GAZAWAT GYRGYNÇYLYGY

XIX asyryň ortalarynda Hywa hanlygynda 35-40 müň öýli türkmen ýaşapdyr. Olar hanlykda ýaşaýan ähli ilatyň 24-26%-ini düzüpdir. Türkmenler sanynyň azlygyna garamazdan, ozalkylary ýaly Hywa hanlygynyň syýasy we harby durmuşynda uly orun eýeläpdirler. Hywa hanlary ol ýerde ýaşaýan türkmenleri hiç wagt özlerine doly boýun egdirip bilmändirler. Patyşa Russiýasynyň goşunlary Hywa çozanlarynda olara garşylyk görkezen esasy güýç türkmenler bolupdyr.

1873-nji ýylyň mart aýynda patyşa goşunlary Hywa hanlygyny basyp almak üçin üç tarapdan hüjüme geçýär. Harby toparlaryň hemmesine Türküstan general-gubernatory fon Kaufman ýolbaşçylyk edýär. Birnäçe gezek çaknyşanlaryndan soň, patyşa goşunlary 1873-nji ýylyň 29-njy maýynda Hywa galasyny eýeleýär. Hywa hany patyşa hökümetine boýun egse-de, türkmenler oňa tabyn bolmak islemändirler. Hywa hanlygynyň basylyp alnyşy hem-de Gazawat söweşi barada gürrüň berýän taryhy çeşmeler köp. Olaryň arasynda wakalary gözi bilen görüp, anyk maglumatlar esasynda ynamdar beýan eden iki awtoryň işleri has möhümdir. Birinjisi, Hywa taryhçysy Muhammet Ýusup Beýanynyň «Şejerei Horezmşahi» diýen golýazmasydyr. Ikinjisi bolsa Hywa söweşlerine synçy hökmünde gatnaşan «Nýu-Ýork gerald» (New York Herald-Tribune) atly amerikan gazetiniň habarçysy Artur Ýanuarius Mak Gahanyň «Военные действие на Оксусе и падание Хивы» («Oksusdaky (Amyderýanyň boýundaky) harby hereketler and Hywanyň syndyrylmagy») diýen kitabydyr. Olar patyşa Russiýasynyň dolandyryjy toparlaryna garaşly bolmadyk bitarap awtorlar hökmünde wakalary hakykata has golaý beýan etmäge çalşypdyrlar.

Patyşa goşunlary Hywany eýeländen soň, hanyň ýanynda maslahatçy edara - diwan döredilýär. Diwanyň düzümine ýerli han-begler bilen birlikde patyşa hökümetiniň hem wekilleri gityär. Patyşa hökümetiniň wekilleri Hywa hanynyň alyp barýan syýasatyny öz maksatlaryna gönükdiripdirler. Hywa hany Seýitmuhammet Rahym II patyşa hökümetiniň öňünde özüni «ak guş» edip görkezmek üçin, türkmenlere sürtüp bilen garasyny sürtüpdir. Türkmenleri rus-hywa harby çaknyşyklarynyň esasy günäkäri hökmünde häsiýetlendiripdir.

Hywa hanlygynda türkmenleriň aýratyn orun eýeleýändigi sebäpli, patyşa goşunynyň baştutanlatynyň arasynda «türkmen meselesi» diýilýän mesele ýüze çykypdyr. Olar geljekde Hywa hanlygyny Russiýanyň tabynlygynda saklamak iiçin, onda esasy güýç bolup durýan türkmenleri boýun egdirmeli diýen netijä gelýärler.

Patyşa goşunlarynyň baştutany K.P. Kaufman türkmenleri boýun egdirmegi, olardan ujypsyz bahadan azyk harytlaryny salgyt hökmünde rus düşelgesine (lagerine) hökman getirmegi talap etmekden başlaýar. Türkmenler bu görkezmäni ýerine ýetirmeýärler. Sebäbi olarda ätiýaçlyk galla ýokdy. Muňa gahary gelen K.P. Kaufman türkmenleri ykdysady taýdan has çykgynsyz ýagdaýa salmak üçin, olara 610 müň rus rubly möçberinde harby salgyt (kontribusiýa) salypdyr. Salgydy tölemegiň möhleti iki hepde diýlip bellenilipdir. Munça mukdardaky harby salgydy gysga möhletde tölemäge türkmenleriň mümkinçiligi bolmandyr.

K.P. Kaufman özüniň harby salgyt baradaky kararyny berjaý etdirmek üçin iýul aýynyň 5-inde gazawatly türkmenlerden 17 kethudany Hywa çagyrýar. Şonda kethudalar salgydy tölemek üçin birneme wagt berilmegini haýyş edipdirler. Emma olaryň haýyşy kanagatlandyrylmandyr. Çagyrylan kethudalaryň 5-si yzyna iberilýär, galan 12 kethudany Kaufman girew hökmünde alyp galýar.

Şeýle agyr ýagdaýdan çykalga tapmak üçin gazawat (häzirki Görogly (Tagta) etrabyndaky) türkmenleri maslahat çagyrýarlar. Çykalga ýokdy. Şoňa görä-de, ýeňişe uly ynam bolmasa-da, patyşa gosunlaryna gaýtawul bermäge synanyşyk etmelidi. Kaufmanyň maksady bolsa türkmenlere rus ýaragynyň güýjüni görkezip, olary aňsat aýňalyp bilmez ýaly, agyr jeza bermekden ybaratdy. Hywa hany Seýitmuhammet Rahymyň hem isleg-arzuwy şoldy. Şeýlelikde, gazawatly türkmenleriň garşysyna guralan jeza beriji ýöriş hut hanyň gep bermegi bilen guralýar.

General Kaufman salgyt tölemegiň möhletiniň gutarmagyna hem garaşman, türkmenleri jezalandyrmak maksady bilen ýörite iki sany jeza beriji topar düzýär. Olaryň birine general Golowaçýow, beýlekisine bolsa Kaufmanyň özi ýolbaşçylyk edýär. Golowaçýowyň baştutanlygyndaky jeza beriji toparyň düzüminde 8 pyýada rota, 800 atly goşun, 10 sany top we başga-da dürli harby enjamlar bardy. Kaufmanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzüminde 10 rota, 8 top, ep-esli kazak atlylary bolupdyr. Golowaçýowyň baştutanlygyndaky topar Gazawat kanalynyň boýunda (häzirki Görogly (Tagta) etrabynda) ýaşaýan türkmenleriň üstüne iberilýär. Kaufmanyň öz topary bolsa birneme soňrak Ýylanly etrabynyň töwereklerinde ýaşaýan türkmenlere tarap ugraýar. Goşun bölümleriniň ýanynda ýörite salgyt kabul ediş toparlary hem döredilipdir. Bu iki topar 1873-nji ýylyň iýul aýynyň 7-24-i aralygynda örän köp bigünä adamlary gyrypdyr. General Golowaçýowyň baştutanlygyndaky patyşa goşunlarynyň ýetip gelýändigini eşidip, gazawat türkmenleri öz maşgalalaryny halas etmek üçin topar-topar bolup Ysmamyt ata tarap süýşüp ugraýarlar. Söweşmäge ukyply erkek adamlar bolsa, basybalyjylary yzyna serpikdirmek iiçin birnäçe gezek hüjüm edipdirler. Olar batyrlyk bilen söweşipdirler. Her gezegem uly ýitgi çekip, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Patyşa goşunlary türkmenleriň obalaryny, ähli emläklerini, galladyr beýleki azyk harytlaryny otlapdyrlar. Gaçyp barýan bosgunlaryň yzyndan ýetip, olary gyrypdyrlar. Üsti ýükli arabalaryň köpüsini otlapdyrlar. Şol ýeriň golaýyndaky Zeýkeş kölüniň ýanynda türkmenler bilen patyşa goşunlarynyň arasynda gazaply söweş bolýar. Bu aldym-berdimli söweşde Hywa taryhçysy Beýanynyň ýazmagyna görä, aýallar hem çep elinde çagasyny göterip, sag elinde bolsa gylyç bilen düşmana garşy söweşe giripdirler. Bu söweşde iki müňe golaý dürli ýaşdaky adam gyrlypdyr. Olaryň bir bölegi köle gark bolupdyr, bir bölegi bolsa, onuň töweregindäki batgalyklara batyp galypdyr. Wakany gözi bilen gören, amerikaly gazet habarçysy Mak Gahan şeýle ýazýar: «Bütin ýurt ot içindedi. Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim, beýle uruş biziň günlerimizde gaty seýrek duş gelýär». Türkmenleriň aňynda bu aýylganç waka «Gazawat gyrgynçylygy» ady bilen galypdyr.

Golowaçýowyň topary öz harby hereketlerini dowam etdirip, Ýylanlynyň golaýyndaky Çendir obasyna baryp ýetyär. Ol ýerde 1873-nji ýylyň 15-nji iýulynda uly söweş bolýar. Bu söweşe türkmenleriň ýomut, gökleň, garadaşly, çowdur, ýemreli, alili taýpalarynyň wekillerinden ybarat 10 müňe golaý adam gatnaşypdyr. Türkmenler düşmana garşy gaýduwsyz söweşipdirler. Emma duşmanyň güýjüniň agdyklygy we ýaragynyň gurat bolanlygy sebäpli, türkmenler ýeňlipdirler. Söweşde türkmenlerden 800 adam wepat bolupdyr. Duşmanyň goşuny hem ep-esli pida çekipdir.

Ýylanla tarap giden general Kaufmanyň topary hem öňünde goýan maksadyna ýetipdir. Baran ýerinde türkmenlere rehimsiz darapdyr. Basym onuň topary Golowaçýowyň topary bilen birigipdir. Bu iki topar bilelikde türkmenlerden harby salgyt ýygnamagyny dowam etdiripdir. Türkmenler bolsa çykgynsyz ýagdaýa düşüp, basybalyjylara alaçsyz boýun synmaly bolupdyrlar.

Türkmenler öz güýçleriniň ýetdiginden harby salgydy öz wagtynda tabşyrmaga çalşypdyrlar. Türkmenleriň nagt puly bolmansoň, öz gelin-gyzlarynyň altyn-kümüş şaý-seplerini, olaryň gözleriniň köküni gyryp dokan ajaýyp halylaryny salgydyň hasabyna geçiripdirler. Mundan başga-da, olar köp mukdarda goýun, düýe, at ýaly mallary ýörite döredilen salgyt ýygnaýjy topara tabşyrypdyrlar. Türkmenler näçe köp zat tabşyrsalar-da, harby salgydy ýene-de bellenilen möhletde üzüp bilmändirler. General Kaufman türkmenleriň başga ýerlere göçüp gitmeginden ätiýaç edip, harby salgydyň möhletini bir ýyl yza çekdiripdir.

Salgylanma düzet

A.Nuryýew, M.Moşew. Türkmenistanyň taryhy. XVII-XX asyrlar. Orta mekdepleriň IX synpy üçin synag okuw kitaby. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009 http://gollanma.com/gazawat-gyrgyncylygy.html