Garaşsyzlygyň gadamlary

GARAŞSYZLYGYŇ GADAMLARY.

“Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň aýda ýyllyk ýoly alyp, baý, ösen döwlete öwrülip barýandygyny körler hem gördi, gözlüler hem”.

(Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy)


Gadymyýetde adamzat gymmatlyklaryny dörediji halk bolan türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk baý taryhy bar. Şu uly taryhy eýýamda Türkmen taryhyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamy diýen at bilen giren Garaşsyz eýýamynyň aýratyn orny bar. Bu gysga taryhy döwürde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baştutanlygynda “aýda ýyllyk ýoly alyp” asyrlara barabar ýoly geçdi. Görülip – eşidilmedik derejede durmuş-ykdysady ösüşler gazandy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli üns berildi. 1991-2001-nji ýyllaryň aralygynda Ahal welaýatynda 134 sany, Balkan welaýatynda 123 sany, Daşoguzda 98 sany, Lebapda 169 sany, Maryda 90 sany önümçilik maksatly desgalar guruldy. Durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygy-da üns merkezinde boldy.

Eger-de ýurdumyzda Sowet häkimetiniň ýyllary içinde 1924-1990-ýyllarda 115 sany önümçilik maksatly desgalar işe girizilen bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda (1991-2002 ý.ý.) ýa-da diňe 10 ýylda işe girizilen önümçilik maksatly desgalaryň sany 698-e ýetdi. Munuň özi sowetler zamanynda arzuwda edip bolmajak derejedäki ösüşdir. Türkmen halkynyň gysga taryhy döwürde Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň töweregine mäkäm jebisleşip özüniň Altyn asyryna batly gadamlar bilen barýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Nebit, gaz öndürmekde hem görülip-eşidilmedik derejede üstünlikler gazanyldy. Eger 1990-njy ýylda bary-ýogy 3 million tonna nebit öndürilen bolsa 2002-nji ýylda 10 million tonna türkmen nebiti öndürildi. 10 ýylyň dowamynda daşky söwda görülip-eşidilmedik derejede ösdi. Bu görkeziji 2002-nji ýylda 5;5 milliard amerikan dollaryna golaýlaşdy. Türkmenistan diňe Ukraina her ýylda 60 mln. dollarlyk gaz satýar.

Garaşsyzlygymyzy alan döwrümizde ýagny 1991-nji ýylda Türkmenistanda adam başyna öndürýän önümimiz bary-ýogy 80 dollara barabar bolan bolsa, eýýäm 2000-nji ýylda adam başyna öndürilýän önüm 4800 amerikan dollaryna ýetdi. Geçen II ýylyň içinde Türkmenistan ýekeje döwletden hem elini serip hemaýat islemedi.

Häzirki döwürde Türkmenistan öňki SSSR-iň düzümine giren döwletleriň köpüsine ýangyç berip hemaýat edip, dünýäde howp salýan energetiki krizisiň öňüni almaga uly ýardam edýär. Türkmenistana alýan ýangyjy üçin bergili döwletler-de bar. Mysal üçin diňe bir Gürjüstanyň biziň döwletimize bergisi 300 million amerikan dollaryna barabardyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin her ýyl ummasyz serişdeler gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan fabriklerdir, zawodlardan, gara, demir ýollardan, bina edilýän belent ymaratlaryň sany-hasaby ýok. Olaryň hataryna Aşgabatdan Daşoguza çenli gurulýan demir we gara ýollary, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilýän işleri, bu ýerde gurulýan täze zawodlary, fabrikleri goşmak bolar. Ýurdumyzda gurulýan ajaýyp desgalaryň hasabyna türkmen kölüniň gurluşygyny-da goşmak zerurdyr. Şu günki günde Aşgabadyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň özgerýän keşbi-de görenleri haýran galdyrýar.

Azyk senagat önümçiligi hem güýçli depginler bilen ösmekligini dowam etdirdi. 1991-nji ýylda 450,0 müň tonna un öndürilen bolsa 1999-njy ýylda 512,7 müň tonna ýetdi.

Senagat önümçiliginiň möhüm görnüşleriniň öndürijiligi has çalt depginler bilen ösmekligini dowam etdirdi. Nah mata, nebit, gaz kondensatyny öndürmek boýunça 10 ýylyň içinde güýçli öňe gidişikler gazanyldy.

Oba hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmekde depginler has ýokary boldy. Eger 1991-nji ýylda 205,6 müň tonna bugdaý öndürilen bolsa, eýýäm 1999-njy ýylda bu san 1510,6 tonna ýetdi. Tutuşlygyna däneli ekinleri öndürmekde 9 ýylyň içindäki ösüş 3 esseden-de geçdi. 1991-nji ýylda 516,6 müň tonna däneli ekinler öndürilen bolsa, 1999-njy ýylda 1543, 6 müň tonna ýetdi.

Oba hojalygynyň şaly, et, süýt, ýumurtga, ýüň ýaly pudaklary has çalt depginler bilen ösdi. Seredilýän döwürde gara mallaryň baş sany 1,5 essä golaý ösdi. Düýedarçylygy, atçylygy ösdürmekde hem oňat netijeler gazanyldy. 2002-nji ýylda ýurdumyzyň öri meýdanlarynda 14 mln. dowar bakylýardy.

Türkmenistanyň şu günki ýeten sepgitleri, gazanylan üstünlikleriniň esasynda Beýik Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtly we abadan durmuşy baradaky aladalary dur. Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde “10 ýyl Abadançylyk”, “Galla”, “Täze oba”, “1000 gün”, “Bilim”, “Saglyk” we beýleki Maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň ykdysadyýetini, şeýle hem onuň ähli pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürip hil taýdan özgertmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzdaky asuda we rahat durmuş ykdysadyýeti has gysga möhletde özgertmeklige, onuň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmekligine mümkinçilik berdi. Sowetler zamanynda gutarnykly önüm öndürmeýän Türkmenistanyň senagaty bu gün dünýä derejesine gabat gelýän nebit önümlerini, dokma senagat önümlerini öndürip başlady.

Biziň uly bolmadyk teswirlemämizde getiren delillerimiz Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň aýda ýyllyk ýoly alyp, baý, ösen döwlete öwrülip barýandygyny görkezýän aýdyň subutnamalardyr.