Garagulak ýabany pişikleriñ iñ kiçijigi Afirkanyñ günortasynda ýaşaýan gara aýak pişikdir. Onuñ boýy 50 sm, agramy 1.5-2 kg barabardyr. Garagulak bolsa iñ iri pişikleriñ hataryna degişli bolup, onuñ boýy 65-82 sm, agramy bolsa 11–13 kg deñdir. Daşky görnüşi boýunça garagulak geçigaplaña meñzeşdir, ýöne ondan has owadandyr. Garagulak özüniñ inçe bedeni, sypaty, uzyn inçe aýaklary, uzyn guýrugy bilen öz kowumdaşlaryndan tapawutlanýar. Bedeni gysgajyk tüýler bilen örtülendir, olaryñ birmeñzeş sarymtyl-çägesöw reñkleri bardyr. Aýaklarynyñ aşak eteklerinde gaty tüýleri bar, olar bu haýwanyñ çägeli ýerlerde tiz hereket etmegini añsatlaşdyrýar.
Garagulagyñ gulaklarynyñ daş gyrasyndaky garaja tüýler we agyzdyr burnunyñ daş-töweregindäki gara çyzyklar, ýanyp duran ullakan gözleri, ony has haýbatly görkezýär. Onuñ gulaklarynyñ ujunda uzyn gara tüýler bar. "Garagulak" ady hem şondan gelip çykypdyr.
Garagulagyñ ýer ýüzünde sanynyñ juda az bolmagy, munuñ üstesine-de onuñ örän hüşgärligi we gizlin ýaşaýyş ýagdaý şu wagta çenli onuñ biologiýasyny we ýaşaýyş aýratynlygyny doly öwrenmäge päsgelçilik beripdir. Bu haýwan ýatmak üçin köplenç oklukirpiniñ we tilkiniñ hinlerini peýdalanýar. Ýylyñ ähli pasyllarynda gündizlerine ýatyp, gijelerine aw awlamaga çykýar. Diñe ýaz aýlarynyñ kä günlerinde hinden çykyp, gyrymsy agaçlaryñ aşagynda bukulyp, awuna garaşyp ýatýar. Öz awuny örän işjeñ gözleýär we yzarlaýar. Garagulaklaryñ aýaklary uzyn bolsa-da, uzak uzak aralyklara ylgap bilmeýär, şonuñ üçin hem ol bukuda gizlenip ýatyp, soñ çalasynlyk bilen awunyñ üstüne bökýär. Dört-bäş metr aralyga bökmegiñ hötdesinden gelýär. Şu häsiýeti oña hatda tiz ylgaýan haýwan bolan towşanyñ yzyndan ýetmäge-de mümkinçilik berýär.
Garagulagyñ "ýyldyrym çaltlygyndaky" hereketi görenleri haýran edýär. Ol bukuda ýatan wagtynda golaýyna guş sürüsi gelip gonsa, olaryñ üstüne böküp, uzyndan-ýiti dyrnaklarynyñ kömegi bilen yzly-yzyna birnäçe guşy tutup alyp galyp bilýär. Garagulagyñ esasy iýmiti alakalar, ýalmanlar, syçanlar, towşanlardyr. Şeýle hem kirpini, oklukirpini, süýrenjileriñ we ownuk mör-möjekleriñ köp görnüşlerini tutup iýýär. Onuñ özi ýaly ýyrtyjy haýwanlara, keýiklere, şeýle hem mallara we öý towugydyr guşlaryna tipulyp, olary tutýan halatlaryna gabat gelinýär. Garagulak tomsuñ yssy günlerinde suwy köp içýär. Şol sebäpli ol suwly ýerleriñ golaýynda ýaşaýar.

Salgylanma

düzet

http://turkmen.wap.ug[permanent dead link] saýtyndan göçürilip alyndy.