GALYNDY ÝAZGYLARY BARADA UMUMY MAGLUMAT. Dünyäniň dürli sebitlerindãki çökündi gaýalar we bularyň saklan galyndylary gözden geçirilip Ýerşarynyň geologik geçmişi bäş uly bölüme aýrylandyr. Bu döwürler hem öz aralarynda birnäçe döwürlere bölünerler.

Mälim bolşy yaly gadymy döwürlerde yaşan janlylaryň dürli şekillerde goranylyp günümüze çenli gelip yeten artyklaryna galyndy diyler. Galyndy yazgylary hem birnäçe topara ayyrmak mümkin:

a) Organizmyň bütin bölekleri goranylyp şu günlere çenli gelip ýeten galyndylar. Käbir arçalaryň çykaryan kanifolynyň içine gömülen kiçi siňek yada mör möjekler bozulman galyp bilerler. Wagtyň geçmegi bilen ýantar halyna gelen bu sekresiyalaryň içinde bakteriyalar yaşap bilmez we bu madda janlynyň bozulmagynyň hem öňüni alar. Netijede milyonlarça ýyl öň yaşan janlynyň hiç üytgemedik haly şu günlere çenli gelip yetip biler.

b) Ýazgy galyndylary. Organizmyň bölünmäge dayanykly gabyklary, süňk we dişleri goranylyp saklanan bolup biler.

c) Daşlanan ýazgylar. Organizmleriň käbir bölekleri, meselem ýerasty suwlar yaly daşky gurşawyň täsirleri bilen erär. Bu ereyän yerlere kalsit, dolomit yaly maddalar dolar. Bu hadysa  "petrifaction" diyler. Bu hadysa saýasynda organizm daşlanan hala geler.

d) Galyndy yzlary. Galyndynyň diňe yzy görnüp bilner. Meselem palçyklaryň daşlanmagy döwründe kämahal şol yerde gezen janlynyň ayak yzlary galyp biler. Esasan galyndylar sedimentleriň içinde tapylar. Sediment gaýalaryň emele gelmeginde eroziya, daşlanma yaly faktorlar möhüm rol oynar. Bularyň ayrylmagyna bolsa yagyş, doňmak, eremek, yagmyr we siller yaly hadysalar sebäp bolar. Şeylelikde kiçi böleklere ayrylan gayalar suw, yagmyr we buzluklar bilen uygun yerlere baryp biriger. Bu çökündiler sement maddalary yada basyş güyji bilen gatylaşdyrmak arkaly sedimenter gaýalar halyna getiriler. Deňizlerde yaşayan organizmlaryň gaty bölekleri olaryň ölüminden soňra çökündiler içinde galyp goranylan bolup biler.

Yyllar geçdigiçe içinde galyndylar gömili bolan çökündi gatlaklar beyleki ýataklar bilen örtüler. Galyndylar yuwaş yuwaş dürli galyňlykda agyrlyklaryň aşagynda gömili galar. Wagt içinde kãbir geologik faktorlaryň täsiri bilen düypdäki gayalaryň deňiziň üstüne çykmagy yada bar bolan gaýalaryň deňiziň düybüne batmagy gatlaklar taydan birnäçe garyşyklara we nogsanlyklara yol açar. Hemem yer gabygy ýarylmalary sebãpli kämahal yaşly gatlaklar, yaş gatlaklaryň üstüne çykar.

Indeks galyndylar. Sedimenter çökündiler içinde bar bolan galyndy görnüşlerine görä klassifikasiya ediler. Belli bir organizmyň belli bir wagtda galynda öwrülendgi kabul ediler. Munyaly galyndylara indeks galyndylar diyler. Bular ewolyusionistler tarapyndan galyndylaryň yaşyny ölçemekde ullanylar. Meselem haysyda bolsa bir gaýa belli bir Trilobit galyndylary özünde saklayan bolsa Kembriý ýaşly galyndy diylip dykgata alynar.

Kembriy janlylarynyň ewolyusion gipotezany krizisa saljagy mälimdi. Charles Doolittle Walcott atly ewolyusionist poleontologyň hem şu sebäpden Kanadanyň Burgess Shale sebitinde geçiren barlaglary netijesinde tapan Kembriy galyndylaryny gizlemäge karar berendigi bellenilyär. Netijede Kembriy galyndylary 70 yyllap gizlenip saklanyp, diňe 1985-nji yylda muzeýyň arhiwleriniň täzeden barlanylmagy esasynda yüze çykandyr. Ysraýylly alym Gerald Schroeder bu hadysany şeyle suratlandyrýar:

"Eger Walcott islesedi galyndylar üstünde işlemek üçin bir talyplar goşununy iberip bilerdi. Yöne (ol) ewolyusion gämini batyrmazlygy seçdi. Bugün Kembriy döwri galyndylary Hytayda, Afrikada, iňlis adalarynda, Şwesiyada hemem Grenlandiyada tapylan ýagdaydadyr. (Kembriy döwründäki partlama) dünyä üstünde bolup geçen hadysadyr. Yöne bu adatdan daşary partlamanyň tebigatyny ara alyp maslahatlaşmazdan ozal maglumatlar gizlenipdi."

Gerald Schroeder, "Evolution: Rationality vs. Randomness", http://www.geraldschroeder.com/evolution.html Archived 2009-04-20 at the Wayback Machine..