Germaniýa XVI we XVII asyryň başlarynda
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
MOWZUK: Germaniýa XVI we XVII asyryň başlarynda
M E Ỳ I L N A M A:
1. XV asyryň ahyry, XVI asyryň başlarynda Germaniýanyň ykdysady ösüşi.
2. XVI asyrda sosial garşylyklaryň güýçlenmegi we synpy göreşler.
3. Reformasiýa ugrunda göreşiň başlanmagy. Marten Lýuter, Tomas Mýunser.
4. Germaniýa XVII asyryň ikinji ýarymynda we XVII asyryň başlarynda.
Sapagyň maksady:Mukaddes Ruhnamada “Döwletde agzybirlik bolsa halklar baý bolup biljek” (268 s.) diýlişi ýaly şu tema arkaly Germaniýanyň ykdysady ösüşi, ondaky sosial garşylyklar we synpy göreşleri beýan etmeli.
Sapagyň wezipesi:Mukaddes Ruhnamada synp baradaky dogry düşünje bermek hem-de Germaniýadaky XVI-XVII asyrlarda bolup geçen synpy göreşlere göz ýetirmek we Germaniýanyň XVI-XVII asyrlardaky medeni ösüşini talyplaryň aňyna ýetirmek.
XVI asyryň başynda Germaniýanyň ilatynyň aglaba köpüsi iri ýer eýelerine garaşlydy. Obada knýazlar, dworýanlar we dolandyryjylar agalyk edýärler.
Nemes şäherlerinde seh hünärmentçiligi bolupdyr. Olaryň magistratlary patrisalardan we baý brýugerlerdendi.
XV asyrda XVI asyrda Germaniýanyň ykdysadyýetinde öňe gidişlikleri duýuldy. Zähmet bölünşigi halkara söwdanyň ösmegine getirdi. Demirgazyk German gaznasy iňlis we golland söwdagärlerini bäsleşip gysyp başlady. Emma ol uzaga çekmedi. Gündogar bilen söwda territoriýasynyň Augsburg, Nýuriberg we beýleki Reýn hem-de ýokary Dunaý şäherleriniň üstünden geçýärdi. Germaniýa dünýäde kümüşi gazyp almak boýunça birinji ýerde durýardy. Alýarinanyň kümüşi, altyny diňe XVI asyryň ortalaryndan akyp başlaýar.
Söwda ýolunyň ugrunda ýerleşendigi üçin ir wagtdan hünärmentçilik we oba-hojalyk önümleriniň öndürijiligi ösdi.
Augusburg XVI asyrda Iltaliýanyň ýüreginiň hindi önümleriniň ammary ýaly hyryn-dykyndy. Guggerleriň we Welzerleriň köp ýurtlarda edaralary bardy, mysal üçin Wenesiýa Tirolda, Ispaniýada, Wengriýada we beýleki döwletlerde şol ýurtlaryň knýaz dolandyryjylary pul zerurlygy ýüze çyksa, şolara ýüz tutupdyrlar.
Nýuriberg demir işläp bejerýän senagatyň merkezi bolupdyr. XVI asyrda 20 müň ilaty bolupdyr. Eldas şäherinden Strasburg tapawutlanyp, Fransiýa bilen söwda edýärdi. Frankdgurt-na-maýnede şowhunly bazarlar bilen şöhratlanypdyr, Niderlandlardan, Flandriýadan, Angliýa, Polşa, Çehiýa, Italiýa, Fransiýadan söwdagärler gelipdir. Ulm, Konstans, Rawensburg, Aussburg bilen birlikde nahmatalary bilen şöhratlanyp diňe öz ýurtlarynda däl, Italýan, Ispan bazarlarynda-da satýardy. Dunaý günorta-gündogar Ỳewropa bilen söwdany baglanyşdyrýardy. XV asyr kapitalistik önümçilik gatnaşyklarynyň elementleri peýda bolup başlapdy. Kapitalistik gatnaşyklar çap edişde hem duýuldy. XVI asyr Germaniýa ýa-da zähmet kollektiwlerine derek kapitalistik gatnaşyklar peýda boldy. Şahtalardaky enjamlar çylşyrymlaşýardy. Ol bolsa köp çykdajy talap edýärdi. XVI asyrda Germaniýa dag-magdan senagatynda 100 000 adam işleýärdi.
Kapitalistik gatnaşyklar ösdügiçe ýüňe we beýleki azyk önümlerine isleg artdy. Bu bolsa maldarçylyk, tehniki we azyk önümleriniň artmagyna getirdi. XVI asyryň başlarynda oba-hojalygyň girdejiligine uly üns beripdirler. Feodallar öz hususy ýerlerinde geçi saklapdyrlar. Kä halatda daýhan ýerlerini işläp bermek düzgünini ýerine ýetirmedikleriň elinden alypdyrlar.
Gündogar we demirgazykda daýhanlar az-kem goranypdyrlar. Şol sebäpli olaryň ýerlerini köp ellerinden alyp bilmändirler. Ýöne bu ýerde iri ýer eýeleriniň ezişi has güýçli bolupdyr. Daýhanlar bugdaý atyz ekinlerinden buthana salgyt töläpdirler. Üstesine-de hojaýyn salgydy artýar. Daýhanlar tokaýdan 1524-1525 ýyllarda daýhan hereketinde özüniň ýetjek nokadyna ýetdi. Halk täze düzgüniň girizilmegine garşy, ezişe garşy aýaga galdy. Daýhanlar 1525-nji ýylda öz meýilnamalaryny düzdüler. Ýörite hat-da daýhanlaryň talaby we närazyçylygy aňladýardy.
Aýaga galan daýhanlar “12 maddany” esasy maksatnama öwürdiler. Bu iri ýer eýelerine garşy göreşiň meýilnamasydy. Emma gozgalaňy uzaga çekmedi. 1425-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda ýokary-şwabisda daýhanlaryň esasy bölegi derbi-dagyn edilipdir. Frokkoniýa we orta Germaniýada hereketiň täze ojaklary peýda bolupdyr. Ỳöne bu hereketleriň hemmesi-de 1525-nji ýylyň ahyrlarynda ýatyryldy. Ýewropada reforma ugrundaky hereket buržuaz rewolýusiýasynyň birinji etapyny aňlatdy. Iri ýer eýelerine garşy daýhanlaryň iň pes gatlagynyň çykyşydy. Ýeňilen daýhanlaryň hereketi nemes halkyna agyr täsir etdi.
Obadaky eziş ruhanylar, knýazlar tarapyndan bolup, ýaňy ýüze çykyp başlan kapitalistik gatnaşyklary tormazlaýardy. Bu germaniýada XV-XVI asyr ykdysady ýokary göterilişi kesgitläpdir. Emma bu proses umumy ykdysady bazary döretýärdi.
Germaniýanyň ykdysady ösüşleriň aýratynlyklarynyň ýene-de biri, onuň syýasy we sosial strukturasy bilen kesgitlendi. Ýewropanyň beýleki iri şäherlerinde söwda we senagatyň ösmegi syýasy merkezleşige getirdi. Germaniýada syýasy dagynlyk saklanyp galypdy “Imperiýanyň agzalary” imperiýanyň knýazlary bilen imperiýanyň graflyklary we imperiýa şäherleri bilen ykdysady we syýasy ähmiýeti boýunça tapawutlanypdyrlar. Güýçli knýaz öýi Gabsburglaryňky bolup ol XV asyryň 40 ýyllarynda döräp Gabsburglaryň beýik döwletleri ýokary we aşaky Awstriýada, Tironiýada, Slawýan ýerleri bolan gitriýa, Karinti we Kraýnn gersoglyklarynda bolupdyr. Käbir nesil ýerleri ýokary Reýn, Burgupda Graflygynda we Niderlandlarda bolupdyr. 1526-njy ýylda Tabsburglaryň Beýik döwletine Çehiýa we Wengriýa korollyklarynyň bir bölegi giripdir. Olar bilen Bodoriýa graflygy bäsleşipdir. Maýda we iri territoriýalar özaralarynda oňuşmandyrlar. Her bir knýaz öz teňňesini zikgeläpdir. Salgyt ýygnapdyr, sud edipdir, imperator häkimýetiniň gowşamagyndan peýdalanyp, maýda dworýanlar şäherleri özüne çekmäge gyzyklanypdyrlar. Bu ýurduň ykdysady ösüşine uly täsirini ýetiripdir. Her Knýaz özüni baýlygy, goşuny bilen goňşusyna tanatmak isläpdir. Bu zatlar uly çykdajy talap edipdir. Ol oba, şäheriň ykdysady ösüşini tormazlapdyr. Döwlet olara hiç hili kömek bermändir, mundan günorta german Fuggerleriň, Welzerleriň, Gohmtetterleriň we beýlekileriň kärhanalary peýdalanyp pula zerurçylygy bolan nemes knýazlaryna karz beripdir. Kreditleriň hasabyna Germaniýanyň dag magdan senagatyna Awstriýa, Çehiýa, Wengriýa, Ispaniýa, Alarlnogs Welderiň kärhanasy mis we kümüş işläp bejermäge eýeçilik edipdir. Welder günorta Amerikada gul söwdasyny hem edipdirler. Şeýdip, ol ýerde kolonial syýasaty alyp barypdyrlar. Hakynatutma işçileri ezip ýeke-täk hukuklardan peýdalanypdyrlar. Ýurtdaky bolup geçýän wakalar güýçli sosial gapma-garşylyklara getiripdir.
Şäher brýugerleri orta gatlak birleşipdir. Olar hususy eýelerinden, masterlerden, söwdagärlerden alynýan salgytlardan, özara uruşlarda, uly ýollardaky talaňçylyklardan närazydy. Nemes dworýanlary hem syýasy taýdan aktiwleşipdi. Dworýanlar knýazlardan närazydy. Daýhan-plebeýler hem feodallardan närazydy.
Şäher plebeýleri üýtgeşikdi. Olary Engels 3 topara bölüpdi:
1. Tozan garyplaşan şäherlige jemgyýetde öz ýerini tapmadyk;
2. Podmosterler, seh ýeňilliklerine garaşýanlar;
3. Obadan kowlan daýhanlar we şäherde prolitariatyň şineleridi. Şu gatlak daýhanlara soýuz bolup biljekdi.
XVI asyryň başlarynda “Başlamak gizlin jemgyýetiň işinde duýuldy. Bu gizlin jemgyýetiň wezipesi gozgalaňçy toparlanyşyklary döredip, şäheri eýelemelidi. Ýöne gizlin jemgyýete gatnaşyjylar we ýolbaşçylary tussag edildi.
1513 we 1517 ýyllarda Germaniýanyň köp şäherlerinde şäher ýolbaşçylaryna garşy brýurgerler bilen plebeýleriň göreşi aktiwleşipdi. Olaryň talaby diňe imperator hökümetden başga hökümetleri dargatmakdy.
XVI asyrda katolik buthana bütin feodal gurluşyň ideologiýasynyň daýanjydy. Alla garyby garyp, baýy baý edip döredipdir. Şonuň üçin boýun bolmakdan başga çykalga ýokdur diýip öwredipdir. Diňe buthana gutuldar, ýetmedik zadyny ýetirer, oňa daýanmak zerurdyr diýip Papa hökümeti hem milletleri özüne çekmeklige gyzyklanypdyr. Bu hereketiň şineleri Ỳewropa şineläp Germaniýada halky birleşdirdi. Knýazlar özbaşdaklygyny saklamaga çalşypdy, ýöne şeýle şertde imperiýadaky edaralary harby we arinons serişdeleri bilen üpjün edip boljak däldi.
Nemes halky papanyň närazylyklaryndan dynmak üçin reforma geçirilmegi talap edipdir. Şeýdip jemgyýetçilik hereket ýokary galdy. Germaniýanyň şäherlerinde döräp başlan buržuaz gatnaşyklar täze ýüze çykan gumanistik herekete öz täsirini ýetiripdir. Eýýäm XV asyrda nemes uniwersitetinde ylymly adamlar üýşüp gadymy awtorlaryň işini öwrenýän kružoklar döredipdirler. Dürli düşünjeli adamlar buthana we dürli dini akymlara garşy çykyş edipdir. Olar Germaniýanyň milli ösüşi ugrunda göreşip, Rim papasynyň agenturalaryny Germaniýany ýok etmek üçin edýän synanşyklaryny paş edipdirler.
Ylmy bilimleri propogondirläp, şu dünýäden aňyrda behişdiň ýokdugyny görkezipdirler. XV asyrda Rudolf Agrikoly (1444-1485), Ỳanow Wimpfeşing (1450-1528), şahyr gumanist Konnau Seltis (1459-1508) liriki eserleri adam tebigaty, azat durmuşy, medeniýetiň üstünlikleri taryplapdyrlar. XV asyrda 1444 ýylda nemes dilinde ýazylan “Dälileriň gämisi” atly goşgy Bodel uniwersitetiniň professory Sebostýan Bront (1457-1521) tarapyndan ýazylypdyr. Eradm Ratterdamskiý (1466-1536) asly gollandiýaly bolup, ýaş wagtyny ybadathanada geçirýär. Soň Fransiýada, Angliýada, Italiýada ýaşap, Germaniýanyň dürli şäherlerinde ýaşap italýan akyldarlarynyň eserlerini , iň irki edebiýaty öwrenýär. Ol nemes akyldarlary bilen bagly bolýar. Öz işlerinde-de nemes ynsanperwerligi nemes şäherindäki öňdebaryjy aspekt möhüm rol oýnaýar. Adam aňy, adam häsiýetiniň mazmuny, şeýle-de syýasy-medeni buthana durmuşyndaky formallyklary açyp görkezdi. Ol şorta eserlerde dindarlaryň, kardinallaryň, papalaryň eden-etdiligini açyp görkezýär. Ol dürli hili reformasion agdaryşyklara garşy bolupdyr. Iogani Reýhein (1455-1522) hristian aňyýeti bilen öňdebaryjy aňyýeti aralaşdyrjak bolupdyr. Ol din adamyň özüne bolmaly. Ol hristiançylygy, ilkinji çeşmeleri bilen tanyşyp gorap öwrenmeli diýdi. Ol katolik buthana bilen tersleşmejek bolupdyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli reforma geçirilişine garşy bolupdyr. Ỳaşlar kružoklary-da özlerini “Reýhlinçiler” diýip atlandyrypdyrlar. Ol Ỳewropanyň kitaplarynyň hemmesini ýok etmäge garşy bolupdyr, hristiançylygy öwrenmekde ähmiýetli hasap edipdir. Erdgurd uniwersitetinde gumanistleriň kružogy bolup Ultrihrgon Tulten (1488-1523) kružogynyň görnükli agzasy bolupdyr. Ol ýaşlykda ybadathana berilýär. Ol ýerden 16 ýaşynda gaçýar. 151-nji ýylda Italiýada bolup gelenden soň Rime garşy edebi göreşe başlapdyr. Ol Germaniýada Italiýadan Lorenso Wallynyň ýygyndysyny getirip çap edýär. XV asyrdaky Rim papasy Konstantin aýyplanýar. Ol bu eseri Rim papasyna garşy göreşde ýarag edip ulanýar. Gutteniň syýasy maksatnamasynyň tapawutly tarapy ol dworýanlaryň tarapyny tutýar. Soňabaka Tutten reformalar ugrunda göreşijileriň görnükli adamsyna öwrülýär.
XVI asyryň başlarynda German ýerleriniň ykdysady sosial syýasy ösüşine käbir zatlar ters täsirini ýetirdi. Senýorlaryň ezişi güýçlendi, ýurt syýasy taýdan dagnykdy, katoliki buthananyň täsiri güýçlidi. Şu zatlar reforma geçirmegiň sebäbi boldy. 1517-nji ýylda Lýuter Indulgensiýa garşy 95 tezisi bilen çykyş etdi. Şondan başlanýar. Martin Lýuter (1483-1546) Eýslenber (Soksaniýada) dogulyp, atasy demir işläp bejerýän senagatda ýokary wezipede işleýär. Bu kärhana knýaz häkimýetine degişli bolany üçin kynçylyk çekýär. Öndürilen demiriň esasy bölegi durmuşyndan nägile bolan brýuger maşgalasynda önümçilik ösýär. 18 ýaşynda Erdgurd uniwersitetine girýär. Akyldarlar kružogy bilen tanyşýar, olaryň täsirinde bolýar. Ol uniwersiteti gutaryp awgustin ybadathanasyna girýär. Şol ýerde dünýä garaýşy jemlenýär. Adamy hiç hili buthana gorap bilmeýär. Onda ynam bolmaly diýýär. Dini garaýyşlary döwlete tabşyrman ol daşky dinden adamy dyndyrýar. Onuň hereketiniň maksady katoliki buthana öz ýurduny dyndyrmakdy. Ýurduň syýasy dagynlygynyň öňüni almakdy. Lýutleri Tutten we beýlekiler hem goldady, 1522-nji ýylda tri arhiepiskopna garşy göreşde rysarlar närazy boldy. Gozgalaňy guran Tutten Zikkenä ýaralanýar. Tutten bolsa Şweýsariýa gaçyp, şol ýerde ölýär. Rysar hereketi ýeňilýär. Lýuter reformalar ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Ol mukaddes Rim imperiýasynyň imperatory Karl V bilen çaknyşýar. Karl V ol ýerde Tasburglaryň katoliki monorhiýasyny dikeltmek isleýär. 1521-nji ýylda Lýuter çagyrylyp, öz işinden dänmekligini talap edýärler. Emma ol dänmändir. Warm reýhstagynda imperator edikt çykaryp Lýuteri tussag edýär. Onuň ýazan ýakmagy, onuň we egindeşleriniň jaýlaryny alýarlar. Ony Fridrih Saksanskiý köşk goraýar. Onuň işini Swilling dowam etdirýär. Ol buthanany düýpli üýtgetmegi ruhanylaryň eýeçiligindäki ýerleri dargatmagy, olara edilýän eglişikleri ýok etmegi talap edýär.
Halkyň rewolýusion ýollary göterişini Tomas Mýunser reformalary geçirmekde görýär. Ol ilki Lýuteriň tarapdarydy. Ol diniň täze görnüşini ornaşdyryp syýasy agdarlyşyk etmek isleýär. Ol şeýdip knýazlara garşy göreşmegi planlaşdyrýar. Germaniýa knýaz dworýan ýurdy bolmaly däl, ol hususy eýeçilige garşy, hemme zat deň bolmaly. Ol halky rewolýusion ezişden azat edip, olaryň islegini kanagatlandyrmaly diýýär. Germaniýada jemgyýetçilik hereketi 1524-1525-nji ýylda daýhan hereketinde özüniň ýetjek nokadyna ýetdi. Halk täze düzgüniň girizilmegine garşy ezişe garşy aýaga galýar. Daýhanlar 1525-nji ýylda öz meýilnamalaryny düzdüler. Ýörite hat-da daýhanlaryň talaby we närazyçylygy aňladyldy.
Aýaga galan daýhanlar “12 maddany” esasy maksatnama öwürdiler. Bu iri ýer eýelerine garşy göreşiň meýilnamasydy. Emma gozgalaň uzaga çekmedi. 1425 ýylyň Gurbansoltan aýynda ýokary-şwabsda daýhanlaryň esasy bölegi derbi-dagyn edilipdir. Frokkoniýa we orta Germaniýada hereketiň täze ojaklary peýda bolupdyr. Ỳöne bu hereketleriň hemmesinde 1525-nji ýylyň ahyrlarynda ýatyryldy. Ýewropada reforma ugrundaky hereket buržuaz rewolýusiýasynyň birinji etapyny aňlatdy. Iri ýer eýelerine garşy daýhanlaryň iň pes gatlagynyň çykyşydy. Ýeňilen daýhanlaryň hereketi nemes halkyna agyr täsir etdi. XVI asyrdaky nemes daýhanlarynyň gozgalaňynyň ýeňilmeginiň sebäbi daýhan biri-birinden aýrady. Hat-da daýhan plebeýler hem göreşde doly birleşip bilmediler. Beýleki synpyň goldawy zerurdy. Olaryň öňünde 2 wezipe durdy. Feodal ezişi ýok etmek we ýurduň dagynlygynyň soňuna çykmakdy. Frýugerler feodallardan ýeňiş gazanmaga heniz taýýar däldi (güýçsüzdi). Täzeden knýaz häkimýeti güýçlendi. Lýuteranlar Augsburg ýygnagynda 1530-njy ýylda “Augusburg dine uýujylaryň” hatynda knýaz we papa buthana ýolbaşçy bolup, katoliki şahslara garşy dine uýmagy öňe sürdi.
Daýhan urşy ýatyrylandan soň yzarlama başlady. Tofman hristiň ýeňişinden soň, adamlaryň gatnaşmagynda hudaýlar deňleşýärmiş diýen pikirli adamlara anabapdistler diýip at beripdirler.
Anabapsistleriň agalygy mýunsterlerde 14 aý dowam edipdir, şäher “täze iýerusalim” diýlip yglan edilipdir. Altyn kümüş gymmatbaha zatlar alnyp, hemme ýerde alyş-çalyş dowam edipdir. Mýunster kommunasy synpsyz jemgyýetiň käbir sypatlaryny özünde jemläpdir.
XV asyryň 30-40-njy ýyllaryndaky ykdysady ýokary göteriliş XVI asyryň ikinji ýarymyndaky daýhan uruşlaryndan soň beýik geografiki açyşlardan soň dünýä söwdasynyň täze ugurlary peýda bolupdyr. Emma Germaniýada ýaňy döräp başlan kapitalistik önümçilikler, manufaktura görnüşinde mundan beýläk ösmedi. Saksaniýa, Garsa, Týuringiýa, Gitriýa, Karintiýa we Kraýnada öňki gülläp ösen dag-magdan senagaty pese gaçdy. Bu oba-hojalygyna-da öz täsirini ýetirdi. German senagat önümleri bilen bäsleşip bilmeýärdi. Manufaktura önümçiligini ösdürmeklik üçin senagat kärhanalaryny diňe şäherde däl-de obalarda-da gurmalydy.
Her knýazlygyň özbaşdak eýeçilikli ýerleri bolupdyr, ýöne olar döwlet hasap edilmändir. Ýöne özara uruşlar dowam edipdir. Nemes knýazlary imperator gowşadyp, güýçlenmegi niýetlenipdirler. Kurfýunslaryň täsiri güýçlidi. Döwletiň iň iri knýazlyklary awstriýaly Gabsburglaryňkydy. Olar döwlet täjini elinde saklapdyr. Ýöne Gabsburglaryň bäsdeşi Bawariýa knýazlygy güýçlenipdir. XVI-XVII asyrlarda protestantlar bilen katolikleriň arasynda garşylyk ýitileşýär.Karl V-den soň iki dolandyryjynyň döwründe Ferdinand I (1556-1564) we Maksimilan II (1564-1576) ikisi-de katoliki diniň tarapdarydy.
Ýöne Rudolf II (1576-1612) Fillip II-niň Ispan howlusynda terbiýelenýär. Ol iýezitler şeýdip katolikleriň hüjümi Günorta we Günbatar Germaniýada Maksimilýan Bawarskiniň ýolbaşçylygynda bolupdyr. 1609-njy ýylda katolikleriň soýuzy döredi. Şu göreşler iri daşary ýurt döwletlerini gyzyklandyrdy. Bu 30 ýyllyk uruşda göründi.