Gylyçguýruklylar
Gylyçguýruklylar gutaryp barýan, deňizde ýaşaýan bogunaýaklydyr. Olardan häzirki döwürde bary-ýogy bäş sany görnüşi galypdyr. Olaryň osoblary uly bolup, uzynlygy 50-90 sm-e barabar. Gylyçguýruklylar suwda ýaşaýan heliserlilerdir we güýçli ösen gylyçguýruklydyrlar. Kellekükrek bölümi ýokary (üst) tarapyndan berk galkan bilen örtülen. Galkanyň üstünde iki jübüt gözler ýerleşen. Kellekükregiň aşak tarapynda agyz, ondan öňde 5 sany heliser, agzyň her tarapynda bäş sany aýaklar ýerleşýärler. Heliserleriň we aýaklaryň uçlary şahalanan. Aýaklar ýöremek, awlary tutmak we ownatmak wezipelerini ýerine ýetirýärler. Garyn astyndaky 12 sany görnüşini üýtgeden aýaklarda žabralar ýerleşýärler. Olardan birinji jübüt aýaklar žabralaryň üstünde galkana öwrülipdir. Gylyçguýruklynyň bedeninde telson we garnyň üç bognundan başgalarynda gylyja meňzeş uzyn guýruk bolýar. Iýmitleniş sistemasy agyzdan, gyzylödekden, garyndan, içegeden, gylyçguýrugyň esasynda (düýbünde) ýerleşýän anal deşikden durýar. Garna bagyr suwuklygy dökülýär we iýmitleri özleşdirmäge gatnaşýar. Gan aýlanyş sistemasy oňat ösen. Ol uzyn turba şekilli ýürekden, ondan aýrylyp gidýän sekiz sany gapdal arteriýalaryndan we ownuk gan sosudjyklardan ybarat. Gandaky gemosianin diýen pigment gana gögümtik reňk berýär. Nerw sistemasy onat ösüp, ondan aýrylyp gidýän nerw sapajyklary hemme organlara barýalar. Görüjilik rolyny dört sany gözler ýerine ýetirýärler, olaryň birinji jübüdi çylşyrymly, ikinji jübüti bolsa ýönekeý gözlerdir. Bölüp çykaryjy organlar-ýörite mäzlerdir, olaryň sag we çep bölüp çykaryjy kanaljyklary ilkinji aýaklaryň esasynda daşa açylýarlar. Gylyçguýruklylar aýry-aýry metamorfozly, jynslydyr. Bularyň ösüşi ýagny kenar ýakasyndaky öl çägelere taşlanylan ýumurtgalardan çykan liçinkalar uly osoblara meňzemän, trilobitlere meňzeýär, şoňa görä-de liçinka trilobit liçinka, liçinkanyň ösüş stadiýasyna bolsa trilobit stadiýa diýilýär. Gylyçguýruklylaryň wekilleri: Limulus polyphemus Atlantik okeanynyň Demirgazyk we Merkezi Amerika kanallarynda ýaşaýar. Tachypleus we Carcinoscorpius Filippin we Ýapon adalarynyň suw kenarlarynda ýaşaýarlar.