Open main menu

Wikipediýa β

Garaşsyz yurdumdyr egsilmez bagtym- dillerde dessandyr gozel paytagtym!

BMG-synyň bütindünýä şäherler gününe bagyshlanyp

Garaşsyz yurdumdyr egsilmez bagtym- dillerde dessandyr gozel paytagtymEdit

Gaýtalanmajak gözelligi, kalbyňa mukam bolup siňýän nuranalygy bilen aklyňy haýran edýän mermer säher Ashgabat öran ýash säherleriň biri. Şoňa garamazdan merjen paýtagtymyz öz gözbashyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Adyndan belli bolşy ýaly, Aşgabat aşyklaryň şäheri diýmegi aňladýar. Arap sözi “eşh” dan gelip çykan türkmen sözi “aşk”, “söýgi”, “mähremlik” diymegi aňladýar. “Abat” sözi bolsa, “parahat”, “asuda” diyen manyny berýär. “Aşk” sözüniň gelip çykyşy barada ýene birnäçe taryhy çeşmeler bar. Käbir alymlar bu sözi gadymy Gündogar rowaýatlarynda gabat gelýän, söýginiň we hasyllylygyň hudaýy hasaplanan Astartyň hem-de ermenileriň taryhy çeşmelerinde Aşk I ady bilen belli bolan, Parfiýa şasy Arşak I-iň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Nusaýyň patyşasy Nurahmediň gyzy bilen Änewiň hökümdary Pirahmediň ogly bir-birine aşyk bolupdyrlar. Özlerine näme garaşýandygyny duýan aşyk-magşuklar çölde gizlenipdirler we suwsuzlykdan ejir çekip Köpetdaga gelipdirler we bir guýy tapypdyrlar. Emma guýy bireýýäm guran eken. Ýaňky aşyk-magşuklar ýollaryny dowam edipdirler ýolda olar bir dag çeşmesiniň üstünden barypdyrlar. Emma bu dag çeşmejigi hem iň soňky pursatda bugaryp asmana galypdyr. Ýaňky aşyk ýigit çeşmäniň gözbaşyny gazmaga başlapdyr. Muňa bolsa hudaýyň gahary gelip, ajalyň perişdesi Ezraýyl perişdäni bularyň yzyndan iberipdir. Bu ýaş juwanlaryň janyny almana gelen Ezraýyl perişde şagyzyny görüp oňa aşyk bolupdyr we öz niýetini ýatdan çykarypdyr. Edil şol pursatda ýaňky aşyk ýigidiň gazyp oturan ýerinden suw joşup çykypdyr. Aşyk- magşuklar öz durmuşlaryny halas eden täsin çeşmäniň boýnunda mesgen tutmagy makul bilipdirler. Bu wakany eşiden adamlar, Ezraýylyň rehimini gazanmak umydy bilen, bu ýaş juwanlara goşulypdyrlar. Şeýdibem aşyklaryň şäheri Aşgabat döränmişin. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden başlap, paýtagtymyzyň şöhratly taryhynda täze bir sahypa açyldy. Sanlyja ýyllaryň içinde gözel paýtagtymyz täze syýasy merkez hökmünde, keşbini hasda gözelleşdirip, ösen infrastrukturany döretmekde maksada okgunly ädim ätdi. Örän gysga wagtyň içinde, Aşgabatda we onuň töwereklerinde, üýtgeşik we täsirli gurluşyklar peýda boldy. Soňky ýyllarda şäheriň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döretmek bilen, binagärlik sungatynyň eserleri türkmen paýtagtynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen halkynyň asyrlar boýy arzuw edip ýeten Garaşsyzlygynyň, hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde batly depginde ösyän paýtagtymyz bu gün parahat ýurdumyzyň dünýa tarapyndan ykrar edilen syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeniýet merkezine öwrüldi. Öziniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we asuda, durnukly içerki syýasaty bilen özini dünýä tanadan ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat häzirki wagtda yklymda parahatçylygyň, zähmetsöýerligiň ojagy hasaplanýar.Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda millilik we döwrebaplyk äheňinde utgaşdyrylan binagärlik sungaty bilen haýran galdyrýan, gün-günden gözelleşýän ak şäherimiz Aşgabady görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Orta Aziýanyň merjeni saýylýan paýtagtymyzyň täsin binalarynyň ençemesiniň- Oguzhan suw çüwdürimler toplumynyň, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň, 133 metr belentlikde parlaýan Baş Baýdagymyzyň, “Älem” medeni-dynç alyş seýilgähiniň çarhynyň dünýä täsinlikleriniň hatarynda Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilmegi külli türkmen halkynda egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi. Ine, bu sanawyň üstüne bolsa ýakynda eziz Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Aşgabat Halkara Howa Menziliniň ajaýyp desgasy hem “Iň uly göl” diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy bilen goşuldy. Döwrebap Aşgabat şäheri binalary ak mermerden gurlan. Dynç almak üçin ýörite seyilgähler, çagalar meýdançalary, medeni- dynç alyş merkezleri öziniň ajaýyplygy bilen haýran edýär. Dürli öwüşginli suw çüwdürimleri rahatlandyryjy keýpiň göteriji täsirini ýetirýär. Ajaýyp köşkler, ýadygärlikler, myhmanhanalar, metjitler, edil zergärçilik eserleri ýaly gözüňi galkyndyrýar. Aşgabat öziniň gözel tebigaty bilen görenleri haýran edýär. Milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy, paýtagtymyzy ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris