Germaniýa XI - XV asyrlarda
MOWZUK: Germaniýa XI - XV asyrlarda.
M E Ỳ I L N A M A
1. XI – XIII asyrlarda öndüriji güýçleriň we oba hojalygynyň ösüşi.
2. German imperatorlarynyň italýan syýasaty we onuň synmagy.
3. XIV – XV asyrlarda Germaniýanyň durmuş ykdysady we syýasy ösüşi.
Maksady: Mukaddes Ruhnamada talyplara berilýän öndüriji güýçler baradaky düşünjäni çuňlaşdyrmak. Italýan syýasaty bilen tanyşdyrmak.
Wezipesi: Germaniýanyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşine talyplaryň ünsüni çekmek.
XII – XIII asyrlarda Germaniýanyň öndüriji güýçleri ösdi. Tokaýlar, öri ýerleri özleşdirildi. Netijede öndürilýän önüm hem artdy. Ýeri bejerýän gurallary-da kämilleşdi. Hünärmentçilik oba-hojalygyndan bölünip aýryldy.
Reýniň, Duranyň basseýininde şäherler peýda bolup başlady. XII asyrda 50-den gowrak şäher bolupdyr. XIII asyrda 500-e ýetipdir. Söwda hünärmentçiligiň nökerleri bolupdyr. Nýolinde metal işläp bejermek we ýüň mata öndürmek ösüpdir. Germaniýa söwda üçin oňaýly ýerde ýerleşipdir. Metaly işläp bejermek, dokma senagat, gurluşyk iş ösüpdir. Demir, polat, kümüş garylyp alynýar. Hünärmentçilikde seh guramasy möhüm rol oýnapdyr. Aýallaryň sehleri-de bolup, onda ýüpek, dokma önümçiligi öndürilipdir. Şäherlerde dolandyryş işi patrisatlara degişli bolupdyr.
XII – XIII asyrlarda köne wotçine sistemasy dargap, garaşly daýhanlar işläp bermeli bolupdyrlar. angliýada öz bölünip berilen ýerine hukugy bolup olar (ol ýerler) nesle geçýärdi. Bu ýer hem bölünip kärende eýeçiligine berilipdir, kärende salgydy däl-de iri ýer eýesi rentany töläpdirler, bu daýhanlaryň ýagdaýyna erbet täsir edipdir, (mülk) iri ýer eýesi her gezek ylalaşyk baglaşanda salgydyny artdyrypdyr. Baýlaşan daýhanlar öz ellerinde daýhan nadellerini jemläp, ýeňsiz daýhanlar ýüze çykdy. Daýhanlar iri ýer eýeleriniň ezişine garşy göreşýärdiler. Borçlulyklary ýerine ýetirmezlik has gözlerine ýakmadyk hökümdarlary öndürmek hem alnyp barlan iri ýer eýeleri şol sebäli öz aralarynda gaçan daýhany özüne kabul edip almazlyga şertnama baglaşýarlar.
XII – XIII asyrlarda daýhanlar aýry obalardan (pomestýeden) çykman göreşipdirler. Fridrih Derewýannyý başmagyň ýolbaşçylygynda 1285-nji ýylda Demirgazyk Germaniýada gozgalaň başlanýar. Imperator we knýazlar zordan gozgalaňy ýatyrdylar.
XII – XII asyrlardaky Germaniýanyň ykdysady ösüşine ýeke-täk ykdysady, merkeze birleşmändi. Sebäbi germaniýanyň dagynyk döwleti, Pariž we London tersine ýurduň ähli ýerlerini merkeze birleşdirýärdi. Germaniýanyň iri şäherleri daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşygy alyp barýardy. Reýin, Dunaý, Wenesiýa bilen Kýolin, Şotlandiýa, Flandriýa bilen Demirgazyk deňziň kenarlaryndakylar. Angliýa Skandinawiýa ýurtlarynyň Pribaltika ýurtlary bilen gatnaşyk edýärdi. Territorial knýazlar şäherleri ösdürmek öz ýerlerinde söwda-hünärmentçilik merkezlerini döredipdirler. Knýazlar özlerine imperiýa şäherlerini hem birleşdirip başlapdyrlar. Şeýtmek bilen bir tarapdan bu iş merkezi häsiýeti gowşadypdyr. Ýöne nemes şäherleri koroly iri ýer eýelerine garşy göreşlerde goldapdyrlar. Mysal üçin XI asyrdan Sakson şäherlileri korola uly kömek beripdir. Ýöne XII asyrda özboluşly slowýanlara garşy göreş bolanda imperator däl-de knýazlar katoliki buthanany goldap çykyş edipdirler. Elbanyň aşak akymynda ýaşaýan slawýan taýpalaryna garşy göreş Bawariýa we Saksoniýa Gersog Genrih Lew alyp barypdyr, ol gaty gyzgyn ganly adam bolup hiç bir zatdan çekinmändir. 1170-nji ýylda bu ýerlerde Genrih Lew territoriýadan meklenburg gersoglygy esaslandyrylypdyr. Brandenburg Mark graflygynda Alybreht Medwed tarapyndan esaslandyrylypdyr. Bu graflygyň merkezi Berlin bolupdyr. Genrih Lew slawýan deňiz ýaka halklaryny-da boýun egdiripdir. (Odert we Wisla aralygynda) Olaryň nemes iri ýer eýeleri edipdir.
XIII asyrda iri ýer eýeleri Gündogar Pribaltikany basyp almaga girişipdirler. 1202-nji ýylda şu maksat bilen papa Innokentiý III gatnaşmagynda ruhy-rysar ýer Ordeni Latwiýanyň territoriýasyny eýeläpdir, soňra Günorta Estoniýany 1226-njy ýylda Tefton Ordeni latyşlaryň ýerleşen ýeri bolan Wisla bilen Neman aralygyna aralaşýarlar. Purslary olar güýçli ezýärler. 1237-nji ýylda 2 orden jemlenýär we Teftan ordeni döreýär. Olar bütin Baltika deňziniň Günorta-Gündogar kenarlaryny eýeleýärler. Rusy boýun egdirmek plany Çud kölüniň ýanynda 1242-nji ýylda puja çykýar.
Aleksandr Newskiý Nowgorod knýazyny derbi-dagyn edýär. Elba ýerlerinde nemes iri ýer eýeleri German kolonistlerini peýdalanypdyrlar. Şu ýerleriň ykdysadyýeti ösüp Baltika deňzi arkaly söwda edipdirler. Nemes ýerlerinde zor bilen germanlaşdyrmaklyk başlanýar. Hasda orta Dunaýyň Awstriýa markasy XIII asyrda gersoglyga öwrülip goňşy Ştriýa, Karintiýany, Kraýnany eýeleýär. Nemes kolonizasiýasyna buthana rysarlary söwda hünärment elementler gatnaşypdyrlar. Olaryň maksady Italiýa we papalygy hem boýun egdirmändi. Olara German imperatory baştutanlyk edýärdi. Olardan has jeňbaşy Fridrih I Barbarodskiý (1152-1190). Ol Gogenştaugenler neberelerindendi. (1138-1254). Italiýanyň baýlyklaryny nebereler maksatlary üçin ulanmak islediler. Fridrih I ilkibaşda üstünlik hem gazandy. 1154-nji ýylda Italiýa ýörişe gitdi. Maksady Rimde imperator täjini edinmekdi. Şol wagtda Rimde göreş barýardy. Ol şäherlileriň gozgalaňyny basyp ýatyrmaga kömek edýär. Rim papasy hem oňa sylag edip imperator täjini geýdirýär. Emma Rimde nemes rysarlarynyň zorlugyna garşy gozgalaň başlanýar. Fridrih şäheri boýun gaçdy.
1158-nji ýyldan Fridrih I Italiýa garşy täze ýörişi guraýar. Ol özüni Italiýada ýokary ilçi hasap etdirip, täze salgytlary girizýär. Bu Demirgazyk Italýan şäherleriniň imperatora garaşlydygyny aňladýardy. 1162-nji ýylda 2 ýylky (Gara) göreşden soň Milan eýelenýär. Ony sürüp çöle öwürmek isleýär. Şäher obalara göçürilýär. Garaşly daýhanlara öwrüp üstünden işläp bermekligi höküm edilýär. Şeýdip halky gorkuzyp Italiýada agalygyny berkitmek isläpdir. Şäherler oňa garşy aýaga galýar.
1167-nji ýylda olar Lombard birleşmesini (ligasyny döredipdirler. Demirgazyk Italiýanyň 22 şäheri girýär. Milan bilen birlikde Liga Aleksandr III aktiw kömek edýär. Köne nemes şäherleri Fridrihe kömek etmekden boýun gaçyrýarlar, olardan güýçli knýaz Genrih Lew hem şeýle edýär. 1176-njy ýylda Lenýanyň golaýynda nemes rysarlary gutarnykly ýeňilýär. Fridrih zordan gaçyp gutulýar. Soňky ýyl Fridrih I Wenesiýada papa bilen ylalaşyga gelýär. Italýan şäherleri özbaşdak dolandyrylýar. Italiýada agalyk etmäge imperatoryň agtygy Fridrih II (1220-1250) synaşyk edýär. Ol Sisiliýada önüp ösýär. Onuň daş-töweregini Wizantiýaly arap Ỳewropaly alymlar gurşapdy. Neapolda uniwersiteti esaslandyrýar. Ol grek rim we arap alymlarynyň işlerini okaýar, ylmy açyşlar edýär, tranteksler ýazýar, poeziýa uly üns berýär. Ol öz döwrüniň görnükli işgäri syýasatçy bolupdyr. diňe ynanmazdan diňe garşyda bolmalydyr. Ol hem edil Fridrih I ýaly boýun egdirmeklik üçin ýörişde şäherleriň we patyşanyň garşysyna durýar. Bu söweşleriň arasy üzülip 30 ýyl dowam edýär. Günorta Italiýada Gogenşteýinler nebereleriniň agdarylmagy bilen gutarypdyr. Fridrih II Sisiliýada aradan çykandan soňra papanyň buýrugy bilen Fransuz koroly Karl Anžubskiniň dogany gelýär. Fridrih II agtygy Konradin (16 ýaş) Fransuzlary yzyna kowmaga synanyşýar.
1268-nji ýylda aradan çykýar. Fridrihiň ogly birnäçe ýyldan soň aradan çykýar. Şeýdip Germaniýada we Italiýada Gogensteýinleriň nebereleri tamamlanýar. Fridrih II öz döwründe territoriýasyna 3 gezek barypdyr. 9 ýyl ýaşapdyr. Karl lakamy atadan ogla geçende hökman iri ýer eýeleri bilen ylalaşmaly bolupdyr. Iri ýer eýeçilik işiniň netijesinde öňki graflyklara derek 80 golaý knýazlyklar peýda bolupdyr. XIII asyrda imperator şäherleri goldamandyr. Korol ölenden soň tagt ugrundaky göreşler başlaýar (1254-1273). Bu ýurduň dargamagyna sebäp bolupdyr. Imperatorlar soňky ýyllarda özleri ýerli knýazlyklara bölündi. Şol dolandyrýan ýyllarynda Rodolf I eýeçiligini giňeltmeklige uly üns beripdir. Çehiýany, Awstriýany, Italiýany, Kraýnyny we Karentiý boýun egdirip Gausberg nebereleri başyny başlaýar . XIII asyrda mukaddes rim imperiýasy döräpdir. Demirgazykda Italiýa, Şwetsiýa şalyklary döräpdir. Gausberglere garşy bular göreşiň Germaniýa bilen Italiýanyň aralygyndaky Sangotarym atly söwda ýoluny eýelemek isläpdirler. Ýokardaky 3 döwlet 1291-nji ýylda hemişelik ylalaşyk baglaşypdyr. Gabsburglar ýeňilip, şeýdip Şweýsar Soýuzy döreýär we 2 asyrda özbaşdaklygyny gazanmaklyk üçin göreşýär. XIV – XV asyrlarda hünärmentçilik söwda ösýär. Baltika we Demirgazyk deňziň kenarlary bilen söwda edýär. Ỳewropa bilen Gündogar arasynda söwda ösýär. Emma XIV asyrda hünärmentçilik söwda ösýär. Territoriýanyň ýeke-täk ykdysady mülkede öwrülip bilmedi.
XIV – XV asyrlarda şäherlerde sosial gapma-garşylyklar güýçlendi, patrisiler bilen aristokratiýany sehleriň arassalanyp, şäherler knýazlar bilen göreşipdirler. Rysarlar imperiýanyň wassaly bolupdyr, imperator häkimiýeti gowşapdyr. XIV asyryň 2 ýarymyndan Günbatar we Günorta-Günbatar Germaniýa soýuzy birleşýär. XIV asyryň 70 ýyllarynda Şwabiýa soýuzy döreýär. 1381-nji ýylda reýn şäheriniň soýuzy birleşýär. Şäherler bilen rysar soýuzy knýazlar goldamasada döredi. 1388-nji ýylda birleşen şäher soýuzlary dargaýar. Germaniýanyň söwda ýolda ýerleşmegi hünärmentçiligiň ösmegine mümkinçilik döredipdir. Ýüň, nah mata dokalypdyr. Nýurenbergde metal işlenilip bejerilipdir. Daýhanlar dag magdan senagatynda işläpdirler. Şeýle işçileri iri ýer eýeleri yzyna gaýdyp alyp bilmändir. XIV asyrda olaryň zähmet birleşmeleri döräpdir.
XIV asyrda dag işçileriniň tolgunyşyklary bolupdyr, zähmet hakyny artdyrmagy, zähmet şertleriniň gowulandyrmagyny talap edipdirler. Nemes şäherleriniň ykdysadyýeti ösdügiçe käbir şäherler öňe gitdi, käbiri yza galdy. Ýeke-täk içki bazaryň bolmazlygy syýasy dagynyklyk ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depginiň deň derejede ölmezligine sebäp bolupdyr. XV asyrda Germaniýada dworýan hojalyklary-da ösüp başlaýar. Çöregi daşary ýurtlara çykaryp başlapdyrlar. Ýewropanyň Demirgazyk – Gündogaryna, Finlýandiýa, Demirgazyk Niderlandlara Germaniýanyň Gündogaryna. Ýurduň umumy kanuny sud imperatoryň umumy maliýesi bolmandyr. Imperator territorial knýazlyklaryň biri goldapdyr. Agressiw syýasaty amala aşyrmak üçin imperator wagtal-wagtal regstagy çagyrypdyr. Umumy imperiýa gurultaýy bolup, territoriýa girýär, ýerleriň wekilleri gatnaşypdyr. Ýöne imperator nederehstagiň ýerine ýetiriji häkimiýeti bolupdyr. Käbir knýazlyklarda Landtaglar-dworýan wekilleriniň gatnaşýan ýygnaklary bolup daýhan ýeri ezmegiň guraly bolupdyr. imperator saýlap bilýän güýçli knýazlar kurfirstler diýip at beripdirler. Olar özlerini goldaýan imperatory saýlamaga çalyşypdyrlar. Ilki Gabsburglardan, soň lýuksenburglardan Genrih VII Lýuksenburskiý (1308-1313) dinastiki nikanyň netijesinde çeh koroly bolupdyr, ol ölenden soň bawar gersoglaryndan wittelsbahlardan Lýudwigbawanskiý (1314-1347).
Lýudwig Bawarskiý eýeçiliklerini giňeltmek maksady bilen ýöriş edýär. Ol Rimiň içki işine goşulyp papa Geoganna garşy göreşde aristakratlary tarapyna geçýär. Şeýdip imperatoryň ýörişi masgaraçylyk bilen gutarýar, nemes knýazlary wittelsbahlaryň nesliniň güýçlenmeginden howatyrlanyp imperator dirikä täze imperator Lýuksenburglar neslinden bolan Karl IV saýlanypdyr, ol bir bada Çehiýada Karl I ady bilen korol bolupdyr.
Karl IV (1347-1378) döwründe 1356-njy ýylda “Altyn Bulla” diýen kanun çykýar. Knýazlara öz knýazlygynda özbaşdaklyk berilýär, sud etmek, dürli hili salgytlary ýygnamak, teňňeleri zikgelemek, magdan baýlyklaryny peýdalanmaga hukuk berilýär. Şeýle etmek bilen Gabsburglar ýaly Lýuženburglar hem knýazlara eglişikler edýärler. Saýlanýan knýazlara kurfýurstler lakamy berlipdir. Oňa 3 dini knýaz maýne, Kýolek we Tir arhiepiskopy we 4 çehiýaly korol giripdir. Kýurfýurstler imperator tagty meselesini hem çözüpdirler. Karl IV-iň uly ogly Waslaw iri ýer eýelerine garşy göreşde şäherleri gabadýar. Şol sebäpli ony tagtda oturtman 2-nji ogly Sigizmund (1410-1437) bolýar. 1439-njy ýylda Sigizmund redgorlosiýa geçirýär. Ol brýugerler gatlagynyň islegini kanagatlandyrýar. Ol Germaniýany merkezleşen döwlete öwürmek yzygider iri ýer eýeçilik uruşlaryny bes etmek, ol ýurtda ýeke-täk sud guramasy, dolanyşyk pul sistemasyny girizmegi talap edýär. Ol hünärmentleriň we söwdagärleriň talaplaryny göz öňünde tutup iri söwdany ýatyrýar, ol şäherlere uly üns berýär. Daýhanlaryň garaşly bolmagyna garşydy. Üstesine Çehiýadaky gusçulyk uruşlary Germaniýa hem öz täsirini ýetirýär. 1431-nji ýylda nemes daýhanlarynyň tolgunyşyklary boldy. 1466-njy ýylda “Başmagyň baştutanlygynda Günorta-Günbatar Germaniýada daýhan hereketleri bolup geçdi”.
1493-nji ýylda Elzasda gizlin soýuzyň taýýarlan dildüwüşiginiň üsti açyldy. Şeýdip dürli salgytlary sülçileriň işini kämilleşdirmegi göz öňünde tutdylar. Üstesine Tewton ordeni Litwany deňizden çetleşdirýär. Wisla kenarlaryna aralaşýar. 1410-njy ýylda Grýunwalda, polşa, litwa, rus we çehler birleşip ordene uly urgy etdiler. XV asyrda nemes rysorlary Gündogar Ỳewropa aralaşmagyny bes edýärler.
1495 we 1500 ýyllarda imperatoryň reformalaryna garşy rehstagda çäreler geçirilýär. Şeýdip Şwabiýa soýuzynyň we maksimilian I Gabsburguň (1493-1519) Şweýsariýany özüne birleşdirmek plany puja çykýar. Guralan uruş 1499-njy ýylda ýeňilmek bilen gutarýar. Şweýsariýanyň imperiýa bilen gatnaşyklary kesilýär.