Gorkut ata eýýamynyň medeniýeti

Mowzuk: Gorkut ata eýýamynyň medeniýeti.

MEÝILNAMA

1. Ruhy medeniýetiň ösüşi.

2. Maddy medeniýetiň ösüşi.

Türkmenistanyň territoriýasynda IV – V asyrlardaky uly sosial sarsgynlar ýerli medeniýetiň ösüşinde hem täsir etmän durup biljek däldi. Bu welaýatlarda VI- VII asyrlardaky edebiýatyň we ylmyň häsiýeti barada biziň elimizdäki maglumatlar entek örän ujypsyzdyr. Maryda geçirilen arhiologik gözlegler hum döwükleriniň ýüzüne hem-de mallaryň ýörite ýülmenen pilçeleriniň ýüzüne gara syýa (tuş) bilen ýazlan otuz – kyrs sany dokumenti ýüze çykardy. Dokumentler biri – biri bilen baglanyşykly pehlewi harplary bilen ýazlypdyr, olaryň okap manysyny tapmak – geljegiň işidir.

Meşhur tebip Barzue (VI asyr) hem Maryly bolupdyr, ol soň Hosrow Anuşirwanyň köşk tebibi bolup işläpdir. Barzue barada köp ertekiler we rowaýatlar saklanypdyr.

Şol rowaýatlara görä, Bazue barly maşgaladan önüpdir (onuň kakasy harby gatlaga, ejesi bolsa ruhanylar urugyna degişli bolupdyr) we ýaşlygyndan başlap ylymlar bilen ylaýta-da tebipçilik bilen zor gyzyklanypdyr we oňa bütin ömrüni bagyşlapdyr.

Öz filosofik garaýyşlarynda Barzue rasionalist hökmünde çykyş edipdir, şol wagtlarda Sasanitler döwletinde biri – biri bilen bäşdeşlik eden dürli dinlereskeptiki garapdyr. Ol şeýle ýazýar: “Herkes diňe öz dini hak we adyl dindir, şol wagtyň özünde-de başgalaryň dini ýalňyş azaşmadan başga zat däldir diýip hasap edýär. Men öwrenmegi toslamalary diňe gaýtalaýandyklaryna, herkesiň üstüni hapa sözler bilen gömýändiklerine göz ýetirdim”. Barzueniň özi biçak adyllyly bilen tapawutlanypdyr, kömek diýip gelen hiç bir adamyň hem göwnüni ýykmandyr, adamlaryň jebirlerini ýeňilleşdirmäge we ýeňmäge borçly bolan tebibiň jana – jan wezipesi halka adamkärçilikli hyzmat etmek bolmalydyr diýip hasap edipdir.

Öz bilimlerini giňeltmek üçin Barzue Hindistana syýahata gidipdir diýip hem gürrüň edýärler. “Kalila we Demna” ady bilen meşhur bolan basnýalar ýygyndysyny sanskrit dilinden pehweli diline terjime eden hem Barzue diýýärler.

Grek – rim awtorlarynyň tebigy – ylmy we filosofik eserlerleriniň Sasanitler wagtynda pehweli diline geçirilen terjimeleri bu welaýatlarda VI – VII asyrlarda ýerli alymlaryň arasynda belli bolupdyr diýip pikir etmek bolar. Muňa “eretik” hristian mezhepleriniň we dini taglymatlarynyň Wizantiýadan sürgün edilen wekilleriniň, ylaýta-da nestiroanlaryň hem ýardam eden bolmaklaryny mümkindir, nestorianlar bolsa VI asyrda häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda we Gündogaryň käbir beýleki ýurtlarynda mesgen tutupdyrlar.

Asly maryly başga bir meşhir adam – Barbut ýada Pahlabat (“ahlaw”, ýagny “parfiýa” ýada “batyr” sözünden) diýen sazandar we aýdymçy bolupdyr. Taryhy rowaýatlara soň – soňlar Orta Gündogarda esasy saz sistemasy bolup galan redijeligi gülläp ösen wagtynda, Barbut Hosrow II Parweziň (VII asyr) baş sazandary ornuny eýeläpdir. Gürrüň berişlerine görä, ol her ýylda 360 mukamy, ýagny günde täze bir mukam düzer eken. Barbut tarapyndan döredilen belent dini gimnler, halk eposynyň gahrymançlylyk aýdymlary, taryhy rowaýatlar, patyşa tarypnamalary, halk baýramçylyklaryna, durmuş şatlyklaryna, tebigatyň gözelliklerine bagyşlanan aýdymlar ýatlanyp geçilýär.

Barbut bu ägirt köp sanly aýdymlaryň, elbetde, hemmesiniň awtory we kompozitory bolan däldir. Ol saz ussatlygyna ýeten genial halk aýdymçysy bolupdyr, emma öz döredijilinde gahrymançylykly rowaýatlaryň, liriki mukamlaryň dabaraly gimnleriň halk sazy esaslaryny-da, halk edebiýaty esaslaryny-da saklapdyr.

Türkmenistanyň territoriýasynda VI – VII asyrlarda arhitekturanyň we şekillendiriş sungatlarynyň ösendigi hakyndaky maglumatlar birneme köpräk duş gelýär. Gul eýeçilik gurluşyndan feodalizme geciş, gadymy eýýamyň uly şäherleriniň pese düşmegi, jemgyýetçilik durmuşynyň oba hojalyk welaýatlaryna pytramagy – bularyň hemmesi VI – VII asyrlardaky Türkmenistanyň arhitekturasynda düýpli üýtgeşikleriň bolmagyna sebäp bolupdyr. Ekerançylyk oazisleriň zologynda hemme ýerlerde feodallaryň köp sanly köşkleri peýda bolup başlaýar. Ol köşkleriň töwreginde bolsa daýhanlaryň we senetçileriň uly bolmadyk obalary jemlenipdir. Şol obalaryň guralyşy tegelek görnüşinde bolup, şolaryň ortasyndaky köşkden dürli tarapa obanyň köçeleri uzalyp gidipdir. Horezmde daýhan howlularynyň arasy biri – birinden birnäçe ýüz mertlik açyk bolup, olaryň howlularynyň töwerekleri baglar we ekin meýdanlary bilen gurşalgy bolupdyr. Şol zamanlarda şäherler örän az bolupdyr. Şäherleriň gadymy eýýamdan galan uly galalary bolupdyr. (mysal üçin, Mary).

Türkmenistanyň irki feodal köşkleri, köplenç halatda, gyrasy örän ket edlip salnan beýik palçyk sekileriň üstünde gurlar eken; sekileriň üstünde duşmana elýemez galyň we beýik diwarlar bolar eken. Dasyna diwar çekilen geňişliklerde bolsa howly, gulluk jaýlary we köşk ýerleşýär eken. Gurluşyk materiallary hökmünde çig kerpiç we pahsa ulanylyp, olar hem biri – biri bilen utgaşdyrylyp ulanylar eken. Käbir galalar örän uly bolup, beýlekileri gaty uly däl eken, emma olaryň hemmesi biçak agraslyk görnüşini berýän umumy arhitektura prinsipini saklaýarlar; birinji gaty ýapgyt erňekli beýik seki görnuşinde salnypdyr we ikinji, käte hem üçünji gatlarynyň diwarlary bolsa biri – birine degip duran sütünler (gofralar diýlip atlandyrylýan sütünler) bilen bezelipdir. Şol sütünler başlary biri – birleri bilen gerişlije ýarym aylaw görnüşinde birikdirilipdir, ondan ýokarda – diwaryň ýokary alnyndan kerpiçden öwrülip, ýüzüne haşam çekilen zolak uzalyp gidýär, olaryň ýokarsyndan bolsa diş – diş erňek saklanypdyr. Biziň zamanymyza çenli, elbetde haraba görnüşinde saklanan şeýle köşkleriň dasky görnüşini Marydaky Uly we Kiçi Gyz gala, Mary oblastyndaky Nagym gala obasynyň golaýyndaky Uly we Kiçi Nagym gala, Horezmdäki Deşik gala we beýlekileriň mysalynda göz öňüne getirmek bolar.

Bu döwürde jaylaryň çig kerpiçden gümmez görnüşinde salnyş usullary ösýär we kämilleşýär. Bu usulyň pürs goýup tekiz örtuş usulyndan has giň ulanylmagynyň sebäbi gymmat baha agajy tygşytlajak bolnanlygydyr. Gümmez usulynyň artykmaçlygy ony agaç söýeglerini ulanmazdan hem salyp bolýanlygydyr.

Köşkleriň içerki gurluşy peýda bolup gelýän feodalçylyk ukladynyň aýratynlyklaryny mese – mälim suratlandyrýar. Bu ýerde gazaply çäklilik, goranyş aladasy, ýaşaýşyň patriarhal gurluşy höküm sürýär. Köşgüň orta arasynda, adatça, myhmana ýaly bir giň hem beýik jaý bolýar, onuň töwereginde köşgün eýesiniň we onuň maşgalasynyň ýaşaýyş otaglary, hyzmatkärleri üçin jaýlar, galla, suw, şerap we ş. m.- meleriň zapaslary üçin ýörite jaýlar bolýar. Köşgüň içi hemişe garaňky bolupdyr: bütewi diwarlarynyň diňe kä ýerlerinde yş geçer ýaly darajyk deşik goýlar eken, şonuň bilen birlikde bu deşikler janpena bolup hyzmat eder eken, emma köşguň içi, adatça pelte çyralar bilen ýagtylandyrylýar eken. Köşgüň agzy gös – göni ikinji gatyndan edler eken, ol ýa-ha pandus diýilýän ýapgyt arkaly ýa-da ýokary göterilýän köpri arkaly ýakynda aýratyn duran diň bilen birleşýär eken.

Durmuşlarynda entek uly maşgalaly patriarhal gurama güýçli bolan daýhanlaryň we senetçileriň jaýyny köp otagly planyň örän tygşytly ýerleşidirilişi häsiýetlendirilýär. Mary oazisindäki VI – VII asyrlaryň gadymy şäherleri bolan Gara depedäki, Munon depedäki, Torgaý depedäki we beýlekilerdäki jaylar hut şeýledir; olar göniburçly salnypdyr, töweregi jaylar bilen gurşalan bir ýada iki sany içki howlujyklary hem bar, şol howlujyklaryň töreginde jaylaryň arhitektura taydan göni we dogry ýerleşdirilendigi mese – mälim görünýär. Bu jaýlaryň materiallary we konstruksiýalry edil köşklerdäki ýalydyr, ýöne diwarlary beýleki galyň däl, otaglarynyň umumy sany bolsa köşklerdäki ep – esli derejede az. Gadymy zamanyň arhitekturasy bilen miraslaýyn baglanyşyk şol zamanda dinibinaçylkyda hemme ýerdäkisinden köp saklanypdyr, çünki dini binaçylyk graždan binaçylygyna garanyňda hemişe has konserwatiwdir. Zoroastrizm Sosanitler wagtynda hem döwlet dini bolup galypdyr. Uly ilatly punklarda ullakan ataş ybadathanalary bolupdyr, ilatly punklaryň kiçilerinde – kiçeňräk öwlüýäler bolupdyr. Zoroastrizmiň “beýik ataşlar” diýilýändiklerinden birini gaçyp gaýdan Iýezdegerdiň Reýden Kermana, ol ýerden hem Mara getirendigi barada maglumatlar bar. Bu ýerde, şäherden iki farsah (12 km) uzaklykda, aýratyn bir bagyň içinde “gümmezli jaý” – ybadathananyň jaýy – bina edilipdir.

Irki arap ýazyjylary Marynyň iň bir selçeň duş gelýän öwlüýäleriniň biri bolan Keý – Marzuban diýip atlandyrylýan öwlüýäsi hakyndaky maglumatlary bizen ýetirdiler. Onuň dört tarapynyň her birinde adam boýy beýiklide agaçdan yasalan adam şekilleri bolupdyr, olaryň hem ikisi erkek adamyň we ikisi aýal şekili bolupdyr; içinde bolsa bir hili syrly şekiller bolup, olar altyn bilen bol bezelipdir. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Keý – Marzuban Mary şäherini bela – beterlerden gorap saklaýan öwülýa hasap edilýär eken. Keý – Marzuban ýerli binaçýlygyň arhitekturany we monumental skulpturany ýeke – täk sintetik çözgütde utgaşdyran örän gyzykly bir nusgasy bolupdyr. Bu ýerde biz baryp Parfiýanyň (Nussaý) we Horezmiň (Toprak gala) köşk komplekslerinde, hudaýlaryň we patyşalaryň skulptura şekilleri bilen bezelen meýlis zallarynda orun alan giçki antik däpleriň saklanandygyny göryäris.

VI – VII asyrlarda şol bir däp – dessury bilen doňup galan zoroastrizm başga dinleriň bäşdeşligine sezewar bolýar, hususan-da, hristiançylyk, ylaýta hem, hristiýançylygyň dürli “ýeretik” mezhepleri onuň bilen üstünlikli bäsdeşlik edip ugraýarlar. Maryda 420 – nji ýylda nestorian ýekiskomiýasy mitropoliýa öwrülýär, bu mitropoliýanyň tabynlygynda bolsa ençeme hristian obşinalary bolupdyr. Mary Sasanitler wagtynda nestorianlaryň esasy üç merkeziniň biri bolupdyr. VI asyryň birinji ýarymynda şol ýerli episkop, köp eserleriň awtory Fýodor aýratyn hem meşhur bolupdyr. Hut şol asyryň özünde Abiwertde hem episkop bolandygy ýatlanyp geçilýär. VI asyryň ortasynda eftalitleriň bir bölegi hristian dinini kabul edipdir. Marynyň özünde Majan kanalynyň aýagynda, Ba-i Baban diýen ýerde Mary mitropolitiň uly bagy bolupdyr. Onuň içinde episkop ýygnaklary üçin depesi gümmezli jaý bar eken. Öldürilen Iýezdegerdiň jesedini hem 651-nji ýylda şu ýerde geciripdirler, ony şol jaýyň içinde jaýlap, agzyny mumlapdyrlar. Başga bir wariant boýunça, patyşany jaylamak üçin mitropolit bagynyň ortasynda ýörite “naus” bina edilipdir. Mary oazisiniň demirgazyk böleginde VI – VII asyryň gadymy şäheri bolan Düýe Çakynyň golaýynda Haraba Köşgüň galyndylary somalyşyp durýar, bu, megerem, şol wagtyň hristian buthanasynyň harabaçylygy bolsa, gerek. Bu – gümmez bilen örtülen uzyn jaý bolup, onuň günorta – gündogar çetinde mährap ýerleşýän ýer – “transpet” bolupdyr. Arhitektura konstruktiwlik barasynda bu jaý büs – bütin ýerli gurluşyk däbi bilen baglanyşyklydyr.

Şol zamanyň köpçülikleýin halk ygtykatlary bişirilen toýundan ýasalan ownuk skulpturalarda şöhlelendirilipdir. Şeýle skulpturalaryň entek Marynyň çäklerinde we Amyderýanyň ýakalaryndaky ülkelerde ýaýrandygy takyklandy. Gadymy Margiananyň, Anahitanyň we Horezmiň “Ene Hudaýynyň” obrazlarynyň ýitip gidendilerini we olaryň ornuny atçapar temasynyň tutýandygynyň fakty “beglik edýän” gatlak bolan barly dayhanlaryň ähmiýetiniň barha artýandygynyň täsiri bolsa gerek. Kätä bu atçapar – oýnawaç ýaly atjagazyň üstünde aýaklarynyň hersini bir ýana galgydyp at çapyp barýan sakgallak adam, kätä hem – guş burun, gözüniň ýerine kökejik ýelmenen, bedeni şertleýin edilip, gödek ýasalan betnyşan bir zat. Bu indi gadymy döwrüň nepis skulpturasy däl-de ýönekeý, gödek butjagazlardyr.

Garap geçýän zamanamyzyň keramikasy hem, munuň öňýanyndaky eýýamyň keramikasy bilen deňeşdireniňde, göze ilip duran irimçiligi bilen häsiýetlendirilýär. Gaplar tagaşyksyz, galyň daş görnüşi boýunça gelşiksiz ýasalypdyr. Nagyşlary çylşyrymly däl, olar ýörite “daraklar” bilen çekilipdir, ýagny gaplar aýlananda şol daraklar arkaly tolkun şekilli çyzyklar ýa-da göni çyzyklar çekilipdir.

Metaly çeper bejermek sungaty (torewtika) ýokary jemgyýetçilik synplary üçin ýasalan önümlerde ýokary ösüş derejesine ýetipdir. “Sasanit metaly” diýip atlandyrylýan metal önümleriniň köp sanly obýektleriniň arasynda ençemeleri, gürrüňsiz, Orta Aziýa ussalarynyň işidir. Olaryň sýužetleri köplenç, feodallary gahrymanlaşdyrmak ähenleri bilen baglanyşyklydyr. Megerem, Horezmde ýasalan kümüş tabygyň ýüzüne çekilen başa baş göreş sahnasy örän çeper edilipdir, bu tabak häzir Döwlet Ermitažynda saklanýar. Kellesi üçşahly telpekli, boýnyny, alkymyny, eginlerini ýapyp duran sowutly, apbasy dakylan lybasly pälwanlaryň biri beylekisine naýza çenäp dur, beýlekisi hem ýaýyny çekip, ok çenäp dur. Töwreklerinde bolsa döwük gylyçlar, aý paltalar, gürzüler dargaşyp ýatyr. Anikowskoýe obasyndan tapylan tabygyň ýüzünde hem söweş temasynda surat çekilipdir, ylmy barlagçylar bu tabagyň Horezm ýada Sogd medeniýetine degişlidigini inkär edýärler. Bu tabygyň ýüzünde gofralanan diwarly beýik köşgüň suraty çekilipdir, köşgüň aňyrsynda bolsa, ikinji bir jaý – megerem, dini jaý bolsa gerek, - görünýär. Sömmek şlýomly, sowutly, gylyç we ýaý bilen ýaragly, elleri tugly hüjüm edýänleriň bir topary köşgüň daşyny gabapdyrlar, köşgüň depesinden bolsa edil şolar ýaly eşikli adamlar ok atyp goranýarlar. Ok degip ölenleriň läşleri köşgüň diş – diş erneginden sallanyşyp ýatyrlar. Sazandalar häzirki karnaylara meňzeş turbalarynyň agzyny ýokaryk tutup çalýarlar. Jaýlaryň we adam şekilleriniň kompozision ýerleşdirilişi uly ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir, emma adamlaryň şekillerinde birneme hereketsizlik duýulýar.

Tükmenistanyň sungatynda şekillendiriş sýužetleriniň ösmegine araplaryň basyp almagy päşgel beripdir. Ol basyp alyş ýaňy döräp barýan feodalçylyk sistemasynyň jümmüşinde bildirip ugran medeni – döredijilik işiniň ýokary göterilişini üzül – kesil ýolup oturyberipdirler. Köp sanly depeler arap halyflarynyň hökümdarlygynyň ilki döwründe obalaryň weýran bolandyklaryny we boşap galandyklaryny ynandyryjy suratlandyrýarlar. Araplaryň özleri bolsa tabyn edilen ilatyň eli bilen Turkmenistanyň territoriýasynda diňe “hak din üçin göreşijileriň berkitmelerini” – rabatlary salypdyrlar. Ol rabatlar, adatça, dasyna beýik haýatlar çekilen gönüburçly giňişlikden ybarat bolupdyr. Bu rabatlaryň harbalyklaryny Paraw, Mäne Şugundyr we beýlekiler ýaly gadymy şäherlerde görmek bolýar.

Araplar çarwa halk bolup, olaryň medeni ösüş derejeleri Horasanda we Orta Aziýada özlerine tabyn eden oturymly hallaryňkydan pes bolupdyr. Entek VIII asyrda hem şäherlerde we obalarda ýaşasalar- da, olar çarwalylyk durmuşynyň yza galak däplerini saklap gelipdirler.

Mysal üçn, Tabari apbasitler hereketiniň başyny başlaýjy Abu – Müslim Marynyň obalarynyň birinde çadyrda ýaşapdyr; Mahuwana göçüp gelende, onuň yzy bilen “baldahinlerini, çadyrlaryny, gazanlaryny, atlar üçin ahyrlaryny we meşiklerini” – ýagny çarwanyň adatky enjamlaryny getiripdirler diýip habar berýär.

Diňe VIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, ýagny arap halyfatynyň özi täze ösüş ýoluna pugta aýak basan mahalynda, basyp alan ülkelerinde (hususan-da Horasanda we Horezmde) arap han – begleri ýerli daýhanlar bilen aragatnaşyk edip başlan mahallarynda, halk hereketleri basylyp ýatyrylandan soň döwlet häkimýetiniň iri welaýatlarynyň çäklerinde merkezleşip başlandygy bildirip, halyfa tabynlygyň ýöne bir ady galan mahalynda, diňe şonda ýagdaý üýtgeyär. Ýerli medeniýetiň ösüşiniň täze etapy, daşary ylmynda “Arap täsiri” hakynda örän köp aýdylýan bolsa-da, hiç birhili “Arap täsirine” esaslanman, büs-bütin ýerli doredijilige esaslanýar; bu hem bärden gaydýar, araplaryň özleri-de basyp alan halklaryndan köp zatlary öwrenip, olary watnlarynda ornaşdyrpdyrlar.

Horasanyň we Horezmiň arap halyfatynyň goşunlary tarapyndan basylyp alynmagy ýerli medeniýetiň ösmegini diňe wagtlaýynça bökdäpdir. Täze gatnaşyklarynyň mundan buýanky ösmegi esasynda şäherleriň, senetçiligiň söwdanyň we oba hojalygynyň, ylaýta-da ekerançylygyň ýene-de ösüp başlan mahaly bolan VIII asyryň eýýam aýagynda başlap, ýerli medeniýetiň dürli taraplarynda ýokary göteriliş bildirip ugraýar.

Orta Aziýada hususan-da Horezmde we Demirgazyk Horasanda suwarymly ekerançylygyň, ýagny esasy suw çeşmeli bolan Amyrderýanyň, Murgabyň, Etrek derýasynyň we beýlekileriň suw ýagdaýyna bagly bolan suwarymly ekerançýlygyň hajatlary bu ýerde astronomiýanyň we dürli matematiki predmetleri, ylaýta-da amaly geometriýanyň ösmegine getiripdir. Amaly geometriýanyň barha ösmekde bolan inžener we arhitektura gurluşy üçin uly ähmiýeti bolupdyr. Ýere bolan hususy eýeçilik söwda hasabatlarynyň we söwda gepleşikleriniň hajatlary, dürli pullar ýöreyän şertlerinde pullaryň mynasybetiniň hasaplary, miraslary paýlamagyň çylşyrymly usullary we şäherleriniň durmuş şertleri esasynda ýüze çykan şolara meňzeş wezipeler hususy ýagdaýlary umumylaşdyryp çözýän algebranyň ösmegini şertlendiripdir. Sap praktiki wezipeleri işläp düzmek bilen bir hatarda alymlar giň teoretiki umumylaşdyrmalaryň belentliklerine hem baryp ýetipdirler, şonda olar köplenç öz zamanlarynyň derejesinden has öňe ozup gecipdirler. Orta Aziýanyň alymlary öz gözleklerinde grek sofiýasynyň maglumatlaryna daýanyp, bu ylmy mirasyň rasional ideýalaryny ösdüripdirler we olary öňe sürüpdirler.

Orta asyr Gündogarynyň iň bir uly alymlaryndan biri görnükli matematikaçynyň ogly Muhammet Ibn Musa al – Horezmi bolupdyr. Muhammet VIII asyryň ikinji ýarymynda eneden doglup, IX asyryň 30-njy ýa-da 40-njy ýyllarynda ölüpdir. Asly horezmli Muhammet IX asyrda Bagdatda Halyf Mamunyň köşgünde eýýäm kämil alym hökmünde işläpdir, ol matematika, astronomiýa, taryh we geografiýa baralarynda işleyär eken.

Muhammet Horezminiň eserleri onuň ylmy taydan barlan problemalarynyň gaty köpdügini häsiýetlendirýär. Onuň astronomik barlaglary hindi astronomik tablisalarynyň täze gözegçilikleri esasynda astronomik maglumatlary täzeden işlemek bilen baglanyşyklydyr, astrolýabiýany ulanmaklyga bagyşlanan eseri düzmek bilen, ýer togalagynyň radiusyny we töwereginiň uzynlygyny kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. Matematika ugrunda bolsa ol algebra boýunça ajaýyp ylmy işleri ýazypdyr. Algebra diýen terminiň özi-de onuň ylmy işleriniň biriniň mowzugynyň ilkinji sözünden, ýagny Al – jabr diýen sözden emele gelipdir. Ol meydanlaryň peýdanyň möçberleriniň miras paylarynyň we şuňa meňzeşleriniň hem sap praktiki hasaplaryny sifrleriň kömegi bilen çykarmagyň metodlaryny düzmek ugrunda hem netijeli işläpdir. Şeýlelikde bu alymyň ylmy barlaglary ösüp barýan – feodalçylyk jemgyýetiniň praktiki islegleri bilen pugta baglanyşykly bolupdyr. Muhammet ibn Musa Al – Horezmiň teoretiki işleri bolsa takyk ylymlar barasynda dünýä hadysaryna ylmy taydan akyl ýetirmegiň ösmegine ýardam beripdir. Onuň ady latyn ýazuwynda Algaritmi diýlip ýoýlan görnuşinde häzire çenli “lagorifm” terminide saklanypdyr.

IX asyrda Bagdatda Halyflaryň köşgünde maryly alym Habaş işläp, 832-ni ýyllarda astronomik tablisalarynyň üç görnuşini düzüpdir, bu tablisalar soňky asyrlardaky astronomlar tarapyndan giňden ulanylypdyr. IX-X asyrlarda Türkmenistanyň territoriýasynda medeniýetiň ösen zatlaryň biri-de aýry – aýry imerleriň we hökümdarlaryň köşklerindäki kitaphanalaryň ýagny golýazma kitaplaryň ýygyndylarynyň bolandygydyr. Şolar bilen bir hatarda, aýry – aýry adamlar “Ylym öýleri” diýilýänleri döredip başlapdyrlar, şol “Ylym öýlerinde” ýörite jaýlar bolupdyr. Okuwçylar stipendiýa berlipdir. Ilkinji ýökary dini mekdepler – medreseler peýda bolup ugrapdyr; olardan galapyn dini dersler okadylan eken.

Bu döwürde ýerli ilaty araplara garşy ýöreşi Şuubit tarapdarlary baryp ýatan Musulman bolsalar-da, öz ýurtlarynyň gadymy medeni däplerini we Orta Gündogaryň Yslamdan öňki döwrüniň ajaýyp siwilizasiýasyny Çarwa araplaryň medeni taydan ilki başda pes derejede bolandyklaryna garşy goýýarlar. Şuubitleriň sözlerine görä, Muhammtden öň araplaryň guramaçylykly döwleti hem ösen ylym hem, monomental arhitekturasy hem bolmandyr, diňe şahyrçylykda olar beýleki halklar bilen bäsdeşlik edip biljek ekenler. Orta Aziýa şuubitleri öz ýurtlarynyň Yslamdan öňki köne medeni däplerini belent tutupdyrlar, Sosonitleriň döwlet guramasyny ýerli däp- dessurlary halk eposynyň gahrymanlaryny talyplapdyrlar. Şu ugra uýan Demirgazyk Horasanly şahyrlardan hem käbirleri bellidir. Olaryň bir enteki hökümdarlaryň köşklerinde orun tapyp, hökümdarlaryň hormatyna taryplaýjy odalary – kasydalary goşupdyrlar we şonuň bilen hem öz abadançylygyny bir neme üpjün edipdirler. Mysal üçin, halyf Mamun 809-njy ýylda Mara gelen mahalynda, ýerli şahyr Abbas ene dilinde (ýagny Horasan dilinde) oda ýazyp, ony hem halyf Mamuna bagyşlapdyr. Buharada Samanitleriň köşkinde asly Maryly bolan meşhur astronom we şahyr Omar işläpdir. (ol 970-nji ýylda ölüpdir).

Emma köşkde ýaşap, oda ýazanlaryň arasynda öz eserleriniň halk döredijiligine esaslandylan hakyky şahyrlar hem bolupdyr.

822-nji ýylda Horasanyň hökümdary bolan Tahyr wagtynda “Wapyk we Üzle” diýen köp romantiki dessan pehweli dilinde Horasanyň gepleşik diline goşgy bilen geçiripdir.

X asyrda Mary şahyry Masudi Merwezi halk eposynyň esasynda “Şah name” diýen kitaby ýazypdyr, emma ondan biziň günlerimize çenli diňe birnäçe frogment gelip ýetipdir. Soň – soňlar bu eser asly horasanly bolan beýik şahyr Ferdöwsi (934-1027-nji ýyllar) tarapyndan peýdalanypdyrlar; Ferdöwsi dünýäsi poeziýasynyň görnükli ýadygärligi bolan “Şah-nama” poemasynyň awtorydyr. Özünden öň öten şahyrlaryň arasynda Ferdöwsiniň özi Maryly Goja Azady – Serwin adyny tutýar, şu gojanyň “ýüregi paýhasdan doly bolupdyr, başy owadan pikirlerden doly bolupdyr, dilinden bolsa hemişe gadymy zamanlar hakyndaky gürrüňler bolupdyr. Ol özüni Narymanyň ogly Samyň nesli hasap ederdi we huşunda Rüstemiň görkezen edermençilikleri hakynda köp gürrüňleri saklaýardy ”. Azade – Serw Marynyň gürrüňçilerinden biri bolmaga çemeli. “Şah – namanyň” halk eposynyň rowaýatlaryny öz içine alýan köp motiwleri soň – soňlar türkmen halkynyň edebiýatyna hem geçipdir.

Türki dilde ýazylan edebiyat hakyndaky käbir maglumatlar baryp VIII asyra degişli bolup durýar. VIII asyryň 30-njy ýyllaryndaky Yeniseý – Orhon ýazgylarynyň analizi bu ýazgylaryň diliniň käbir elementleriniň türkmen şiwelerinde saklanyp galandygyny görkezýär. XI asyrda Mahmyt Kaşgarynyň Diwan lugat at – türk diýen sözlüginde ýazyp görkezen köp sanly oguz tükmen nakyllary, atalar sözleri we goşgulary türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy nusgalarydyr. Mahmyt Kaşgarynyň eden bu ýazgylaryny has soňky türkmen folklory bilen, hatda biziň günlerimiziň folklory bilen-de şeýle hem XVIII asyryň şahyrlarynyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen deňeşdirip görseň oguz türkmenleri tarapyndan X – XI asyrlarda döredilen nakyllaryň, atalar sözleriniň we beýleki şahyrana sözleriň köp – köpleriniň türkmen folklorynda häzir hem ýaşap gelýändigi belli bolýar. Emma IX – X asyrlardaky oguz türkmenleriniň halk döredijiliginiň tutuş ýagdaýy hakynda biziň bilýän zadymyz örän azdyr. XVII asyrda ýaşan Hywa taryhçysy Abylgazy han tarapyndan özüniň Türkmenleriň sejresi diýen eserinde getirilýän oguz legendalary we rowaýatlary oguzlarada eýýäm X asyrda gahrymançylykly epos döräpdir, şol eposyň esasy gahrymanlaryndan biri hem oguz han – begleriniň wekili batyr Salyr Gazan bolupdyr diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. Salyr Gazan hakyndaky rowaýatlar häzirki wagtda hem türkmenleriň arasynda giňden ýaýrandyr.

VIII – X asyrlaryň aýagy Horezmde we Horasanda arhitektura işiniň janlanmagy bilen alamatlandyrylýar. Jaylaryň esasy gurluşyk materialy çig kerpiç bolup, ussalar şondan jaýlaryň diwaryny-da, dürli – dürli çüri gümmezleri-de ussatlyk bilen örüpdirler. Gurluşyň köpçülikleýin häsiýeti gymmat düşýän agaç materiallary has hem tygşytlamaga olary mejbur edipdir.

Galalarynyň – köşkleriniň gurluşykda ozalkysy ýaly uly orun tutmagy ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda ýerli dehkanlaryň rolunyň uly bolandygyny görkezýär. Emma welin, häkimýetiň merkezleşdirilen şertinde syýasy situasiýasynyň belli derejede pugtalanmagy netijesinde, köşkler öňki goranyş wezipelerini belli derejede ýitiripdirler. Gala indi örän beýik sekiniň üstünde salynman gös – göni ýerde, özi-de obadan çetde däl-de, obanyň ýaşalýan çäginiňin içinde salynýar. Köşgüň girilýäň agzy, öňküler ýaly, ikinji mertebede däl-de, gös-göni birinji mertebedäki myhmanhana barar ýaly edilip salnypdyr. VI- VII asyrlardaky irki köşkleriň ululygyna garanyňda, indiki köşkler beýle uly bolmandyr, emma däp boýunca birinji mertebe mähnet seki görnüşinde bolup, ikinji mertebe biri – birine degip duran dik sütüňler bilen bezelipdir. Bu galalary salan ussalaryň öňünde goýlan esasy wezipe – galanyň içiniň oňaýly bolmagy, otaglaryň oňayly ýerleşdirilmegi, myhmanhananyň bezelmegi hakynda aladalanmakdan ybarat bolupdyr.

Şäherleriň gurply ilatynyň öýleri uly möçberleri bilen, otaglarynyň köpdügi bilen, daşyna haýat aýlanan bir ýada iki howlusynyň bolanlygy bilen häsiýetlendirilýär. Ilatyň zähmetkeş gatlaklarynyň jaýlary bolsa uly däl, şäher gurluşygynyň dar çäklerinde biri – birine gyslyşdyrylyp salnypdyr. Mary oazisiniň obalarynda daýhanlaryň howlulary esasy ýabyň boýy bilen ugurdaş bolan uzyn we ýeke-täk köçäniň gyrasynda uzyn hatar bolup ýerleşýän ekenler, ýaşaýyş jaýlary uly bolmandyr, uçastoklary zolak – zolak bolupdyr, şolarda bolsa bag, bossan, mal howlulary ýerleşdirilipdir. Horezmde, öň hem bolşy ýaly, obalar dagynyk bolupdyrlar, dayhan howlulary, adatça, biri – birinden 200-400 metr uzaklykda ýerleşdiripdir, olaryň daşynda bolsa beýik haýatlary bolup, çarwalar çozan wagtynda daýhanlar şol haýatlaryň aňyrsynda gizlener ekenler.

IX – X asyrlarda şäherler, öz möçberleri boýunça heniz uly bolmadyk bolsalar-da, welaýatyň ýa-da şol töwregiň gyzgalanly söwda – senetçilik durmuşynyň jemlenýän ýerine öwrülipdirler. Olaryň tutumynda bazar köçeleri we töweregi köp sanly dükanlar, hanalar (haryt goýulýan ýerler) kerwen saraýlar, ussahanalar bilen gurşalgy meýdanlar möhüm rol oýnapdyr. Şol köçeleriň we meydanlaryň önümçiliginiň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilendigi hem bellenilip geçilýär. Jaylar içinde ýaşaýanlaryň synp alamaty boýunça aýyl – saýyl bölünýär eken, baý täjirleriň jaýlary aýratyn bir ýerde salynýar eken we zähmetkeş senetçi gatlaklaryň jaylary hem başga bir ýerde salynýar eken.

Uly şäher kerwensaraýyny Kişman diýen gadymy şäheriň harabaçylygy boýunça göz öňune getirmek bolar, bu şäheriň orta asyrlardaky ady Hurmuzfar bolup, ol Marydan Horezmde barýan ýolda guma girýäýen ýerinde ýerleşýän eken. Kişmandaky şäher kerwensaraýy dasyna beýik haýat çekilen giňişlik bolup, şol haýatyň iç ýuzünden mal daňar ýaly we ýük goýar ýaly tutuş bassyrma edilip çykylypdyr, ýagny pürsler dikilip, olaryň üsti arkalar we gümmezler bilen ýapylypdyr; bu kerwensaraýyň demirgazyk böleginde düşläp geçýänler üçin bolan otaglaryň – hüjreleriň hatary ýerleşýär eken.

Irki – orta asyrlar şäheriniň esasy meýdanynyň töwereginde hökümýet – administratiw jaylary – köşkler, edara ediş jaýy, türme – ýerleşýän eken. Maryda edara ediş jaýy VIII asyrda salnyp, ol üsti kümmezli giň jaý görnüşinde bolupdyr; ol jaýyň dört sany gapysy bolupdyr.

IX – X asyrlarda Türkmenistanyň welaýatlarynda musulmançylygyň ornaşmagy bilen, bu ýerde din bilen baglanyşykly köp sanly jaylar, metjitler, mazarlar (zyýarat edilýän ýerler), medereseler (ýokary dini okuw jaýy) peýda bolýar. Uly şäherlerde kwartal metjitleriden başga-da hökman juma metjitleri (masjidi juma ýagny anna güni üýşülip namaz okalýan metjitler) hem gurulýar eken. Kada bolşy ýaly, juma metjidi esasy bazar meydanlarynyň birinde bina edilýär eken. Onuň arhitekturasy uly möçberleri bilen we bezegleriniň nepis çekilendigi bilen tapawutlanypdyr. Mysal üçin, Kätiň meýlishana metjidinde gara dasdan bolan beýik düşekleriň üstünde dikilen köp sanly agaç sütünler bolup, şol sütünleriň ýüzi gazma haşamlar bilen bezelipdir. Mestorian diýen gadymy şäher harabaçylygynyň ýakynyndaky köne mazarystanda Şirkebir ady bilen belli bolan “meşet” (öwülýa) saklanyp galypdyr, bu bolsa orta asyr geograflary tarapyndan ýatlanylyp geçilýän ar- Rabatyň “Köne metjidiniň” harabacylygy bolup, ol ýerde ýerli “öwülýa” – Aly ibn Sukkari diýen bir adamyň mazary ýerleşýän eken. Metjidiň esasy jaýynyň töwereginde birmahallar agaçdan bassyrmalary bolupdyr, emma biziň günlerimize çenli onuň diňe esasy jaýy saklanyp galypdyr. Çig kerpiçden salnan ol jaýýň içi diwarynyň duýbünden gümmeziniň dik depesine çenli gançyň (alebastryň) ýüzüne salnan reňklenen gazma nagyşlar bilen örtülipdir. Gazma nagyşlar örän ussatlyk bilen çekilipdir, emma gaşamlaryň motiwleri örän şertleýindir: olar stilleşdirilen ösümliklerden, buýralardan, geometrik figuralardan we hatlardan ybaratdyr. Yslam dini berkarar bolandan soň, ýerli arhitektura nagyşlarynyň içine okamasy kyn (kufi) diýen geometrik usul bilen ýazlan arap hatlary pugta ornaşypdyr. Şol hatlaryň mazmuny köplenç dini bolupdyr, ýagny gurhandan alnan sitatalar, Muhammet aýdypdyr diýilýän sözler we şuňa meňzeşler bolupdyr, beýle edilmeginiň maksady bolsa çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen musulman dininiň esaslaryny erjel propagandirlemekden ybarat bolupdyr. Dehistandaky Şirkebir mazar metjidinde mährap aýratyn owadan bezelipdir, bu mährap biri beylekisiniň içinde ýerleşdirilendepesi çüri arka görnuşli tekçe bolup, olaryň ýüzi we her burçundaky sütüňleriniň ýüzi örän çylşyrymly nagyşlar bilen owadanlanypdyr.

IX – X asyrlarda şäher senetçilik senagatynyň giňden ösendigini şol wagtyň durmuşda ulanylýan zatlaryndan, amaly sungatyň önümlerinden aýdyň görünýär. Keramika kämilleşýär; küýze döwükleri örän berk we ýuka bolup ugraýar. Gaplaryň formalary nepis; olaryň daş ýüzi köplenç gazma, käte bolsa elmeme nagyşlar bilen bezelýär. Syrçalaryň ulanylmagy şol döwrüň möhüm tehniki üstünligi bolup durýar. Suw saklanylýan gaplar, adatça reňklenilýär, birentek halatlarda bolsa nagyşlanýar. Nagyşlaryň sýužetleri dürli haşamlardan, saglyk amanlyk arzuwlary ýazlan çylşyrymly hatlardan we şular bilen bir hatarda fantasitik guşlaryň suratlaryndan, ertekilerdäki aýdylýan aždarhalaryň suratlaryndan we beýlekilerden ybaratdyr. Musulmançylygyň janly zadyň suratyny çekmekligi gadagan etmekligine garamazdan, janly zatlaryň şekilleriniň esasyndaky sýužetler halkyň amaly sungatynyň däplerinde saklanyp galýarlar.

Mary, Saragt, Abiwert, Nusaý, Dehistan, Yzmykşir we beýlekiler keramika önümçiliginiň uly merkezleri bolup, olar öz önümleri bilen uly oba hojalyk raýonlarynyň isleglerini kanagatlandyrypdyrlar. Şol wagtlarda çüýşe önümçiligi hem giňden ýaýrapdyr; dürli reňkli çüýşeden ululy-kiçili çüýşe gaplary, flakonlar, bulgurlar, monjuklar we ş. m. ýasalypdyr. Demirgazyk Horasanyň köp şäherleri (Mary, Dandanakan, Nusaý we ş. m.) ýüzune her hili güller basylan ajaýyp ýüpek, kendir we nah matalar çykarýandyklary bilen, geýim we kelä geýilýän zatlar taýýarlaýandyklary bilen şöhratlandyrypdyr, bu önümleri täjirler daş ýurtlara hem äkidip satar ekenler. X asyra degişli bolan Mary matalarynyň örän seýrek nusgalary biziň döwrümize çenli gelip ýetdi. Bu matalaryň kendirden erşine gyzyl ýüpek argaç bilen güller ýada tuýs bezeg nagyşlary we kufy usulynda ýazlan hatlar dokalypdyr, şol hatlardan bolsa halyfyň ady, Mary şäheriniň köşk ussahanasynda (tirazynda) matanyň dokalan wagtynyň senesi we käte hem taraçy ussalaryň atlary görkezilýär; bir matanyň ýüzünde Isa diýen at görkezilipdir, beýlekisiniň ýüzünde hem Sahl ibn Şadan diýlip ýazlypdyr. Halyfatyň şäher merkezleriniň ençemelerinde – Isfahanda, Şüsterde we beýlekilerde – Mary matalaryna meňzeş matalary dokajak bolup synanyşypdyrlar, emma şeýle-de bolsa Mary matalary hili boýunça –da, owadanlygy boýunça-da deňi-taýy bolmadyk mata diýlip hasap edilipdir.

Tükmenistanyň IX-X asyrlardaky medeniýeti, tutuşlygyna alanymyzda, ýeke-täk umumymusulman medeniýeti diýilýäniniň emele getiren zady bolman, Demirgazyk Horasanyň we Horezmiň ösüp barýan täze gatnaşyklaryň şertlerinde ýerli esasda täze, özboluşly maddy, çeper we ruhy baýlyklary döreden halklarynyň döredijilik işeňňirliginiň metijesi bolup durýar.