Open main menu
Türkmenistanyň taryhy
Turkmenistan stub.svg
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata
Görogly
Magtymguly
Turkmenbaşy


DÄDEM GORKUT.

== Meýiln gorkut ata watancylyk eposy

  1. Dädem Gorkut kitaby türkmen taryhy boýunça çeşme hökmünde.

EdebiýatlarEdit

  1. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama. Aşgabat – 2001
  2. Gorkut ata. Aşgabat – 1994.

Türkmen ruhunyň ikinji eýýamy biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyllaryndan başlanýar. Bu eýýan türkmeniň jahankeşdä öwrülen döwrüdi. Şonuň üçinem munda türkmeniň sapardaky, ýoldaky, aýak üstündäki aýan bolan ruhy häsiýetleri ýüze çykdy. Türkmen Oguz hanyň “Bir ýerde durma” diýen pendini ýörelge edindi.

Ikinji eýýamda milletiň ruhy ýolbaşçysy Gorkut ata boldy. Bu döwrüň ruhy gopuz bilen beýan edilipdir. Yslamy meýletin kabul eden Gorkut ata türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açdy. Özüniň iman, ahyrýet hakyndaky pelsepeleri bilen Gorkut ata ahlagyň täze gymmatlyklaryny işläp düzdi. Indi dünýä öňküsi ýaly üç däl-de, ikä geldi. Bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli, ahyrýetiň bardygyna iman getirildi.

Bu eýýamda türkmeniň ozalky ruhy alamatlary saklanyp galdy. Altyndepede öküz bilen birlikde möjegiň şekiliniň bardygyny, Oguz hana möjegiň ýol görkezendigini bilýäris. Munuň özi ikinji eýýamda öküziň deregine böriniň geçmegine sebäp boldy. Çünki birsydyrgyn, parahat hem imisala ýaşaýyş tamam boldy. Yslam türkmene täze ýoly geçmäge, ol ýollarda özüňi görkezmäge böriniň kuwwaty, garadangaýmazlygy hem böriniň ýyndamlygy gerekdi. Türkmen ruhy öz ozalky kenarlaryndan daşyna agdy-da yslam dünýäsine ýaýrap gitdi.

Ol ruh çölleriň gurdy bolup giň sähralary gezdi, aw awlady. Ol şeýdip giňlik, uç-gyraksyzlyk häsiýetine eýe boldy. Ol gaýduwsyzlyk, mertlik häsiýetine eýe boldy. Özünden güýçlüleriň, özünden ejizleriň bardygyny gördi. Güýçliniň minnetini çekmedi, ejiziň awuna el gatmady. Sährany ýurt tutundy, nesli örňedi, ýurt mährini duýdy. Öz ýurduna kesekini goýbermedi, özgäň ýurduna dawa etmedi. Onuň tüýleri, ýallary gök asmanyň – bakylygyň hem elýetmezligiň reňkindedi. Hoş gününde eselmedi, hor gününde peselmedi. “Gurt ýüzi-mübärek!” diýdirdi. Özüni kapasa saldyrmady, ýolbarsyň giren kapasasyna girmedi, gaplaňyň oýunlaryny etmedi.

Birnäçe halatlarda, käbir çeşmelerde “Däde Gorkut kitaby” ýa-da “Kitaby däde Gorkut” atlandyrylýan eser köpden bäri Gündogary öwrenýän alymlaryň ünsüni özüne çekip geldi. Türkmen halk döredijiliginde bolsa bu kitap “Gorkut ata” ady bilen has meşhurdyr. Türkmenler Gorkut atany diňe bir ýazyjy, şahyr, bagşy diýip tanaman, aýdan zady hökman bolaýýan, keramatly bir adam hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, Gorkut atanyň taryhy şans bolup-bolmanlygy heniz anygyna ýetilmedik meseleleriň biridir. Emma bu hakda Gündogaryň alymlarydyr ýazyjylary däde Gorkut ýa-da Gorkut ata atly bir adamyň bolandygy hakynda ähtibarly hem ynandyryjy maglumatlar berýärler. XV asyryň bir taryhçysy: “Muhammet pygamberiň zamanyna ýakyn bir döwürde oguzlaryň (türkmenleriň) arasynda däde Görkut (Gorkut ata) atly bir adam döräp, oguzlaryň dilinde bir kitap ýazypdyr. Ol kitabyň adyna “Kitaby däde Gorkut” diýip at berilýär” diýen maglumaty berýär.

Mundan başga-da Gündogaryň meşhur taryhçysy Reşideddin Tebip (XIV asyr), Alyşir Nowaýy (1441-1501), görnükli türkmen taryhçysy Salyr baba Gulaly ogly (XVI asyr) hem belli taryhçy Abulgazy Bahadyr han (VII asyr) dagy oguzlardan bolan Garahoja diýen adamyň Gorkut ata diýen oglunyň bolandygyny, onuň haýsy hanyň döwründe ýaşandygyny, hat-da, Gorkut atanyň oguz türkmenleriniň baýat tiresinden bolandygyny-da aýdýarlar. Mysal üçin, nusaýly türkmen taryhçysy Salyr baba Gulaly ogly özüniň taryhy kitabynyň “Oguz we öwlad we etbag we bari etrak taryhyndan” atly bölüminde Gorkut hakynda şeýle ýazýar: “Gorkut Garahoja ogly…örän akylly, dana we keramatly bolupdyr. Onuň döwründe Ynal syrmawkoýhan bolupdyr. Bu hekaýany rowaýat edeniň aýtmagyna görä, Gorkudyň ömri ýüz togsan bäş ýyl bolan eken. Onuň ýagşy sözleri, keramatlary köpdür. Bu sözler we keramatlar özbaşdak beýan ediljekdir.”.

Bu sözlerden soň, Salyr baba öz türkmenleriniň arasyndaky gürrüňlere salgylanyp, şol gadymy döwürlerde bolan wakalardan habar berýär.

Daşary ýurtly arheolog alym P.Lerh Türkmenistanda geçiren arheologik ekspedisiýasy döwründe Syrderýanyň kenarynda Jankent (Ýaňy Kent) diýen şäherjigiň ýanynda Gorkut atanyň mazaryna gabat gelendigini habar berýär. SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy çleni A.Ýu.Ýakubowskiý oguz türkmenleriniň orta asyrda esasy ýaşan ýerleri bolan Kazalinsk (Kazaly) bilen Gyzyl Ordanyň ortasynda Gorkudyň mazarynyň ýatandygyny aýdýar.

Gündogary öwreniji meşhur alym, akademik W.W.Bartold 1900-nji ýylda bu eseri rus diline terjime edip, türkmençe teksti bilen çapa taýýarlapdyr. Akademik bu eseriň on iki bölümini hem terjime edipdir, emma onuň diňe dört bölümi çap edilipdir. Bu hormatly işi W.W.Bartold özüniň talyplyk ýyllarynda ýerine ýetiren hem bolsa, eseriň tekstini dogry bermäge jan çekendigini, ony rus diline terjime edende, eseriň milli aýratynlyklaryny, göçme-çarwaçylyk durmuşyň häsiýetlerini öz tagamy bilen berip bilendigini, şeýlelikde, tekstiň hem terjimäniň diňe bir ylmy taýdan bolman, çeperçilik taýdan hem ägirt ähmiýete eýe bolandygyny aýtmalydyrys. Akademigiň bu hyzmatyny türkmen halky hiç wagt ýadyndan çykarmaz.

W.W.Bartold “Gorkut atanyň kitabynyň” taryhyna degişli-de birnäçe işler edýär. Ol işlerde eposdaky esasy gahrymanlaryň oguz türkmenlerdendigi, şonuň ýaly-da “Gorkut ata kitabynyň” dürli şahalarynyň hut Türkmenistanyň özünde köp asyrlardan bäri aýdylyp gelinýändigi bellenilip geçilýär. Mysal üçin, W.W.Bartold “Türkmen halkynyň taryhyndan oçerk” atly eserinde (rus dilinde) XIV – XV asyrlarda dörän “Akgoýunly”, “Garagoýunly” türkmen dinastiýalary barada gürrüň açyp, “Gorkut” hakynda şu zatlary ýazýar: “Bagşy we ýaşuly, halk parasatlylygyny beýan ediji, saklaýjy Gorkudyň ady bilen baglanyşykly bolan hekaýalaryň topary, belki-de, Akgoýunly türkmenleriniň döwründe ýüze çykandyr; bu hekaýalarda ähli oguzlaryň baştutany Baýandyr handyr. Mälim bolşy ýaly, Gorkut hakyndaky rowaýatlar Türkmenistanyň hut özünde hem saklanypdyr…”

1334-nji hijri (1915) ýylynda bu eser “Kitaby däde Gorkut” ady bilen Stambulda neşir edilýär.

Emma bu neşirde kitabyň dili, stili erbet ýoýlupdyr. Ençeme sözler ýalňyş ýazylypdyr, köp sözlerine bolsa düşünilmändir, iň ýamany hem başga sözler bilen çalşyrylypdyr. Bu hakda edebiýat taryhçysy, professor Ýe.E.Bertels: “Göçüriji kitabyň dilini täzeleşdiren hem bolsa, her halda onda türkmeniň dürli şiwelerinde häzire çenli ulanyp ýörlen gaty köp sözler galypdyr, bu bolsa kitabyň türkmenleriňkidigini açyk görkezýär” diýip ýazýar.

Türkmenleriň “Gorkut ata” eposy X-XI asyrlarda, hat-da käbir bölümleri VI-VII asyrlara degişlidir. Şonuň üçin-de türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny, adat, ykdysady, ahlaky durmuşlaryny öwrenmekde bu eseriň örän uly ähmiýeti bardyr.

Kitap “Boý” diýip atlandyrylan birnäçe bölümden ybaratdyr. Eger, umuman, türkmenleriň epos-dessanlaryna has bolan kyssa (gürrüň) bilen goşgyny gezekleşdirip bermek usulynda düzülipdir. Şahyrana türkmen halky aýdym-sazy örän oňat görýär. Özüniň şatlygyny, gaýgysyny aýdym bilen beýan edýär, her bir kynçylyga, hat-da duşmanyndan hem şygryň, aýdym-sazyň güýji arkaly üstün çykýar. Bu eserde şu mesele has hem görnükli orny tutýar. Munda gatnaşan her bir gahryman urşa girjek bolanda aýdym aýdýar, özüniň ajaýyp obrazly, belent sözi, ýiti aýdymy bilen duşmana ýüzlenýär. Şeýlelikde, onuň howuny alýar, sussyny basýar. Şu ýagdaýlar bagşydyr şahyrlaryň bu eserde ymykly yz galdyrandyklaryny görkezýär. “Gorkut rowaýaty, gürrüňsiz, gadymy oguz aýdymçylary- ozanlary tarapyndan düzülipdir” (Ýe.E.Bertels). Bu dogry gürrüň. Edil Gorkut atanyň özi hem kitabyň başyndan tä aýagyna çenli wakany gyzyklandyryjy, bölümleriň arasyny birleşdiriji şahyr-bagşy roluny oýnaýar. Çünki, bu kitap durmuş bilen başdan-aýak belli bir wakany beýan etmän, her bölümi aýry-aýry wakalardan gurnalýar. Diňe Baýandyr han, Salyr Gazan we Gorkut ata ýaly baş gahrymanlar kitabyň hemme bölümlerinde gatnaşýarlar. Şeýlelikde, eser bitewi görnüşe eýe bolýar.

Eserdäki baş ideýa gahrymançylykdyr. Bölümleriň aglabasynda türkmen taýpalarynyň keseki ýurt basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz göreş alyp baryşlary, şol aýgytly söweşlerde ýigitleriň gahrymançylyk bilen öz eziz ýurtlaryny gorandyklary suratlandyrylýar. Kitapda Watana, il-güne söýgi, ýoldaşa wepalylyk, mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän ýagdaýlary örän ýiti goýlupdyr. Hatda, oglan ýigit ýetip, bir gahrymançylyk görkezmese, oňa at hem dakmaýarlar. Meýlislere gatnaşyp, gürrüňe goşulýan ýigitden haýsy-da bolsa bir ugurdan göz görkezmeklik talap edilýär. Meselem, “Owşan goja ogly Segregiň hekaýasynda” şeýle bir waka bolýar: Owşanyň uly ogly Egrek, Gazan begiň diwanynda örän hörelsireýär. Emma özüne göwni ýetýän ýigitler ýeke bu däl. Bir oturyşykda Tersuzamyş diýen hem bir kelenhir ýigit bolýar. Egrek töre geçiberende ýaňky ýigit oňa ýüzlenýär-de: - How, Owşan gojanyň ogly şu oturan begler-ä öz orunlaryny gylyjynyň zarby bilen ýa-da çöreklilikleri bilen gazandylar, sen näme, baş kesdiňmi, gan dökdüňmi, ajy doýurdyňmy ýa-da ýalaňaja don etdiňmi? – diýip, gyjytly sözler bilen soraýar. Şundan soň, Egrek Gazan begden goşun alyp, döwrüne mynasyp şöhrat gazanmak üçin duşmanyň üstüne atlanýar.

Eposda aýal-gyzlar hem edil erkekler ýaly köp meselelere erkin gatnaşýarlar. Eposyň maglumatlaryna görä, feodalizmiň hem yslam dininiň aýal-gyzlara gul-gyrnak hökmünde garaýan çüýrük kanun-däpleri ol zamanda olaryň üstüne heniz öz labyryny doly indermän eken. Mergenlik bilen ok atmak, at münüp, gylyç çalmak, sugun, keýik awlamak, duşman bilen söweşmegi başarmak, ýoldaşyňa wepaly bolmak ýaly asylly terbiýäniň özi erkekler bilen barabar aýallara-da berlipdir. Edil öýlenmek meselesinde-de ýokarky işlere kimiň nähili çulum bolandygy, kimiň nähili ukyp-güýjüniň bardygy iki tarapdan hem barlanýar. Eger bir ýigit öýlenjek bolsa, ol gyzyň ýanyna barýar, onuň şertleri bilen tanşyp, güýç synanyşmaga başlaýar. Ýigit at çapmakda ozsa, ok atmakda nyşanany hatasyz ursa ýa-da göreşip ýyksa, diňe şonda gyz ony özüne mynasyp ýoldaş diýip hasap edýär. Emma bir wada berenden soň welin, öldürseňem gyz öz ähtinden dänmeýär (“Bamsy Birek bilen Banu Çeçegiň ýaryşy”).

Ýoldaşa wepaly bolmagyň ajaýyp göreldesini “Salyr Gazanyň öýüniň talanmagy” diýen hekaýada duşman eline ýesir düşen kyrk sany oguz gyzynyň bolşundan hem görýäris. Bu bölümde Gazanyň öýi talanyp, bütin emlägi bilen birlikde aýaly Burla hatyn, ogly Oraz, garry enesi hem kyrk sany oguz gyzy duşmanlar tarapyndan zor bilen äkidilýär. Duşmanlar öz meýlislerinde Burla hatyny getirip, oňa şerap süzdürip, Gazany namys astynda galdyrmak isleýärler. Olar aýallaryň arasyna gelip: “Gazan begiň aýaly kim?” diýip soraýarlar, kyrk gyzyň kyrkysy hem kyrk ýerden “Men” diýip jogap berýär… Şonuň üçin duşman öz maksadyna ýetip bilmeýär.

Aýallar köp meselelerde ärlerine maslahat berýärler, ärleri olaryň beren geňeşlerine gulak asýarlar. Meselem, Dersehan öz aýalynyň maslahaty bilen uly toý tutýar. Oguz iliniň daşynyň garawulbaşysy bolan Bekel Baýandyr hanyň meýlisinde otyrka, Salyr Gazan Bekeliň awanlygy (batyr awçylygy) ärlikden bolman, atyň hünäridir diýeni üçin, ol öýkeläp öýüne gaýdýar. Aýaly ýaşulylardan öýkelemegiň zyýanlydygyny aýdyp, awa gidip, göwün açmagy oňa maslahat berýär. Bekel aýalynyň maslahaty bilen awa gidýär.

Kitapda köp aýallylyk, dakylma, adaglylyk ummasyz galyň almak ýaly zatlar hem göze ilmeýär, hat-da galyň kesmek däbine-de diňe bir boýda duş gelýäris, emma ol ýerde-de galyňy akyly ýerinde adam talap etmän, däli Garçar aljak bolýar.

Oguz tireleriniň şol wagtdaky esasy kesbi-käri çarwaçylyk bolupdyr. Şol sebäpden oba ýygy-ýygydan ýazlaga, gyşlaga göçüp durupdyrlar. Olaryň mallary, esasan, diýe, goýun, ýylkydyr. Dabaraly toýlarynda hem şu mallary soýýarlar. Emma süri gylýallardan başga söweş üçin, awçylyk üçin ýörite saklanýan atlar hem bar. Göroglynyň “Gyr aty” ýaly her atyň “Goňur at”, “Boz at” diýen ýaly belli bir lakamy bar. Hatda duşman kim bilen iş salyşýanlygyny garşysyndakynyň atyny göreninden tanaýar.

Aşak gatlagyň wekillerinden – çopanlara eserde görnükli orun berlipdir. Çopanlar sada, daýaw hem örän güýçli sypatda berlipdir. Meselem, Salyr Gazanyň öýi talananda, duşmanyň alty ýüz atlysy onuň goýun sürüsiniň üstüne at goýýar. Garaja çopan özüniň Gabangüýji, Demirgüýji diýen inilerini ýanyna alyp, äpet sapany bilen duşmanyň garşysyna söweş edýär. “Garaja çopan sapanyň aýasyna daş goýdy, atdy, birini atanda, ikisini-üçüsini ýykdy, ikisini atanda üçini-dördini ýykdy, duşmanlaryň gözüne gorky düşdi. Garaja çopan ýagynyň üç ýüzüni sapan daşy bilen ýere sokdy. Iki gardaşy oka düşdi, şehit boldy.

Çopanyň daşy tükendi, goýun diýmez, geçi diýmez – sapanyň aýasyna goýar, atar duşmany ýykar…”

Ine, şeýle gaýduwsyzlyk bilen göreşýän mert çopandan duşman gaçýar. Soňra çopan Gazan bilen gidip, duşmandan rehimsiz öç alýar. Biziň bu aýdanlarymyz “Gorkut atanyň”, umuman, gurluş-düzüliş ýagdaýyna degişli maglumatlardyr. Eger eposyň aýry-aýry şahalaryna geçsek, onda ol şahalar babatda şu aşakdakylary aýtmak bolar.

“Bugaç han Derse han oglunyň boýy”. Bu boý – hekaýa perzentsizligi näletlenmekden başlanýar. Munuň sebäbi düşnüklidir. Çünki ol şol wagtlarda oguz türkmenleriniň daş-töweregi duşman bolupdyr. Duşmanlar häli-şindi bularyň üstüne hüjüm edip durýarlar. Ine, şol sebäpden ýurdy gorap, ili abat saklaýan edermen ýigitler gerek bolupdyr, çagalarynyň köp bolmagyny arzuw edipdirler.

Oglana ilki at dakylmazlygynyň hem sebäbi şu ýokardaky ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. At dakmak meselesi her bir ýigidiň at gazanmak üçin çalyşmagyna sebäp bolupdyr.

Hekaýanyň baş ideýasy hüşgärlik, hak işiň adalatsyzlykdan üstün çykýandygyny tassyklamakdan ybarat. Derse hanyň kyrk sany haýyn nökeri arkaly hemişe hüşgär bolup durmasaň, duşmanyň aýak astyndan hem döreýändigi görkezilýär. Garry Derse hanyň bolsa hüşgärligi elden berip aldanandygy, netijede, uly heläkçilige sezewar bolandygy beýan edilýär. Emma her halda hakykat üstün çykýar, ýaşlar (Bugaç we onuň ýigitleri) edermenlikleri bilen ol agyr ýagdaýdan gutulýarlar, haýynlar jezalandyrylýar.

Eserde aýal-gyzlara uly orun berilýär. Aýallar her bir meselede akylly, parasatly we edermen edip görkezilipdir. Derse hanyň aýaly ärine oňat maslahat berýär, äri onuň beren maslahatyna gulak asýar. Ol eger ogly duşman eline düşen bolsa, goşun çekip, duşman üstüne atlanjakdygyny, tä ölinçä yzyna dönmejekdigini beýan edýär. Derse hanyň aýalynyň kyrk sany gyz bilen atlanyp, daglaryň, derýalaryň arasyndan ogluny tapyp gelmegi hem şol edermenlikleriň nyşanydyr. Oglunyň ýarasynyň ene süýdi bilen bejerilmegi enäniň mährini, enäniň çaga bolan çäksiz söýgüsini görkezýär.

Bulardan başga - da Baýandyr han, Derse han arkaly şol wagtyň toýlaryny, agalygyny berkitmek üçin tutma nökerleri saklandyklary mälim bolýar.

Derse han ogulsyzlykdan zeýrenýär, emma ikinji aýal alyp önelge öndürmegiň pikirini edenok. Munuň sebäbi şol wagtda köp aýallylygyň bolmandygydyr. Bu hekaýa bizi ol döwrüň awçylyk meselesi, öküz uruşdyrmak, aşyk oýnamak, bagşy aýtdyrmak ýaly däp-dessurlary bilen hem tanyşdyrýar.

“Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy”. Bu hekaýadan duşmanyň hilegärligini, oguzlaryň üstüne häli-şindi hüjüm edýändiklerini, mallaryny, öýlerini talaýandyklaryny, gelin-gyzlaryny ýesir edip alyp gidýändiklerini görýäris. Şu ýagdaýlaryň özem ýigitleriň batyr, edermen, gaýduwsyz pälwan bolup ýetişmeklerini talap edipdir.

Şu hekaýada zähmetkeşleriň wekili Garaja çopanyň obrazy örän açyk berlipdir. Ol ar-namysyň üstünde örän berk durýar, gaýduwsyzlyk bilen söweş edip, aldajy duşmany yzyna kowýar. Soňra Gazanyň at-ýaragyny diläp, ýeke özi duşmanyň yzyndan gitmekçi bolýar. Emma urugçylyk, aksakgalçylyk tertibine eýeren hem feodallaryň ulumsy wekili bolan Gazan çopana göwnüýetmezçilik edýär, ony özi bilen alyp gitmäge namys edýär.

Eseriň başyndaky, ahyryndaky toýlarda şerap içilip, mes bolmaklyk hem-de namaz, oraza, metjit ýaly sözleriň gabat gelmezligi we ş.m. ýagdaýlar yslam dininiň şol wagtda halk arasynda gowşak ornaşandygyny görkezýär. Emma düýşe, ýorguda, ykbala ynanmak ýaly gadymy diniň alamatlary duýulýar.

Hekaýanyň soňunda açgöz duşmanlaryň ýeňlendikleri, “özi salan teşeleriniň öz aýaklaryna düşendigi” beýan edilýär.

“Baý-Bugra beg ogly Bamys Birek boýy”. Bu hekaýada-da ogul-gyza bolan höwes güýçli görkezilýär. Munda hem ýigit gahrymançylykly işler görkezýär, şondan soň at dakylýar.

Eserde esas edilip, öýlenmek meselesi alynýar, emma öýlenmek meselesi hem gahrymançylyk esasynda çözülýär. Öýlenjek ýigit aljak gyzyny her tarapdan synlaýar, edil şonuň ýaly-da äre barjak gyz hem özüniň ömürlik ýoldaşy boljak ýigidi döwrüniň talabyna görä, at çapmakda, mergenlikde we pälwanlykda synap görýär. Ol wagtyň gyzlary döwrüniň talabyny ödäp bilýän ýigitleri özlerine mynasyp ýoldaş diýip hasap edipdirler.

Birek duşmanyň zyndanynda on alty ýyllap ýatýar. Ahyrda bolsa Gözel şanyň zyndanynda ýatan Ýusup bilen Ahmedi zyndanbanyň gyzy Garagözüň söýüp, olara kömek edişi, Birek hem duşman hanyň gyzynyň söýgüsi arkaly azat bolýar. Birekde ýoldaşa wepalylygyň ýokary göreldesi görkezilipdir. Ol öz ýoldaşlaryny boşadyp, olar bilen birlikde myrat-maksadyna ýetýär.

Çeçek ärine wepaly, sabyrli türkmen gyzynyň obrazydyr. Ol on alty ýyllap Birege garaşýar.

Şu hekaýada söwdagärlik, bagşy aýtdyrmak, nyşana atyşmak, tans etmek ýaly däpleriň hem bolandygyny göryäris.

“Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýy”. Şol zamanda belli bir derejä, hormatly orna, hatda ataň mirasyna eýe bolmak üçin hem gahrymançylykly hünäriň gerek ekendigi şu hekaýadan mälim bolýar.

Daş-töwerek duşman, Gazan ogluna tälim berip ýörkä, tötänden bularyň üstüne duşman leşgeri dökülýär. Söweşde Gazanbegiň örän güýçlüligi we gaýduwsyzlygy görkezilýär. Beýleki begler hem oňat uruşýarlar. Munda aýallaryň hem gahrymançylykly häsiýetleri görkezilýär. Ençeme oguz gyzlaryna baş bolup, Burla hatyn urşa girýär, batyrlarça söweşip, duşman hanlarynyň birini öldürýär.

“Döwhe goja ogly Däli Dumrul (Makaw) boýy”. Bu hekaýa durmuşda bolmadyk we bolup-da bilmejek hyýaly zatlardan – fantastika bilen başlaýar. Bu eseriň baş gahrymany Dumrul özüne göwni ýetýän, batyr adam. Dumrul gorkunç zat hasap edilen Ezraýyla sezewar bolýar. Däli Dumrul:

“Depesi beýik biziň daglarymyz bolar,

Ol daglarymyzda baglarymyz bolar,

Ol baglaryň gara salkymlary – üzüm bolar.

Ol üzümi sykarlar – al şeraby bolar.

Ol şerapdan içen eýerik bolar.

Şeraplar – iýdim-içdim doýmadym –

Ne sözledim bilmedim,

Beglik bilen osmadym.

Ýigitlik bile duýmadym…”

diýip, ulumsy bolmaly däldigini aňladýar.

Eseriň ahyrynda bolsa başýoldaşlygyň, är-aýallygyň, wepalylygyň ýokary nusgasy beýan edilipdir. Dumrul aýalynyň janyny soramasa-da, aýaly öz janyny oňa gurban etjegini aýdýar. Şeýlelik bilen, ärini söýýän aýalyň wepalylygy ata-ene mährinden hem ýokary görkezilipdir.

“Ganly goja ogly Hantöreli (Töreli beg) boýy”. Bu boýyň esasy temasy öýlenmek meselesidir. Beýik Oktýabr rewolýusiýasyndan öň öýlenmek meselesi diňe mala-pula baglydy. Emma eposa görä, gadymy oguz türkmenleriniň durmuşynda bu meseläniň başgaça hillidigini görýäris. Döwrüň talap edişine görä, nika meselesi-de gahrymançylyk esasynda çözülýär.

Öýlenjek ýigitler özüniň aljak gelniniň çakgan, edermen, durnukly, sagdyn we ururş hünärlerini bilýän, gerek bolanda, ýarag işletmegi hem başarýan batyr bolmagyny talap edýärler. Gyzlar hem öz nobatynda dürli hekaýanyň baş gahrymanlary Hantöreliniň we Sylyjan hatyn hem şu esasda tapyşyşýarlar. Hantöreli tutanýerli, gaýduwsyz, pälwan ýigitdi. Sylyjan hatyn hem wadasyna berk, ärine wepaly, edermen türkmen gyzynyň obrazyny özünde jemleýär.

Eserde göwün göteriji, hemaýat beriji sözüň we sazyň ähmiýeti hem görkezilipdir. Hantöreli her gezek söweşe girjek bolanda, onuň ýoldaşlary saz çalýar, göwün göteriji hyjuwly şygyrlary aýdýarlar. Bu sözler Hantöreliniň güýjüne güýç goşýar, ony ýeňşe ruhlandyrýar.

“Kazylyk goja ogly Ýegenek boýy”. Bu bölüm gahrymançylyk, uruş-söweş hakynda gürrüň berýär. Munda garrylaryň ýalňyşy we şol ýalňyşlyk zerarly agyr güne sezewar boluşlary görkezilýär. Kazylyk goja içip, mes bolýar-da, hiç bir zat ýok ýerinden yrsarap, töweregine atly ýygnap gidýär. Baryp hem päline görä tapýar. Ýaşlar ýalňyşlyklary düzedýärler we garrylary agyr ýagdaýdan gutarýarlar. (Şu hili ýagdaý Dersehan, Bekel ogly Imran hekaýalarynda hem bar.) Durmuşy dowam etdirijiler ýaşlardyr. Şonuň üçin ýaşlara nobat berilýär we uly ýol açylýar.

Bu dessanda duşmanyň güýjüne hem baha berilýär. Onuň güýji kemsidilmeýär, nähili güýji bolsa, nähili ýeňişleri bolsa, bolşy ýaly görkezilipdir. Beýle görkezilmesi gaty dogrudyr, çünki duşmanyň güýjüni real suratlandyrmak Kazylyk goja, Däli Dumrul, Egrek ýaly adamlaryň böwürlerini diňlemeklerine sebäp bolýar we geljekki ýaşlara görelde bolup, olary her bir güýje gaýtawul bermäge, ukyply bolmaga töwerekleýin ýaraglanyp, zarba garşy zarp urmaga taýýar bolmaklyga çagyrýar.

“Besediň Depegözi öldürdigi (Ýekegöz) boýy”. “Depegöz” hekaýasy fantastiki (hyýaly) gahrymançylykly häsiýete berlipdir. Şuňa meňzeş waka grekleriň gadymy eserlerinde (Odisseý) we türkmen halk ertekilerinde hem bardyr, emma halk ertekisinde Depegöze derek döw hereket edýär.

Gadymy adamlar tebigatyň dürli hadysalaryna: gök gürlemegiň, aý-gün tutulmagynyň we ş.m.wakalaryň sebäplerine düşünmändirler. Dürli wakalaryň bolmagyna sebäp bolýan şol wakalaryň bolmagyna ýa bolmazlygyna buýruk berip ýören zatlar bar diýip düşünipdirler. Meselem, Burkut diwana-ýagşyň piri, Haýdar bolsa-ýeliň piri we başgalar. Şolaryň birnäçesi göze görünmeýär, birnäçesi bolsa göze görünýär diýip düşünipdirler, käbirine hudaý diýip çokunypdyrlar. Şeýlelikde, gadymy adamlaryň aňynda keramatly jandarlar, döw, peri, jyn, al-arwah, aždarha ýaly düşünjeler peýda bolýar. Ine, şu hili zatlar gadymy eserlere (ertekilere, legendalara, dessanlara) giripdir. Ýöne şol zatlar näçe güýçli hem haýbatly edilip suratlandyrylsalar-da, ahyrda adamlar olary ýeňýärler. Käwagt bolsa şol ýeňlen döwler ynsana kömek hem edýär. Eserlerde şeýle edilip görkezilmegi dünýäde ynsandan güýçli zat ýok diýildigidir.

Şu hekaýada-da Depegöz şonça güýçli edilip görkezilen hem bolsa, ahyrda ony Beset ýeňýär we adamlary agyr howpdan gutarýar. Beset edermen, batyr, öz watanyna, iline wepaly we ugur tapyjy ýigit.

Depegöz bolsa fantastiki häsiýetde berlen bir ýol urup ýören haramynyň, galtamanyň obrazydyr.

Gorkut ata hem şu hekaýada üç ýerde gatnaşýar. Ol adamlar agyr ýagdaýa düşende, olara kömek edýän, göwünlik berip, wagtlaryny hoş edýän salyhatly bir ýaşulynyň tipidir.

Eserdäki agzalýan göç-gon, ýazlag, goýun, çopan we şoňa meňzeşler şol wagtlardaky oguzlaryň kesbi-kärlerini, olaryň göçme-çarwaçylyk ýagdaýynda bolandygyny görkezýär.

“Bekel ogly Ymran boýy”. Bu boýda şol wagtdaky ýaş ýigitleriň namysjaňlygy we batyrlygy taryp edilýär. Ymran batyr, öz üstlerine güýçli ýagy gelýärkä, her bir kynçylyga, howpa garşy merdanalyk bilen döş gerip çykmagy abzal görýän, türkmeniň goç ýigitleriniň obrazydyr. Şu eserde “Töwekgel ner bolsa, endişe-maýa” diýen atalar sözüniň aýdyşy ýaly, töwekgelligiň, tutanýerliligiň, gorkmazlygyň üstün çykýanlygy beýan edilipdir. Bu eser ýaşlarda bolýan iň oňat häsiýetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şular ýaly eserleriň ýaşlara edermenlik, gaýduwsyzlyk, gorkmazlyk, töwekgellik ýaly asylly häsiýeti bermekde uly rol oýnanlygy şübhesiz.

Eserdäki Bekel obrazy hem watan goragynda janyny aýaman ýören ata-babalarymyzyň obrazydyr.

Eserde aýallar ärlerine nesihat berýärler, ärleri bolsa olaryň maslahatlaryna gulak asýarlar. Ine, şu ýagdaý ol wagtda aýal-gyzlaryň her bir meselä goşulýandyklaryny we olara erkekler tarapyndan uly hormat goýulýandygyny görkezýär.

Ýene bir belläp geçmeli zat, ol hem bolsa şol zamanda oguz türkmenlerini talamaga, gul etmäge ymtylan hanlaryň, begleriň bolandygy, şolardan özlerini goramak üçin serhet saklamak ýaly işleriň bolandygydyr.

Bu hekaýatda-da awçylyk, oturyşyk, şerap içmek ýaly däpleriň gaýtalanyşyny görýäris.

“Owşan goja ogly Segregiň boýy”. Bu hekaýa hem uruş-söweş, batyrlyk hakynda düzülipdir. Eserdäki baş gahrymanlaryň biri bolan Egrek has özüne göwni ýetýän, ulumsy we bir pöwheräk ýigit sypatynda görkezilipdir. Onuň bir aýratyn bitiren işi, görkezen edermenligi bolmasa-da, özüni hondan bärisi tutup, hanyň oturyşygyna barýar, hiç kimi äsgermän, oturan adamlaryň üstüni basgylap, töre geçip oturýar. Soň bolsa oňa “seniň bir bitiren işiň ýok” diýlende aňyrsyny oýlaman, gahrymançylyk görkezmek juda aňsat zatdyr öýdüp, maksatsyz bir ýaňa atlanyp gidýär hem özüniň hüşgärsizligi bilen duşman eline düşýär, on alty ýyllap zyndanda ýatýar. Ine, eserde Egregiň özüni alyp barşy- ulumsylygy, geleňsizligi netijesinde duşman eline düşüp, heläk bolşy görkezilip, ýaşlara “Egrek ýaly bolmaly däl” diýmek nesihat edilýär.

Segrek obrazy bolsa tutanýerli, gaýduwsyz, namysjaň, mert, batyr türkmen ýigidiniň sypatynda berlipdir. Onda şonuň ýaly gylyklar bolany üçin, maksadyna ýetýär. Ýene bir eserde gelinleriň asylly häsiýeti görkezilýär. Segrek öz gelnine: “Eger men üç ýylda gelmesem, halan adamyňa äre baryp bilersiň” diýende, onuň ýüregi ýarylan ýaly bolup, men üç ýyl däl, on ýyl hem, ömrüm ötýänçe hem garaşaryn!” diýip jogap berýär. Gelniň şu sözleri äre, ýoldaşa wepalylygyň belent göreldesidir.

Başgalarynda bolşy ýaly, bu hekaýada hem oturyşyk-meýlis suratlandyrylýar. Emma beýan edilişine görä, meýlise-oturyşyga barýanlaryň näme-de bolsa adamkärçiliginiň bir ugrunda özüni tanatmagy şert eken. Meýlisde degişli ýer alyp, arkaýyn gürlejek bolsaň, ýa jomart bolmaly, ýa söweşlere gatnaşyp, duşmana zarba uran bolmaly. Ine, şu ýagdaý hem ol zamanlarda her bir meseläniň – oturyşygyň, öýlenmegiň, at dakmagyň we şuňa meňzeşleriň hemmesiniň gahrymançylyga, adamkärçilige tabyn edilendigini görkezýär.

“Salyr Gazanyň tussag bolup, ogly Orazyň çykardygy boýy”. Bu hekaýanyň baş gahrymany Gazan begdir. Gazan bolsa oguzlaryň iň ýaşuly serdarydyr. Şonuň üçin töwerekde onuň duşmanlary hem köp. Belki, oňa iberilen elguş hem Gazan begiň awçylygy oňat görýänligini bilýän duşmanlaryň hilegärlik bilen iberen guşlarydyr. Çünki netijede guş aw bilen bolman, öz ýatagyna tarap gidýär. Gazan hem onuň yzy bilen gidip, duşman eline düşýär. Emma öz watanyny eziz görýän Gazan duşmanyň eline düşeni üçin, özüni ýitirmeýär, ruhdan düşmeýär. Ol özüniň ölüminde gorkman, öz sözünde berk durýar, hiç wagtda öz watanyndan dänmändigini hem dänmejekdigini pert-pert aýdýar. Edil şuňa meňzeş ýagdaý Gurbanaly Magrupynyň “Ýusup-Ahmet” dessanynda hem Ýusup begiň Gözelşa bilen bolan gepleşiginde gaýtalanýar.

Oraz bolsa ar-namys astynda galman, duşmandan hyjuwly ar alýan ýigit.

“Içogza daşoguzyň baş galdyryp, Biregiň öldügi boýy”. Bu hekaýa oguzlaryň özara duşmançylygyny beýan edýär hem şunuň ýaly ýagdaýlarda her tarapyň öz pozisiýasyny berkleşdirmäge ymtylandygyny we “bir çukura tüýkürmek”, kasam etmek ýaly däbiň şol zamanlarda hem bolandygyny görkezýär. Şu ýaly ýagdaýda öz geljekki işlerini şowly etmek maksady bilen duşman tarapyndan bolan täsirli hem güýçli adamlary öz tarapyna çekmek ýa-da ýok etmek ýaly häsiýetiň bolandygyny-da şu hekaýadan görýäris. Oraz goja Biregi aldap, öýüne çagyryp, namartlyk bilen öldürýär. Bulardan başga-da şol wagtyň däplerinde ar almak bilen birlikde, gan almak ýaly däpleriň hem bar ekendigini görýäris.

Seljuk döwletiniň hem, esasan, öz içki agzalaçylygy zerarly heläkçilige sezewar bolandygyny biz bilýäris. Oňa görä “Gorkut ata kitabynyň” şu ahyrky hekaýasy şolar ýaly wakanyň nazara alnyp düzülen bolmagy ähtimaldyr.

Biz ýokarda eposyň on iki bölümini hem ýeke-ýeke görüp geçdik. Her bir hekaýanyň aýry sýužeti, manysy, aýry gahrymany bolsa-da, hemmesi hem birme-bir beýan edilýän oguzlaryň içki, daşky ýagdaýlary, bir meňzeş döwür, bir meňzeş däp-adat görnüşleridir. Mundan hem başga, eserleriň hemme ýerinde diýen ýaly gatnaşýan Salyr Gazan, Baýandyr han, ylaýta-da Gorkut atanyň özi ähli hekaýalaryň arasyny sepleýär. Şonuň üçin “Gorkut atanyň kitaby” oguz taýpalarynyň belli bir döwürde başyndan geçen wakalaryny yzly-yzyna beýan edýän bir gahrymançylykly eposydyr. Ozal ýatlaşymyz ýaly, eser şygyr bilen kyssa garyşdyrylyp düzülipdir. Emma beýleki dessanlarda bolşy ýaly, proza bilen şygryň kesgitli bir arasy ýok. Eger kyssany okaýan wagtymyzda: “…Gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň çeçegi oguz, görer gözüm aýdyny, ogul…” diýen ýaly rifmalaşýan proza setirlerini görsek:

Gara dagym ýüksegi, ogul,

Ganly suwum daşgyny, ogul,

Gojalygym wagty, aldyrdygym, ýalňyz ogul –

diýen ýaly poeziýa setirlerinde redifiň öňünden “ýüksegi, daşgyny, aldyrdygym” diýen ýaly sözler bilen gelýän rifmalary görýäris. Ine, şu faktlar şol döwür türkmen poeziýasynyň bir hili häsiýetde ýüze çykyp başlan döwrümikä diýdirýär. Şonuň bilen birlikde, kitabyň kyssalarynda birhili heňdeşlik häsiýetleri hem duýulýar. Başgaça aýdanymyzda, kyssanyň birentek ýerleri ritmlidir.

Meňzetme we obraz meselelerinde bu eser edebiýatyň oňat göreldelerini görkezýär. Onuň her bir tebigy, sada meňzetmelerini okanyňda, şeýle ussatlyk bilen berlişine haýran galýarsyň. Biziň şu aýdanlarymyza:

Gar üzrüne gan dammyş kibi gyzyl ýaňaklym,

Goşa badam (sygmaýan) dar agyzlym,

Galamçylar çaldygy gara gaşlym –

diýen ýaly meňzetmeler açyk şaýatlyk edýär.

Gorkut atanyň eseri türkmen şahyrlary, ýazyjylary we bagşylary arasynda gahrymançylygyň çeşmesi hökmünde göreldelik roluny oýnapdyr. Şonuň üçin-de watany goramaga, söýmäge tabyn edilen ençeme ajaýyp epos-dessanlar döräpdir.

Şeýlelikde, watansöýer, göreşjeň batyrlar ýetişdirmekde bu eserleriň belli bir bahasy ýokdur.

“Gorkut ata” eposy türkmen tireleriniň arasynda iň giňden ýaýran eserleriň biri. Umuman, eposda bar hasap edilýän on iki boýuň – şahanyň (çowdur şiwesinde şahamça) hemmesiniň-de türkmen tireleriniň arasynda bar bolmagy bilen barabar, olaryň dürli wariantlary-da bar. Şoňa barabar, olaryň atlary-da dürli-dürlidir. Meselem, “Derse han Bugaç han boýuny” çowdur wariantynda “Bugaçar beg şahamçasy” ýa-da “Yza berilediren nesilsiz”, “Däli Dumrul” boýuna “Makaw”, “Depegöz” boýuna – “Ýekegöz”, “Ganly goja ogly Hantöreli boýuna”- “Töreli beg”, “Baýbugra beg ogly Bamsy Birek boýuny”- “Bamsy Birek” diýip atlandyrylýar.

Daşoguz mugallymçylyk institutynyň edebiýat mugallymy ýoldaş Ata Rahmanowyň çowdurlar, igdirler arasynda ýazyp alan folklor eserleriniň içinde “Gorkut ata” eposynyň belli bolan şahalaryndan başga “Igdir” we “Gorkudyň gabry gazylgy” diýen şahamçalar-da bar. “Igdir” şahamçasynda Salyr Gazanyň awa gidişi, ol ýerde peri gyzyna duşup, oňa öýlenişi, Salyr Gazanyň periniň diýen şertlerini bozuşy, gyzyň öýkeläp gidişi hem şol peri gyzyndan bir perzent galyp, şol oglana hem Igdir diýen adyň dakylyşy hakynda gürrüň edilýär. “Gorkudyň gabry gazylgy” diýen şahamçada gürrüň, esasan, Gorkudyň özi hakynda gidýär. Şaha şu hili başlanýar:

“Birewi boladyr, birewi-te bolmydyr. Gadymyl zamanda bagşylaryň piri Gorkut pir diýdiren keramatly bir adam boladyr. Bul altky bolup geçeni, keýin bolajagy belidir. Bul türkmen ilinde Hoja Ahmet ýanynda ýaşydyr. Hoja Ahmetden dana, akylly, rehimli boladyr. Bul syra köp ýaşan garrydyr…”

Bu boýda hekaýa edilişine görä, soňra Gorkut Türküstandan Ürgenje gelýär, Ürgençden Balakan (Balkan) sebitine ýetişýär, ol ýerde ençe zamanlar eglenip, Alys ili diýen ýere gelýär.

Gorkut bu ýurtda hem meýlisde bir ýigit tarapyndan: “Gorkudyň gabry gazylgydyr” diýen sözi eşidýär. Gorkut bu söze: “Ýazgyda elaç bolmydyr-ow...” diýip, ýene Türküstana gidýär.

Ahyrda Gorkudyň ölşi we onuň dabara bilen jaýlanyşy beýan edilýär. Bu boý “Gorkut halkyň gowy körediren adamsy boladyr. Şonuň üçin munuň patyýasyna hemme türkmen ilinden, keýinki illerden syra köp adam kelidir” diýen sözler bilen gutarýar.

Bulardan başga-da Aşgabat pedinstitutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň aspiranty Nurmyrat Esenmyradowyň Mary tekeleriniň arasynda toplan, Taryh, dil we edebiýat institutynyň elýazmalar fonduna tabşyran folklor materiallarynyň arasynda “Gorkut ata” eposynyň birnäçe boýlarynyň dürli-dürli wariantlary bilen bir hatarda, şu wagta çenli bellenilmedik “Salyr Gazanyň Itemjegi öldürmegi”, “Salyr Gazanyň öýlenişi” we “Salyr Gazanyň öldürilmegi” diýen ýaly şahalar-da bardyr.

Şeýle-de bolsa, ýatlanýan ýazgy materiallaryň doly bolman, diňe türkmen tireleri arasynda ýaýran bu ajaýyp eposyň şahalarynyň hem şoňa degişli rowaýatlaryň bir ujypsyzja bölegidigini aýtmalydyrys. Biziň halkymyz geçmişde ýygnalmaga, çap edilmäge ýüzi düşmedik edebi miraslaryny ýygnap, çap edip çykarmaga başlady. Olar özleriniň hakyky mirasdüşeri bolan zähmetkeş köpçüligine ýetirildi hem maksat ýetirilmekdedir.

Eliňizdäki “Gorkut atanyň kitaby” hem jemagata hödürlemäge synanyşylýan ilkinji ädimdir. Şoňa görä, şu saparky neşiriň okyjynyň talaplaryna doly jogap berip bilmejegi tebigydyr. Heniz bu eseriň ähli nusgalary doly toplananok, toplananlary-da heniz ylmy taýdan doly işlenilip ýetişilenok.

Her halda respublikamyzyň şanly baýramy mynasybeti bilen, “toýdan topukça” diýen ýaly, kemçilikli-de bolsa, şu nusgany okyjy köpçüligine hödürlemek makul görüldi. Biz bu neşirde XVI asyrda dilden ýazylyp alnan nusgany esas edinip, onuň daşyndan türkmen taýpalarynyň arasynda bolan dürli wariantlardan az-owlak peýdalandyk. Şoňa görä, bu nusganyň başga bir nusga bilen deňeşdirilende, az-kem tapawudy bardyr. Çünki diliň köne elementleri bilen barabar, onda häzirki gepleýiş diliniň täsiri hem ýok däldir.