Gelenje ussa
HALKYMYZYŇ arasynda Gelenje ussa ady bilen tanalýan belli dutar ussasy, bagşy, tebip hakynda birnäçe ýatlamalar enteklerem agzalýar. Onuň sünnäläp ýasan dutarlary «Gelenje ussanyň dutary» ady bilen Pendi bagşy-sazandalarynyň öýüni bezeýär. Uly şöhrata eýe bolan ussanyň dutarynyň kädisi kiçirägem bolsa, ondan çykýan owazlar şirin, gulaga ýakymly. Öz döwründe her kim Gelenje ussanyň dutarynyň aşygy bolup, oňa hyrydar bolupdyr. 0l häzirki Şordepe obasynda ýaşap geçipdir. 01 ýasan dutarlaryny hyrydarlaryna gowşurmak üçin daýaw eşegine münüp, «Niredesiň, Pen¬di topragy?!» diýip debsiläberýän eken. 0l hemişe Muhammetmyrat dilmajyň öýünde bolup, hatardan çykan dutarlary bejermek bilen meşgullanypdyr. Bir gezek Ge¬lenje ussa Pendiden gaýtmakçy bolanda, myhman ýeriniň eýesi Muhammetmyrat dilmaja özüniň gören düýşüni aýdyp beripdir-de, iňkis bilen: — Muhammetmyrat, meniň jesedim ýolda galýar diýende, dilmaç: — Gelenje ussa, paýtun bilen eltip geläýeli diýip özelenipdir. — Alla bardyr, belki, düýşüm oraşan bolmaýady-da diýip, Gelenje ussa kümüş pully horjunyny egnine atyp, ýola düşýär. Gaýdanyna bäşilenji gün diýlende, obasyna golaý gelýär. 01 Talhatanbabanyň deňine geleninde, eşeginden düşüp, öten-geçenlere aýat-töwir okaýar. Şähdi açyk Gelenje ussa uzagrakdan görünýän obasynyň helleňläp oturan baglaryna guwanyp, eşegini debsiläp ugraýar. Ýylgyn tokaýlygynyň arasyndan gumak ýol bilen asuda barýan ussanyň gapdalyndan galtamanlaryň ikisi peýda bolýar. Galtamanbaşy Gelenje ussany tanap,tüpeňini elinden egnine geçirýär.
Gelenje us¬sa, senmidiň? — diýip, ol oňa söz gatýar. Hawa, ýigitler? Size-de ýol paýyňyzy goýaýyn diýip, Gelenje ussa horjunynyň gözegini çözmäge durýar.Ýok, ussa aga, bize zadyň gerek däl, sag-aman maşgalaň arasyna bar diýip, oňa arkaýynlyk berýärler.
Gelenje ussa galtamanlardan arasyny saýlamanka, ýeňsesinden tüpeň sesi çykýar. 01 daýaw eşe¬ginden serpilip gaýdýar. Ussa ysgynsyz halda şeýle sözleri aýdyp ýetişýär:
Namart galtaman ekeniňiz, «Halal gazanýan pulumy alyň» diýip aýtdym. Indi alsaňyzam ol pullar si¬ze haram bolar.
Bahar paslynda Gelenje ussa¬nyň mazarynyň töweregini gül-gülälekler bezeýär. Bu yşarat Ge¬lenje ussanyň ýüreginiň, sazynyň owazy bolup, gözel tebigatymyza bezeg berýär. Agtygy Pygamberguly aga atasy Gelenje ussa barada wepat bolan kakasy Hezretguly agadan eşiden gürrüňlerini aýdyp berdi:
Kakam urşa ugranda, 15 ýaşly oglandym. Atamyz Gelenje ussa 10-12 ýaşyndaka sährada goýunlaryny bakyp ýörkä toýun palçykdan degirmen ýasapdyr. Ýel degirmeniniň depesindäki aýlawaç pyrlanyp, şemalyň güýji bilen degirmeni işledipdir. Şol döwrüň söwdagärleri ýoldan geçip barýarkalar, Mämmedaly aganyň ýanyna baryp: Ogluňyzdan bir zat çykjak, ony halypalaryň ýanyna ugradyň di¬ýip, maslahat beripdirler.
Gelenje ussa 10-12 ýaşly döwri kerwene goşulyp, Buhara barýar. Ony mata dokaýan şereketiň hojaýynyna tabşyrýarlar. Gelenje us¬sa ol ýerde on ýyl töweregi işläp, şereketiň iş gurallarynyň saz işle- megine gözegçilik edýär. Ol dutar ýasamagy, aýdym aýtmagyda öwrenýär. Ýurduna gaýdyp gelýärkä, Mary şäheriniň «Ýolbarsly» çaýhanasyna sowulýar. Ol ýeriň märekesiniň öňünde bagşy bilen ozanlar hezil berip duran ekeni. Ýigitlige ýetişen pyýada gözi düşenleriň biri:
Senem aýdym aýdyp bilýärmiň? — diýip sorapdyr. Çalaraga başym çykýar.
Gelenje ussanyň eline dutar tutdurýarlar. Ol belent heňlerden aý¬dym aýdyp ugraýar welin, bazaryň içindäkiler süýşüp, onuň töweregine jem bolýarlar. Marynyň etegindäki Goňur oba¬synda toý tutýan barjamly adam paýtunly Gelenje ussany alyp gidýär. Bagşy üç günläp toýda hezil berýär. Toý eýesi Gelenje ussa serpaý ýapyp, ony paýtunly obasyna Şordepä eltip gaýdýar. Mämmedaly aga oglunyň köp ýyl eglenip gelenine begenip, onuň adyny Gelenje (gaýdyp gelen) diýip tutýar. Şondan soň bu ady uly il alyp göterýär. Ýogsam onuň hakyky adyna Orazgeldi diýýän ekenler. Gelenje ussanyň (Orazgeldi Mämmedaly oglunyň) sandaly bilen ulanan çekiji aýawly saklanýar. Bir gezek Gelenje ussahanasynda işläp durka, meşhur Nobat bag¬şy, kiçi Garly dagy gelýär. Ussa täze ýasan dutaryny, ýene-de bir dutary olaryň eline tutdurýar hem-de özi daş çykýar. Bagşylar dek oturman, Gelenje ussanyň ýasan dutarlaryny çalyp başlaýarlar.
Size öňräkden bäri garaşýardym. Men Daşogzuň bagşysa- zandalaryndan şu sazy öwrenip gaýtdym —diýip, Gelenje ussa «Ýandym» bilen «Garadälä» ortalyk sazy çalyp beripdir.
1936-njy ýylda Nobat bagşy Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow daga ol sazy çalyp görkezýär. Sahy halypa Nobat bagşyny yzarlap, bile çalyp ugraýar. Nobat bagşy sazyň öwrümlerini üýtgedende, Sahy aga dutar çalmasyny goýup, haýran galyp diňläpdir. Sahy bagşy Nobat bagşa ýüzlenip: «Bu sazyň ne «Ýan¬dym», ne-de «Garadäli» boldy-la? — diýipdir.
Bu saz zyba bolup çykdy. Ol «Ýandym» bilen «Garadäli» sazlaryna aralyk sazdyr. Makul bilseňiz, adyna «Zybagözel» diýäýsek, nädýär? — diýip, Nobat bagşy aýdypdyr.
Sazanda Durnazar Hudaýberenow ol sazy asyl nusgasynda çalýar. Sahy Jepbarow, Mylly Täç- myrdow dagy «Zybagözele» täze öwrümler goşup çalýarlar. Indi Ahalyň sazandalary şu ajaýyp sazy şol durşuna çalýarlar. «Zybagözeli» ilki döreden hem çalan Gelenje ussa bolupdyr. Aýdym-saz äleminde halypalardan galan inçe ýollar bu günki günde milli sungatymyzy kämilleşdirmekde baş çeşme bolup durýar. Aýdyma, saza çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz halypa bagşy-sazandalarymyzyň sarpasyny has-da belende galdyrdy. Bu günki günde Ge¬lenje ussanyň ady ussat halypalaryň hatarynda tutulýar.
Muhammet TÄŞLIÝEW, žurnalist.