Goşa ýyldyzlar
1782-nji ýylda iňlis astronomiýa janköýeri Gudraýk, Perseý ýyldyzlar toparynyň ýagty ýyldyzlarynyň biri bolan Algolyň goşa ýyldyzdygyny hiç bir gural ulanmazdan açyp, onuň ýagtylygynyň üýtgemeginiň sebäbine düşündiriş beripdir. Perseýiň Algol ýyldyzynyň ýagtylygy 2 gün 11 sagadyň dowamynda bir derejede durýar, soňra 5 sagadyň dowamynda ýagtylygy 2,3-den 3,5 ýyldyz ululygyna çenli peselýär we soňra ýene-de öňki ýagdaýyna gelýär.
Goşa ýyldyzlaryň aýlawdaky hereketlerini ilkinji bolup W.Gerşel açypdyr. Onuň açan goşa ýyldyzlarynyň sany ýüzlerçedir. 1837-nji ýylda W.Struwe 3000-e golaý goşa ýyldyz baradaky maglumaty çap edipdir we olaryň köpüsini özi açypdyr.
1844-nji ýylda Bessel asman gümmeziniň we Uly Köpegiň iň ýagty ýyldyzy Siriusyň we Kiçi Köpegiň iň ýagty ýyldyzy Porsionyň omnlarynyň wagtal-wagtal üýtgeýändigini bilip, olar goşa ýyldyz sistemasy bolaýmasyn diýip çaklapdyr. Hakykatdan hem, Siriusyň goşa ýyldyzdygy 1862-nji ýylda amerikan älemşynasy Klark tarapyndan açylýar. Porsionyň goşa ýyldyzdygy 1896-njy ýylda subut edilýär.
Biri-birlerine has ýakyn ýerleşýän goşa ýyldyzlaryň häsiýetini hatda güýçli teleskopyň kömegi boýunça-da kesgitlemek hem örän kyn bolýar. Sebäbi şeýle ýagdaýda olaryň goşadyklaryny diňe spektrleri boýunça kesgitläp bolýar. Spektrleri boýunça goşadyklary kesgitlenilýän ýyldyzlara spektral goşa ýyldyzlar diyilýär. Dopleriň hadysasy zerarly, gözegçä ýakynlaşýan ýyldyzyň spektri melewşe tarapa, gözegçiden uzaklaşýan ýyldyzyň spektri bolsa gyzyl tarapa süýşýär. Spektrdäki çyzyklaryň süýşmesi daşky aýlanma wagtyna deň wagt bilen üýtgäp durýar. Eger ýyldyzlaryň ýagtylygy we spektrleri meňzeş bolsa, onda goşa ýyldyzlaryň spektrlerindäki çyzyklaryň gaýtalanýan ikä bölünmegine gözegçilik etmek bolýar. Goý, ýyldyzlar dürli nokatlarda bolsunlar, onda olaryň biri gözegçä tarap hereket eder, beýlekisi bolsa ondan daşlaşar. Bu halda spektral çyzyklaryň ikä bölünmesi bolar. Ýakynlaşýan ýyldyzlaryň spektral çyzyklary melewşe tarapa, daşlaşýan ýyldyzlaryň spektral çyzyklary bolsa gyzyl tarapa süýşer.
Eger ýyldyzlaryň biri gowşak şöhle saçýan bolsa, onda diňe beýleki ýyldyzlaryň wagta görä süýşýän çyzyklaryny görmek bilen, olaryň goşadygy kesgitlenip bilner. Spektral goşa ýyldyzlaryň gözegçä görä hereket edýän tekizlikleriniň ýerleşişi boýunça tutulma häsiýetleri hem bardyr. Olar hem beýleki goşa ýyldyzlar ýaly, öz aralarynda gezekli-gezegine bir-birleriniň öňlerini gözegçiden ýapýarlar. Tutulma häsiýetlerine görä, olar Sefeitlere, RR Lira toparyna, Kassiopeidlere we ş.m. ýagtylyklaryny üýtgedýän ýyldyzlar toparlaryna bölünýärler.
Ýyldyzlaryň esasy häsiýetnamalaryny görkezýän Gersşprung-Rasseliň çyzgysy. Çyzgy ýyldyzlaryň şöhle saçyşynyň olaryň temperaturasyna we reňkine baglydygyny görkezýär. Esasy ýyldyz yzygiderliginden häsiýetleri boýunça has tapawutlanýan ýyldyzlar çyzgyda adatdan daşary uly ýyldyzlar yzygiderliligini; ýagty we öçügsi adatdan daşary uly ýyldyzlary, adatdan daşary äpet (has uly, emma az ýagtylyk saçýan) ýyldyzlary, dürli gyzgynlykdaky kiçi ýyldyzlary, ýagny subkarlikler we akgöýdükler (karlikler) diýen toparlary döredýärler. Gün bu çyzgyda esasy ýyldyz yzygiderliliginiň ortasynda ýerleşýär.
Eger fizikanyň kanunlaryndan peýdalanyp, göze görünýän ýyldyzlary "terezide çekip görsek”, onda olardan iň agyrlarynyň biri diýip Üçýyldyzyň trapesiýasynyň aşakdan sagynda ýerleşýän Rigeli hasap etmek bolar. Ol Günden 21 esse agyrdyr. Täsin ýyldyzlaryň biri hem Gyz ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan Spikadyr. Ol Günden radiusy boýunça 7 esse, massasy boýunça 1,3 esse uly bolup, Äleme 590 Gün möçberinde şöhle saçýar. Spikanyň üstüniň temperaturasy 16800 gradusdyr. Äpet uly ýyldyzlaryň biri bolan Antaresiň üstüniň temperaturasy 3300 gradusa deňdir.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby