Gara domalan
GARA DOMALAN Terfeziýalar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi III (VU). Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Türkmenistanda ýaýrawynyň demirgazyk araçäginde ýerleşýär. Iýilýän kömelek. Gysgaça beýany. Hozuň ululygyndaky togalagrak, ýerasty miwe bedeni ilki başda açyk, ýetişenden soň ýapyk görnüşe geçýär. Miwe bedeniniň daşky bölegi garamtyl, derijimek gatlagy emele getirýär. Derijimek gatlagyň ýüzi büdürsüdür ýa-da siňňilli. Kömelegiň etlek dokumasynyň içi mermer daşyna meňzeş agymtyl-garamtyl zolakly we çylgymly. Torbalary cylgymlarda, höwürtge görnüşinde askokarplaryň içinde ýerleşýär. Askokarplar öz içindäki torbalary derjimek gatlagyň kömegi bilen topragyň basyşyndan goraýar. Ýetişen sporalary miwe bedeni doly dargandan soň ýaýraýar. Ýaýraýşy. Köpetdagyň etekleri we dag etek düzlükleri. Türkmenistandan daşarda — Günorta Ýewropa we Demirgazyk Afrika. Bitýän ýerleri. Toýunsow we çägesöw topraklar. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Amatly howa şertlerinde köp gabat gelýär: 2002‑nji ýylda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda 20 m² meýdanda 8–10 sanysy bellendi. Howdan ýolunyň ugrundaky meýdançalarda 1 sagadyň dowamynda 10–15 sanysy ýygnaldy. Soňky ýyllarda ýaýrawy kemelýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Yssy we gurak howa zerarly gyş-ýaz pasyllarynda topragyň çyglylygynyň peselmegi; dag eteklerinde we dag etek düzlüklerinde alnyp barylýan hojalyk işleriniň geriminiň artmagy; gözegçiliksiz ýygnalmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Ösüşi tiz tamamlanýan hakyky efemeroid häsiýetli kömelek. Diňe ygal bol ýagýan ýyllarda (her 10 ýylyň dowamynda 1–2 sapardan ýygy däl) ýaz aýlarynda köpçülikleýin duş gelýär. Birýyllyk domalan oty (Helianthemum salicifolium (L.) Mill.) we türkmen arçasy (Juniperus turcomanica B. Fedtsch.) bilen mikorizany emele getirýän bolmagy ähtimal [3]. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Bitýän ýerleriniň çäklerini anyklamaly we ol ýerlerde gorag düzgünlerini berk berjaý etmeli. Ýaýran ýerlerinde alnyp barylýan hojalyk işlerini çäklendirmeli. Gözegçiliksiz ýygnalmagynyň öňüni almaly, ilat arasynda düşündiriş işlerini ýaýbaňlandyrmaly. Barlaglar boýunça teklipler. Biologiki we ekologiki aýratynlyklaryny giňişleýin öwrenmeli. Täze bitýän ýerlerini ýüze çykarmaly. Ösümlikler bilen mikoriza emele getirmek mümkinçiliklerini anyklamaly. Düzüjiler: I. P. Frolow, B. R. Imamgulyýew