Gusl

Yslamda boý täreti

Gusl (arap. غُسْل‎‎ — ýuwunmak, gusul). Dini manysy – «bedeniň hiç ýerinde iňňäň ujy ýaly ýer goýman ýuwunmak» diýmekdir. Muňa halk arasynda «boý tahareti» hem diýilýär.

Gusluň alnyşy:
  1. Bedendäki hapalary aýyrmaly (lak we ş.m suw geçirmeýän zatlary hem aýyrmaly).
  2. Synja almaly.
  3. Taharet almaly. (Muhammed pygamber 0.832 litr suw ulanypdyr).
  4. (Duşda) bedeniňe ýokardan aşak üç gezek suw akydyp eliň bilen ýuwunmaly (awrat ýerler eliňi degirmeli däl). Bedende gury ýer galdyrmaly däl, saç, göbek, awrat ýere gowy suw barýanlygyna üns bermeli. (Muhammed pygamber 3.328 litr suw ulanypdyr).

Gusl almagy zerur edýän ýagdaýlar

düzet

Jünüplik

düzet

a) Oýa ýa-da ukudadygyňa seretmezden, ihtilam bolmak, ýagny, iniň hapalanmagy. Bu – (ýagdaýyň nähili bolup geçendigine garamazdan) meniniň erkek we aýaldan şehwet bilen daşary çykmagydyr.

Aýal adam hem ukuda ihtilam bolup biler. Bu barada Ummu Seleme radiýallahu anhadan şeýle gürrüň berilýär: «Enesiň ejesi Ummu Suleým aýtdy: «Eý, Allahyň Resuly! Hakykatda Allah dogrynyň aýdylmagyndan haýa etmez. Aýal düýşünde jynsy gatnaşyk etse, oýananda näme etmeli?» Pygamberimiz: «Eger-de öl bolanyny görse, gusl almaly» diýdi. Ummu Seleme «Aýal hem ihtilam bolarmy?» diýip, geň galyp sorady. Allahyň Resuly: «Hawa bolar. Erkegiň tohumy goýy akdyr. Aýalyňky bolsa suwuk we sarydyr. Iki suwdan haýsy öň gelse, ýa-da köp bolsa, çaga şoňa meňzär» diýip jogap berdi», (Ibni Mäje).

Sowuk, agyr ýük götermek, hassalyk sebäpli meniniň şehwetsiz çykan ýagdaýynda hem-de mezi we wedi gelende, kişi jünüp saýylmaz. Şonuň üçin oňa gusl almak gerekmez. Onuň diňe tahareti bozular. Pygamberimiz bu barada «Mezide taharet, menide gusl bardyr» diýýär. (Şewkany, «Neýlül ewtar», I tom)

b) Jynsy gatnaşykda bolmak, erkegiň jyns organy haşefesine – sünnetli ýerine çenli giren ýagdaýynda meni gelse-gelmese, gusl almak aýala-erkege hökmandyr.

Meni – erkek we aýala degişli tohumdyr (nutfe, sperma).

Mezi – jynsy arzuw oýanandan soň, meniden öň erkek we aýaldan gelýän reňksiz suwuklyk.

Wedi – kä halatda buşuganyňdan soň gelýän goýy ak suwuklykdyr.

ç) Şehwet bilen ýerinden aýrylyp, bedenden çykan meni säbäpli gusl hökmandyr. Şehwet bilen ýerinden aýrylyp, şehwet gidenden soň bedenden çykan meni säbäpli Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä, gusl alynmalydyr. Emma Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, gerekmez.

Myhmançylykda, saparda we sowuk günlerde düýşde şehwet bilen çykan meniniň ýoly beklenip saklansa we soň şehwet gidenden soň çyksa, bu ýagdaýda Ymam Ebu Ýusufyň görşüni saýlamak ýeňilligi sebäpli makul görlendir. Başga ýagdaýlarda gusl almak iň laýygydyr.

d) Ukudan oýanan kişi eşiginde öl görse, onuň mezidigini bilse, gusl hökman däldir, emma meni ýa-da mezidigini anyk bilmese, gusl almalydyr. Mezi ýa-da menidigini anyklamak üçin: eger-de jyns organy kiçelen bolsa menidigine, dik bolsa, mezidigine höküm edilýär.

e) Eger-de düşeginden turan kişi düýşünde ihtilam bolandygy ýadyna düşse, emma öl görmese gusl gerekmez. Ymam Muhammede görä, şeýle ýagdaýdaky aýal ätiýaçlyk üçin ýuwunmalydyr.

ä) Jyns organlaryna barmak sokulmagy sebäpli gusl gerekmez, emma lezzet alsa, onda gusl hökmandyr.

Haýz – aýbaşynyň tamamlanmagy we nifasyň – çaga dogulmagy sebäpli çilesiniň dolmagy bilen aýalyň gusl almagy farzdyr. Jünüp, haýz we nifas ýagdaýynda musulman bolan biriniň gusl etmegi farzdyr. Bu ýagdaýlardan arassa haldaka musulmanyň ýuwunmagy bolsa mendupdyr.

Guslyň hikmetleri

düzet

Gusl almagyň ruhy we maddy peýdasy ummasyzdyr. Ynsan farzy ýerine ýetirende, hem Allahyň söýgüsine, hem-de razylygyna naýyl bolar. Şeýle hem gusl almak kiçi günälere-de keffaretdir. Pygamberimiz Enes b. Mälik hezretlerine ýüzlenip: «Eý, Enes! gusl alanyňda mubalaga et. Şeýdip ýuwunsaň, günä we hatalardan saplanarsyň» diýdi. Hezreti Enes «Eý, Resulallah mubalaga nähili bolýar?» diýip soranda, Pygamberimiz: «Saçlaryň düýplerini doly ölle we endamyňy hapadan arassala» diýip jogap berýär.

Jünüplik – ybadat etmäge päsgel berýän magnewi bir hapalyk bolany üçin, ilkibaşda mü’mine agyr degýän, ony birahat edýän, ruhuny gysýan haldyr. Ýeriň jünüp gezýän adamlara bolan ýigrenji hakynda Allaha şikaýat edendigi hadyslarda aýdylýar. Jünüp adamlaryň ýanyna rahmet melekleri gelmez. Şonuň üçin salyh we takwa adamlar jünüp bolan ýagdaýynda, bu haldan gutulmaga howlugypdyr. Bütin gijäni jünüp geçirmekden örän gaça durupdyrlar. Bu işiň takwalyk tarapydyr.

Jünüp bolan adamy bişowlyk getirýän, hapa we nejis saýmak bolmaz. Onuň bilen gürleşmek dogry däl diýmek ýalňyşdyr. Esasy üns berilmeli zat – namaz wagtyny geçirmän ýuwunmakdyr. Şol aralykda jünüp bolan adam haram bolan zatlardan başga ýagdaýa görä nahar taýýarlap, iýip-içip, uklap biler. Ýer ýüzüniň ýigrenip, rahmet melekleriniň gaçýan adamy jünüplige ähmiýet bermeýän we bu ýagdaýa endik bolup, ony häsiýet edinen adamlardyr.

Guslyň ynsan saglygyna peýdasy barada şeýle aýdylýar: Jynsy gatnaşykdan soň, ynsanyň ähli nerw sistemasy gowşaýar. Şol wagt bedende birgiden öýjükler ölýär. Güýçli ýadawlyk döreýär. Ýuwunmak bolsa bu ýadawlygy we gowşaklygy aýyrýar we bedene dynç berýär.

Gusl farz bolanlara haram saýylýan zatlar

düzet
  1. Namaz okamak. Jünüp bolan kişi agzyny bekläp biler, emma, haýz we nifas halyndaky aýal oraza hem tutup bilmez.
  2. Kuran okamak. Ýatdan ýa-da mushafa uzakdan seredip, Kuran okamak haramdyr. Ýöne, Kurandaky doga we sena aýatlaryny doga we sena niýeti bilen ýatdan okamak jaýyz görülýär. Mysal üçin, Fatiha suresini doga niýeti bilen okamak bolar. Kelemäni gaýtarmak, tesbih we tekbir getirmek hem jaýyzdyr.
  3. Kurany Kerime el degirmek (bir aýat hem bolsa) haramdyr. Ýöne, ol gabyň içinde ýa-da bir zada dolanan bolsa el degirmek bolar.
  4. Käbeýi Muazzamany togap etmek.
  5. Zerurlyk bolmasa mesjide girmek.
  6. Üstünde Kurany Kerimden ýazgy bolan altyn-kümüş, pul ýa-da şaý-sep, lewhany ellemek haramdyr.

Gusl farz bolanlara mekruh saýylýan zatlar

düzet
  1. Dini kitaplary alyp okamak.
  2. Eliňi, agzyňy ýuwman iýip-içmek.

Guslyň sahyh bolmagynyň şertleri

düzet

Guslyň sahyh bolmagy üçin aýallarda haýz we nifas ganynyň, erkeklerde bolsa meniniň doly kesilmegine garaşmak zerurdyr.

Erkek kişi meniniň doly kesilmegi üçin inzaldan (orgazmdan) soň ýa uklamaly, ýa-da az salym ýöremeli, ýa-da sähelçe bolsa-da buşugmaly. Bu çärelerden soň gusl alan kişiden ýene-de meni gelse, täzeden ýuwunmak gerekmez. Ýöne, bu çäreleri etmän ýuwnanyňdan soň meni gelse, şol gusl dürs däldir, täzeden gusl almak gerekdir.

Guslyň syhhatynyň ikinji şerti bolsa endamyňda iňňäň ujy ýaly hem gury ýeriň galmazlygyna üns bermekdir. Eger galaýsa, gusl dürs bolmaz.

Plomba goýlan we gapladylan diş gusla zyýan berermi?

düzet

Hanefi mezhebine görä agyz bedeniň daşky bölegine girýär. Şonuň üçin farz bolan gusly berjaý edeniňde agzyňy suw bilen doly çaýkamalydyr. Ýöne çüýrän dişe plomba goýlan, ýa-da gapladylan ýagdaýynda onuň aşagyna suw barmaýar. Bu meselede zerurlyk we te’amül sebäpli Ymam Muhammediň fetwasy esas alynýar. Oňa görä agzyň içindäki gaplanan we plomba goýlan dişler gusla zyýan bermeýär. Çünki bular zynat üçin däl-de, zerurlyk sebäpli edilendir. Ýöne zynat üçin diş goýdurylsa, ýa-da gapladylsa, gusl dürs bolsa-da, kişi günäkärdir. Bu hökümi öň bilmän eden biriniň soňra ol dişlerini aýyrtmagy hökman däldir. Eger-de, gaplanan we plomba goýlan dişleriň aşagyna guslda suw geçirmek hökman diýlip kabul edilse, saglyk taýdan zyýanly we azaply bolardy. Saglygy goramak hem farzdyr. Şonuň üçin bu mubah derejesine girer. Netijede, gaplama ýa-da plomba goýlan dişler gusluň sahyh bolmagyna zyýan bermez.

Ymam Serahsy «Mebsut» atly kitabynda Ymamy Muhammediň altyn diş goýdurmagyň ýa-da altyn gaplatmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny aýdyp geçendigini belläpdir. Häzirki döwrüň medisinasy hem kümşüň ýerine altyn diş goýdurmagyň saglyga has ýaramlydygyny aýdýar. Sebäbi kümüş agzyňy yslandyrýar.

Guslyň farzlary

düzet

Guslyň farzlary üçdür:

  1. Mazmaza – agzyňy bir gezek doly çaýkamak. Dişleriň arasynda suwuň degmegine päsgel berjek galyndy bar bolsa, olary doly aýyrmalydyr.
  2. Istinşak – burna bir gezek doly suw almak. Burunda guran hapa bar bolsa, şolary aýyrmaga üns bermeli. Orazaly kişi bu amallary berjaý edende, suw ýuwutmakdan serasap bolmalydyr. Mälikiler we şafygylar agzyň we burnuň içini bedeniň içki organy hasaplaýar. Olaryň pikiriçe, bulary gusl we taharetde ýuwmak farz däldir-de sünnetdir. Hanbeliler agzyň we burnuň içini ýüze dahylly edýändigi üçin, taharetde hem guslda olary ýuwmak farzdyr.
  3. Bedeni bir gezek doly ýuwmak. Suwuň bedeniň ähli ýerine ýetmegi üçin, endamdan hamyr, mum, ýelim, boýag, dyrnak reňkleri ýaly zatlary doly aýyrmalydyr. Sebäbi bu zatlaryň bedene suw geçirmezligi mümkin. Bu amallary üç gezek etmek sünnet sogabyny gazandyrar. Gulakhalkalar üçin deşilen deşikleriň hem öllenmegi zerurdyr. Eger gulakhalka dakylgy bolsa, olary ýerinden gozgamalydyr. Göbegiň hem barmagyň ujy bilen gowy ýuwulmalydyr. Gür sakgally adamlar sakgalynyň düýplerine suw ýetirmelidir. Gaş we murt hem şeýle ýuwulmalydyr. Aýallara uzyn ýa-da örülen saçlarynyň hemmesini öllemek hökman däldir. Esasy şert saçlaryň düýbüne suwuň ýetirilmegidir. Erkeklerde şeýle uzyn we örülen saç bar bolsa, olar hökman doly ýuwmalydyr. Çünki saç erkekler üçin zerurlyk däldir. Gusl alanyňda agzyňy ýuwan wagtyň, oturtma-protez dişleri çykarmak gerekdir.

Guslyň sünnetleri

düzet
  1. Gusla «e’uzi-besmele» bilen başlamak.
  2. Kalp we dil bilen gusla niýet etmek. Hanefilerden beýleki mezheblerde niýet farzdyr. Jünüplikden tämizlenmek üçin ýuwnandygyňy bilmek – niýet saýylar. Bu ybadat sogabyny gazandyrar.
  3. Taharetdäki bolşy ýaly, miswak ulanmak, ýagny, dişleri arassalap gusla başlamak.
  4. Guslda ilki elleri soňra owrat ýerleri ýuwmak. Endamdan hapany ýuwup aýyrmak.
  5. Namaz tahareti ýaly taharet almak. Eger aýaklaryň aşagynda suw ýygnanýan bolsa, aýaklary iň soňundan ýuwmalydyr. Taharet alanyňda Hanefi we Hanbelilerdäki agyz we burnuňy gowy ýuwmak farzy hem bir wagtda berjaý edilýär.
  6. Taharet alanyňdan soň, ilki başyňa, soň sag we sol egniňe üç gezek suw akytmak. Suw akydanyňda bedeniň her agzasyny owkalap ýuwmak.

Ymam Mälik we Ebu Ýusufa görä, guslda owkalanyp ýuwunmak farzdyr. Bir adam agzyna we burnuna suw alyp arassalanyndan soň, akyp duran suwa, ýa-da howza, ýa-da deňze çümse, gusl aldygy bolar. Suwuň içinde bede-nini elleri bilen ýuwsa, guslyň ähli sünnetlerini berjaý etdigi bolar.

Guslyň adaby

düzet

Taharetiň adaplary şol bir wagtda guslyň adabydyr. Ýöne taharetdäki kybla bakmak we doga okamak adaby guslda berjaý edilmez. Owrat ýeriň açyklygy sebäpli, beýle etmek mekruhdyr.

Guslyň iň möhüm edebi ýuwunýan wagtyň owrat ýeriňi örtmekdir.

Pygamberleriň ählisi haýa-şerimiň ynsanyň iň uly zynatydygyny nygtapdyr. Haýaly ynsan tenini aýratyn hem owrat ýerlerini başgalara görkezmegi halamaz. Onuň edep-terbiýesi muňa ýol bermez. Sahabalardan biriniň «Asmandan aşak gaçyp, parça-parça bolmaga razydyryn, emma owrat ýerlerimi başga birine görkezmäge razy däldirin» diýmegi bize nusga alarlyk mysaldyr.

Taharetde bolşy ýaly, gusl alanyňdan soň hem iki rekagat namaz okamak. Bu namaz okalanda nafile ýa-da kaza niýet etseňem bolar.

Guslyň mekruhlary

düzet

Taharetde mekruh bolan zatlar guslda hem mekruhdyr. Ýöne ýokarda belläp geçişimiz ýaly, guslda doga okamak we kybla öwrülmek mekruh hasap edilipdir.

Guslyň ýerine ýetirilişi

düzet

Gusl iki hili ýerine ýetirilýär.

  1. Suwuň ýetmezçiligi, howanyň sowuklygy, wagtyň azlygy ýaly ýagdaýlarda gyssanmaç alynýar. Munda ilki iniňdäki hapalary ýuwup, soň üç gezek agyz hem burun çaýkalýar. Mundan soň bedende gury ýer goýman ýuwulýar. Şeýlelikde, guslyň diňe farzlary berjaý edilýär.
  2. Arkaýynçylykda bolsa ýene owrat ýerleri ýuwulýar, soňra namaz tahareti ýaly taharet kylynýar. Mundan soňra ilki başyňdan, soň sag we sol egniňden suw akydylyp bedeniň üç gezek ýuwulýar. Suw akydylanda beden owkalanyp ýuwulýar. Iň soňunda aýaklar ýuwlup çykylýar.

Gusl bilen baglanyşykly käbir meseleler

düzet
  1. Tahareti bozýan bir ýagdaý ýüze çykýança, gusl tahareti bilen namaz we beýleki ähli ybadatlar berjaý edilip bilner.
  2. Gusl alyp durkaň, peşew dammagy, gan akmagy, dişiň ganamagy ýaly zatlar guslyň dürslügine zyýan etmez. Şeýle ýagdaýda ynsan jünüplikden doly arassalanýar. Ýöne täzeden taharet kylmasa, şol gusl bilen namaz we beýleki taharetli berjaý edilýän ybadatlary amal edip bilmez. Şonuň üçin fykyhda: «gusly bozan her bir zat tahareti bozar, emma welin, tahareti bozýan her bir zat gusly bozmaz» diýilýär.
  3. Gusl alyp durka agzyny, burnuny ýa-da başga bir agzasyny ýuwmandygyny bilen biri täzeden gusl etmän, diňe unudan ýerini ýuwýar.
  4. Käbir jaýlaryň hajathanasy we hammamy bir ýerde ýerleşýär. Zerurlyk sebäpli şol ýerde-de gusl almak, taharet kylmak bolar.

Guslyň görnüşleri

düzet

Farz bolan gusl

düzet

Jünüplik ýa-da aýallaryň haýz, nifas hallary kesilenden soň gusl almak farzdyr.

Sünnet bolan gusl

düzet


a) Juma namazy üçin gusl almak sünnetdir. Juma agşamy ýuwnanyň hem bu sünneti berjaý etdigi bolar. Alymlar dyrnak aýyrmak, goltuk we uýat ýerleriň gyllaryny aýyrmak işini şol gün berjaý etmegi maslahat beripdirler.
b) Baýram namazlary üçin ýuwunmak;
ç) Haj we Umra üçin ihrama girmezden öň ýuwunmak;
d) Arafatda wakfe üçin ýuwunmak hem sünnetdir.

Mustahap we mendup bolan gusl

düzet


a) Jünüp ýa-da haýz, nifas däl ýagdaýda yslamy kabul eden biriniň gusl almagy.
b) Bulug çagyna ýetse-de, ihtilam we haýz bolmaýan gyz we oglanyň gusl almagy.
ç) Mekge we Medine şäherlerine girmek we Müzdelifede wakfa üçin gusl almagy.
d) Çaşyp özüňe geleniňden soň gusl almak.
e) Gadyr gijesi ýaly mübärek gijeleriň hormatyna gusl almak.
ä) Gan aldyranyňdan soň gusl almak.
f) Ölini ýuwanyňdan soň gusl almak.
g) Ýagmyr dogasyna çykmak üçin gusl almak.
h) Sapardan geleniňden soň gusl almak.
i) Günäsine toba etmek üçin gusl almak.
j) Jünüplikden tiz halas bolmak üçin gusl almak.
ž) Adaty ýuwunanyňda gusl almak.

Salgylanmalar

düzet