Sparta sözleri Pelaponnesiň günrta-günbatar dogarynda Lokoniýa diýen şáher bolupdyr

Urşuň sebäpleri we başlananlygy

düzet

Biziň eramyzdan öň VI asryň ahyrlarynda gerek polisleri üçin Ahemeniler tarapynda aýylganç howp abanypdyr. Aheminiler döwleti Dariý I-niň özgerdişlerinden soň, içeri we daşarky ýagdaýyny berkidip, dünýä derejesinde güýçli döwlet öwrülipdir. Ol Kiçi Ariýadaky grek döwletlerini we Egeý deňzindäki adalaryň bir bölegini basyp, Balkan Gresiýasyny basyp almagyň bolsa meýilnamasyny işläp düzmäge girişipdir. Şol wagtlar Ahemeniler döwletiniň ägirt uly harby-ykdysady, maliýe serişdeleri, tälim berlen goşny bolupdyr. Oňa öz arasynda duşmançylyk edýän grek polislerini eýelemek aňsat we özüne çekiji bolup görnüpdir. Grek polisleri köp ilatly we ösen medeniýetli sowda- hünärmentçilik şäherler bolupdyr. Eger olar basylyp alynsa parslaryň gaznasyna we hökümdar toparlaryna köp girdeji berip biljekdi. Üstüne-de Balkan Gresiýasynyň strategik taýdan möhüm ähmiýeti bolup, Ortaýer deňziniň Gündogary patyşanyň eline geçip biljekdi.

Grek-pars uruşlarynyň netijesinde grek şäher-döwletleriniň ykbaly çözülmelidi.

Grek – pars uruşlary biziň eramyzdan öň 500-449-njy ýyllarda bolupdyr. Uruş hereketleri üznüksiz bolmandyr. Bu uruşda, esasan, 5 döwür tapawutlandyrylypdyr:

  1. Biziň eramyzdan öň 500-494ý. Milletiň we Kiçi Aziýanyň şäherleriniň pars agalygyna garşy gozgalaňy.
  2. iziň eramyzda öň 492-490ý – Balkan Gresiýasynyň ýerlerine parslaryň ilkinji grek aralaşmaklary.
  3. Biziň eramyzdan öň 480-479ý – Kserksiň Gresiýa ýörişi – grek – pars uruşlarynyň iň üitileşen döwri.
  4. Biziň eramyzdan oň 478-459ý urşuň häsiýetiniň üýtgemegi, inisiatiwanyň grekleriň ekline geçmegi, parslardan grek şäherleriniň we Egeýdäki adalaryň azat edilmegi, afiny harby kuwwatynyň artmagy,
  5. Biziň eramyzdan öň 459-449ý. Afinynyň we onuň bilelişigine girýänligiň Müsüre ýörişi we urşuň tamamlanmagy.

Urşuň gidişi

düzet

Kiçi Aziýadaky grek şäherleri baryp biziň eramyzdan öň VI asyryň 30-40-njy ýyllarynda kiz tarapyndan basylyp alynypdyr. Dariý I-niň döwründe olara gazaply darapdyrlar. Köp şäherlerde häkimýet pars dikmelerine – tiranlara berlipdir. Dariý I finikiýa söwdagärlerine artykmaçlyklar beripdir. Bu bolsa grek bähbitlerine zyýan ýetiripdir. Bu bolsa grek bähbitlerine zyýan ýetiripdir. Gozgalaň ilki beýleki şäherleri hem aýaga galdyrypdyrlar. Aristagar Balkan Gresiýasyndan kömek soranda, sporta boýun gaçyrypdyr. Diňe Afinydan 15, Eretriýadan hem 5 sany söweş gämisi kömege gelipdir. Biziň eramyzdan öň 449 ý-da gozgalaň basylyp ýatyrylýar. Milet şäheri ýumrulýar, ilaty gul edilip satylýar.

Gozgalaň basylyp ýatyrylansoň, Dariý Balkan Gresiýasynyň şäherlerine çozmagy makul gelipdir. Ol uly goşun bilen ýörişe başlaýar. Uruş üçin bahana bolup, kiçi aziýa şäherlerine Afiny bilen Eretriýanyň kömek bermegi hyzmat edipdir.

Ilki patyşanyň giýewi Mardaniý 30 müňli goşun we 600 göni bilen ýörişe çykypdyr we käbir adalary hem kenarýakalary basyp alansoň deňizde heläkçilige uçap 300 gämini ýitirýän. Soň ony serkerdelikden aýryp, Dariý I täze ýöriş taýýarlapdyr. Onda 20 müňli goşun we köp sanly göni bolan. Ýörişe serkerde Datis we patyşanyň ýegeni Artafern baştutanlyk edip, olara öň Afinydan kowlan tiran Gippiýmaslahatçy bolupdyr. Parslar urşa başlamazdan öň inçä, grek şäherleriniň köpüsine ilçi ýollap, olaryň tabynlygyny ýa-da bitaraplygyny gazanypdyrlar. Sporta bilen Afiny bolsa ilçileri öldürip, urşa taýýarlanypdyrlar. Pars goşunlary Eretiýany ýumrup, Attika – Afinynyň 42 km golaýynda ýerleşen Maraton düzlügine düşläpdirler.

Afinynyň garşysyna alnyp baryljak uruş hereketlerini meýilnamasy Gippiniň maslahaty boýunça düzülipdir. Gippiniň tarapdarlary Afinyda hem bolupdyr. Üstesinede afiny goşunlarynda harby hereketler babatda ylalaşyk bolmandyr.

Şeýle ýagdaýlarda talantly serkerde Miltiad öňe saýlanypdyr. Ol parslar bilen öň hem çaknyşyp gerek ekeni we olaryň güýçli hem gowşak taraplaryny bilýän ekeni. Ol biziň eramyzdan öň 490-njy ýylda strategleriň biri bolup, öz kärdeşlerine goşuny Maratona eltip, aýgytly söweş etmelidigini düşündiripdir. Söweş biziň eramyzdan öň 490-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 12-de bolupdyr. Greklerde 11 müň adamly goşun balupdyr. Grekleriň goplitleri bilen parslaryň atly goşuny we ýaýçylary çaknyşyp, netijede grekler doly ýeňiş gazanypdyrlar. Şöweşde 6000 pars we 192 goplit wepat bolupdyr. Ýeňşi habar bermek üçin Afinä çapar iberilipdir. Ol Marafondan Afiny agorasyna çenli 42 km 192m aralygy geçip, “Ýeňiş” diýip seslenipdir we aradan çykypdyr. Onuň hormatyna Olimpiýa oýunlarynda marafon ylgawyny geçirip başlapdyrlar.

Söweşiň uly ähmiýeti bolupdyr. Ol grek goşunynyň harby guralyşynyň ýokary derejesini, parslaryň bolsa, Elladany basyp almak üçin ähli ägirt uly serişdelerini ulanmaly boljakdygyny görkezipdir. Daryý I täze çozuş üçin iki esse güýçli taýýarlyk görüp başlapdyr. Ýöne biziň eramyzdan öň 486-njy ýylda ol ölüpdir. Onuň ogly Kserks üç ýyl taýýarlykdan soň, 150-200 müň adamly goşun we 1200 töweregi harby göni bilen ýörişe taýýar bolupdyr.

Gresiýada hem taýýarlyk görlüpdir. Özara dawalar bes edilip, parslaryň tarapdarlaryny hem polislerden kowupdyrlar.

Biziň eramyzdan öň 481-nji ýylda Korinfde 31 polisiň harby bilelişigi döredilipdir. Birleşen goşuna we harby gämilere sparta patyşalaryny baştutan belläpdirler. Afinyly Femistoklyň deňiz maksatnamasy esasynda uruş hereketlerini alyp barmak karar edilýär. Femistoklyň maksatnamasynda deňiz goşunlaryny fetlerden düzmek mümkin bolupdyr. Bu bolsa afiny raýatlarynyň aşak gatlaklarynyň ähmiýetini ýokarlandyrypdyr. Biziň eramyzdan öň V asyryň 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda ýokary wezipeleri eýeleýän arkontlary saýlamagy hem demokratiýalaşdyrylýar. Öň olar açyk ses bermek arkaly saýlanan bolsa, biziň eramyzda öň 448-nji ýyldan başlap, 10 welaýatdan 500 dalaşgär saýlanyp, olardanam 9 sanysy bije arkaly saýlanypdyr.

Afinynyň ullakan harby deňiz gämizleri spartalaryň agyr ýaraglanan pyýada goşunynyň üstüni ýetiripdir. Parslar Fermopin geçelgesiniň jülgesini saýlap alypdyr. Bu ýere gereklerden 7200 goplit we 300 spartaly iberilipdir. Şol bir wagtda-da Ewbeýa adasynyň demirgazyk çetinde Arfemisiý burnunyň ýanynda grekleriň 270 triýerli deňiz güýçli ýerleşdirilipdir. Grekler 4 günläp Fermopilde Leonidiň baştutanlygynda üstünlikli hereket edipdirler. Ýöne fessaliýaly bir dönigiň kömegi bilen parslar gizlin geçelge arkaly grekleriň yz tarapyndan gelipdirler. Şondan soň Fermopil geçelgesini goramagyň ähmiýetiniň ýokdugy sebäpli Leonid 300 spartalydan başga ähli greklere bu taýdan gitmegi buýrupdyr. Spartalylara Ferpiý we Fiwy şäherleriniň esgerleri meýletin goşulypdyrlar.

Biziň eramyzdan öň 480-nji ýylda fermopili goraýjylaryň gahrymanlarça wepat bolmagy harby wepalylygyň alamaty hökmünde dünýä taryhynda giripdir. Fermopiliň goralyşy bilen bir wagtda Artemisiý burnunyň ýanynda 3 günläp deňiz söweşi bolupdyr. Taraplaryň hiçisi-de ýeňip bilmändir. Leonid wepat bolan soň gerek deňiz goşunlary Artemisiýden çekilipdirler we beýleki polisleriň gämilerini-de birleşdirip, Afinynyň golaýyna salamin adasynyň ýnyna ýygnanypdyrlar.

Fermopilden geçen soň, ägirt pars goşunlary Orta Gresiýa ýaýrapdyrlar. Afinynyň ilaty Salanin adasyna we Argolidanyň Trezony şäherine göçüpdirler, Parslar Attikany tozduryp, Afinyny hem otlapdyrlar. Şeýle-de bolsa, entek grekleriň bilelikdäki goşuny we harby gämileri esasy harby güýç hökmünde saklanyp galypdyr. Femistokl darajyk Salamin bogazynda aýgytlaýjy söweş etmegi teklip edýär. Ol sparalylary öz tarapyna çekip üçin, mekirlige ýüz urýar we “dönügiň” üsti bilen Kserkse grek goşunlarynyň Salaminden gitmekçi bolýandygy baradaky habary ýetirýär. Kserks muňa ynanyp, salamin bogazyndan çylykýan ýeri eýeleýär we grekli bogaza gabaýar. Netijede, Femistoklyň isleýşi ýaly, söweş gutulgysyz bolupdyr. Söweş biziň eramyzdan öň 480-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 28-de bolup, grekler ägirt uly pars harby deňiz güýçlerini ýok edýärler. Şondan soň harby ýagdaý üýtgeýär. Indi grekler Kiçi Aziýa bilen aragatnaşyk ýollaryny kesip, parslaryň gury ýer goşunlaryny agyr ýagdaýa salyp biljekdi. Şonuň üçinem Kserks goşunyň uly bölegini we galanja gämilerini alyp Aziýa dolanýar. Parslara tarap bolan Beotiýada Mardokiniň baştutanlygynda saýlama goşun galypdyr. Ol Biziň eramyzdan öň 479-njy ýylyň ýazynda Afinynyň ýene-de tozdurypdyr. Mardoniniň goşunlaryny we Mikale burnunyň ýanyndaky ätiýaçlyk goşuny bilen gämilerini ýok etmek üçin grekler spartaly serkerde Fawsaniniň baştutanlygynda biziň eramyzdan öň 479-njy ýylda Plateýanyň ýanynda aýgytly söweş edýärler. Plateýa söweşi gadymy zamanyň iň uly guryýer söweşleriniň biri bolupdyr. Mardaniniň 70 müňli goşuny bar eken. Grekleriňki hem şondan az bolmandyr. Pawsaniniň harby mekirligi, başarjaňlygy we guramaçylygy grekleriň bileleşen goşunlaryna uly ýeňiş getiripdir. Mardoniý söweşde öldürilipdir. Plateýa söweşiniň bolan güni Spart patyşasy Leotihidiň we afiny strategi Ksantippiň baştutanlygynda grek eskadrasy Mikale burnunyň ýanynda deňizden we gury ýerden utgaşdyrylýan hüjüm netijesinde parslaryň ätiýaşlyk güýçlerini-de ýok edipdirler.

Şondan soň Kserks Elladany boýun egdirmek pikirinden dänipdir. Grekler bolsa Kiçi Aziýadaky we boguzlardaky grek şäherlerini parslardan azat etmäge ymtylypdyrlar.

Biziň eramyzdan öň 480-479-njy ýyllaryň ýeňişlerinden soň, parslaryň howpunyň ýok edilmegi bilen grek bileleşmesiniň içinde agzalalyklar başlanypdyr. Geljekki uzak ýörişlerde esasy orun harby deňiz güýçlerine degişli bolupdyr. Sparta-da bolsa ol ýokdy. Şonuň üçinem Sparta şeýle ýörişleri goldamak islemändir. Afiny bolsa işjeň basybalyjylykly daşary syýasatyň tarapdary bolupdyr.

Sparta bilen Afiny Kiçi Akiýandaky we adalardaky azat edilen şäherleriň soňky ykbalynyň nähili bolmalydygy baradaky meselede hem ylalaşmandyrlar. Sporta olara berk temmi bermegi, ilatyny göçürmegi teklip edipdir. Ýöne Afiny olary umumy grek bileleşigine deňhukukly agzalar edip almagy teklip edipdir.

Sparta özünde umumy gerek bileleşiginden çykypdyr. Tersine, Afiny bolsa onuň merkezine öwrülipdir. Parslary Egeýden çykarmak bilen gyzyklanýan şäherler Afinynyň baştutanlygynda öz wekillerini Delos adasyna iberipdirler we täze bileleşik döredipdirler. Oňa Delos harby bileleşigi (simmahiýasy) diýilýär.

Delos bilelişiginiň esasy meseleleri ähli şäherleriniň wekilleriniň gatnaşan maslahatynda çözülipdir. Ýöne Afinynyň täsiri güýçli bolupdyr. Tiz wagtdan bileleşigiň beýleki agzalary Afina ähli işleri, gazanany we harby güýçleri ynanypdyrlar. Beýleki agzalan bileleşige gämi, goplitleriň goşuny bermäge grek, pul bermegi makul bilipdir. Afinynyň elinde 200 triýerdäki 40 müň urşujyny we kürekçini, 10 müň gopliti we 1000 atlyny saklar ýaly 460 talant pul jemlenipdir. Şonuň üçinem Delos simmahiýasyny I Afiny deňiz bileleşigi diýip atlandyrýarlar.

Afinynyň harby kuwwaty gitdigiçe artypdyr. Femistoklyň baştutanlygynda Afinynyň töweregine çylşyrymly galalaryň ulgamy gurulypdyr. Pireý portunyň daşynda hem gala gurlup, Afiny-Pireý aralygyny birleşdirýän 5 km uzynlykda hem diwar salnypdyr. Femistoklyň abraýynyň artmaga Areopaga we demokratlaryň hem bir bölegine ýaramandyr. Ony biziň eramyzdan öň 471-nji ýylda ostrakizime sezewar edipdirler. Ol kserksiň ýanyna gitmeli bolupdyr. Maraton söweşiň ýeňijisi Miltiadyň ogly Kimonyň syýasy täsiri artypdyr. Onuň baştutanlygynda Eger deňzi parslardan arassalanýar. Onuň baştutanlygynda Egeý deňzi parslardan arassalanýar. Ol Ewrimedont derýasynyň deňze guýýan ýerinde parslaryň 150 gämisini ýok edip, 200-sini bolsa olja alypdyr. Şol ýerdäki kenarda bolsa parslaryň uly gury ýer goşunlary bar eken. Kimiň kenara goplitleri düşürip, gandökjüşikli söweşden soň, pars goşunyny ýok edýär. Soňra ol gämilerini deňze çykaryp, 80 gämili kömege gelýän finikiýa eskadrasyny derbi-dagan edipdir.

Biziň eramyzdan öň 469-468-nji ýyllar töwereginde bolan Kimanyň üç ýeňşi köp olja getiripdir, Afinynyň kuwwatyny ýokarlandyrypdyr.

Biziň eramyzdan öň V asyryň 60-njy ýyllarynda Afiny bilen Spartanyň arasyndaky garşylyk ýitileşipdir. Biziň eramyzdan öň 464-nji ýylda Spartada güýçli ýer yranmasy bolupdyr. Ilatlar mundan peýdalanyp, spartalylaryň mülklerine çozupdyrlar. Sparta Afinydan kömek sorapdyr. Täsirli areopag Kiman Halk ýygnagyny Sparta güýçli goşun ibermäge yrypdyr. Ýöne spartalylar gozgalaňy basyp ýatyrmaga ýetişiopdirler we kömege gelýän afiny goşunyny yzyna gaýtarypdyrlar. Afinylylar muny masgaraçylyk hasaplap, Kimony ostrakizme sezewar edipdirler. Ýagdaýdan peýdalanyp, demokrat Efialt areopaga zarba urmak isläpdir. Ilki areopagyň birnäçe agzasy para almakda aýyplanyp jogapkärçilige çekilipdir. Biziň eramyzdan öň 462-nji ýylda Halk ýygnagy areoplagyň elinden esasy syýasy hukuklaryny alýan kanun çykarypdyr. Şondan soň areopag ýönekeý kazyýet edarasyny öwrülipdir. Afinyda döwlet durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagy we afiny daşary syýasatynyň işjeňlenmegi onuň sparta bilen çaknyşmagyna getiripdir. Biziň eramyzdan öň 457-nji ýylda Spartalylar Tanagranyň ýnynda afiny goşunlaryna zarba urupdyrlar. Ýöne şol ýylda afinylylar Spartanyň tarapdary beotiýalylary derbi dagan edipdirler we Orta Gresiýada öz agalygyny dikeldipdir. Soň olar Eginany, Trezenany eýeläpdir. Afiny floty Ploponnesiň töwereginde päsgelçiliksiz ýüzüpdir, we onuň günorta hem günbatar taraplaryndaky gowşak ýerlerine ýöriş edipdirler. Oňa I ýada Kiçi Pelopannes urşy hem diýilýär.

Parslaryň Ewrimedontda ýeňilmegi bilen Kiçi Aziýanyň günortasyndaky şäherler we Kipr Afinä geçýär. Parslaryň içerki ýagdaýy hem bulaşypdyr. Kserks we onuň uly ogly öldürilipdir. Tagta onuň kiçi ogly Artakserks çykýar. Ýagdaýdan peýdalanyp, Müsude Inarryň baştutanlygynda gozgalaň başlanýar. Olara afinylylar hem kömek edýärler. Biziň eramyzdan öň 459-njy ýylda 200 gämiden we 20 müňli goşundan ybarat kömek iberilýär. Olar bilelikde Metfisi eýeläpdirler. Ýöne soň olar ýeňlipdirler.

Afinylylar bileleşigiň agzalarynyň närazylygyndan we gozgalaňyndan howatyrlanyp, Delosdaky Apollanyň ybadathanasynda saklanýan hazynasyny Afiny ybadat hanasyna geçiripdirler. Biziň eramyzdan öň 454-nji ýylda bolan bu wakadan soň, Afiny deňiz bileleşiginiň agzalary öň deňhukukly bolandygyndan indi garaşly ýagdaýa düşüpdirler. Şonuň üçinem b.e. öň 454-nji ýylda Delos simmahiýasy Afiny arhesine agalygyna öwrülýär.

Biziň eramyzdan öň 450-449-njy ýyllarda harby hereketler sürgünlikden gaýdyp gelen Kimonyň baştutanlygynda Kiprde alnyp barlypdyr. Kimon güýçli pars deňiz goşunlaryny derbi-dagan edýär. Kipriň bir şäheri gabalan wagty Kiman wepat bolupdyr. Soňra Afiny gämileriň yzyna çagyrypdyrlar. Bu bolsa Afinynyň ortaýer deňziniň gündogarynda dawasynyň ýokdugyny aňladypdyr.

Kalliý şertnamasy we urşuň netijeleri

düzet

Biziň eramyzdan öň 449-njy ýyl uzaga çeken grek-parsuruşlarynyň soňra ýyly bolupdyr. Afiny aristokraty Kalliý ýaraşyk balaşmak üçin Kipre iberilipdir. Şonuň üçinem oňa Kalliý sermamasy diýen at dakylýar. Şu şertnama boýunça grek pars uruşlary ýüridiki taýdan bes edilipdir. Grek dünýäsiniň we pars döwletiniň täze täsir ediş ýerleri anyklanýar. Kalliý şertnamasynyň şertleri grekleriň ýeňşini berkidipdirler. Pars patyşasy kiçi Aziýadaky grek şäherleriniň garaşsyzlygyny ykrar edipdir. Ol greklere garşy hereket etmezlige, Egeý deňzine we bogazlara harby gämilerini girizmezlige borçlanypdyr. Grekler bolsa Ortaýer deňziniň Gündogarynda we Müsüriň işlerine gatnaşmazyga borçlanypdyr.

Kalliý şertnamasyndan soň, Afiny bilen Spartanyň arasynda harby ümsümlik emele gelipdir. Biziň eramyzdan öň 446-njy ýylda Kiçi Peloponnes urşy 30 ýyllyk ýaraşyk şertnamsy bilen tamamlanypdyr.

Grek-pars uruşlary grekleriň doly ýeňmegi bilen tamamlanypdyr. Sebäbi grekler harby gatnaşyklaryň aýgytlaýjy döwründe bitewileşmegi başarypdyrlar. Erasanam, Spartanyň, Karinfiň we Afinynyň güýçleriniň birleşmeginiň ähmiýeti uly bolupdyr. Grek goşunlary san taýdan az hem bolsalar, hili, guramaçyly taýdan ýokary derejede bolupdyr. Grekler öz watanyny gorandyklary üçin ýeňipdirler. Greklerde Miltiad, Powsaniý, femistokl, Kimon ýaly ajaýyp serkerdeler ýüze çykyp, olar antik harby sungaty baýlaşdyrypdyrlar we ösdüripdirler.

Gerkleriň güýçli duşmany ýeňmegi gadymy gerk siwilizasiýasynyň ýokary derejede gülläp ösmegine ýardam edipdir.

      Mowzuk:  B.e.öň V-IV asyrlards  Gresiýanyň  ykdysady-durmuş  gatnaşyklary.

1. B.e.öň V-IV asyrlarda Gresiýanyň ykdysadyýeti.

2. Söwda

3. Gurluşyk.

1. Grek-pars urşundan soň, Fgresiýanyň ykdysady zolaklary Egeý deňziniň adalaryny, Gara deňziň kenarlaryny, Günorta Italiýany we Sisisliýany öz içine alypdyr. Uruşda grekler köp olja we gul alypdyrlar. Plateýanyň ýanyndaky öweşden soň, Gerodat şeýle ýazypdyr: “altyn we kümüş bilen bezelen çadyrlar, ýatylýan şekiller, çakyr garyşdyrmak üçin altyn gaplar, käseler we beýleki gaplary tapdylar. Arabalardan altyn we kümüş gazanly haltalary gözläp tapdylar. Öldürilen duşmanlardan altyn gylyçlaryny we beýleki zatlaryny aldylar. Wagşylar çalgyrt eşiklerini hiç kim üns bermedi. Altyn seýle bir köp alnypdy, hat-da ony edil mis ýaly satýardylar.”

Alnan oljalaryň we gullaryň bir bölegi täşze hünärmençilik ussahanalaryny gurmaga, gul eýeçilik mülklerine, gurluyşyk işlerine gönükdirilipdir.

Uruş üçin gerekli bolan zatlary öndürmek zerurlygy hem hojalygyň sösmegine goşmaça itergi beripdir.

Grek ykdysadyýetinde hojalygyň iki görnüşi tapawutlanypdyr: 1. Agrar polisler bolup, olarda oba hojalygy agdaklyk edipdir we hünärmençilik, söwda gowşak ösüpdir. (Spart, Fessaliýa, Arkadiýa, Beotiýa). 2. Polisleriň beýleki görnuşnde söwdanyň hünärmençiligiň ähmiýeti has ýokary bolupdyr. (Afiny, Korinf, Megary, Milet, Rodos, Sirakuzy). Olar deňiz kenarlarynda ýerleşip, olarda uly bolmadyk horalar - oba hojalyk ýerleri hem bolupdyr. Bu şäherler b.e. öň V-IV asyrlarda Gresiýanyň öňdebaryjy hojalyk merkezi bolupdyrlar. Onuň aýdyň mysalla rynyň biri Afiny polis bolup, onuň hojalyk düzumini öwrenmek arkaly, Gresiýanyň nusgawy döwürdäki ykdysady aýratynlyklaryny göz öňünde getrimek bolar. söwda-hünärmençilik polislerde oba – hojalygy hem ösüpdir we ol ähli ykdysady ulganyň esasy bolupdyr. Horalarda gallaçyllyk, üzümçilik, ýag öndürmeklik, bag-bakjaçylyk, maldarçylyk ýaly pudaklar bolupdyr. Hasylly ýerler az bolandygy üçin, gallaçylyk pes derejede bolan. Ekerançylygyň iki meýdanly ulgamy giň ýaýrapdyr. Arpa köp ekilipdir, sebäbi onuň hasyly bugdaýyňkydan ýokary bolupdyr.

Umuman alnanda, nusgawy d öwürde söwda-hünärmençilik şäher-döwletlerde öz gallasy ýetmezçilik edipdir. Ýöne üzümçilik, zeýtun ösdürip ýetişdirmeklik we beýleki bag-bakja ekinleri gowy bitipdir. Olar üçin ýeterlik giň şöhlesi, ýagyn, baýýrly, daşy toprak bähbitli bolupdyr.

Grek ýagy we çakyry Orta ýer deňzinde meşhur bolupdyr we köp girdeji getiripdir.

Grek oba hojalyk önümçiliginde maldarçylygyň orny uly bolamly dyr. Et we süýt grekleriň esasy iýmiti bolmandyr, atlar işçi güýji hökmünde ulanylmandyr. Atly goşun bolsa kömekçi goşun hökmünde bolupdyr. Şonuň uçin atlar köpo öndürilmändirler. Köpler dowardarçylyk ösdürilipdir. Goýnuň ýün egin-eşik üçin esasy çig mal bolupdyr. Işçi maly hökmünde öküzler, eşekler , köpeldipdirler.

b.e.öň V-IV asyrlarda Gresiýanyň oba hojalygynda esasy öndürijiler 3-5 ga ýeri, 1-2 guly bolan öz polisiniň raýaty hasaplaýan daýhanlar we 15-25 gul tarapyndan işlenilip bejerilýän 15-20 ga ýeri bolan mülkler bolupdyr.

Mülkdarlaryň hojalygyny dolandyryşyna Plutorhyň maglumatlary esasynda gelip ýeten Perikliň hojalygyny dolandyryşy mysal bolup biler. Pertikl ähli hasylyny satdyrýan ekeni we soň gerekli zatlaryny satyn alýan ekeni. Ol şeýle dolandyryşy iň ýönekeý we tygşytly hasap edinipdir. Onuň öýünde beýleki baý öýlerindäki ýaly bolçulyk bolmandyr. Vähli girdejiler we çykdajylar berk hasaba alnypdyr. Perikleň bu hojalygy dolandyryş ulgamyny onuň Ýewangel atly guly alyp barypdyr. Şeýle mülkler b.e.öň V asyrda kän bolupdyr. Ýöne b.e.öň IV asyrda olaryň sany artypdyr. B.e.öň IV asyryň başynda grek ýazyjysy Ksenofont “Ykdysadyýet” diýen işini ýazypdyr. Onda bar bolan tejribeler umumylaşdyrylyp, oýlanyşykly düzülip, bazaar bilen baglanyşykly, girdeji gul eýeçilikli mülküň gurluşy beýan edilýär. Gresiýanyň söwda – hünärmençilik polislerinde hünärmençiligiň ösmegine ybadathanalary, jemgyýetçilik jaýlaryny, teatrlary, gimnaziýalary, suw geçirijilerini, gämileri gurmak aýakgap, egin-eşik, ýaraglaryň we harby enjamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamak zerurlygy ýardam eipdir. Hünärmençilik ussahanalarynyň işlemegi üçin daş, toýun, ýüň, deri ýeterlik bolupdyr. Ýöne demir, reňkli metallar, daşyň gymmatbaha görnüäşleri (mermer, granit) gurluşyk we gämi gurluşlary üçin agaç ýetmezçilik edipdir. Ýetmeýän çig maly teňňe we zat alyş-çalyşy arkaly geçiripdirler. Polisleriň deňiz kenarýaka larynda yerleşmegi çig mal geçirmek üçin amatly bolupdyr. Gresiýanyň d ürli yerlerinde demriň, misiň, altynyň we kümüşiň ýataklaryna duş gelipdirler. Balkan Gresiýanyň Gündogar böleginde mermer we hek daşlary köp bolupdyr. Zokonikada demir magdany, Günorta Afrikada demir we kümüş,Ewbeýada demir we mis, Egeý deňiziniň demirgazyk kenarynda ýerleşen Pangeýada bolsa, d emir, mis, galaýy, altyn, küüş gazylyp alnypdyr. Gämi gurluşyk agaçlay Makedoniýanyň daglarynda, Sinop we Amis töwereklerinde, Kilkiýada ösüpdir.

Magdanlary şahtalardan oparyp, ýokaryk çykarypdyrlar. Bu iň surnukdyryjy, agyr iş bolupdyr. Ol ýerde esasan, gullary işledipdirler. Metal almaklyk çylşyrymly bolupdyr. Arassa demir almak üçin 15300 C ýylylyk gerek bolupdyr. Şeýle gyzgynlygy berip bilýän daş kömri gadymy grekler bilmändirler. Şonuň üçinem alnan metal arassa bolmandyr. Onda köp garyndy bolupdyr. Soňra metallary demir ussahanalarynda goşmaça işläp bejeripdirler. Metaly birnäçe gezek gyzdyryp, ussa ony agur çekiç bilen ýitipdir, önümi sowuk suwda taplapdyr we şeýdip gowy hil gazanypdyrlar. Demir ussahanalarynyň jemgyýetde abraýy uly bolupdyr. Demir ussaçylygynyň howandary Gefest bolsa, 12 sany olimpiýa hudaýlarynyň düzümine giripdir.

Demir giň ýaýranda bolsa, ol bürünji gyzyp-çykaryp bilmändir. Grekler ýokary hilli bürünç alypdyrar we ondan gorag esbaplaryny, gap-gaçlary, aýnalary, heýkelleri ýasapdyrlar.

Grek hünärmentçiliginiň möhüm pudaklarynyň birem keramika önümçiligi bolupdyr. Küýzegärleriň, ýag, däne daşamaka we saklamak üçin amforalary, pifoslary gündelik we baýramçylyklaryndsa ulanylýan aşhana gap-gaçlaryny, suw geçiriji we kanalizasiýa turbalaryny, gurluşyk üçin ulanylýan plitalary, bezegleri we ş.m öndüripdirler.

Gaplaryň görnüşleri we bezegi dürli hili bolupdyr. B.e.öň V-IV adyrlarda gara we gyzyl şekilli gaplary ýasamak gülläp ösüpdir. Aplaryň daş ýüzünde hakyky sungat eserleri döredilipdir.

B.e.öň V-IV asyrlar gurluşygynyň ýokary derejede ösen döwri bolupdyr. Gala diwar lary, jemgyýetçilik we hususy jaýlar, ybadathanalar we teatrlar gurlupdyr. Daşyň dürli görnüşlerini işläp bejermeklik özleşdirilipdir. Gurluşykda işläp bejermesi kyn, ýöne owadan mermer daşy köp ulanypdyrlar. B.e. öň IV a syrda heýkelleriň hem köpüsi mermerden ýasalypdyr.

Gämi gurluşygy üçin hünärmençilik dürli görnüşler gerek bolupdyr. Iň gowy enjamlaşdyrylan harby we söwda gämileri gurulypdyr. Afinyda 400-e çenli, korinfde 200-e çenli Kerkiranyň ownuk şähereiniň 150-ä çenli harby gämileri bolupdyr. Dokmaçylyk ussahanalarynda egin-eşik taýyarlanypdyr. Her bir öý hojalykçy aýal oz gyzlary ýa-da hyzmatkär a ýallary bilen giň ýaýran dik stanoklarda işläpdirler. B.e.öň IV asyrda şäher ilatynyň artmagy, gullar üçin ussahanalarynyň döremegine eltipdir.

Ussahanalara ergasteriýalar ululugy oýunça dürli hili bolupdyrlar. 2-3 guly ýa-da öýüňdäkileri bilen özi işleýän bolsa, esasan gözegçilik edýän orta ululykdaky ussahanalar, ussahana eýesiniň baştutanlygyndaky 30-40 gul işleýän iri ussahanalar tapawutlanypdyrlar. 100-120 gul işleýän, ýöne seýrek duş gelýän ussahanalar hem bolupdyr.

Uly şäherlerde ýöriteleşen ussahanalar köp bolupdyr. Käbir ussahanalarda işleýänleriň arasynda zähmet bölünişigi bolup, önümiň hiliniň gowy bolmagyna ardam edipdir.

2. Gadymy Gresiýanyň tebigy şertleri gury ýerde zat daşamak üçin amatsyz

bolupdyr. Ýöne Balkan Gresiýasynyň kenarýakalary we adalary köp bolmagy deňiz söwdasynyň gülläp ösmegi üçin amatly şertlerd öredilipdir. Söwda gämileriniň ýük göterijiligi 100-150 tonna çenli artypdyr. Her bir kenarýaka şäherde deňiz duralgasy abadanlaşdyrylypdyr. We gämileriň goýmak, bejermek ýükleri ýerleşdirmek üçin amatly şertler döredilipdir.

Hatyr önümçiliginiň ösmegi hasaplaşyk işleriniň kämilleşdirmegini talap edipdir. Iň amatly hasaplaşyk serişdesi teňne bolupdyr. Ilkinji teňňeler Gresi ýada b.e. öň VII asyrda peýda bolup, nsgawy döwürde pul dolanyşygyny aýratyn giň gerim alypdyr. Her şäher öz puluny zikgeldipdirler.* Esasanam, Afiny bilen Korinfiň teňňeleri öne saýlanypdyr. Korinfiň agramy 8,7 agram bolan kümüş ştatetleri Günbatar Gresiýanyň, Gürta Italiýanyň we Sisiliýanyň walýutasy bolupdyr. Afinynyň 17,5 gramlyk tetradrahmalary we 4,4 gramlyk drahmalary Egeý deňiziniň şäherlerinde gowy kabul edilipdir. Her şäherde pul çalyşýan, s aklap berýän we karz berýän serraplar bolupdyr. Söwdagärler öz birleşmelerini döredipdirler (fiaslar) olaryň wezipesi özara ätiýaçlandyrmak , karz bermek maglumatlar alyşmak bolupdyr. Gämilerde getirilen önümleri ownuk söwdägerler satyn alyp bazarlarda satypdyrlar. Daýhanlar we hünärmentler hem önümlerini bazaar eltipdirler. Bazarda mähelle köp bolup, olaryň şow hunyt obadan gelen daýhanlaryň gulagyna ýakmandyr. Aristofan komediýalarynyň birinde bu barada belkläp geçipdirler.

3. B.e. öň V-VI asyrlarda grek polislerinden önümçilikde gulla ryň ähmiýtei artypdyr. Afinyda ilatyň üçden biri gullar bolupdyr. Olaryň zähmeti bilen magdan çykarylýan ýerler işledilipdir, gurluşyk alnyp barylypdyr. Öý hojalygynda gullar däne üwemekde, iýmit taýyarlamakda, aýakgap bejermekde we şahsy hyzmatlarda ualnylypdyr. Wezipeli adamlar kätipler , kurýerler, jellatlar, polisiýa işgärleri hmöküminde ulanypdyrlar. Gulla ryň esasy bölegi grek däl ilat bolupdyr. Olaryň arasynda fvrakiýalylar, skifler, kariýler, paflaganiýalylar, lidiýalylar, sisiliýalylar we ş.m bolupdyr.

Gullaryň sany harby ýesirleriň we basylyp alnan ýeriň ilatynyň , beýleki halklardan satyn almagyň, gullardan dogan çagalaryň, garakçylygyň hasabyna artypdyr. Gul satylýan bazarlar her şäherde diýen ýaly bolupdyr. Guluň zähmetini ony edinmek üçin çykdajyny we oňa günde edilýän çykda jyny ödäp, peýda galar ýaly gurapdyrlar. Guluň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin, Afi nyda käbir başarjaň gullara hojaýynyň biraz serişde ýaşar ýaly ýer (jaý) berip, ony öz hojalygyndan aýrypdyrlar gul kiçijik ussahana açyyp, belli bir derejede özbaşdak işläpdir. Ol hojaýyna tölemelisinden galanyny öz maşgalasyna sarp edip bilipdir. Ýöne şeýle gullanryň sany az bolupdyr.

Hünärmençilik bilen meşgullanýan bir gul ortaça bher gün 2 obal peýda getiripdir. Bu pula 3-4 adamly maşgalany ekläşp bolýan ekeni.

Gullar  doly  hojaýynyň e ýeçiliginde  bolupdyrlar.  Olar  gulla ry  açlykdan  öldürip ýa-da dürli jezalaryny  berip  bilipdirler.  Ýöne  hojaýynlar  gullaryň zähmeti girdejo  berer  ýaly  olary  iýdirmeli we geýdirmeli  bolupdyrlar.

Käbir polislerde, meselem Afinyda, gullary sebäpsiz öslürmek gadagan edilipdir. Gul eýesi gullar barada edil öz mallary gurallary barada alada eýesi ýaly alada edilipdir.

Sparta, Beotiýa, Fessaliýa, Arka diýa ýalt welaýatlarda garaşly adamlaryň ýagdaýy gullaryňkydan tapawutlanypdyr. Spartada olara ilat lar, Fessaliýada penestler, Kritde woýkeýalar ýa-da klarotlar, Gerakleýada marianidinler diýipdirler. Bularyň jemgyýetçilik ýagdaýyny tapawudy olar aýry adamlaryň hususy eýeçiligi hasaplanmandyrlar, ola ryň öz hohjalygy, maşgalasy bolup, ýerlerini özleri işläp bejeripdirler. Ýöne bular iki esse garaşly yagdaýda bolupdyrlar. Olar ýeriň hojaýynyna we döwlete garaşly bolup, ömrüniň belli bir mukdaryny hojaýynyna töläpdirler. Plutarhyň maglumat laryna görä, spartly üçin 70 mukdaryna, spartaly aýal üçin 12 medimna arpa, belli bir mukdarda çakyr, ýag, injir, peýnir we beýleki önümler töläpdir. Spartaly ilaty jezalandyryp bilmändir, ýöne döwletiň özi ilatlara garşy kriptiýalary geçiripdir. Şonuň üçinem ilatlary ýere berkidilen we hojaýynyň agalygyndaky döwlet gullary hasaplamak bolar.

Mowzuk: Afiny demokratiýasynyň gülläp ösmegi.

Meýilnama

1. Afinynyň deňiz kuwwaty.

2. Efialtyn özgerdişleri. Perikl.

3. Afiny demokratiýasynyň syýasy gurluşy.

4. Afiny deňiz bilelişiginiň biziň eramyzdan öň V asyryň 30-40-njy ýyllaryndaky daşary syýasaty.

1. Grek – pars uruşlary döwründe Afinynyň baştutanlygynda grek şäherleriniň harby-syýasy bileleşigi emele gelip başlaýar. Urşuň ahyrlarynda ol has güýçli syýasy birleşmä öwrülýär. I Afiny deňiz bileleşiginiň 2 döwri tapawutlanýar:

1. Delos simmahiýasy (b.e.öň 478-454ý).

2. Bileleşikde Afinynyň syýasy agalyk eden döwri. B. e.öň V asryň 30-njy ýyllaryna çenli Afiny deňiz bileleşiginiň agzalarynyň sany 300 polise ýetirpdir. Olaryň köpüsi demokratik gurluşly bolupdyr. Bileleşigiň agzalary her ýyl Afina agzalyk tölegini-forosy töläpdirler. Foros polisleriň mümkinçilidine görä bolupdyr. Gazna her ýyl 460-600 talant ýa0da 12-15,6t kümüş getirilipdir. Afiny gaznany öz floty we goplitleri üçinem, şäherdäki gurluşyklar we ş.m üçikem ulanypdyr. Uruş hereketleri wagtynda, b,e,öň 427-nji ýylda, goşmaça serişdeler gerek bolan wagty, Afiny hiç kime sala salmazdan forosy 2 esse köpeldipdir.

Afiny bileleşigi girýän polislerde ykdysady birligi döretmäge çalşypdyr. Ykdysady aragatnaşyklary pul ulgamy afiny standardynyň esasynda birmeňzeş edilýär. Harytlar Pireý portunyň üsti bilen beýleki polislere iberilipdir. Oňa Egeý adalarynyň ählisinden barytlar getirilipdir. Pireý möhüm söwda ýollarynyň çatrygyna öwrülipdir. Pireýe we Afinä Gresiýanyň ähli ýerinden söwda, hojalyk, syýasy we kazyýet işleri bilen köp myhmanlar gelipdirler.

Bileleşige girýän beýleki pelislerde Afiny demokratik düzgünleri girizmek syýasatyny hem alyp barypdyr. Olarda söwda-hünärmentçilik toparlarynyň we raýatlarynyň orta gatlaklarynyň ykdysady taýdan ösmegi üçin şertler döredilipdir. Olar öz polosiniň syýasy durmuşynda hem esasy orun tutupdyrlar. Halk ýygnagynyň hem ähmiýeti artypdyr.

Afiny deňiz bileleşiginiň berkligi we Afinynyň içerki meselesini çözmek üçin beýleki polislere kle ruhlary göçürmek syýasaty alnyp barlypdyr. Ilatyň aşaky toparlaryndan we bileleşigiň beýleki şäherlerine göçürilen afiny raýatlaryna kleruhlar diýipdirler. Olary hasylly ýerlere göçüripdirler. Bularyň hukuklary ýerli ilatyňkydan ýokary bolupdyr. Olar barada polislerinde afiny häkimiýetiniň daýanjyna öwrülipdirler. Kleruhlaryň 10 müň töweregi Ewbeýa, Samosa, Naksosa, Androsa, Lesbosa, Lemnosa, Imbrosa, Frakiýanyň Hersonesine we beýlekilere göçürilipdir. Olar Afinyda az ýerli garyp bolanlygyndan soň barly ýer eýelerine öwredilipdir.

Afinynyň deňiz kuwwatyny gitdigiçe artypdyr. Ony paýtagyt şäher hökmünde görüp ugrapdyrlar. Afiny deňiz bileleşigine girýän polisleriň köpüsi onuň dowam etmegini goldapdyrlar. Sebäbi onuň agzasy bolmak, olaryň ykdysady ösüşine, demokratik düzgünleriň ornaşmagyna we medeni ösüşine ýardam edipdir. Ýöne Afiny bileleşiginden çykmak isläp, gozgalaň turuzýan polisler hem bolupdyr. Olaryň gozgalaňlaryny Afiny goşunlary dessine basyp ýatyrypdyrlar.

2. biziň eramyzdan öň 462-nji ýyl demokratlaryň serdary Efialtyň özgerdişi geçirilipdir. Ol areopagy syýasy gurama hökmünde ýok etmegi maksat edinipdir. Ýöne bu guramanyň abraýy ýokary bolany üçin, ol gös-göni hereket edip bilmändir. Ol ilki areopagyň käbir agzalaryna garşy olaryň kazyçylyk işlerinde para alandyklary barada subutnamalar ýygnapdyr. Soňra bolsa olary paş edipdir. Subutnamalar ýygnapdyr. Soňra bolsa olary paş edipdir. Şondan soň areopag gözegçilik ediji syýasy häkimýetden mahrum bolupdyr, diňe bilkastlaýyn adam öldürmeleriň we dinden çykmalaryň işlerini seljermek hukugy galypdyr. Galan işler geliýeýa geçirilipdir. Bu özgerdişi üçin Efialt janyny bermeli bolupdyr.

Perikl, Ksantippiň ogly Perikl Afinynyň kuwwatyny berkitmekde möhüm orun eýeläpdir. onuň asly barly maşgaladan bolup b,e,öň V asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, afiny demokratiýasynyň baştutanlarynyň biri bolupdyr. Onuň ajaýyp bilimi bolupdyr. Perikl meşhur orator, talantly döwlet işgäri we serkerde bolupdyr. Ol öz topary bilen içerki dolandyryşykda özgerdişler geçiripdir we Afinyda demokratik ulgamy dabalandyrypdyr. Efialt bilen birlikde Perikl aristokratik Areopagyň ýykylmagyna we Halk ýygnagynyň wezipeleriniň giňeldilmegine ýardam edipdir. Perikl wezipeleri ýerine ýetirýän adamlara hak tölemegi girizipdir. delos simmakiýasynyň Afiny arhesine öwrülmeginiň meýilnamalaryny hem Perike we onuň tarapdarlary işläp düzüpdirler. Oňa afinylylar berk ynam bildiripdirler we b,e,öň 444-nji ýyldan 429-njy ýyla çenli ýagny Perike tä aradan çykýanç, ony her ýyl birinji strateg wezipesine saýlapdyrlar. Perikliň döwlet sowetlylygyny we parasatlylygyny grek dünýäsiniň meşhur adamlary hem ykrar edipdirler. Onuň ýakyn dostlary pelsepeçi Anaksagor, alym Daman, heýkeltaraş Fidiý taryhçy Geredot dagylar bolupdyrlar. Perikl Afina Gresiýanyň iň gowy medeniýet işgärlerini çekipdir. Ol şeýle diýipdir: “Biz gysga wagtda döredýäris, ýöne gysga wagt üçin däl”.

2. Afiny demokratiýasynyň syýasy organlarynyň ulgamynyň emele gelmegi

Solonyň özgerdişlerinden başlap, uzyn taryhy ösüş ýoluny geçipdir. Afiny demokratiýasynyň altyn asyry b.e.öň V asyryň ortasyndan IV asyryň ortasyna çenli aralykda bir asyrlap dowam edipdir. Perikl şeýle diýipdir: “Biziň döwlet gurluşymyz keseki guramalara öýkenmeýär. Biziň özümiz beýlekilere nusga bolup hyzmat edýäris. biziň gurluşymyz demokratik hasaplanýar, sebäbi ol azlyga däl-de, raýatlaryň köplügine daýanýar”. Ata-enesiniň ikisiniň-de raýatlyk hukugy bolan Attikanyň ýaşaýjysy Afinynyň raýaty bolup bilipdir. Olar 18 ýaşa ýetende demleriň sanawyna adyny ýazypdyrlar. 18 ýaşlylar bütin Attikadan Pireýe ýygnanypdyrlar. Olary iki ýyl harby tälim we terbiýe alansoň, doly hukukly beýleki raýatlaryň hataryna goşupdyrlar.

Afinyda esasy häkimiýet organy Halk ýygnagy-eltklesiýa bolupdyr. Oňa ähli raýatlar ýygnanypdyrlar. Aýallar syýasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmandyrlar. Halk ýygnagynda döwlet kanunlary kabul edilipdir, uruş we ýaraşyk, daşary döwletler bilen gepleşikler we şertnamalar ýaly meseleler çözülipdir. Onda wezipeli adamlar saýlapdyrlar, bir ýyl dolandyrşdan soňky hasabatlar diňlenipdir. Şäheriň azyk üpjünçiligi döwlet emläklerini, ýerleri we magdan känlerini kärendeçisine bermek, has iri wesýetnamasyny tassyklamak ýaly meselelere seredilipdir. Ýaşlaryň terbiýesine gözegçilik edilipdir. Ostrakizm geçirilipdir.

Halk ýygnagynyň işi her 36 günde 4 ýygnak geçirmek arkaly amala aşyrylypdyr. Her ýygnakda meseleleriň belli bir görnüşlerine seredilipdir. Islendik raýat islendik mesele barada çykyş edip bilipdir, kanunlara teklipler girizip bilipdir.

Her bir afiny magistraty halk ýygnagynyň öňünde hasabat bermeli gününe görki bilen garaşypdyr. Hat-da Perikl hem raýatlaryň öňünde hasabat bermezden öň, birnäçe güniň dowamynda ýanyna hiç kimi goýbermän , taýýarlyk görüpdi.

500-leriň Maslahaty halk ýygnagy bilen bir hatarda durýan ýaly bolupdyr. Ýöne 500-leriň Maslahaty Afinyda öz täsiri we abraýy boýunça Halk ýygnagy bilen bäsleşmändir. Ol Halk ýygnagynyň içi organy hökmünde bolupdyr. Maslahatyň her bir agzasy bije arkaly birnäçe dalaggäriň arasyndan saýlanypdyr. Onuň möhüm meseleleri Halk ýygnagynyň işini taýýarlamak we guramak, ýygnaklaryň arasyndaky döwürde onuň wezipesini ýerine ýetirmek bolupdyr. Halk ýygnagynyň gün tertibini taýýarlapdyr. Onuň agzalary 5-6 obol hak alypdyrlar. Olar bir ýyl möhlet bilen saýlanypdyrlar.

Areopag Afiny döwlet dolandyrşynyň iň gadymy guramalarynyň biri bolup, b,e, öň IX-VII asyrlaryň sepgidinde döräpdir. Düzümi boýunça aristokratik gurama bolup, 60-70 agzasy bolupdyr. Areopagyň agzasy bolmak üçinem gowy terbiýe talap edilipdir. Beýle diýildigi gelip çykyjy boýunça begzadalardan bolmaly diýildigidir. Efialt bu guramanyň hukuklaryny güýçli çäklendirmelere sezewar edipdir. Afinyda dolandyryş saýlowly magistraturalaryň ulgamy, ýagny ýörite wezipeli adamlaryň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Afinyda iň ýokary magirtratlar arkontlaryň we strategleriň wezipeleri bolupdyr. 9 arhont we 10 straeg saýlanylypdyr. Strategler Afiny döwletiniň harby baştutanlary bolupdyrlar. B,e, öň V-IV asyrlarda yzygiderli uruşlar şertleriňde döwletde iri syýasy işgärler arkont däl-de strateg wezipesini eýeläpdirler. Goplit goşunlaryna 10 taksiark, atly goşuna 2 gippark, has awnuk atly goşunlara 10 filark baştutanlyk edipdir.

Moliýa işlerine gaznany saklaýan 10 gaznaçy, gaznanyň girdeýjisine gözegçilik edýän 10 polet, gazna gelen girdeýjini hasaba alýan we wezipeli adamlara degişli mukdarda pullary beryän 10 logist alyp barypdyr.

Afiny demokratiýasynda köpsanly şäher mogistratlary hem bolupdyr. Şäheriň arassaçylygyna 10 astinom, bazar söwdasyna 10 agronom, ölçeginiň dogrydygyna 10 metroka çöregiň bakasyna 10 sitofilak gözegçilik edipdir.

Polisiýa wezipelerini 11 adamdan ybarat topar alyp barypdyr. Olar türkmenlere we jezalaryň ýerine ýetirilşine gözegçilik edipdirler. Polisiýanyň hyzmatynda 300 sany skif ýaýçysy bolupdyr.

Aristoteliň maglumatlaryna göä her ýyl 700 wezipeli adam saýlanypdyr. Wezipelere 1 ýyl möhlet bilen saýlapdyrlar. Diňe harby wezipeler üçin bije arkaly däl-de ses bermek arkaly saýlapdyr. Beýle etmek bilen harby wezipä tötänleýin adamlaryň geçmeginiň öňüni almak isläpdirler. Harby wezipäniň belli möhleti hem bolmandyr.

Afinyda oturdaşlaryň suduna geliýeýa diýipdiriler. Ol baryp Solonyň döwründe döräp, b-e öň V-IV asyrlarda ähmiýeti artypdyr. Geliýeýada 6000 raýat bolup, oňa durmuş tejribeli, 30 ýaşdan geçen maşgalabaşylary saýlapdyrlar. Geliýeýanyň agzalary 10 palata bölünip, olaryň hersinde 500 adam işlere seredipdir, 100 adamy bolsa ätiýaçlyk üçin saklapdyrlar.

Geliýeýa birnäçe gezek saýlanmak mümkin bolupdyr. Bu bolsa onuň agzalarynyň tejribesini baýlaşdyrypdyr.

Afinyda 250-300 müň ilat bolup, şolaryň 30-40 müň töweregi onuň raýaty ekeni. Raýatlaryň köpüsi dürli sebäplere görä döwlet işlerine gatnaşyp bilmändir.

Aýallar, metekler (gelip çykyşy afinyly bolmadyklar) hem dolandyryş işlerine gatnaşdyrylmandyrlar.

4. Afiny daşary syýasatyny işjeň alyp barmak bilen, Egeý deňzindäki täze şäherleri bileleşige girizip, ony giňeldipdir. Beýik Gresiýada, Günorta Italiýada, Sisiliýada Afinynyň täsiri artypdyr. Gara deňiz ýerlerine aralaşypdyr. Ol Peloponnesbileleşiginiň arasyny beýleki ýerlerden üzmek, onuň syýasy täsirini peseltmek, grek polisleriniň köpüsinde Afinynyň agalygyny gazanmak isläpdir.

Afinynyň bu maksatlaryny amala aşyrmagy Spartanyň we Korinfiň güýçli garşylygyna duş gelipdir.

B,emöň 458-nji ýylda Afiny Egina adasyny bileleşige girizipdir. Spartanyň duşmanlary Argos, fessaliýa şäherleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýupdyr.

Gara deňziň kenaryndaky şäherleriň köpüsiniň metropliýalary Afinynyň düzümine girýärdi. Şonuň üçinem onuň bu ýerde täsirini güýçlendirmegini afinylylar hem, Sparta bilen Korinf hem adaty zat hökmünde görüpdirler (Sinopa, Amis, Apolloniýa, Istriýa, Nimbeý, Olwiýa).

B, e,öň V asyryň 40-njy ýyllaryň ortalarynda Afiny özüniň günbatar syýasatyny amala aşyrmaga başlapdyr. Koriniriň ykdysadysadyýeti şo taýdary şäherler bilen bagly bolupdyr. B,e,öň V asyryň 60-njy ýyllaryndaky gozgalaň eden ilatlara Sparta Messeniýadan göçüp gitmäge rugsat bermeli bolupdyr. Olar Afinynyň kömegi bilen Nawpakt şäherinde ornaşypdyrlar we bileleşige giripdirler. Nawpaktda ornaşan afinylylar islendik pursatda Korinfiň arasyny günbatar şäherlerinden kesip bilipdirler.

B,e,öň 435-433-nji ýyllarda Gresiýada Sosiliýa barýan esasy deňiz ýolunyň ugrundaky Kerkira adasy hem Afiny deňiz bilelişigine giripdir.

Sparta Megaranyň, Korint bolsa Potideýa şäheriniň Afiny deňiz bileleşiginden çykmagyny gazanypdyrlar. Sporta hem Peloponnes bilelişigine täze agzalary: Beoitiýanyň, Fokidanyň, D.g. Doridanyň polislerini, Lewkada adalaryny girizipdir.

B,e,öň V asryň 30-njy ýyllarynyň ahyrlarynda iki bilelişigiň arasynda uruş baradaky mesele ýüze çykypdyr.