Gatlama
Gatlama — Un, suw we duz goşup, petir hamyr taýýarlamaly. 30-40 minut demini alandan soň ýuka gatlaklara ýaýmaly, ösüm- lik ýagyny çalmaly, soňra gatlamaly, 100-150 gr. böleklere bölmeli we 1,5-2,0 sm. galyňlykda ýaýmaly. Taýýar bolan gatlamanyň iki tarapyny hem saçda ýa-da uly bolmadyk gazanda gyzardyp bişirip almaly hem-de gyzgynlygyna äbermeli.
Gatlaklarynyň köp bolmagy üçin ýaýylan hamyry birnäçe gezek ýaglamak we ýaýmak bolar. Taýýar gatlama sowamanka üstüne şeker sepmeli. Taýýarlamak üçin 2 kg. un, 1,5 nahar çemçesi duz, ýaglamak üçin 1 bulgur ýag gerek bolýar.