli sebäp bilen Watanymyzdan göçüp Hytaýda Hun (hytaýça huanhun öküz diýmekdir) şalygyny esaslandran ata-babalarymyzyň ulanan elipbiýi biziň VI hat-ýazuwymyzdyr.

Ata-babalarymyzyň b.e. öňki 242-nji ýylda döreden, 475 ýyl dowam eden Parfiýa şalygy döwründe 24 harpdan ybarat Parfiýa türkmen elipbiýi biziň VII hat-ýazuwymyzdyr.

Parfiýa türkmen şalygy zamanynda dünýä ýüzünde arameý elipbiýi ýorgunly bolupdyr. Şonuň üçin Parfiýa şalygynyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda arameý elipbiýi ulanylypdyr. Parfiýa türkmen şalary Rim, Wizantiýa ýurtlar bilen gatnaşyk edenlerde hat-ýazuw üçin arameý elipbiýini peýdalanypdyrlar. Parfiýa şalygynyň şasy biziň eramyzdan öňki 190-nji ýylda dünýä ýüzünde pulunyň hökümetiniň yktybarlylygyny güýçlendirmek maksady bilen ýüzüne arameý elipbiýi bilen ýäzylan altyn şaýlyk pullary zikgeledipdir. Şonuň üçin Parfiýa türkmen şalygynda ulanylan arameý elipbiýi biziň VIII hat-ýazuwymyzdyr.

Parfiýa türkmen şalygy dargasada, Zerdosyň wagyz eden ýeke hudaýlylyga esaslanan diňi dördünji asyrda Sasanylar döwletiniň döwlet dini bolupdyr. Hut şol döwürde asly Merwden Adrebit Mahrasianda diýen adam tarapyndan 32 çekimsiz, 14 çekimli jemi 46 harpdan ybarat Awesta elipbiýi döredilipdir. Awesta elipbiýi diýilmeginiň sebäbi ol elipbiý bilen mukaddes “Awesta” kitabynyň halkyň içinde bar bolan nusgasyny jemläp 21 babdan ybarat “Awesta” kitabyny neşir edipdirler. Şonuň içinem ol elipbiýimiz Awesta elipbiýi diýen adyny alypdyr. Bu biziň IX hat-ýazuwymyzdyr.

Parfiýa tükrmen şalygy ýykylandan soňra, mejbur ýagdaýda watanymyzy terk edip Mongolýadan çäklerinde VI-VIII asyrlarda Oguz-türkmen hanlygyny döreden ata-babalarymyzyň ulanan 24 harpdan ybarat elipbiýi X hat-ýazuwymyzdyr.

Mukaddes Ruhnamada onuň şeýle beýany bar: “Bu daşlarda ýazylan elipbiýiň gadymy türkmen elipbiýidigini we daşlardaky ýazgylaryň, hatlaryň türmenleriňdigini alymlar aňykladylar… Bu ýerde türkmenleriň ýok bolup gitmezliginden söz açylýar, olaryň özbaşdak millet bolmagyna isleg bildirilýär” (147 sah.).

Oguz türkmen geçmeşiniň beýan edýän taryhy çeşmeleriň ählisinde hem häzirki uýgur halkynyň tä XI-XII asyra çenli Oguz türkmenleriň bir taýpasydygyny şek-şübuthesis tassyklaýarlar. Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen millet döredip bilýän halkdyr. Şonuň üçin IV-V asyrda döräp, tä giçki orta asyra çenli (XVI-XVII a.) dowam eden uýgur elipbiýi biziň ata-babalarymyzyň XI hat-ýazuwydyr. Ol elipbiý bilen Oguznama we beýleki eserler ýazylypdyr.

VII-VIII asyryň başlarynda ata-babalarymyzyň ulanyp başlan arap elipbiýi biziň XII hat-ýazuwymyzdyr. Bu elipbiý bilen ata-babalarymyzyň VII- X asyrdaky ýazyjy şahyrlarynyň eserleri bize gelip ýetipdir.

Ata-babalarymyzyň araplaryň gelmegi bilen arap elipbiýini ulanyp başlanam bolsalar, olar arap elipbiýini özlerine şol durşuna kabul etmändirler, çüňki, araplarda 28 harp, biziň arap elipbiýine esaslanýan elipbiýimizde bolsa 30 harp bar. Has dogrusy, arap elipbiýine “ň, p” sesleri goşulyp, bu elipbiý tükrmen diliniň kada-kanunyna tabyň edilipdir. Orta asyrlarda ulanylan türkmen elipbiýi bilen arap elipbiýiň arasynda Ýer bilen Asman ýaly tapawut bar. Birinjiden, türkmen elipbiýinde arap elipbiýiniň iki ses artdyryp, ikinjiden, arap elipbiýinde çekimli sesler uly ähmiýete eýe bolmanlygy üçin, ýazuwda kän bir şöhlelendirilmäň soň ýazuwda astyn-üstün köp ulanylýar. Munuňam üstüsine, arap diline uzun çekimli häsiýetli däl. Emma türkmen dilinde çekimli sesleriň ähmiýeti uly bolanlygy üçin, ýazuwda ýörite şöhlelendirilipdir. Şonuň üçin arap elipbiýine esaslanýän türkmen elipbiýi, ýa-da halkymyzyň içinde atlandyrylyşlary ýaly, köne türkmen ýazuwy biziň XIII hat ýazumyzdyr. Bu elipbiý XI asyrdan, has döwrüsi, Gaznawy, Seljuk türkmenleriniň zamanynda tä 1928-nji ýyla çenli dowam etdi. Şol sebäpli biziň bu elipbiýimizde iň kämil hem iň köp edebi mirasymyz bar.

Halkymyz 1928-1940-nji ýyllar aralygynda latyn elipbiýinden paýdalanylypdyr. Bu elipbiýi XIV elipbiýimizdir.

1940-nji ýyldan 2000-nji ýylyň 1-nji Türkmenbaşy aýynyň çenli ulanylýan kirillisa elipbiýimiz biziň XV hat-ýazuwymyzdyr.

1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-nde Türkmenistan Garaşsyz döwlet boldy. Garaşsyz döwletiň özüniň milli nyşanlarynyň, diliniň, elipbiýiniň bolmagy hökmanydy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň permany bilen Türkmen milli dölwet elipbiýi döredildi. 2000-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den ulanyşa giren milli elipbiýimiz biziň XVI hat-ýazuwymyzdyr. Şeýlelikde, türkmen halky şu güne çenli, bize elýetirli bolan maglumatlara görä, 16 sany elipbiýden peýdalanypdyrlar.