Open main menu

Gara öýli

Umumy maglumatlarEdit

Orta asyr alymlary tarapyndan sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri bolan bu toparyň adyny Mahmyt Kaşgary garabölük (ýagny «garalaryň bölümi»), Reşidetdin we Salar baba garaewli-garaöwli, Abulgazy hem garaöýli görnüşinde ýazypdyrlar. Onuň orny Mahmytda 12-nji, Reşidetdin we Abulgazyda 4-nji, Salar babada bolsa 7-njidir. Reşidetdin bilen Abulgazy garaöýlileri Oguz hanyň birinji ogly Günhanyň 4-nji neberesi hasaplasa, Salar baba ony Oguz hanyň ikinji ogly Aýhanyň üçünji çagasyndan önen il diýip ýazýar. Garaöýli etnoniminiň manysyny Reşidetdin «gara öýli», Abulgazy «her kaýda oltursa, hergäh birlen (ýagny gara öýde) olturgyjy», Salar Baba bolsa «ýolda çerik (goşun) bilen hub ýörür» diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy we ýazyjysy D. Aýtmyradow bu pikirleriň ählisini red edip, garaöýli etnoniminiň «gara saçly» manysynyň tarapyny tutýar, çünki, onuň pikiriçe, uý sözi gadymy türki dillerde, «ýüň», «tüý», ýagny «saç» manysynda hem ulanylypdyr. Bu alym etnonimi gadymy türk erkekleriniň kellesinde saç (gulpak) goýmak däbi bilen baglanyşdyrýar. Bu düşündirişleriň haýsyna ynanmalydygyny, goý, okyjylaryň özi çözsün. Ýöne Abulgazynyň «Türkmenleriň şejeresi» diýen kitabynda garaöýlüler barada köp maglumatlaryň getirilendigini ýatladalyň. Şu kitapda ýazylyşyna görä, Ärsary baýyň gyzy Mamabike Horasandan gaýdanda, 4 ogly we 2 gyzy bolan bir guly we gyrnagy oňa hyzmatkär berýärler. Bu guluň uly ogluna Hydyr-Çora (Hydyr Jora), ikinjisine Aly Jora, üçünjisine Igbeg, dördünjisine hem Kaşga Jora diýýärler. Mamabike garrandan soň, bu gullara uly döwlet we mülk berip, olary azat edýär. Ogullar baýlaşyp, hersi özbaşyna bir iliň taýpabaşysy bolýar. Hydyryň iline hydyrili, Alynyňka一alili, Kaşganyňka garaöýli taýpasy diýen at galýar. Kaşganyň ili Ajydeňziň (Garabogaz kölüniň) ýakalarynda ýaşaýar. Altyn Orda hany Berdibeg 1359-njy ýylda öldürilenden soň, Balkandaky düýeçiler talanýar, garyp düşýär. Kenarda ýaşaýan garaöýlülerden haraý isläp, düýeçiler olaryň ýanyna göçýärler. Ençeme ýyldan soň düýeçileriň sany köpelýär, olar barha gurplanýarlar, emma garaöýliler garyplaşýar. Şol açlyk ýyllarynda bularyň içinde Halyl diýen dogumly ýigit döreýär. Ol garaöýli aksakgallaryny ýygnap, Ärsary baýyň onbegileriniň we ýagşyzadalarynyň huzuryna baryp, şeýle diýýär: «Öň biz siziň hyzmatkärleriňizdik. Häzir garyp düşdük. Sizden uly haýyş: Uly we Kiçi Balkandaky suwly, ekmäge amatly we guşly ýerlerden bize ýer berseňiz. Biz size onuň üçin ýylda näme tölemeli bolsa töläli». Ärsary kethudalary maslahatlaşyp, garaöýlilere, Ärsary babanyň uly Balkandaky 6 akar çeşmesini, 10 höwürtge laçyn, 18 höwürtge ütegli bermegi karar edýärler. Bu zatlar üçin garaöýliler ýylda ekinlerinden alan hasylynyň ýarysyny, agyl (aran) dikmek üçin 2 müň gamyş, 10 uly laçyn, 4 jüre (?) laçyn, 18 uly ütegli 6 saryja (awçy guş) bermeli bolýarlar. Halyl dagy muňa razy bolýarlar, ýöne aw guşlaryny tutmak üçin ýüpleriniň (urganynyň) ýokdugyny, özleriniň hem azyksyz galanyny aýdýarlar. Ärsary kethudalary bulara 100 gulaç ýüp, 6 sany owlakly geçi, iki tulum (meşik) çökelik (çekide) we bir eşek berýärler. Garaöýlüler köp ýyllap bu zatlary ulanyp güzeran görýärler. Taryhçylaryň barlaglaryndan mälim bolşuna görä, XV一XVI asyrlarda düýeçiler Balkan etrapyndan garaöýlileri gysyp çykarýarlar. Garaöýlüleriň köpüsi sakar, galanlary-da ärsary, ýomut taýpalarynyň arasyna siňip gidýär, olaryň garaöýli diýen etnik ady hem taryhyň sahnasyndan düşüp galýar. Sakarlaryň düzümine giren garaöýlülere dagsakar diýen täze etnik at dakylýar.