Gyzyl kitapseýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky organizmleriň sanawy; görnüşleriň we aşaky görnüşleriň ozalky we häzirki ýaýran ýerleri, sany we onuň kemelmeginiň sebäpleri, gaýtadan dikeltmegiň aýratynlyklary, görnüşleri dikeltmek üçin häzirki wagtda görlen we görülmeli zerur çäreleriň ýazgysy. Gyzyl kitabyň halkara, milli (döwlet derejesinde) we ýerli nusgalary bar.

Gyzyl kitap barada düşünje

düzet

Ýitmek howpy abanýan görnüşleriň goragyny üpjün etmek üçin olaryň ýörite sanawy girizilen wagtlaýyn resminama – Gyzyl kitap döredilýär. Ilkinji Gyzyl kitap Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşigi (häzirki atlandyrylyşy – Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşigi) tarapyndan 1966-njy ýylda döredildi. Bu halkara bileleşik täjirjilik däl guramasy bolup, ol 1948-nji ýylda döredilýär. Onuň ştab-kwartirasy Morž şäherinde (Şweýsariýa) ýerleşen. Bileleşigiň düzümine dünýäniň 84 döwleti, biodürliligi goramak meseleleri bilen meşgullanýan ýüzlerçe täjirçilik bileleşikleri we müňlerçe alymlar girýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz hem bu bileleşigiň işjeň agzasydyr.

Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy we köpeldilmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem bütin dünýä möçberinde biologik dürlüligi gorap saklamaga mynasyp goşantdyr. Adamzat jemgyýetiniň umumy öýi bolan çylşyrymly gurluşly Ýer ýüzüniň her bir künjegi hemişe ýadawsyz üns berilmegini we aladany talap edýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.

Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny goramak we has-da baýlaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde uly işleri geçirýäris. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby — milli baýlyklarymyz barada gymmatly ylmy işdir. Ýurdumyzyň Gyzyl kitaby „Tebigaty goramak hakynda“, „Aýratyn goralýan döwlet tebigy ýerler hakynda“, „Ösümlik dünýäsi hakynda“, „Haýwanat dünýä hakynda“ Türkmenistanyň Kanunlaryna, halkara tebigaty goramak konwensiýalary boýunça ýurduň borçnamalaryna, döwlet ekologik maksatnamalaryna we meýilnamalaryna laýyklykda wagtlaýyn hereket edýän resminamadyr.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby – döwletimiziň çäklerinde duşýan haýwan-larynyň, ösümlikleriniň we kömelekleriniň seýrek we ýitmek howpy astyndaky görnüşleri (aşaky görnüşleri), olaryň biologiýasy, ýaýraýşy, sanynyň azalmagynyň we ýitip gitmeginiň sebäpleri baradaky gymmatly ylmy maglumaty özünde jemleýän, yzygiderli täzelenýän we kämilleşdirilýän döwlet sanawydyr. Ol indi 40 ýyla golaý wagt bäri ýöredilip gelinýär.

Türkmenistanyň ilkinji Gyzyl kitaby 1985-nji ýylda çap edilýär. 1999-njy ýylda çap edilen ikinji neşiri iki tomdan ybaratdy. Birinji tomy 152 sany haýwan görnüşlerini we ikinji tomy 149 sany ösümlik görnüşlerini öz içine alýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2011-nji ýylda çap edilen üçünji neşiri hem iki tomdan ybarat bolup, üç dilde (türkmen, iňlis, rus) ýazylan. Birinji tomy “Ösümlikler we kömelekler” diýlip atlandyrylyp, öz içine 115 ösümlik görnüşini alýar. Ikinji tomy “ Öňurgasyz we oňurgaly haýwanlar” diýlip atlandyrylýar we 149 haýwan görnüşleririni öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän möhüm merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýiti kontinental, örän gurak klimatly (uzak dowam edýän yssy tomus möwsümi, howanyň temperaturasynyň gije-gündiziň dowamynda we pasyllaýyn giň aralykda üýtgäp durmagy, ygalyň az düşmegi) howa şertleri, geografik taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmegi — bularyň hemmesi Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy hem haýwanlardyr. Ösümlik dünýäsiniň 2 müňden hem gowrak görnüşleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ensiklopedik işinde dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Bu düýpli neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini öwrenmekde botanika, farmakologiýa ylymlarynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilen ösümlikleriň 47 görnüşi dermanlyk ähmiýetli ösümliklerdir. Dünýä derejesindäki biodürlüligiň gelip çykan Eýran-Anatol merkeziniň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän Köpetdagyň ekoulgamynyň ähmiýeti uludyr. Köpetdagyň türkmen böleginde duşýan ösümlikleriň 1800 görnüşinden 332isi endemiklerdir (12,9%). Ol Merkezi Aziýanyň daglyk ýerlerinde endemikleriň iň ýokary derejesidir. Bu ýerde, şeýle-de oňurgasyz haýwanlaryň 1500 görnüşi, süýrenijileriň 50 görnüşi, guşlaryň 290, süýdemdirijileriň 75 görnüşi ýaşaýar. Türkmenistanyň oňurgaly haýwanlaryndan 92 görnüşi endemiklere we subendemiklere degişlidir.

Görnüşleriň ýagdaýynyň milli ölçeglerini işläp taýýarlamak, soňky on ýylda toplanan maglumatlary nazara alyp ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawyny anyklamak we düzetmek neşiri taýýarlamakda örän wajyp işleriň biri boldy. TGHB-niň Gyzyl sanawyna laýyklykda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirinde aşakdaky derejeler kabul edildi:

Derejesi I (CR) — düýbünden ýitip barýan görnüş (aşaky görnüş). Populýasiyasynyň sany guýçli depginde azalýan (80%-den gowrak) we ýaýrawy örän çäkli görnüş. Yorite careleriň gecirilmegi zerur.

Derejesi II (EN)— ýitip barýan görnüş (aşaky görnüş). Populyasiyasynyň sany 50%-den gowrak azalýan, ýaşaýan ýaýrawy güýçli depginde daralýan.

Derejesi III (VU) — ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş (aşaky görnüş). Populýasiýasynyň sany az (30%-dan gowrak) we ýaşaýan ýaýrawy çäkli.

Derejesi IV — seýrek görnüş (aşaky görnüş). Milli/sebit ähmiýetli we diňe birnäçe sanysynyň (ýada tapylan yerleriniň) usti bilen belli bolan endemik ýa-da ýitip gitmegi biodürlüligiň genefondyň garyplaşmagyna getirjek gadymy (relikt) görnüş.

Derejesi V (DD) — ýeterlik öwrenilmedik görnüş (aşaky görnüş). Sany we ýaýrawy durnukly bolmadyk hem-de onuň ýagdaýy barada goşmaça maglumat zerur bolan görnüş. Geljekdaki barlaglar we täze maglumatlaryň ýygnalmagy onuň ýagdaýyny anyklamaga ýardam eder.

Gyzyl kitaba atlary ýazylan ösümlikleriň we haýwanlaryň her bir görnüşi baradaky maglumatlar pugta tertipde we şunuň ýaly görnüşdäki kesgitlenen yzygiderlilikde beýan edilýär: ýagdaýy (derejesi); genofondy gorap saklamakda ähmiýeti; gysgaça beýany; ýaýraýşy; ýaşaýan ýerleri; sany we onuň üýtgemek ýagdaýy; esasy çäklendiriji sebäpler; biologiýasynyň aýratynlyklary; köpeldilişi (haýwanlar), ösdürilip ýetişdirilişi (ösümlikler); gorag üçin görlen çäreler; bar-laglar býunça teklipler.

Gyzyl kitap – wagtlaýyn hereket edýän resminamadyr. Ösümlikleriň we haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşiniň ýaşamagy üçin howply ýagdaýyň üýtgemegi, olary goramak boýunça çäreler bilen baglanyşyklylykda, ondaky maglumatlaryň üsti ýetirilýär, kämilleşdirilýär.

dort derwus.Gyzyl kitap