Garlyk dadrany
(Melanoides)
Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýän Garlyk dadrany düzlüklerdäki gyzgyn çeşmeler we olaryň emele getirýän ýyly suwly bulaklarynda ýaşaýarlar. Jandarlar ýelmeşip ýaşaýan bakteriýalaryň toplumy, mikrosuwotylar bilen iýmitlenýär. Hoja Gaýnarbaba gyzgyn suw çeşmesinde ýaşaýan jandarlaryň daşky görnüşi minara şekilli, balykgulak ýaly gaty örtükli bolup, bu «minaranyň» aýlawlary inine we boýuna giňelýär. Bu jandarlaryň ömrüniň dowamlylygy bolsa 5一8 ýyl töweregidir. Garlyk dadrany Köýtendag döwlet goraghanasynyň Garlyk çäkli goraghanasynda goralýar. Şeýlelikde, Hoja Gaýnarbaba suw çeşmesini hapalamakdan goramaly. Molýuskalary ýygnamak gadagan edilendir. Hoja Gaýnarbaba çeşmesinde ýaşaýan Garlyk melanoidi diýlip atlandyrylan molýuska Türkmenistanyň gyzyl kitabynda we halkara tebigaty goramak guramasynyň Gyzyl kitabyna girizildi.