Kürteler - durmuşa çykýan gyzyň esasy toý eşikleriniň biri bolup, ol gyzlyk dünýäsi bilen gelinlik döwrüniň arasyny birikdirýär. Çeper elli zenanlaryň iňňäni ýerbe-ýer sanjyp, sünnäläp çekýän keşdelerinden döreýän ajaýyp nagyşlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän gyzyl kürtäni toý tutýan gyz ejesiniň öýünden gaýynlaryna atynyp gidýär. Zenan kalbynyň syrly nagyşlaryndan bezelen kürteler öwşün atýan älemgoşar ýaly owadan. Aklyňy haýran edýän täsin kürteleriň täsirinden çykmak welin aňsat-aňsat başardaýanok. Şol owadan kürteleri taýýarlamak hem aňsat iş däl. Onda çeper elli zenanlaryň çeken irginsiz zähmetiniň miwesi ýatyr. Zenanlaryň ussatlygyndan döreýän bu kürteler hiç bir adamy biparh goýmaýar. Ýaşyl ýaýladaky güläleklerden nusga alyp, ýerbe-ýer salnan nagyşlary synladygyňça Biribaryň turkmen zenanlaryny zehin bilen başarnykdan asla kemsitmändigine akyl ýetirýärsiň. Muny kürtelerde, çyrpydyr çabytlarda, ýakalarda sünnälenip ýerleşdirilen çaňňa, çigildem, dagdan, kürtegoçak, günebakar, çyrpygül, gülýaýdy, tegbent, şelpegoçak, erikgül, çympytrak, gül we beýleki nagyşlaryň keşdede sim ýaly inçeden çekilişi hem görkezýär. Kürteleriň gyralarynyň ýygnanyp, ykjam durmagy üçin jäheklenip, nepis pugtalmagy bilen hem oňman aldymgaçdyr alajalar aýlanyp bezelişini synladygyňça synyň oturýar. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininiň önümi bolman, eýsem, olaryň ýürek owazlarydyr.

Kürte dokamak sungaty

düzet

Kürtä başlananda sähetli gün saýlanylyp, «Baş atana bagt getirsin» diýlip ýagsy dilegler edilýär. Kürte ketene matadan taýýarlanýar. Keteni arassa pile ýüpeginden dokalyar. Kürte ketenileriň dürli görnüsinden taýýarlanylýar. Reňklerine görä ulanylys düzgüni hem bar. Kürte biçiljek keteni bir arçyn, ýagny 8 metr bolmaly. Boýy 2 m. 40 sm. alynýar, ini 20 sm inlilikde bolmaly. Köýnegiň aşyrysynyn alnyşyna meňzeýär. Keşdäni arassa pile ýüpeginiň işilen üç-dört gatyndan edýärler. Bu iş soňlanansoň, keşdelenen kürte bölekleri ýerli-ýerinde goýlup birikdirilýär. Soňra kürte bitewüligine-de içliklenilýär. Kürtäniň gyralaryna jähek çalnyp kebşirlenýär. Jähekleri pugtap, has-da görke getirýärler. In soňky iş, ýagny aýlanýan aldymgaçlaram kürtä az gelşik berenok. Kürte atynylan wagty ýeňleriň ýerli-ýerinde owadan durmagy üçin aýratyn bölejikden «aragerbi» edilýär. «Aragerbi» hem owadan nagyşlardan keşdelenip doňdurylýar.

Edebiyat

düzet
  • "Gurbansoltan eje" žurnaly. Aşgabat. 2005ý. №1. S. 42-43