Garnaýakly molýuskalar adaty howdançy, kiçi howdançy, üzüm ulitkasy we nemlijeler degişlidir. 1982-nji ýylda Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinde Garagum derýasynda dişsizjäniň şu derýa boýunça Aşgabadyň çäklerine çenli ýaýrandygy hem doly anyklanyldy. Bu molýuskanyň Garagum derýasy boýunça Aşgabadyň çäklerine çenli ýaýeandygy hem doly anyklanyldy. Bu molýuskanyň Garagum derýasy boýunça ýakyn ýyllarda Günbatar Türkmenistana hem ýaýramagy mümkin. Dişsizje zyýansyzdyr. Emma onuň liçinkasy balyklaryň muguthory. Dişsizje molýuskanyň köp sanly osoblary 1961 一1963-nji ýyllarda uzak gündogardaky Amur derýasyndan ot bilen iýmitlenýän ak amur we kütümaňlaý balyklar bilen tötänlikde getirilip, Garagum derýasynyň ýokarky akymyna goýberilendir. Bu ot iýýän balyklar Garagum derýasyny suwotulardan arassalamak maksasy bilen getirildi. Dişsizje molýuska Türkmenistana bilinmän getirilse-de ýurdumyzyň ösümlik dünýäsine onçakly zyýanly däldir. Molýuskalardan adaty howdançy we kiçi howdançy suwda, üzüm ulitkasy we nemlijeler bolsa gury ýerde ýaşaýarlar. Howdançy molýusklar iki sorujyly bagyr sorujysynyň aralyk eýeleri bolanlary sebäpli zyýanlydyr. Üzüm ulitkasy günorta ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Ol üzüm ýapragy we käbir beýleki ösümlikler bilen iýmitlenýär. Üzüm ulitkasy üzüm üçin zyýanly hasaplanýar. Nemlijeler balykgulaksyz bolup, beden üsti nem bilen örtülen. Nem olary guramakdan gorap saklaýar. Nemlijeler çygly gurşawda ýaşaýarlar. Olar ekin üçin zyýanlydyr. Garnaýakly Molýuskalaryň örän köp görnüşleri deňizlerde ýaşaýarlar.