GARA ASPLENIUM Aspleniumlar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Gadymy ösümlik. Bezeg we dermanlyk ähmiýetli. Gysgaça beýany. Boýy 15–25 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Gysga porrugy guran ýapraklaryň sapajyklarynyň galyndylary bilen örtülen. Ýapraklary çowly ýa-da üçburç-süýnmek şekilli, uçlak we ýalpyldawuk. Ýaprak sapagynyň ýokarky bölegi ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl- goňur, aşaky bölegi gara ýa-da gyzylymtylgara reňkli. Ýaýraýşy. Ýeke-täk duş gelýän ýeri — Günorta- Günbatar Köpetdag (Hasardag gerşiniň Mezetli deresi). Türkmenistandan daşarda — Täjigistan, Özbegistan, Eýran, Ýewraziýa, Krym, Kawkaz, Atlantik Ýewropa, Ortaýer deňziniň günbatary. Bitýän ýerleri. Yzgarly ýerler, dag jaýryklary we çeşmeleriň gözbaşy. Arçalaryň toplumlary. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Sany örän az. 2009‑njy ýylda 10-dan gowragy tapyldy. Esasy çäklendiriji sebäpler. Köp sanly ýolýodalaryň bolmagy sebäpli, dag gaýalaryň opurylmagy, mallaryň bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Sporalar arkaly köpelýär. Ösüşi aprel — iýul aýlarynda dowam edýär. Iýun — iýul aýlarynda sporalary bişip ýetişýär. Ygally ýyllarda gowy ösýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Populýasiýanyň ýagdaýyna gözegçilik etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Görnüşiň täze ösýän ýerlerini gözlemeli, ekologiýasyny we biologiýasyny öwrenmeli. Düzüji O. Ý. Rahmanowa