Guragyry keseli
Guragyry keseli adamzada gadym döwürden bäri bellidir. Eýýäm Gadymy Hytaý ylmy işlerinde we Gippokratyň işlerinde bu keseliň alamatlary beýan edilipdir. Biziň döwrümizde guragyry keseli diýilende, çişen, ezýet berýän bogunlar ýada düşýär. Hakykatda bolsa, bu kesel köp beden ulgamlaryny zeperlendiriji hem-de gaýraüzülmelere getirýän kesel hökmünde häsiýetlendirilýändir.
Guragyry – baglaýyjy dokumalaryň we bogunlaryň ulgamlaýyn çişme keseli bolup, köplenç ýüregiň zeperlenmegine getirýär. Bu kesel esasan çagalarda, ýetginjeklerde, ýaş adamlarda duş gelýär. Zenan maşgalalarda erkek kişilere garanyňda guragyry 3 esse ýygy ýüze çykýp, ýaşyň ýokarlanmagy bilen bu san deňleşýändir.
GURAGYRYNYŇ DÖREMEGINE NÄME SEBÄP BOLÝAR?
Guragyry keseliniň döremeginiň esasy sebäpkäri b-gemolitiki streptokokk ýokançlygy hasaplanylýar. Bu kesel adamdan adama geçmeýär. Ol köplenç doly bejerilmedik respirator-wirus ýokançlyklarynyň netijesinde, basykdan (anginadan), hörezekden ýa-da faringitden (bokurdagyň nemli örtüginiň alawlama hadysasy) soň birnäçe hepde geçende ýüze çykýar. Ýokarda agzalan kesellere getirýän streptokokk, syrkawyň bedeniniň baglaýjy dokumalaryna garşy gönükdirilen, immunitetiň aýratyn gaýtargysynyň döremegine itergi berýär. Baglaýjy dokumalaryň adamyň beden agzalarynyň ählisinde bardygy sebäpli (şol sanda bogunlarda, ýürekde deride we ş.m.) ýokançlyk bütin bedene zeper ýetirip bilýär.
GURAGYRY HAÝSY ÝAŞDA ÝÜZE ÇYKÝAR?
Keseliň ilkinji alamatlary 5-15 ýaş aralygyndaky çagalarda döräp bilýär. Örän seýrek ýagdaýda ol körpeje emzikli çagalarda, mekdep ýaşyndan öň we uly adamlarda 35 ýaşdan soň ýüze çykyp bilýändir.
GURAGYRYNYŇ ALAMATLARY NÄHILI BOLÝAR?
Guragyrynyň esasy alamatlary aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Bedeniň gyzgynynyň 38-40 °C çenli ýokarlanmagy.
2. Iri bogunda güýçli agyrynyň peýda bolmagy – bu guragyrynyň iň ýygy duş gelýän alamatlarynyň biri bolup, guragyry poliartridi (köpsanly bogunlaryň zeperlenmegi) diýip atlandyrylýar. Guragyry poliartridiniň birnäçe aýratynlyklary bardyr:
• Diňe iri bogunlarda çişme ýüze çykýar: dyz bogunlary, daban bilen injigi birikdirýän bogunlar, egin, tirsek, goşar bogunlary we başgalar. Bogunlaryň ikitaraplaýyn zeperlenmesi häsiýetli alamat bolup durýandyr.
• Bogunlaryň çişmegi örän çalt, käbir ýagdaýlarda birnäçe sagadyň içinde ýüze çykýar. Zeperlenen ýeriň derisi çişýär, gyzarýar, elläniňde gyzgynlyk bardygy bellenilýär.
• Güýçli agyry bogunlaryň hereketini kynlaşdyrýar. Käbir ýagdaýlarda, ýiti guragyry ysytmasy döwründe näsag düşekden hem galyp bilmeýär.
• Eger bejergi geçirilmese, birnäçe hepdeden bogunlardaky çişme öz-özünden hem gowşaýar. Ýöne başga iri bogunlarda çişme döremegi ahmal. Umuman guragyry poliartridi 4-5 hepdä çenli dowam edip bilýändir.
Muny bilmek zerurdyr: Çişme hadysasy gowşandan soň, bogunlaryň durky we hereket edişi doly dikelmelidir. Eger bogunlar sagdyn wagtyndaky durkuna gelmese, bu alamat guragyryny däl-de,bogunlary zeperlendirýän başga keselleri güman etmäge esas döredip biler.
3. Demgysma, ýüregiň çalt urmagy, ýüregiň kadaly işlemeginiň bozulmagy, ysgynsyzlyk, baş aýlanma, döşde agyrynyň peýda bolmagy – bu alamatlaryň ählisi ýürek zeperlenmesiniň ýa-da guragyry kardidiň (rewmokardidiň) döränliginden şaýatlyk edýär. Guragyryda ýüregiň zeperlenmesi hiç bir alamatsyz hem geçip biler. Bular ýaly ýagdaýda guragyryly ýörek zeperlenmesini ýörite geçirilýän lukmançylyk barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryp bolýar.
Muny bilmek zerurdyr: Guragyry ýürek gabsalarynyň (klapanlarynyň) zeperlenmegine we agyr ýürek şikesleriniň döremegine, wagryň geçmegi bilen ýürek ýetmezçiligi ýaly gaýra üzülmelere getirýändir. Şol sebäpli näsagda (esasan hem çagada) guragyrynyň alamatlary peýda bolandan ýüregini barlagdan geçirip, kardiorewmatologyň maslahatyny almak wajypdyr.
4. Hereketleriň sazlaşygynyň bozulmagy. Guragyrydan ejir çekýän näsaglaryň dörtden bir böleginde, köplenç gyzlarda ellerini we aýaklaryny ygtyýarsyz hereketlendirmek, ýüz myşsalarynyň çekmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu alamatlar umumy at bilen atlandyrylýp, guragyry ýa-da kiçi horeýa diýilýär.
Kiçi horeýa ýüze çykanda çaganyň özüni alyp baryşy üýtgeýär: gaharjaň, özdiýenli, gazaply, ýa-da onuň tersine, gowşak, aglak bolýar. Myşsalarda ýüze çykýan agyry syrkawa ýöremäge, hatda oturmaga-da päsgelçilik döredýär.
Adatça kiçi horeýa, basyk bilen syrkawlamadan soň birnäçe aý geçende, ýa-da guragyrynyň ilkinji hüjüminden soň döreýär. Ol birnäçe hepde ýa-da aý dowam edip, özbaşdak bejergisiz aýyrlyp gidýär.
5. Guragyryda deride peýda bolýan gyzylymtyl örgün halka şekilli eritema diýip atlandyrylýar. Örgüniň şekili dürli görnüşleri emele getirip halka ýaly birleşip gidýär. Bu alamat guragyrydan ejir çekýän syrkawlaryň her onunjysynda duş gelýär. Birnäçe hepdeden soň örgün aýrylyp gidýär.
6. Käbir ýagdaýlarda, guragyry keselinde, elläniňde agyry ýüze çykmaýan dykyz görnüşli deri asty düwünjikler duş gelýär. Ýöne ony diňe lukmanyň barlagy netijesinde ýüze çykaryp bolýar, olar birnäçe hepdeden özbaşdak aýyrlyp gidýär.
GURAGYRY ÝÜREK ŞIKESI NÄME WE ONY NÄDIP KESGITLEMELI?
Ýokarda bellenilişi ýaly, guragyry ýürek şikeslenmesine getirýär. Ol ýüregiň gurluşynyň ýetmezçiligi bolup, onuň adaty işine päsgel berýär. Guragyry ýürek şikesi, adatça, keseliň ilkinji hüjüminden soň ýüze çykman, gaýtalanan ýagdaýynda döreýär.
Guragyryda, köplenç, ýüregiň mitral gabsasy zeperlenýär ( mitral yşlaryň daralmagy ýa-da ýürek gulajygynyň gany ters ugra, yzyna geçirmegi).
Ýüregiň aortal we beýleki gabsalarynyň şikesleri seýrek duş gelýär.
Ýürek şikesi uzak wagtlap alamatsyz geçip bilýär we diňe içgin barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylýar.
Ýürek şikesini anyklamak üçin elektrokardiografiýa (EKG) we ehokardiografiýa (ýüregiň EHKG barlagy) barlaglary ulanylýar. Keseli uzaklaşdyrman, wagtynda anyklamak we ýüregiň kadaly işini dikeltmek örän wajypdyr.
GURAGYRY KESELINI ANYKLAMAK
Guragyrynyň alamatlary peýda bolandan (adatça, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, bogunlarda çişme we güýçüli agyrynyň ýüze çykmagy) tizden-tiz lukmana ýüz tutmalydyr. Ol sorag-jogap arkaly keseli kesgitleýär we anyklamany subut etmek üçin goşmaça barlaglary belleýär:
1. Ganyň umumy derňewi guragyryny çaklamak üçin zerurdyr. Ýiti guragyry ysytmasynda ganyň umumy derňewiniň netijesinde leýkositleriň derejesiniň, şeýle hem gyzyl gan öýjükleriň çökme tizliginiň ýokarlanandygyny ýüze çykaryp bolýar.
2. Ganyň biohimiki derňewi, guragyryda we birnäçe beýleki kesellerde ýokarlanýan, С reaktiw belogynyň (SRB) derejesini anyklamak üçin ulanylýar.
3. ASL-O-nyň (antistreptolizin O) derejesini barlamak üçin ganyň derňewi onda streptokokka garşy göreşiji öýjükleri (antitelalary) anyklamaga ýardam berýär. Antitela öýjükleriniň derejesiniň ýokary bolmagy, syrkawyň ýakynda streptokokk ýokançlygy geçirendigini aňlatsa-da, gönüden-göni guragyry keseliniň bardygyny subut edip bilmeýär.
4. Guragyrynyň ýiti ysytmasy döwründe geçirilen elektrokardiografiýa (EKG), rewmokardit-de gabat gelýän ýürek bozulmalaryny anyklamaga ýardam berýär.
5. Döş kapasasynyň rentgen barlagy adatça guragyry döwründe ulalýan ýüregiň ölçegini kesgitlemek üçin geçirilýär.
6. Ehokardiografiýa (ýüregiň USB-y) ýürek boşlugynyň ölçegini, ýürek gabsalarynyň zeperlenmegini, şeýle hem ýürek boşlugyndaky we iri damarlardaky ganyň akyş ugruny anyklamak üçin ulanylýar. Ýürek USB-nyň kömegi bilen ýürek şikeslenmesi ýüze çykarylýar.
GURAGYRYNYŇ BEJERGISI
Guragyrynyň bejergisi birnäçe tapgyrdan durýar:
► Ýiti guragyry hüjümini bejermek.
► Bedendäki başga ýokançly ojaklary anyklamak we bejermek.
► Guragyrynyň indiki hüjüminiň öňüni almak.
Ýiti guragyry hüjümini bejermek
Ähli guragyrydan ejir çekýän näsaglara bejergi döwründe ýorgan-düşekli ýatma bellenilýär. Beden gyzgyny kada gelen soň hem, 4 hepde ýatmak maslahat berilýär. Adaty işjeňligi dikeltmek kem-kemden alnyp barylmaly.
Guragyry keselinde haýsy derman serişdelerini ulanmaly?
Bu keseli bejermek üçin aşakdaky derman serişdeler ulanylýar:
1. Antibiotikler streptokokk ýokançlygyny ýok etmek üçin ulanylýar. Guragyry keselini bejermekde, adatça, penisillin toparyna degişli antibiotikleri: fenoksimetilpenisillin (Megasillin oral), benzilpenisillin, benzatinbenzilpenisillin we birnäçe beýlekileri ulanýarlar. Eger bu antibiotiklere allergiki täsirlilik ýüze çykan ýagdaýynda, eritromisin serişdesi bellenilýär.
2. Düzümi steroid gormonlary saklamaýan çişmä garşy serişdeler: aspirin, amidopirin we başgalar. Bu topara degişli serişdeler guragyry alamatlaryny: ýokary beden gyzgynyny, bogun çişmelerini gowşatmak we ýok etmek üçin ulanylýar. Derman serişdeleriň mukdary lukman tarapyndan, syrkawyň ýaşyna we agramyna laýyklykda bellenilýär.
3. Steroid gormonlary: prednizolon, triamsinolon we ş.m. ýürek ýetmezçiligi peýda bolanda, şeýle hem düzüminde steroid gormonlary bolmadyk çişmä garşy serişdeler netije bermedik ýagdaýynda ulanylýar. Steroid gormonlary bilen bellenilen bejergi 4-6 hepde aralygy dowam edip bilýär.
GURAGYRYNYŇ GAÝRA ÜZÜLMELERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
Hörezek ýa-da basyk kesellerini geçirilenden soň guragyry ýürek şikesiniň öňüni almak üçin, lukman antibiotikler bilen öňüni alyş bejergisini belläp biler.
Eger ýapyk çagalar edarasynda (çagalar bagynda ýa-da mekdepde) çagalaryň birinde streptokokk ýokançlygy ýüze çykarylan bolsa, onda onuň bilen aragatnaşykda bolan ähli çagalara öňüni alyş çäreleri bellenilýär. Bu maksat bilen olara 10 günüň dowamynda antibiotik (fenoksimetilpenisillin) kabul etmek bellenilýär.
Ählimize belli boluşy ýaly, her bir keseli bejereniňden, onuň öňüni alanyň ýeňil düşýär. Guragyrynyň öňüni almak üçin beden taplamasynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bolar. Yzygiderli arassa howadan dem almak, suw we gün wannalaryny kabul etmek, wagtly-wagtynda fiziki maşklary ýerine ýetirmek, şahsy gigiýenany berjaý etmek beden taplamakda uly ähmiýete eýedir. Bu çäreleri belli bir yzygiderlikde, guragyry hüjümini başdan geçirenler we ýürek şikesligine duçar bolanlar bolsa lukmanyň maslahaty bilen berjaý etmeli. Ol her bir aýratyn ýagdaý üçin oňaýly bejergi bellär.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |