Gyzyk
Umumy maglumatlar
düzetSakarlarda uly urugyň, gökleňleriň gaýy taýpasynda hem bir tiräniň ady bolan «Gyzan» sözi aslynda guzan bolup, onuň bölegi oguz sözüniň gysgalan görnüşidir, -an, bolsa parsy däl-de gadymy türki köplük, jem goşulmasydyr (deňeşdiriň: alpan, suwan, gazan we ş.m. Täjigistanyň Jylyköl raýonynda ýaşaýan salyrlaryň gyzganly tiresi hem etnik taýdan gyzanlar bilen atdaşdyr. Ol dört bölekden durýar: gyz-«guz», «oguz», we -yk we an 一gadymy köplük goşulmalary, -ly一degişliligi bildirýän goşulma. Gyzyklar orta asyr türkmen taýpalarynyň biri bolup, Abylgazy olary 24 Oguz taýpanyň onunjysy hasap edýär we bu etnik ady Ýyldyzhanyň ikinji oglynyň ady bilen baglanyşdyrýar, adyň manysyny bolsa «böke» (ýagny «pälwan», «gahryman») diýip düşündirýär. Biziň pikirimizçe, bu at hem «oguzlar» diýen manydadyr: gyz -«guz», «oguz», we -yk köplük goşulmasy.
Çeşme
düzetSoltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 125.