Gowurdakly çörek
Gowurdakly çörek — Un, hamyrmaýa, suw we duz goşup, gatyja hamyr ýugurmaly. Üwelen eti aýratyn taýýarlamaly. Munuň üçin çylka goýun etini iri gözli et üwelýänden geçirmeli, duzlamaly, burç sepmeli we ownuk dogralan sogany goşup gowurmaly.
Hamyr alandan soň ony böleklere bölmeli we 1-2 sm. galyňlykda ýaýmaly, her bir çörek üçin hamyryň iki gaty gerek bolýar, özi-de aşaky gaty biraz galyňrak bolmaly. Oňa üwelen eti goýmaly we üstüni hamyryň ýuka gatlagy bilen ýapyp, gyralaryny bükmeli. Dürtgüç bilen owadanlamaly, birnäçe ýerini deşmeli. Şondan soň tamdyrda bişirmeli. Gyzgyn çörekleriň ýüzüne biraz saryýag çalynýar.
Taýýarlamak üçin 2 kg. una 1 kg. çylka et, 4-5 düýp sogan, 3 nahar çemçesi saryýag, 2 nahar çemçesi duz, 50 gr. gury hamyrmaýa gerek bolýar.